Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

19-NJY MAKALA

22-NJI AÝDYM Hudaýyň Patyşalygy gelsin

Ýehowanyň uly betbagtçylykda çykarjak hökümi

Ýehowanyň uly betbagtçylykda çykarjak hökümi

«Ýehowa... hemmeleriň... halas bolmagyny isleýär»​ (2 Pet. 3:9).

ESASY PIKIR

Ýehowanyň uly betbagtçylykda adalatly höküm çykarjakdygyna ynamly bolup bileris.

1. Biz nähili döwürde ýaşaýarys? Düşündiriň.

 BIZ täsin döwürde ýaşaýarys. Mukaddes Kitabyň pygamberlikleri gözümiziň alnynda ýerine ýetýär. Meselem, «demirgazyk patyşasy» bilen «günorta patyşasy» dünýäniň üstünden agalyk etmek üçin biri-biri bilen söweşýär (Dan. 11:40). Şu günler Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habar uly depginde wagyz edilýär. Millionlarça adamlar Hudaýyň halkyna goşulýar (Işa. 60:22; Mat. 24:14). Şeýle-de Ýehowa halkyna «wagtly-wagtynda nahar paýlaryny» berýär (Mat. 24:45—47).

2. a) Ýehowa halkyna gelejekde boljak wakalary näme üçin düşündirýär? b) Şu makalada näme hakda gürrüň ederis?

2 Ýehowa halkyna gelejekde boljak wakalary düşündirýär (Nak. 4:​18; Dan. 2:​28). Näme üçin? Sebäbi ol biziň synaglarda wepaly galmagymyzy we uly betbagtçylykda dogan-uýalar bilen agzybir bolmagymyzy isleýär. Şu makalada gelejekde boljak wakalar hakda täze düşündirilişe serederis. Şeýle-de şu soraglaryň jogabyny bileris: gelejek hakda nämeleri bilmeýäris? Gelejek hakda nämeleri bilýäris? Ýehowa gelejekde nädip höküm eder?

BIZ NÄMELERI BILMEÝÄRIS?

3. Öňler biz adamlaryň halas bolmagy barada näme pikir edýärdik we näme üçin?

3 Öňler biz uly betbagtçylyk başlanda iman etmeýän adamlar Hudaýyň halkyna goşulmaz we Armageddonda heläk bolar diýip pikir edýärdik. Sebäbi soňky günleri Nuhuň tupany bilen deňeşdirýärdik. Meselem, tupan başlamazdan öň Ýehowa Nuhuň guran gämisiniň gapysyny ýapdy. Şonuň ýaly Ýehowa uly betbagtçylyk başlanda-da göçme manydaky «gapyny ýapar» we Şeýtanyň dünýäsindäki adamlar halas bolup bilmez diýip pikir edýärdik (Mat. 24:37—​39).

4. Biz Nuhuň tupanynda bolan zatlar gelejekde uly möçberde ýerine ýeter diýip pikir etmelimi? Düşündiriň.

4 Biz Nuhuň tupanynda bolan ýagdaýlar gelejekde uly möçberde ýerine ýeter diýip garaşmalymy? Ýok! Sebäbi Mukaddes Kitapda bu barada hiç zat aýdylmaýar a. Dogry, Isa pygamber: «Nuhuň günleri nähili bolan bolsa, Ynsan ogly gelende-de şeýle bolar» diýipdi. Emma ol tupandaky ähli jikme-jiklikler gelejekde ýerine ýeter ýa-da gäminiň gapysynyň ýapylmagynyň pygamberlik manysy bar diýmedi. Emma Nuhuň tupanynda bolan ýagdaýlar köp zatlara düşünmäge kömek edýär.

5. a) Nuh pygamber tupandan öň näme etdi? (Ýewreýler 11:7; 1 Petrus 3:​20). b) Biziň günlerimiziň Nuhuň günleri bilen nähili meňzeşligi bar?

5 Ýehowa Nuh pygambere tupanyň boljakdygyny aýdanda, ol gämi gurup başlady. Şeýdip, imanyny iş ýüzünde görkezdi (Ýewreýler 11:7; 1 Petrus 3:​20-nji aýatlary okaň). Şu günlerem adamlar Hudaýyň Patyşalygy barada hoş habary eşidýär. Ýehowa olaryň hem imanyny iş ýüzünde görkezmegine garaşýar (Res. 3:​17—​20). Petrus resul Nuh pygambere «dogruçyllyk hakda wagyz etdi» diýdi (2 Pet. 2:5). Emma biz Nuh pygamberiň gapy-gapy aýlanyp, her bir adama wagyz edendigini bilmeýäris. Şonuň ýaly bizem Patyşalyk baradaky hoş habary bütin dünýäde yhlasly wagyz edýäris. Emma dünýäniň soňy gelýänçä, biz her bir adama wagyz edip ýetişmesek gerek. Näme üçin?

6, 7. Biz näme üçin dünýäniň soňy gelýänçä her bir adama wagyz edip ýetişmeris?

6 Isa pygamber wagyz işiniň uly depginde alnyp baryljakdygy hakda pygamberlik edip: «Patyşalyk baradaky hoş habar bütin ýer ýüzünde ähli milletlere wagyz ediler» diýdi (Mat. 24:14). Şol pygamberlik gözümiziň alnynda ýerine ýetýär. Häzir jw.org saýty 1 000-den gowrak dilde elýeterli. Dünýäniň dört künjeginde ýaşaýan adamlar Patyşalyk baradaky habary ene dilinde okap bilýär.

7 Isa Mesih adamlary höküm etmäge gelýänçä şägirtleriniň ähli şäherlere aýlanyp bilmejekdigini, ýagny her bir adama wagyz edip ýetişmejekdigini aýtdy (Mat. 10:23; 25:31—​33). Biz Isa pygamberiň aýdan sözleri bilen doly ylalaşýarys. Sebäbi millionlarça adamlar wagyz işiniň gadagan edilen ýurdunda ýaşaýar. Şeýle-de her minutda ýüzlerçe bäbek dünýä inýär. Elbetde, biz «her millete, her taýpa we her dile» wagyz etmek üçin elimizde baryny edýäris (Ylh. 14:6). Emma dünýäniň soňy gelýänçä her bir adama wagyz edip ýetişmejekdigimizi boýun almaly.

8. Ýehowanyň hökümleri babatda nähili sorag döreýär? (Surata serediň).

8 Uly betbagtçylyk başlanda hoş habary eşitmedik adamlara näme bolar? Ýehowa we Ogly Isa olary nädip höküm eder? (Ýah. 5:​19, 22, 27; Res. 17:31). Ýehowa bu soragyň jogabyny heniz açmady. Makalanyň baş aýadynda Ýehowanyň «hemmeleriň toba edip, halas bolmagyny isleýändigi» hakda ýazylan (2 Pet. 3:9; 1 Tim. 2:4). Ýehowa geçmişde eden ýa-da gelejekde etjek işleri hakda adamlara hasabat bermäge borçly däl.

Uly betbagtçylyk başlanda hoş habary eşitmedik adamlara näme bolar? (8-nji abzasa serediň) c.


9. Ýehowa Mukaddes Kitapda nähili pygamberlik ýazdyrdy?

9 Ýehowa Hudaý etjek işleri hakda aýtmaga borçly bolmasa-da, käbir zatlary pygamberlere ýazdyrdy. Meselem, Mukaddes Kitapda Ýehowanyň «erbetleri» direltjekdigi, olara hoş habary eşitdirjekdigi we durmuşyny üýtgetmäge mümkinçilik berjekdigi hakda aýdylýar (Res. 24:15; Luka 23:42, 43).

10. Uly betbagtçylyk babatda nähili sorag döreýär?

10 Käbirlerini şeýle sorag biynjalyk edýär: «Uly betbagtçylygyň dowamynda aradan çykjak adamlar ebedilik ýok edilermi?» (2 Sel. 1:​6—​10). Meselem, şol döwür käbirleri zalym adamlaryň elinden öler ýa-da keselçilik, garrylyk, tebigy betbagtçylyk sebäpli aradan çykar (Nes. 9:​11; Zek. 14:13). Olar täze dünýäde «erbetleriň» hatarynda direlermi? Biz muny bilmeýäris. Emma biz bir zady bilýäris: Mukaddes Kitapda Ýehowa Hudaýa we onuň gökdäki goşunyna garşy çykjak adamlaryň Armageddon söweşinde ebedilik ýok ediljekdigi aýdylýar.

BIZ NÄMELERI BILÝÄRIS?

11. Isa Mesih Armageddonda adamlary nämäniň esasynda höküm eder?

11 Biz gelejekde boljak wakalar hakda käbir zatlary bilýäris. Meselem, biz Isa pygamberiň adamlary nämäniň esasynda höküm etjekdigini bilýäris (Mat. 25:40). Ol saýlanan mesihçileri goldan adamlary «goýunlaryň» hataryna, goldamadyklary bolsa «geçileriň» hataryna goşar. Şeýle-de biz saýlanan mesihçileriň Armageddon söweşiniň öňüsyrasy ýer ýüzünde boljakdygyny bilýäris. Diýmek, akýürekli adamlar uly betbagtçylygyň dowamynda saýlanan mesihçileri goldap, olar bilen eginme-egin işleşip biler (Mat. 25:31, 32; Ylh. 12:17). Şu zatlary bilmek näme üçin wajyp?

12, 13. «Beýik Wawilon» ýykylanda käbirleriniň näme etmegi mümkin? (Surata serediň).

12 Uly betbagtçylyk başlanda «Beýik Wawilon», ýagny ýalan dinler ýok ediler. Şonda käbir adamlar Ýehowanyň Şaýatlarynyň aýdany dogry eken diýer. Belki, şol döwür käbir adamlar Ýehowa iman eder (Ylh. 17:5; Hyz. 33:33).

13 Şeýle waka gadymy döwürde-de bolupdy. Ysraýyllar Müsür gulçulygyndan azatlyga çykanda, olara müsürliler we başga milletli adamlar goşuldy. Sebäbi olar Musa pygamberiň aýdan on jezasynyň diri şaýady boldular we hak Hudaýa iman etdiler (2 Mus. 12:38). Edil şonuň ýaly, «Beýik Wawilon» ýok edilenden soň käbir adamlar Hudaýyň halkyna goşulmagy mümkin. Şonda biz: «Men-ä şunça ýyllap Hudaýa wepaly boljak bolup, köp kynçylyklara döz geldim. Bular bolsa derrew halas boldular. Hany bärde adalat?!» diýip gynanarysmy? Elbetde, ýok! Sebäbi biz gökdäki Atamyz Ýehowanyň göreldesine eýerýäris. Ol «rehimdar, mähirli, giň göwünli, wepaly söýgä baý, sözünde durýan» Hudaýdyr (2 Mus. 34:6) b.

«Beýik Wawilon», ýagny ýalan dinler ýok edilende käbir adamlar Ýehowanyň Şaýatlarynyň aýdany dogry eken diýerler (12, 13-nji abzaslara serediň) d.


14, 15. Adamyň gelejegi onuň haçan aradan çykandygyna we nirede ýaşaýandygyna baglymy? Düşündiriň (Zebur 33:​4, 5).

14 Käbirleri ýagşy niýet bilen: «Pylan garyndaşym uly betbagtçylyk başlamanka aradan çykdy, indi ol gelejekde direler» diýmegi mümkin. Emma adamyň direljegi ýa-da direlmejegi onuň haçan ölendigine bagly däl. Ýehowanyň çykarýan ähli hökümleri adalatlydyr (Zebur 33:​4, 5-nji aýatlary okaň). Biz bütin «ýer ýüzüniň Kazysynyň» adalatsyzlyk etmejekdigine ynamly bolup bileris (1 Mus. 18:25).

15 Adamyň gelejekde halas boljagy ýa-da bolmajagy, ýaşaýan ýurduna ýa-da ýerine bagly däl. Şu günler käbir adamlar wagyz işi gadagan edilen ýurtda ýa-da adam aýagy sekmedik tokaýdyr jeňňelde ýaşaýarlar. Ýehowa olary «geçileriň» hataryna goşup ýok edermi? Elbetde, ýok! (Mat. 25:46). Biynjalyk bolmaň, Ýehowa olaryň aladasyny bizden hem gowy eder. Biz uly betbagtçylykda Ýehowanyň wakalary nädip ugrukdyrjakdygyny bilmeýäris. Şol döwür Ýehowa ähli halklara özüniň mukaddes Hudaýdygyny mälim eder. Belki, şonda akýürekli adamlar Ýehowany tanap, iman ederler we halkyna goşularlar (Hyz. 38:16).

Uly betbagtçylyk başlanda käbir adamlar Ýehowa iman eder.

16. Biz Ýehowa barada nämeleri bilýäris? (Surata serediň).

16 Biz Mukaddes Kitaby okanymyzda Ýehowanyň her bir adamyň janyny gymmat saýýandygyna göz ýetirýäris. Ol biziň ebedi ýaşamagymyz üçin söwer Ogluny gurban berdi (Ýah. 3:​16). Ýehowa bizi her gün mähri bilen çoýýar (Işa. 49:15). Ol her birimiziň adymyzy bilýär. Eger saý-sebäp bilen aradan çykaýsak, gelejekde direlder we gylyk-häsiýetimizi, ukyp-başarnygymyzy, ýatlamalarymyzy gaýtaryp berer (Mat. 10:29—​31). Şonuň üçin biz Ýehowanyň adalatly höküm çykarjakdygyna doly ynamly bolup bileris, sebäbi ol rehimdar, paýhasly we dogruçyl Hudaýdyr (Ýak. 2:​13).

Biz Ýehowanyň adalatly höküm çykarjakdygyna doly ynamly bolup bileris, sebäbi ol rehimdar, paýhasly we dogruçyl Hudaýdyr (16-njy abzasa serediň).


17. Indiki makalada haýsy soraglaryň jogabyny bileris?

17 Şu we geçen makalada bilen zatlarymyz wagyz işiniň gaýragoýulmasyzdygyny subut edýär. Näme üçin? Bize hoş habary yhlasly wagyz etmäge näme kömek eder? Indiki makalada şu soraglaryň jogabyny bileris.

76-NJY AÝDYM Hoş habar göwnüňi göterýär

a «Seniň halaýşyň şeýledi» diýen makaladan täze düşündiriliş barada köpräk biliň (w15 15/3 sah. 7—11).

b «Beýik Wawilon» ýok edilensoň, biziň imanymyz synalar, sebäbi Mäjit ýurdundaky Äjit Hudaýyň halkyna topular. Şol döwür Hudaýyň halkyna goşuljak adamlar hem wepalylygyny subut etmeli bolar.

c SURATYŇ BEÝANY: üç bölümden ybarat suratda hoş habary eşitmäge mümkinçiligi bolmadyk adamlar görkezilen: 1) aýalyň ýaşaýan ýurdunda başga dine uýmak howply; 2) är-aýalyň ýaşaýan ýurdunda wagyz işi gadagan edilen; 3) oglan adam aýagy sekmedik tokaýda ýaşaýar.

d SURATYŇ BEÝANY: öň wagyzçy bolan gyz «Beýik Wawilonyň» ýok edilendigini eşidip, Ýehowa we ene-atasyna dolanýar. Biz rehimdar we duýgudaş Atamyz Ýehowadan görelde alyp, toba eden adamlary mähirli garşy almaly.