6-NJY MAKALA
18-NJI AÝDYM Töleg gurbanyna minnetdarlyk
Geçirimli Ýehowa Hudaýa minnetdar boluň!
«Hudaý adamlary şeýle güýçli söýýär welin, olar üçin ýeke-täk Ogluny berdi» (Ýah. 3:16).
ESASY PIKIR
Geçirimli Ýehowanyň adamzadyň günäsini bagyşlamak üçin näme edendigini bilsek, oňa ýürekden minnetdar bolarys.
1, 2. Adamzadyň ýagdaýy nähili? Mysal getiriň.
AÝDALY, oglanjyk baý maşgalada dünýä inip, kemala gelýär. Bir güni pajygaly waka bolýar. Onuň ene-atasy aradan çykýar. Ajy habary eşidende oglanyň depesinden gaýnag suw guýlan ýaly bolýar. Üstesine-de, ene-atasy bar baýlygyny ýele sowrup, ony bergä batyryp gidýär. Algydarlary her gün gelip, onuň ýakasyndan tutup: «Pulumy ber!» diýip gyssaýarlar. Emma biçäre oglanyň berere kör köpügi ýokdy.
2 Şu günler hem adamlaryň ýagdaýyny şol oglanyň durmuşyna meňzetse bolar. Adam at bilen How ene kämildi. Olar owadan Erem bagynda ýaşaýardy (1 Mus. 1:27; 2:7—9). Adam ata bilen How ene bagtly we ebedi ýaşamalydy. Emma bir güni hemme zat çepbe çöwrülýär. Adam ata bilen How ene Erem bagyndan kowulýar we ebedi ýaşaýyşdan mahrum bolýar. Olaryň çagalaryna näme miras galdy? Mukaddes Kitap şeýle jogap berýär: «Bir adam arkaly günä we günä arkaly ölüm peýda boldy. Ölüm hem ähli adamlara geçdi, sebäbi hemmeler günä etdi» (Rim. 5:12). Hawa, Adam ata nesline günäni we ölümi miras goýdy. Günäni bergi bilen deňeşdirse bolýar, ony bolsa hiç bir adamyň tölemäge gurby çatmaýar (Zeb. 49:8).
3. Isa pygamber günäni näme bilen deňeşdirdi we näme üçin?
3 Adam günä edende, Hudaýyň kanunyny bozýar. Kanuny bozan adam jerime tölemeli bolýar, emma hiç kimiň ony tölemäge gurby çatmaýar. Şonuň üçin Isa pygamber günäni «bergi» bilen deňeşdirýär (Mat. 6:12; Luka 11:4). Adam her sapar günä edende Hudaýa «bergili» bolýar. Ýöne Allatagala aradan çykan adamyň «bergisini», ýagny günäsini geçýär (Rim. 6:7, 23).
4. a) Allatagala kömek etmese, adamzada näme bolardy? (Zebur 49:7—9). b) Mukaddes Kitapda «günä» diýlende näme göz öňünde tutulýar? («Günä» diýen çarçuwa serediň).
4 Biz Adam ata bilen How eneden miras geçen günäniň gulçulygyndan azat bolup bilerismi? (Zebur 49:7—9-njy aýatlary okaň). Eger Allatagala kömek etmedik bolsa, biz günäden azat bolup bilmezdik, ebedi ýaşaýşa, direlişe umydymyz bolmazdy we haýwanlaryň ölşi ýaly öler giderdik (Nes. 3:19; 2 Pet. 2:12).
5. Ýehowa bizi günäden nädip azat edýär? (Surata serediň).
5 Bir güni tüçjar baý adam ýaş ýigide ähli bergisini tölejekdigini aýdýar. Şonda ýaş ýigidiň başy göge ýetýär. Ol jomartlyk bildiren baý adama ýürekden minnetdar bolýar. Edil şonuň ýaly, söýgüden doly Ýehowa Adam atanyň miras goýan «günäsinden» azat etmegi söz berýär. Isa pygamber şeýle diýdi: «Hudaý adamlary şeýle güýçli söýýär welin, olar üçin ýeke-täk Ogluny berdi, sebäbi Hudaý Ogluna iman eden her bir adamyň heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşmagyny isleýär» (Ýah. 3:16). Hawa, Ýehowa adamlary diňe bir günäden halas etmän, olar bilen ýaraşmak üçin «Dostluk» köprüsini gurdy.
6. Biz haýsy jümleler hakda gürrüň ederis we näme üçin?
6 Ýehowa adamzady günäden azat etmek üçin käbir ädimleri ätdi. Şeýlelikde, Ol biziň bilen ýaraşdy, bizi bagyşlady, töleg töledi, halas etdi we dogruçyl hasaplady. Geliň, Mukaddes Kitapda ýazylan şu jümleleriň her birine aýratynlykda seredeliň. Şonda biz Ýehowa has-da minnetdar bolarys.
ÝARAŞMAK
7. a) Adam ata bilen How ene nädip Ýehowanyň duşmany boldy? b) Adam ata bilen How enäniň perzentleri nämä mätäçdi? (Rimliler 5:10, 11).
7 Adam ata bilen Howa ene Erem bagynda ýaşaýarka, Ýehowanyň ogly-gyzydy. Emma olar günä edip, Ýehowanyň duşmany boldular we Erem bagyndan kowuldylar. Soňra olardan dünýä inen çagalar hem Ýehowanyň duşmany boldy (Luka 3:38; 1 Mus. 3:23, 24; 4:1). Olar hem Ýehowa bilen ýaraşmalydy (Rimliler 5:10, 11-nji aýatlary okaň). Bir ylmy kitapda aýdylmagyna görä, aýatdaky «ýaraşmak» diýen grek işligi «duşmanyň bilen dostlaşmagy» aňladýar. Haýran galaýmaly, Adam ata bilen How ene günä etse-de, ýaraşmak üçin Ýehowanyň özi ilkinji ädimi ätdi. Nädip?
GÜNÄNI GEÇMEK
8. Günäni geçmek nämäni aňladýar?
8 Ýehowa bikämil adamlar bilen dostlaşmak üçin, ilki bilen, olaryň günäsini geçmelidi. Injiliň asyl nusgasynda «günäni geçmek» diýen jümläniň «öwezini dolmak» diýen manysy bar. «Öwezini dolmak» alan zadyň ýerine şonça gymmaty bolan başga bir zady bermegi aňladýar. Rimliler 3:25-de şu jümle «günäni bagyşlamak» diýip terjime edilen. Hawa, Ýehowa bikämil adamlar bilen ýaraşmak üçin, olaryň günäsini bagyşlady.
9. Ýehowa ysraýyllaryň günäsini geçmek üçin wagtlaýyn nähili çäräni ýola goýdy?
9 Ýehowa ysraýyllaryň günäsini geçmek we dostlaşmak üçin wagtlaýyn çäräni ýola goýdy. Ysraýyllar ýylda bir gezek Günä geçilýän güni belleýärdi. Şol gün baş ruhany halkyň günäsi üçin mal gurbanyny berýärdi. Mallaryň gany Hudaýyň keşbinde ýaradylan adamlaryň günäsini ýuwup bilmeýärdi, emma ysraýyllar eden günäsine toba edip, mal gurbanyny berseler, Ýehowa olaryň günäsini geçýärdi (Ýew. 10:1—4). Şeýle-de mal gurbanlary ysraýyllara günälidiklerini we olaryň günäsini bir gezeklikde hemişelik ýuwjak gurbanlyga mätäçdiklerini ýatladýardy.
10. Ýehowa adamlaryň günäsini hemişelik geçmek üçin nähili çäräni ýola goýdy?
10 Allatagala adamlaryň günäsini hemişelik geçmek üçin bir çäräni ýola goýdy. Ýehowanyň ýeke-täk Ogly «janyny bir gezekde hemişelik gurban berip, köpleriň günälerini öz üstüne aldy» (Ýew. 9:28). Hawa, Isa pygamber «köpleriň ugrunda janyny töleg hökmünde berdi» (Mat. 20:28). Töleg näme?
TÖLEG TÖLEMEK
11. a) Töleg näme? b) Töleg tölemek üçin nähili üç şert ýerine ýetirilmeli?
11 Mukaddes Kitaba görä, «töleg» günäni geçmek we ýaraşmak üçin tölenýän haky aňladýar a. Adam ata bilen How ene günä edip, ebedi we kämil ýaşaýyşdan mahrum boldy. Ýehowa olaryň ýitiren zadynyň öwezini dolmak üçin töleg tölemegi ýüregine düwdi (1 Tim. 2:6). Töleg tölemek üçin 1) Adam ata ýaly kämil, 2) ebedi ýaşamaga mümkinçiligi bolan we 3) adamzat üçin janyny höwes bilen gurban berjek adam gerekdi. Diňe şonda adamlar günäden doly azat bolup bilýärdi.
12. Näme üçin tölegi diňe Isa pygamber töläp bilýärdi?
12 Adamlary günäniň gulçulygyndan diňe Isa pygamber halas edip bilýärdi. Sebäbi 1) Isa kämildi, «hiç hili günä etmedi» (1 Pet. 2:22); 2) ýer ýüzünde ebedi ýaşap biljek ýeke-täk adamdy; 3) ol adamlaryň günäsini ýuwmak üçin şirin janyny gurban bermäge taýýardy (Ýew. 10:9, 10). Isa pygamber kämil janyny gurban berip, Adam atanyň ýitiren zadynyň öwezini doldy (1 Kor. 15:45). Şeýlelikde, Isa pygamber «soňky Adam» boldy (Rim. 5:19). Indi adamlary günäden azat etmek üçin başga gurbanlyk gerek däldi, sebäbi Isa «özüni bir gezekde hemişelik gurban etdi» (Ýew. 7:27; 10:12).
13. Günä geçmek bilen tölegiň nähili baglanyşygy bar?
13 Günäni geçmek bilen tölegiň nähili baglanyşygy bar? Ýehowa bikämil adamlar bilen ýaraşmak üçin, olaryň günäsini geçmelidi. Adamlaryň günäsini geçmek üçin töleg tölemelidi. Töleg bolsa Isa pygamberiň gurban eden kämil janyny aňladýar (Efes. 1:7; Ýew. 9:14).
HALAS BOLMAK WE DOGRUÇYL HASAPLANMAK
14. Biz näme barada gürrüň ederis we näme üçin?
14 Mukaddes Kitapda günäsi geçilen adamlaryň ençeme bereketleri aljakdygy ýazylan. Geliň, häzir şol bereketleriň ikisi hakda gürrüň edeliň. Şonda geçirimli Ýehowa Hudaýa has-da minnetdar bolarys.
15, 16. a) «Halas etmek» diýen jümle nämäni aňladýar? b) Halas bolmak barada oýlananyňyzda özüňizi nähili duýýarsyňyz?
15 Mukaddes Kitapda ulanylan «halas etmek» diýen jümle töleg töläp birini azat etmegi we yzyna satyn almagy aňladýar. Petrus resul muny şeýle düşündirýär: «Bilip goýuň, sizi ata-babalaryňyzdan galan biderek ýaşaýyşdan altyn-kümüş ýaly çüýreýän zatlar halas edip bilmedi (sözme-söz: satyn almady). Emma siz ýazyksyz we şikessiz guzynyň, ýagny Mesihiň gymmatly gany bilen halas bolduňyz» (1 Pet. 1:18, 19; çykgyt).
16 Töleg gurbany arkaly biz zalym hojaýynyň, ýagny günäniň we ölümiň gulçulygyndan azat bolduk (Rim. 5:21). Biz Ýehowa Atamyza näçe minnetdar bolsak-da az. Biz Onuň ýagşylygyny hiç haçan yzyna gaýtaryp bilmeris. Şeýle-de biz Isa pygambere-de örän minnetdar, sebäbi ol bizi halas etmek üçin şirin janyny gurban etdi (1 Kor. 15:22).
17, 18. a) Dogruçyl hasaplanmak nämäni aňladýar? b) Dogruçyl hasaplanmak barada oýlananyňyzda özüňizi nähili duýýarsyňyz?
17 Mukaddes Kitaba görä, Ýehowa dogruçyl hasaplan adamlarynyň günäsini geçýär we olary doly aklaýar. Onda Ýehowa adamlaryň günäsine göz ýumýarmy? Ol günäkär adamlary bagyşlap adalatsyzlyk edýärmi? Elbetde, ýok! Ýehowa diňe Isa pygamberiň töleg gurbanyna iman edýän adamlary dogruçyl hasaplaýar. Hiç bir adam öz güýji bilen muny gazanyp bilmez (Rim. 3:24; Gal. 2:16).
18 Ýehowanyň dogruçyl hasaplaýan adamlary nähili bereket alýar? Ýehowa Isa bilen gökde höküm sürjek saýlanan mesihçileri öz perzentleri hasaplaýar (Tit. 3:7; 1 Ýah. 3:1). Olaryň günäsini bagyşlaýar we doly aklaýar. Şeýlelikde, olar Hudaýyň Patyşalygynda höküm sürmäge mynasyp bolýar (Rim. 8:1, 2, 30). Ýehowa ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýän adamlary hem dosty hasaplaýar we olaryň günäsini bagyşlaýar (Ýak. 2:21—23). Olar Armageddondan sag-aman geçer we ýer ýüzünde ebedi ýaşar (Ýah. 11:26). Gelejekde bolsa ölüm ukusyna giden dogruçyllar we erbetler direler (Res. 24:15; Ýah. 5:28, 29). Ýehowa gulak asýan wepaly adamlar «Hudaýyň perzentleriniň şöhratly azatlygyna gowşarlar» (Rim. 8:21). Şonda ajaýyp döwür bolar, biz Ýehowa Atamyz bilen ýaraşyp, bagtly döwran süreris.
19. Ýehowa adamzady halas etmek üçin näme etdi? (« Ýehowanyň geçirimliligi» diýen çarçuwa serediň).
19 Biz 1-nji abzasda agzalan oglan ýaly gözgyny ýagdaýdadyk. Adam ata bilen How ene bizi günäniň gulçulygyna satdy. Ýehowa kömek etmedik bolsa, biz hiç haçan azat bolup bilmezdik. Emma hak Alla dadymyza ýetişdi. Ol biziň günämizi geçmek üçin töleg töledi. Biz Isa pygamberiň töleg gurbanyna iman etsek, günäniň hem ölümiň gulçulygyndan azat bolarys, ýazygymyz bagyşlanar we doly aklanarys. Iň wajyby bolsa, gökdäki Atamyz bilen ýaraşarys we ýakyndan dostlaşarys.
20. Indiki makalada näme hakda gürrüň ederis?
20 Biz Ýehowanyň we Isa pygamberiň eden ýagşylyklary hakda oýlananymyzda ýüregimiz minnetdarlykdan püre-pür bolýar (2 Kor. 5:15). Olar kömek etmedik bolsa, biziň gelejege hiç hili umydymyz bolmazdy. Mukaddes Kitapda Ýehowanyň geçirimliligini suratlandyrýan ençeme deňeşdirmeler we meňzetmeler bar. Şol meňzetmeler bize Ýehowa bagyşlansoň özümizi günäkärlemezlige kömek edýär. Indiki makalada olar hakda gürrüň ederis.
10-NJY AÝDYM Ýehowa alkyş aýdyň
a Käbir dillerde «töleg» sözi adamyň jany üçin berilýän haky aňladýar.