22-NJI MAKALA
«Mukaddes ýoldan» ýöräliň
«Ol ýerden şaýol geçer, oňa Mukaddes ýol diýerler» (Işa. 35:8).
31-NJI AÝDYM Hudaýyň ýolundan ýöre
MAZMUNY a
1, 2. Wawilonda ýaşaýan ýehudylar nähili karara gelmelidi? (Hydyr 1:2—4).
PATYŞA perman çykardy. Permana görä, 70 ýyllap Wawilonda ýesir bolan ýehudylar watanyna dolanyp bilýärdi (Hydyr 1:2—4-nji aýatlary okaň). Aslynda, olary azatlyga çykaran Gudratygüýçli Ýehowady. Näme üçin? Sebäbi Wawilon patyşasy ýesirlerini azatlyga goýbermeýärdi (Işa. 14:4, 17). Emma Wawilon basylyp alynýar we täze patyşa tagta çykýar. Ol ýehudylara watanyna dolanmaga rugsat edýär. Her bir ýehudy, esasanam, maşgalabaşylar wajyp karara gelmelidi. Olar dogduk mekanyna dolanmalymy ýa-da Wawilonda galmaly? Bu aňsat karar däldi. Näme üçin?
2 Ak sakgally gojalara, çal saçly enelere uzak ýola rowana bolmak aňsat däldi. Ýehudylaryň köpüsi Wawilonda dünýä inipdi. Wawilon olaryň dogduk mekanydy, Ysraýyl bolsa ata-babalarynyň ýurdudy. Käbir ýehudylar Wawilonda gowy ýaşaýardy. Olaryň kaşaň jaýy, düşewüntli işi bardy. Olara ýat ülkä göçüp barmak we ol ýerde mesgen tutmak kyndy.
3. Wepaly ýehudylar näme üçin watanyna dolanmak isleýärdi?
3 Hudaýa wepaly ýehudylar watanyna dolanmak we arassa seždäni dikeltmek üçin hemme zatdan geçmäge taýyndy. Wawilonda 50-den gowrak buthana bardy, emma Ýehowa sežde eder ýaly ýekeje ybadathana-da ýokdy. Ol ýerde Musanyň kanuny boýunça gurbanlyk berer ýaly ne ruhanylar bardy, ne-de gurbanlyk ojagy. Şeýle-de Wawilonda ýehudylara garanda ýalan taňrylara sežde edýän adamlar köpdi. Olar Ýehowanyň kada-kanunyny äsgermeýärdiler. Şol sebäpli hudaýhon ýehudylar watanyna dolanjak we arassa seždäni dikeltjek gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar.
4. Ýehowa watanyna dolanjak ýehudylara nämäni wada berdi?
4 Wawilondan azat bolan ýehudylar watanyna dolanmak üçin dört aýlap ýöremelidi, emma Ýehowa olaryň ýolundan ähli böwetleri aýyrmagy wada berdi. Işaýa pygamber şeýle diýdi: «Ýehowa üçin ýol taýýarlaň! Allamyz üçin çölüň üstünden şaýoluny çekiň... Büdür-südür ýerler tep-tekiz bolsun, akanak-çukanak ýerler jülgä öwrülsin» (Işa. 40:3, 4). Göz öňüne getiriň, ymgyr çölüň içinden tep-tekiz şaýoly çekilýär. Şol ýoldan ýörän adamlar ýadan däldirler we barmaly ýerine tiz ýetendirler. Elbetde, belentli-pesli ýoldan ýöremekden, tekiz we göni ýoldan ýöremek has aňsat.
5. Wawilon bilen Ysraýylyň arasyndaky şaýolunyň ady näme?
5 Şu günler şaýollaryň ady ýa-da belgisi bolýar. Şonuň ýaly Işaýa pygamberiň aýdan şaýolunyň hem ady bar. Ol şeýle diýdi: «Ol ýerden şaýol geçer, oňa Mukaddes ýol diýerler. Günäli adam ol ýoldan ýöremez» (Işa. 35:8). Şu sözler ysraýyl halky üçin nämäni aňladýardy we biziň üçin nämäni aňladýar?
GADYMY GÜNLER WE ŞU GÜNLER
6. Şaýola näme üçin «Mukaddes ýol» diýilýär?
6 «Mukaddes ýol». Nähili ajaýyp at! Şaýoluna näme üçin «Mukaddes ýol» diýilýär? Sebäbi Ysraýyl topragynda butparaz, ahlaksyz we erbet iş edýän adamlara ýer ýokdy. Wawilondan watanyna dolanjak ýehudylar Ýehowanyň mukaddes halky bolmalydy (5 Mus. 7:6). Olar Ýehowany razy edip ýaşamak üçin durmuşyny bütinleý üýtgetmelidi.
7. Ýehudylar durmuşyny näme üçin üýtgetmelidi? Mysal getiriň.
7 Ýehudylaryň ýurduna dolananyna onlarça ýyl bolupdy. Käbir ýehudylar Wawilonda dünýä inipdi. Wawilonlylaryň garaýşy we adatlary olaryň aňyna siňipdi. Hydyr mürze käbir ýehudylaryň butparaz aýallara öýlenendigini görüp örän gynanýar (2 Mus. 34:15, 16; Hyd. 9:1, 2). Nehemýa häkim bolsa olaryň çagalarynyň ýewreý dilini bilmeýändigini görüp ör-gökden gelýär (5 Mus. 6:6, 7; Neh. 13:23, 24). Mukaddes Kitabyň ýazylan dilini bilmeýän çagalar nädip Ýehowany söýsün? Oňa nädip ýürekden sežde etsin? (Hyd. 10:3, 44). Görşümiz ýaly, ýehudylar durmuşyny bütinleý üýtgetmelidi. Ysraýylda arassa sežde ýuwaş-ýuwaşdan dikeldilýärdi. Şol sebäpli olara durmuşyny üýtgetmek kyn bolan däldir (Neh. 8:8, 9).
8. Ýehudylaryň «Mukaddes ýoldan» ýörändigi hakdaky waka bize-de degişlimi? Düşündiriň. (Daşky sahypadaky surata serediň).
8 Käbir adamlaryň: «Ýehudylaryň „Mukaddes ýoldan“ ýörändigi hakdaky waka bize-de degişlimi?» diýmegi mümkin. Hawa, degişli! Sebäbi şu günler bizem göçme manyda «Mukaddes ýoldan» ýöreýäris. Saýlanan mesihçiler-de, «başga goýunlar-da» şol ýoldan sowulmazlygy ýüregine berk düwmeli. Sebäbi diňe «Mukaddes ýoldan» ýöreýän adamlar Ýehowa ýürekden sežde edip, gelejekde bol bereketleri alar b (Ýah. 10:16). 1919-njy ýyldan bäri millionlarça erkekler, aýallar we çagalar ýalan diniň dünýä imperiýasy bolan «Beýik Wawilondan» çykyp, «Mukaddes ýoldan» ýöreýärler. Sizem olaryň arasynda! «Mukaddes ýoluň» çekileninden bäri 100 ýyldan gowrak wagt geçdi, emma şol ýoluň taýýarlygy ençeme asyr öň başlapdy.
«MUKADDES ÝOLUŇ» GURLUŞYGY
9. Işaýa 57:14-e görä, «Mukaddes ýol» nädip taýýarlanyp başlandy?
9 Ýehowa Wawilondan Ysraýyla gaýdýan «Mukaddes ýoldaky» ähli böwetleri aýyrdy (Işaýa 57:14-i okaň). Biziň günlerimizdäki «Mukaddes ýol» hakda näme diýse bolar? «Mukaddes ýol» çekilmezinden birnäçe asyr öň, Ýehowa hudaýhon adamlar arkaly ýoly arassalady we taýýarlap başlady (Işaýa 40:3-i deňeşdiriň). Olaryň eden tagallasy bilen millionlarça adamlar «Beýik Wawilondan» çykyp, ruhy jennetde ýaşaýar we Ýehowa arassa sežde edýär. Hudaýhon adamlar «Mukaddes ýoly» taýýarlamak üçin nähili işleri etdiler? Geliň, olaryň käbirine seredeliň.
10, 11. Mukaddes Kitabyň çap we terjime edilmegi nähili netije berdi? (Surata serediň).
10 Çap etmek. XV asyryň ortalaryna çenli Mukaddes Kitap elde göçürilýärdi. Tutuş kitaby göçürmek köp wagt alýardy. Şol sebäpli onuň nusgasy azdy we örän gymmatdy. Çap edýän maşyn oýlanyp tapylandan soň Mukaddes Kitabyň köp nusgasy çykaryldy we köpçülik üçin elýeterli boldy.
11 Terjime etmek. Asyrlarboýy Mukaddes Kitabyň diňe latyn dilindäki nusgasy bardy. Oňa ýek-tük sowatly adamlar düşünýärdi. Emma çap edýän maşyn oýlanyp tapylandan soň Mukaddes Kitap sada halkyň düşünýän diline terjime edilýär. Şeýlelikde, akýürekli adamlar ruhanylaryň öwredýän taglymatyny Mukaddes Kitap bilen deňeşdirip bilýär.
12, 13. XIX asyrda Mukaddes Kitaby öwrenýän adamlar ýalan dini nädip paş etdiler?
12 Gözleg-barlag geçirmek. Käbir adamlar Mukaddes Kitaby okap, gözleg-barlag geçirýärdi we bilen zatlaryny adamlara gürrüň berýärdi. Emma olaryň wagzy ruhanylaryň gaharyny getirýärdi. XIX asyrda käbir hudaýhon adamlar Mukaddes Kitapdan bilen zatlaryny kitapçalara çap etdiler we buthananyň ýalan taglymatlaryny paş etdiler.
13 Takmynan 1835-nji ýylda Genri Gru atly hudaýhon adam ölen adamlar hakda kitapça çap edýär. Ol Mukaddes Kitap arkaly ölümsiz ýaşaýşyň Hudaýyň sowgadydygyny düşündirýär we buthanalaryň «adam ölmeýän jan bolup dünýä inýär» diýen taglymatyny paş edýär. 1837-nji ýylda Jorj Stors otluda barýarka Genri Grunyň kitapçasyny okaýar. Ol hakykaty tapandygyna düşünýär we bilen zatlaryny adamlara gürrüň berip başlaýar. 1842-nji ýylda Jorj Stors «Erbet adamlar ölümsiz ýaşaýşy miras alarmy?» diýen nutuk bilen ençeme sapar çykyş edýär. Jorj Storsyň nutugy ýaş ýigit Çarlz Teýz Rassele güýçli täsir edýär.
14. Rassel we egindeşleri näme etdiler? (Surata serediň).
14 Görşümiz ýaly, «Mukaddes ýoluň» gurluşygyna köp adamlar goşant goşupdyr. Rassel we egindeşleri olaryň işlerinden peýdalanypdyr. Meselem, olar gözleg geçirenlerinde Mukaddes Kitabyň terjimelerine, gadymy sözlüklere we gollanmalara salgylanypdyr. Şeýle-de olar Genri Gru, Jorj Stors ýaly adamlaryň çykaran kitapçalaryny okapdyr. Rassel bilen egindeşleri birnäçe kitapçalary we kitaplary çykaryp, «Mukaddes ýoluň» gurluşygyna öz goşantlaryny goşupdyr.
15. 1919-njy ýylda nähili waka boldy?
15 1919-njy ýylda Hudaýyň halky «Beýik Wawilonyň» ýesirliginden azat boldy. Şol ýyl Ýehowa akýürekli adamlara dogry ýoldan ýöremäge kömek etmek üçin «wepaly hem paýhasly hyzmatkäri» belledi (Mat. 24:45—47). «Mukaddes ýoluň» gurluşygyna goşant goşan adamlaryň tagallasy ýerine düşdi. Bu ýoldan ýöreýän adamlar indi Hudaýyň niýetine has gowy düşünýärler (Nak. 4:18). Emma olar Hudaýyň kada-kanunyna görä ýaşamak üçin durmuşyny üýtgetmeli. Ýehowa olardan bir gijäniň içinde düzelmegi talap etmeýär, gaýtam halkyny ýuwaş-ýuwaşdan arassalaýar (« Ýehowa halkyny ýuwaş-ýuwaşdan arassalaýar» diýen çarçuwa serediň). Biz gelejekde Ýehowany her gün razy ederis we bagtly ýaşarys (Kol. 1:10).
«MUKADDES ÝOL» — AÇYK ÝOL
16. 1919-njy ýyldan bäri «Mukaddes ýol» nädip abatlanýar? (Işaýa 48:17; 60:17).
16 Her bir çekilen ýoly abatlap durmaly. «Mukaddes ýoluň» abatlaýyş işi 1919-njy ýyldan bäri dowam edýär. Netijede, ençeme akýürekli adamlar ýalan diniň gulçulygyndan azat bolýar. Ýehowa munuň üçin wepaly hem paýhasly hyzmatkäri belledi. Wepaly hyzmatkär Ýehowanyň tamasyny doly ödeýär. Ol 1921-nji ýylda Mukaddes Kitabyň hakykatlaryny düşündirmek üçin «Hudaýyň arfasy» diýen kitaby çykardy. Şol kitap 36 dile terjime edildi we takmynan alty million nusgasy çap edildi. «Hudaýyň arfasy» kitaby ençeme adamlara hakykaty bilmäge kömek etdi. Şu günler biz täze çykan «Ebedi ýaşaň!» kitaby arkaly adamlara Mukaddes Kitabyň hakykatlaryny düşündirýäris. Hawa, soňky günlerde Ýehowa halkyna bolluk bilen ruhy iýmiti berýär we «Mukaddes ýoldan» ýöremäge kömek edýär (Işaýa 48:17; 60:17-nji aýatlary okaň).
17, 18. «Mukaddes ýol» nirä eltýär?
17 Mukaddes Kitapdan okuw geçýän her bir adam «Mukaddes ýoldan» ýöräp başlaýar. Olaryň käbiri başda aýgytly ädimleri ätseler-de, soňra ýoldan sowulýarlar. Käbirleri bolsa tä pellehana ýetýänçäler «Mukaddes ýoldan» ýöreýärler.
18 Saýlanan mesihçiler gökdäki sylagyny alanda pellehana ýeter (Ylh. 2:7). Ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýän adamlar bolsa Isa Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygynyň ahyrynda pellehana ýeterler. Eger siz «Mukaddes ýoldan» ýöreýän bolsaňyz yzyňyza seretmäň we pellehana ýetýänçäňiz badyňyzy gowşatmaň. Goý, ýoluňyz ak, ýoldaşyňyz Hak bolsun!
24-NJI AÝDYM Ýehowanyň dagyna çykyň
a Ýehowa halkyny Wawilon ýesirliginden azat etdi we göçme manyda «Mukaddes ýol» çekip, olary watanyna getirdi. Ýehowa şu günlerem «Mukaddes ýol» çekýärmi? Elbetde! B. e. 1919-njy ýylyndan bäri akýürekli adamlar ýalan diniň dünýä imperiýasy bolan «Beýik Wawilondan» çykýarlar we «Mukaddes ýoldan» ýöreýärler. Biziň ählimiz täze dünýä çenli şol ýoldan ýöremeli.
b «Işaýanyň pygamberligi — ähli adamzat üçin nurdur» atly kitabyň II tomunyň (rus.) 56, 57-nji sahypalaryna serediň.
c SURAT: Rassel bilen egindeşleri gözleg geçirenlerinde Mukaddes Kitabyň terjimelerine, gadymy sözlüklere we gollanmalara salgylanypdyrlar.