Siz «ýeri miras almaga» taýýarmy?
BIZIŇ ÄHLIMIZ Isa pygamberiň: «Pesgöwünli adamlar bagtlydyr, sebäbi olar ýeri miras alarlar» diýen sözleriniň ýerine ýetjek gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýarys (Mat. 5:5). Saýlanan mesihçiler Isa Mesih bilen gökde patyşalar bolup, ýer ýüzüniň üstünden höküm sürerler (Ylh. 5:10; 20:6). Millionlarça hudaýhon adamlar bolsa, ýer ýüzünde Jennetde ebedi we parahat durmuşda ýaşarlar; olar kämillige ýeterler. Bütin ýer ýüzüni Jennete öwürmek üçin biz köp işleri etmeli bolarys. Birinjiden, biz zähmet çekip, ýer ýüzüni bagy-bossanlyga öwürmeli. Ikinjiden, direljek adamlaryň zerur zatlaryny ýetirmeli. Üçünjiden, olara Ýehowa barada tälim bermeli. Biz şol durmuşa häzirden nädip taýýarlyk görüp bileris?
ÝER ÝÜZÜNI BAGY-BOSSANLYGA ÖWÜRMELI
Ýehowa Adam ata bilen How enä: «Ýer ýüzüni dolduryň we eýeçilik ediň» diýende, bütin ýer ýüzüni Jennete öwürmelidigini göz öňünde tutdy (1 Mus. 1:28). Ýeri miras aljak hudaýhon adamlar Allatagalanyň ilkibaşdaky niýetini ýerine ýetirerler. Ýöne Armageddon söweşinden soň ýer ýüzi gysga wagtyň içinde Jennet bolmaz. Sebäbi häzir ýer ýüzünde Erem bagy ýok. Şeýle-de adamlar tebigaty, howany we ýer ýüzüni dargadýarlar. Biz olaryň ýetiren zyýanyny ýuwaş-ýuwaşdan aýyrmaly bolarys. Hawa, gelejekde bize köp işler garaşýar!
Geliň, Wawilon ýesirliginden azat bolup, watanyna dolanan ysraýyllar hakda gürrüň edeliň. Ysraýyl topragynda 70 ýyllap adam-gara ýaşamandy. Ýöne Işaýa pygamber ysraýyllaryň Ýehowanyň goldawy bilen tutuş ýurdy bagy-bossanlyga öwürjekdigi hakda pygamberlik etdi. Ol şeýle diýdi: «Çölleri Erem bagy deý bolar, düz ýerleri Ýehowanyň bagyna öwrüler» (Işa. 51:3). Ysraýyllar Ýehowanyň ak patasy bilen ýurduny dikeltdi. Edil şonuň ýaly, akýürekli adamlar hem Ýehowanyň goldawy bilen tutuş ýer ýüzüni Jennete öwrerler. Siz häzirden şol işe gatnaşmak isleýändigiňizi nädip görkezip bilersiňiz?
Munuň üçin öýüňizi we onuň daş-töweregini arassa saklaň. Goňşy-golamyňyz arassaçyl bolsun, bolmasyn, siz öýüňizi tämiz saklaň. Şeýle-de Ýygnak jaýynyň we Kongresler köşgüniň arassaçylyk hem-de abatlaýyş işlerine kömek edip bilersiňiz. Mümkinçiligiňiz bolsa, tebigy betbagtçylyk bolanda meýletinçi hökmünde kömek etmek üçin arza dolduryň. Şonda kyn ýagdaýa düşen dogan-uýalary zerur wagty goldap bilersiňiz. Şeýle-de şu sorag hakda hem oýlanyp bilersiňiz: «Ýehowanyň ýagşylygy bilen täze dünýä geçsem, ýer ýüzüni Jennete öwürmek üçin häzirden nähili hünär öwrenip bilerin?»
DIRELJEK ADAMLARYŇ ZERUR ZATLARYNY ÝETIRMELI
Isa pygamber Ýaýrusyň gyzyny direldende, ony naharlamagy tabşyrdy (Mar. 5:42, 43). Elbetde, 12 ýaşlyja gyzjagazy iýdirip-içirmek kyn düşen däldir. Ýöne oýlanyp göreliň, Isa «mazarda ýatanlaryň ählisiniň» direljekdigini aýtdy (Ýah. 5:28, 29). Mukaddes Kitapda açyk aýdylmasa-da, biz direljek her bir adamyň iýjek-içjegini, geýjegini we ýaşajak ýerini taýýarlamaly bolarys. Biz şeýle wajyp işe goşant goşmak isleýändigimizi häzirden nädip görkezip bileris? Geliň, käbir soraglara seredeliň.
Gelejekde «ýeri miras almaga» häzirden nädip taýýarlyk görüp bileris?
Ýygnagyňyzy etrap gözegçisi idände, ony nahara çagyryp bilersiňizmi? Beýtelde gulluk edýän dogan-uýalaryň ýa-da etrap gözegçileriň gullugy tamamlananda, olara jaý ýa-da iş tapmaga kömek edip bilersiňizmi? Siziň ýaşaýan ýeriňizde welaýat ýa-da ýörite kongres geçirilende kongresden öň we soň arassaçylyk işine kömek edip bilersiňizmi? Myhmanlary güler ýüz bilen garşy alyp bilersiňizmi?
DIRELJEK ADAMLARA TÄLIM BERMELI
Resullar 24:15-e görä, biz gelejekde milliardlarça adamlaryň direljegine garaşýarys. Olaryň köpüsi Ýehowany tanaman aradan çykypdy. Ýöne gelejekde olar direler we Ýehowa hakda bilim almaga mümkinçiligi bolar a. Wepaly we ökde wagyzçylar olara Ýehowa hakda tälim berer (Işa. 11:9). Şarlotta uýa Ýewropada, Günorta Amerikada we Afrikada gulluk edipdi. Ol şeýle diýýär: «Men direljek adamlara Hudaý hakda bilim berjek günüme sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Men taryhda ýaşap geçen adamlar hakda okanymda: „Eger ol Ýehowany tanan bolsady, durmuşy düýbünden başgaça bolardy“ diýip oýlanýaryn. Men olara Ýehowa hakda bilim alsalar ebedi we bagtly ýaşajakdyklaryny aýtmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn».
Isa pygamberden öň ýaşap geçen Ýehowanyň wepaly gullukçylaryna-da tälim bermeli bolar. Göz öňüne getiriň, siz Danyýar pygambere okuw geçýärsiňiz. Oňa öz ýazan pygamberlikleriniň nädip ýerine ýetendigini düşündirýärsiňiz (Dan. 12:8). Ýa-da siz Ruta, Nagoma okuw geçýärsiňiz we olaryň neslinden Mesihiň gelendigini düşündirýärsiňiz. Häzirki zalym dünýäde kynçylyklar we yzarlamalar sebäpli adamlara Ýehowa barada öwretmek aňsat bolmaýar. Emma biz gelejekde bütindünýä tälim beriş işine hezil edip gatnaşarys. Bize hiç zat päsgel bermez.
Şeýle wajyp işe goşant goşmak üçin häzirden nädip taýýarlyk görüp bileris? Munuň üçin mugallymçylyk ukyplaryňyzy artdyryň we hoş habary yhlasly wagyz ediň (Mat. 24:14). Belki, siz garrylyk, ýarawsyzlyk ýa-da başga sebäplere görä köp wagyz edip bilýän dälsiňiz. Ýöne eliňizde baryny etseňiz direljek adamlara tälim bermäge taýýardygyňyzy görkezersiňiz.
Siz ýeri miras almaga taýynmy? Siz bütin ýer ýüzüni bagy-bossanlyga öwürmäge, direljek adamlaryň zerur zatlaryny ýetirmäge we olara tälim bermäge sabyrsyzlyk bilen garaşýarsyňyzmy? Eger siz häzirden ýokarda agzalan işlere yhlasly gatnaşsaňyz, onda gelejekde ýeri miras aljak adamlaryň arasynda bolarsyňyz.
a «Halka dogruçyllygy kimler öwreder?» diýen makalany okaň (w22.09).