31-NJI MAKALA
12-NJI AÝDYM Ýehowa Beýik Hudaý
Ýehowa günäli adamlary halas etmek üçin näme etdi?
«Hudaý adamlary şeýle güýçli söýýär welin, olar üçin ýeke-täk Ogluny berdi» (Ýah. 3:16).
ESASY PIKIR
Ýehowa adamlary günäden we ölümden halas edip, ebedi ýaşatmak üçin käbir çäreleri gördi.
1, 2. a) Günä näme we günäni kimiň kömegi bilen ýeňip bileris? («Düşündirilişe» serediň). b) Şu makalada we žurnalda näme hakda gürrüň ederis? (Şu žurnaldaky «Okyjy üçin» diýen çarçuwa serediň.)
ÝEHOWA her bir adamy ýürekden söýýär. Biz muny nireden bilýäris? Ýehowa adamlary günäden we ölümden halas etmek üçin köp işleri etdi. Günä a adamlaryň ganym duşmany. Her bir adam onuň öňünde ejiz gelýär. Günä ähli adamy demir penjesinde saklaýar. Adam pahyr her gün günä bilen göreşip, ahyrynda gara topraga siňip gidýär (Rim. 5:12). Emma adamlar üçin hoş habar hem bar. Her bir adam Allatagalanyň kömegi bilen günäniň üstünden ýeňiş gazanyp biler.
2 Günä 6 000 müň ýyl bäri bütin dünýäniň üstünden agalyk edýär. Ýehowa adamlara sag elini uzadyp kömek edýär. Näme üçin? Sebäbi ol adamlary söýýär we olaryň günä edip ölmegini islemeýär. Gaýtam olara ebedi ýaşaýşy peşgeş berýär (Rim. 6:23). Ýehowa asyrlarboýy adamzady günäden halas etmek üçin köp işleri edýär. Şu makalada biz üç soragyň jogabyny bileris. 1) Ýehowa günäli adamlara nähili umyt berýär? 2) Gadymy döwürde ýaşan hudaýhon adamlar Ýehowany nädip razy etdi? 3) Isa pygamber günäli adamlary halas etmek üçin näme etdi?
ÝEHOWA HALAS BOLMAGA ÝOL AÇDY
3. Erem bagynda näme boldy?
3 Ýehowa Adam ata bilen How enäni ýaratdy. Olara owadan Erem bagyny sowgat berdi we gyzykly ýumuş tabşyrdy. Olar bütin ýer ýüzüni Jennete öwürmelidi. Ogul-gyz dünýä indirip, ýer ýüzüni hak Alla wepaly adamlardan doldurmalydy. Emma Ýehowa olara ýekeje zady gadagan edýär. Şeýle-de gulak asmasalar günä edip öljekdiklerini duýdurýar. Hemme zat gülala-güllükdi. Emma bir perişde How enäniň aladasyny edýän ýaly bolup, ony aldady. Şeýlelikde, Adam ata bilen How ene gökdäki Atasyna gulak asmagyň deregine ýalançy Şeýtana ynandylar. Hawa, Ýehowanyň aýdyşy ýaly-da boldy. Adam ata bilen How ene garrady, öldi we gara topraga siňip gitdi (1 Mus. 1:28, 29; 2:8, 9, 16—18; 3:1—6, 17—19, 24; 5:5).
4. Ýehowa näme üçin günäni ýigrenýär? (Rimliler 8:20, 21).
4 Ýehowa Erem bagynda bolan wakany ýöne ýere Mukaddes Kitaba ýazdyrmady. Şol wakany okanymyzda Ýehowanyň günäni ýigrenýändigine düşünýäris, sebäbi günä adamlary öldürýär, Ýehowany çagalaryndan aýra salýar (Işa. 59:2). Şeýtan bolsa muny bilip heşelle kakýar. Ol Ýehowany, adamlary ýigrenýär. Şeýtan Erem bagynda Ýehowany ýeňdim diýip pikir edýärdi, emma örän ýalňyşýardy. Sebäbi ol Ýehowanyň adamlary ýürekden söýýändiginden bihabardy. Ýehowa Adam ata bilen How ene gulak asmasa-da, günä etse-de, olaryň çagalaryny halas etmegiň ugruna çykdy (Rimliler 8:20, 21-nji aýatlary okaň). Ol Adam atanyň neslinden käbirleriniň özüne gulak asjakdygyny bilýärdi. Şol sebäpli olara halas bolmaga ýol açdy. Geliň, bu hakda gürrüň edeliň.
5. Ýehowa adamzady günäden azat etmek üçin näme etdi? Düşündiriň. (1 Musa 3:15).
5 1 Musa 3:15-i okaň. Ýehowa Şeýtana höküm çykaranda adamzady günäden we ölümden halas etjek nesil hakda-da pygamberlik etdi. Nesil Şeýtany we onuň ähli işlerini ýok edip, adamzada ýetirilen zyýanyň öwezini dolmalydy (1 Ýah. 3:8). Emma Şeýtan hem gol gowşuryp oturman, pygamberlige görä nesliň dabanyndan çakmalydy, ýagny ony öldürmelidi. Ýehowa çekip çydardan agyr hem bolsa nesliň ölümine döz geldi. Sebäbi adamzat diňe ol arkaly günäden we ölümden halas bolup bilýärdi.
GEÇMIŞDE WEPALY ADAMLAR HUDAÝY NÄDIP RAZY ETDILER?
6. Habyl bilen Nuh pygamber Ýehowany razy etmek üçin näme etdiler?
6 Adamlar günä edip Ýaradandan daşlaşdylar. Emma taryha ser salsak, Ýehowany razy edip, onuň bilen dostlaşan adamlar hem bar. Meselem, Adam ata bilen How enäniň ikinji ogly Habyl Ýehowany söýýärdi, onuň bilen dostlaşmak isleýärdi. Ol çopandy, sürüsinden iň gowy guzularyny Ýehowa üçin gurbanlyk bererdi. Mukaddes Kitapda: «Ýehowa Habyldan hoşal bolup, gurbanlygyny kabul etdi» diýilýär (1 Mus. 4:4). Nuh pygamber hem hudaýhon adamdy. Ol hem edil Habyl ýaly Ýehowa üçin gurbanlyk bererdi (1 Mus. 8:20, 21). Ýehowa-da günäli adamlaryň gurbanlyklaryny kabul edip, olardan razydygyny, dostlaşmak isleýändigini subut etdi b.
7. Ýehowa Ybraýym pygambere näme üçin ogluny gurban etmegi tabşyrdy?
7 Bir gün Ýehowa Ybraýym pygamberiň ýanyna gelip: «Janyňdan eziz görýän ýalňyz ogluň Yshagy... maňa gurban ber» diýdi. Ybraýym pygamberiň depesinden gaýnan suw guýlan ýaly bolandyr. Emma ol derrew gerek-ýarak zatlary taýynlap ýola düşdi. Ol eline pyçagy alyp ogluny öldürjek bolup durka, Ýehowa ony saklap: «Ogluňa degme, hiç zat etme. Seniň Hudaýdan gorkýan adamdygyňa doly göz ýetirdim» diýdi. Şonda Ybraýym pygamber uludan demini alan bolsa gerek. Aslynda, Ýehowa Ybraýym pygambere «ogluňy gurban et» diýmek bilen özüniň gelejekde etjek işini mälim etdi. Ýehowa ýeke-täk Ogluny gurban edip, adamlary günäden we ölümden halas etmek isleýärdi (1 Mus. 22:1—18).
8. Musanyň kanunyna görä, berilýän mal gurbanlary nämäni suratlandyrýar? (3 Musa 4:27—29; 17:11).
8 Musanyň kanunyna görä, ysraýyllar günäsini ýuwmak üçin Hudaýa mal gurbanyny berýärdiler (3 Musa 4:27—29; 17:11-nji aýatlary okaň). Şol gurbanlar Ýehowanyň gelejekde adamzat üçin berjek beýik gurbanlygyny suratlandyrýardy. Pygamberler Hudaýyň ylhamy bilen wada edilen nesliň adamzat üçin şirin janyny töleg berjekdigini aýtdylar. Işaýa pygamber hem nesliň soýuljak goýun ýaly alnyp gidiljekdigini ýazdy. Ol nesil Hudaýyň söwer Ogludy (Işa. 53:1—12). Göz öňüne getiriň, Ýehowa siziň her biriňizi söýýär, sizi günäden we ölümden halas etmek üçin ýeke-täk Oglunyň şirin janyny gurban edýär. Muny bilmek göwnüňizi götermeýärmi näme?!
ISA PYGAMBER ADAMLARY NÄDIP HALAS ETDI?
9. Suwa çümdürýän Ýahýa Isa pygamber barada näme diýdi? (Ýewreýler 9:22; 10:1—4, 12).
9 B. e. 29-njy ýylydy. Suwa çümdürýän Ýahýa nazaretli Isany görüp: «Ine dünýäniň günäsini ýuwýan Hudaýyň Guzusy!» diýdi (Ýah. 1:29). Şeýlelikde, wada edilen nesliň Isa pygamberdigi mälim boldy. Ol adamlary günäden we ölümden halas etmek üçin şirin janyny gurban bermelidi. Şeýdip, ol günäniň üstünden ýeňiş gazanmalydy (Ýewreýler 9:22; 10:1—4, 12-nji aýatlary okaň).
10. Isa pygamber günäkärlere kömek etmek isleýändigini nädip görkezdi?
10 Isa pygamber günä sebäpli bili bükülen, ruhdan düşen adamlary görüp gynanýardy. Olara kömek edesi gelýärdi we şägirdi bolmaga çagyrýardy. Ol bar belanyň körüginiň günädigine düşünýärdi. Isa il arasynda günäkär hasaplanýan adamlara kömek etmek üçin özi ýanlaryna barýardy. Isa pygamber: «Lukman sag adama däl, syrkawa gerek. Men hudaýhon adamlary däl, günäkärleri çagyrmaga geldim» diýipdi (Mat. 9:12, 13). Bir gezek Isa pygamber günäkär aýala: «Günäleriň bagyşlandy» diýdi (Luka 7:37—50). Ýene bir gezek bolsa il arasynda ahlaksyz aýal diýip tanalýan samariýaly gelne wajyp hakykaty düşündirdi (Ýah. 4:7, 17—19, 25, 26). Hak Hudaý Isa pygambere, hatda ölümiň üstünden ygtyýar berdi. Şeýlelikde, Isa pygamber çagalary, aýal-erkekleri direltdi (Mat. 11:5).
11. Günäkär adamlar näme üçin özüni Isa pygamberiň ýanynda arkaýyn duýýardy?
11 Garyp-gasarlar, günäkär adamlar Isa pygamberiň ýanyna çekinmän barýardy. Sebäbi ol duýgudaşdy, mähirlidi, ýumşakdy. Adamlar özüni onuň ýanynda arkaýyn duýýardy (Luka 15:1, 2). Isa pygamber şägirdi bolmak isleýän adamlary öwýärdi, olary dosty hasaplaýardy (Luka 19:1—10). Ol Atasynyň göreldesine doly eýerýärdi (Ýah. 14:9). Isa pygamberiň aýdýan sözlerinden, edýän işlerinden Ýehowanyň rehimli Atadygy, günäkär adamlaryň durmuşyny üýtgedip hakykat ýolundan ýöremegini isleýändigi görünýärdi. Isa pygamber günäkär adamlary durmuşyny üýtgetmäge we şägirdi bolmaga höweslendirýärdi (Luka 5:27, 28).
12. Isa pygamber şägirtlerine özüniň ölümi barada näme aýtdy?
12 Isa pygamber özüne nähili ölümiň garaşýandygyny bilýärdi. Ol özüne dönüklik ediljekdigini we pürse çüýlenip öldüriljekdigini şägirtlerine gürrüň berdi (Mat. 17:22; 20:18, 19). Isa ejirli ölüme döz gelse, bütin adamzadyň günäsini ýuwup biljekdigine düşünýärdi. Bu hakda suwa çümdürýän Ýahýa we ençeme pygamberler hem aýdyp geçipdi. Hawa, Isa şirin janyny gurban edensoň, «ähli halklary ýanyma getirerin» diýip hem şägirtlerine aýtdy (Ýah. 12:32). Adamlar günäden azat bolup hak Allany razy etmek üçin Isa pygamberiň Halypasydygyna ynanmalydy we onuň yzyna gyşarnyksyz eýermelidi (Rim. 6:14, 18, 22; Ýah. 8:32). Isa pygamber adamzady ölümden halas etjekdigi barada oýlanyp, ejir çekip ölmäge taýyn boldy (Ýah. 10:17, 18).
13. Isa pygamberi nädip öldürdiler we ol näme üçin ejirli ölüme döz geldi? (Surata serediň).
13 Ine, Isa pygamberiň öldürilmeli güni geldi. Oňa töhmet atdylar, tussag etdiler, kemsitdiler, üstünden güldüler, gamçylap urdular we ölüm hökümini çykardylar. Esgerler gelip ony öldürilmeli ýere alyp gitdiler we pürse çüýlediler. Isa pygamber ejirli ölüme mertlerçe döz geldi. Emma ondanam has köp ejir çeken biri bar. Ol gökdäki Atasy Ýehowa Hudaýdy. Gudratygüýçli Allatagala söwer Oglunyň ejir çekip ölmegine näme üçin ýol berdi? Ol mähriban Ata ahyryn, eziz perzendiniň ejir çekişine nädip çydap bildi? Isa pygamber şu soraglara şeýle jogap berýär: «Hudaý adamlary şeýle güýçli söýýär welin, olar üçin ýeke-täk Ogluny berdi, sebäbi Hudaý Ogluna iman eden her bir adamyň heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşmagyny isleýär» (Ýah. 3:16).
14. Isa pygamberiň ölümi nämäni subut edýär?
14 Ýehowa Adam ata bilen How enäniň neslini günäden azat etmek üçin ýeke-täk Oglunyň şirin janyny gurban berdi. Hawa, dünýäde şundan güýçli söýgi ýok bolsa gerek! Ýehowa biziň her birimizi ýürekden söýýär. Ol bizi günäniň we ölümiň demir penjesinden halas etmek isleýär (1 Ýah. 4:9, 10). Ýehowa bize günäli höwesler bilen göreşip, wepaly bolmaga kömek edýär. Biz Ýehowanyň kömegi bilen günäniň üstünden doly ýeňiş gazanyp bileris.
15. Ýehowany razy etmek üçin näme etmeli?
15 Ýehowa adamy günäden azat etmek üçin ilkinji ädimi özi ätdi. Emma biz hem käbir ädimleri ätmeli. Nähili ädimler? Suwa çümdürýän Ýahýa-da, Isa pygamber-de: «Toba ediň, gökdäki Patyşalyk golaýlaşdy» diýdi (Mat. 3:1, 2; 4:17). Diýmek, biz Ýehowany razy etmek üçin günämize toba etmeli. Emma toba etmek näme we ol günäli höweslere garşy göreşmäge nädip kömek edýär? Indiki makalada şu soragyň jogabyny bileris.
18-NJI AÝDYM Töleg gurbanyna minnetdarlyk
a DÜŞÜNDIRILIŞ: Mukaddes Kitapda «günä» diýlende erbet işleri etmegi we Ýehowanyň ýokary ahlak kada-kanunlaryny bozmagy aňladýar. Şeýle-de Adam atadan miras geçen «günä» göz öňünde tutulýar. Hawa, günä sebäpli ähli adamlar ölýär.