Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ähli zadyň Eýesine näme berip bileris?

Ähli zadyň Eýesine näme berip bileris?

«Hudaýymyz biz Saňa minnetdarlyk bildirýäris, Seniň şöhratly adyňa alkyş okaýarys». 1 ÝYL. 29:13

AÝDYMLAR: 1, 48

1, 2. Ýehowa tebigy baýlyklary nädip jomartlyk bilen ulanýar?

ÝEHOWA jomart Hudaý. Bizde bar bolan ähli zatlar Ondandyr. Altyn, kümüş we ýerdäki tebigy baýlyklaryň ählisi Ýehowanyňky; bular ýer ýüzünde ýaşaýşyň bolmagy üçin zerurdyr (Zeb. 104:13—15; Hag. 2:8). Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň gudrat arkaly öz halkyny gerekli zatlar bilen üpjün edendigini görkezýän ençeme wakalar bar.

2 Meselem, Ýehowa ysraýyllylary çölde 40 ýyllap manna we suw bilen üpjün etdi (Müs. çyk. 16:35). Şeýdip, olary «hiç zada zar etmedi» (Neh. 9:20, 21). Elýaşa pygamber arkaly bolsa dul aýalyň kiçijik küýzedäki ýagyny gudrat bilen köpeltdi. Hudaýyň beren sowgady arkaly dul aýal karzyny üzdi we ogly bilen ýaşamaga biraz pul üýşürip bildi (2 Pat. 4:1—7). Ýehowanyň kömegi bilen Isa-da gudrat arkaly açlary doýurdy, hatda gerek wagty maddy taýdanam kömek etdi (Mat. 15:35—38; 17:27).

3. Şu makalada nämä serederis?

3 Ýehowa ýer ýüzündäki ýaradanlaryny goldamak üçin tebigatyň tükeniksiz baýlygyny ulanýar. Muňa garamazdan, ol gullukçylarynyň guramadaky işleri maddy taýdan goldamagyny isleýär (Müs. çyk. 36:3—7; Süleýmanyň tymsallary 3:9-y okaň). Eýsem, Ýehowa näme üçin biziň sowgat bermegimizi isleýär? Geçmişde Hudaýa wepaly adamlar Ýehowanyň wekillerini maddy taýdan nädip goldaýardy? Guramamyz berilýän pul sadakalaryny nädip ulanýar? Geliň, bu soraglaryň jogabyny bileliň.

BIZ NÄME ÜÇIN ÝEHOWA SOWGAT BERMELI?

4. Ýehowanyň işini goldamak bilen, biz nämäni görkezýäris?

4 Biz Ýehowany söýýändigimiz we oňa minnetdardygymyz üçin sowgatlary berýäris. Onuň biziň üçin eden işleri hakynda oýlananymyzda, haýran galýarys. Ybadathananyň gurluşygy üçin nämeleriň gerekdigini aýdanda, Dawut patyşa Ýehowa: «Bize ähli zat Senden gelýär; Saňa Öz beren zadyňdan yzyna berýäris» diýdi (1 Ýyl ýazgylary 29:11—14-nji aýatlary okaň) *.

5. Ýazgylarda höwes bilen sowgat bermegiň hakyky seždäniň esasy bölegidigi nädip görkezilýär?

5 Sowgatlary bermek bilen, biz Ýehowa sežde edýändigimizi görkezýäris. Ýahýa resul görnüşde Ýehowanyň gökdäki gullukçylarynyň: «Gudratygüýçli Hudaýymyz Ýehowa, sen şöhraty, hormaty, alkyşy almaga mynasypsyň. Sebäbi ähli zady sen ýaratdyň, olar seniň islegiň bilen ýaşaýandyr we döredilendir» diýendiklerini eşidýär (Ylh. 4:11). Bizem iň gowy zatlarymyzy Ýehowa hödür etmek bilen, onuň şöhrata we hormata mynasypdygyny görkezýäris. Ýehowa Musa pygamber arkaly ysraýyl halkyna ýylda üç baýramçylygy bellemegi tabşyrýar. Bu baýramçylyga olar «eli boş barmaly» däldiler (Kan. tag. 16:16). Şu günlerem Ýehowanyň guramasynyň ýerdäki bölegini höwes bilen goldamak üçin sowgatlary bermek hakyky seždäniň esasy bölegi hasaplanýar.

6. Sowgat bermegiň nähili peýdasy bar? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

6 Sowgatlary bermek biziň özümiz üçin hem peýdaly. Bu bize diňe bir almak däl, eýsem, bermekden şatlyk tapmaga kömek edýär (Resullaryň işleri 20:35-i okaň). Meselem, çaga özüne berilýän puldan ene-atasyna sowgat berse, olar nähili begener. Pioner bolup gulluk edýän ogly ýa-da gyzy ene-atasyna pul kömegini berende, olar hem begenýärler. Ene-atalar çagalaryndan muňa garaşmasa-da, olar berilýän sowgady alyp bilerler. Şeýdip, olar çagalaryna minnetdar bolmagy öwredýärler. Şonuň ýaly Ýehowa-da sowgat bermegiň biziň özümiz üçin peýdalydygyny bilýär.

GEÇMIŞDE BERLEN SADAKALAR

7, 8. Geçmişde Ýehowanyň halky a) gurluşyk işlerini we b) başga işleri nädip maddy taýdan goldaýardy?

7 Mukaddes Ýazgylarda agzalýan wakalar sowgat bermegiň wajypdygyny görkezýär. Hudaýyň gullukçylary gurluşyk işlerine öz goşandyny goşýardylar. Meselem, Musa pygamber çadyryň, Dawut patyşa bolsa ybadathananyň gurluşygy üçin halky meýletin sowgatlary bermäge çagyrdy (Müs. çyk. 35:5; 1 Ýyl. 29:5—9). Ýehowaş patyşanyň günlerinde ruhanylar berlen pullary Ýehowanyň öýüniň bejeriş işleri üçin harçladylar (2 Pat. 12:4, 5). I asyrdaky mesihçiler bolsa açlygyň boljakdygyny bilenlerinde, şägirtleriň hersi başardygyndan Ýahudadaky doganlary goldamagy ýüregine düwdüler (Res. iş. 11:27—30).

8 Başga bir ýagdaýda Ýehowanyň halky jogapkärli borçlary ýerine ýetirýän doganlary maddy taýdan goldaýardy. Musanyň kanunyna görä, başga taýpalara ýer paýlanyp berlende, lewilere berilmändi. Olar bar ünsüni çadyrda ýerine ýetirýän borçlaryna gönükdirer ýaly, ysraýyllylar zekat, ýagny bar zadynyň ondan bir bölegini bermelidiler (San. 18:21). Isa we onuň resullary hem «bar zatlary bilen... hyzmat edýän» jomart aýallaryň kömegini kabul edýärdiler (Luka 8:1—3).

9. Geçmişde sadakalar nädip ýygnalýardy?

9 Berilýän sadakalar dürli ýollar bilen ýygnalýardy. Meselem, çölde gurlan çadyryň serişdelerini ysraýyllylar müsürlilerden alypdylar (Müs. çyk. 3:21, 22; 35:22—24). I asyrda ýaşan mesihçileriň käbiri öz mellegini ýa-da öýüni satyp, puluny resullara getirip berýärdiler. Resullar hem olary mätäç adamlara paýlaýardylar (Res. iş. 4:34, 35). Başgalar bolsa ruhy işleri goldamak üçin ýörite pul üýşürýärdiler (1 Kor. 16:2). Görşümiz ýaly, Hudaýyň halky gaty gurply ýaşasa-da, juda garyp bolsa-da, hemişe bar zadyny paýlaşýardy (Luka 21:1—4).

HÄZIRKI BERILÝÄN SADAKALAR

10, 11. a) Ýehowanyň geçmişdäki jomart gullukçylarynyň göreldesine nädip eýerip bileris? b) Siz Patyşalyk işini goldamak hormatyna nähili garaýarsyňyz?

10 Şu günler bizi hem belli bir maksat üçin sadaka bermäge höweslendirýärler. Mümkin, siziň ýygnagyňyz täze Ýygnak jaýyny gurmagy planlaşdyrýandyr? Ýa-da häzirki ýygnanyşýan ýeriňizde bejeriş işlerini geçirmekçi bolýansyňyz? Megerem, filialda bejeriş işlerini geçirmek, gatnaşýan kongresimizi gurnamak ýa-da betbagtçylyga uçran dogan-uýalary goldamak üçin pul kömegini bermeli bolarys. Şeýle-de biz baş edarymyzda we dünýäniň dürli künjegindäki filiallarda alnyp barylýan işleri goldaýarys. Berýän pul sadakalarymyz missionerleri, ýörite pionerleri we etrap gözegçilerini goldamak üçin ulanylýar. Siziň ýygnagyňyzyň hem bütin dünýäde Kongres we Ýygnak jaýlaryny gurmak üçin maddy taýdan goldamak çakylygyna seslenjekdigine asla şübhelenmeýäris. Sebäbi şeýle gurluşyk işleri bütin dünýäde ýaşaýan dogan-uýalara peýda getirýär.   

11 Ýehowanyň şu soňky günlerde alyp barýan işini goldamaga biziň ählimiziň mümkinçiligimiz bar. Biz sadakalaryň köpüsini kimiň berýändigini bilmeýäris. Olary bermek üçin Ýygnak jaýlarynda ýörite gutular goýlan ýa-da muny jw.org saýtymyz arkaly etse bolýar. Mümkin, biz berýän sadakamyzy juda az görýändiris. Ýöne sadakalaryň aglabasy köp däl-de, azajyk sowgatlary berýän adamlar arkaly ýygnalýar. Dogan-uýalarymyz maddy taýdan kösenseler-de, höwes bilen sowgat berýärler. Şeýdip, olar «juda garypdygyna» garamazdan, sowgatlaryny kabul etmeklerini ýürekden ýalbaran makedoniýalylaryň göreldesine eýerýärler (2 Kor. 8:1—4).

12. Guramamyz berilýän sadakalaryň has gowy ulanmagy üçin nädip tagalla edýär?

12 Ýolbaşçylyk maslahaty doga edip, berilýän pul sadakalary ulanmak meselesinde wepaly hem paýhasly hereket etmäge jan edýär (Mat. 24:45). Berilýän pul sadakalary ýörite bellenen jogapkär doganlaryň gözegçiligi astynda ýerlikli harçlanýar (Luka 14:28). Geçmişde ýygnanylan sadakalary haýsy maksat üçin niýetlenen bolsa, şoňa hem harçlanmagyna gözegçilik edýän ýörite adamlar bardy. Meselem, Ezra Iýerusalime dolananda, Pars patyşasynyň beren altyndyr kümüşlerini we başga-da gymmatbaha zatlaryny hem alyp gelýär. Olaryň bahasyny häzirki pul bilen hasaplanyňda 100 million dollardanam geçýär. Ezra olara Ýehowa bagyşlanan sadaka hökmünde garap, ýolda garakçylara olja bolmaz ýaly, aladasyny etdi (Ezra 8:24—34). Pawlus resul hem Ýahudadaky mesihçileri goldamak üçin pul sadakalaryny ýygnapdy. Ol berlen sadakalaryň «diňe bir Ýehowanyň öňünde däl, eýsem, adamlaryň öňünde hem ähli zatda dogry» harçlanmagynyň aladasyny etdi (2 Korinfliler 8:18—21-nji aýatlary okaň). Ezra bilen Pawlusyň göreldesine eýerip, şu günler hem guramamyz berilýän pul sadakalaryny ulanmak meselesine örän çynlakaý garaýar.

13. Biz guramamyzda edilen özgerişliklere nähili garamaly?

13 Maşgala agzalary Ýehowa has köpräk berip biler ýaly, girdejisini hasaplap, durmuşyny sadalaşdyrmak üçin gerekli özgerişleri edip biler. Ýehowanyň guramasy barada hem şeýle diýse bolýar. Ýyllaryň dowamynda guramamyzda ençeme täze özgerişlikler boldy. Bu bolsa käte köpräk puly talap edýär. Şol sebäpli guramamyz jomartlyk bilen berilýän sadakalary dogry ulanyp biler ýaly, çykdajylary azaltmak hem-de işiň aňsat usulyny tapmak üçin tagalla edýär.

SADAKA BERMEGIŇ PEÝDASY

Berýän sadakalaryňyz bütindünýä wagyz işine kömek edýär (14—16-njy abzaslara serediň)

14—16. a) Berilýän pul sadakalarynyň nädip harçlanýandygyny gürrüň beriň. b) Olar size nähili peýda getirýär?

14 Ýehowa ençeme ýyl bäri gulluk edýän dogan-uýalar şeýle ruhy ösüşleri barada öň hiç haçan eşitmändiklerini aýdýarlar. Oýlanyp görüň, soňky ýyllaryň dowamynda jw.org saýtymyz we JW teleýaýlymy çykarylyp başlady. Mukaddes Ýazgylaryň «Täze Dünýä terjimesi» bolsa ençeme dillerde çap edildi. 2014—2015-nji ýylda dünýäniň dürli künjeginde ýerleşýän 14 sany şäheriň iň uly stadionlarynda «Öňürti Hudaýyň Patyşalygyny agtaryň!» atly üç günlük halkara kongresi geçirildi. Bu kongrese gatnaşan dogan-uýalar diýseň ruhlandylar.

15 Olaryň köpüsi Ýehowanyň guramasynyň berýän ajaýyp sowgatlary üçin minnetdarlyk sözlerini aýtdylar. Meselem, Aziýa döwletleriniň birinde gulluk edýän bir är-aýal JW teleýaýlymy barada şeýle sözleri ýazdy: «Biz kiçijik şäherde gulluk edýäris. Şol sebäpli käte özümizi guramamyzdan daşda ýaly duýýarys we Ýehowanyň edýän ägirt uly işlerini aňsatlyk bilen ýatdan çykarýarys. Emma biz JW teleýaýlymynyň her aý çykýan sanyny görenimizde, özümiziň bütindünýä halkara doganlygyň agzasydygymyzy ýadymyza salýarys. Biziň mähriban ýerli dogan-uýalarymyz hem JW teleýaýlymyny uly höwes bilen görýärler. Olar her gezek teleýaýlymy görenlerinde, Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzalaryna ýakynlaşýandyklaryny aýdýarlar. Indi olar Hudaýyň guramasynyň agzasydygyna buýsanýarlar».

16 Häzir bütin ýer ýüzünde 2 müň 500-e golaý Ýygnak jaýlary gurulýar ýa-da olarda bejeriş işleri geçirilýär. Täze Ýygnak jaýlaryny ulanyp başlan Gondurasdaky bir ýygnagyň agzalary şeýle sözleri aýtdylar: «Biz Ýehowanyň guramasynyň we ajaýyp bütindünýä doganlygyň agzasydygymyza diýseň begenýäris. Sebäbi olar biziň öz Ýygnak jaýymyzyň bolmagy baradaky isleg-arzuwymyzy hasyl etdiler». Köp adamlar hem öz ene diline terjime edilen Mukaddes Ýazgylary we edebiýatlary alanlarynda, berilýän kömekden peýdalananda ýa-da köpçülik ýerlerinde wagyz edilmeginiň gowy netijelerini görenlerinde, şeýle minnetdarlyk sözlerini aýdýarlar.

17. Şu günler guramamyzyň hereket edişi Ýehowanyň bizi goldaýandygyny nädip subut edýär?

17 Bu zatlary synlaýan adamlar şeýle işleri diňe berilýän sadakalar arkaly edilýändigine asla düşünip bilmeýärler. Bir uly kärhananyň başlygy çaphanalarymyzyň birine baransoň, onda alnyp barylýan işleri meýletinçileriň edýändigini we hiç hili çykdajy edilmeýändigini görüp, örän geň galdy. Ol: «Muny özüňiziň etmegiňiz mümkin däl» diýdi. Biz onuň aýdanlary bilen razylaşýarys. Sebäbi bu zatlar diňe Ýehowanyň kömegi bilen mümkindir (Eýp. 42:2).

ALÝAN BEREKETLERIMIZ

18. a) Patyşalyk işlerini goldap, biz nähili bereketleri alýarys? b) Biz çagalarymyza we ýygnagyň täze agzalaryna bar zadyndan paýlaşmagy nädip öwredip bileris?

18 Ýehowa bize şu günler alnyp barylýan ägirt uly işleri goldamaga mümkinçilik berýär. Ol bizi Patyşalygyň bähbitleri üçin edýän tagallamyzyň sylagsyz galmajakdygyna ynandyrýar (Mal. 3:10). Ýehowa jomartlyk bilen berýän adamyň «rowaçlyk» tapjakdygyny wada berýär (Süleýmanyň tymsallary 11:24, 25-nji aýatlary okaň). Mundan başga-da biz bermekden şatlyk tapýarys, sebäbi «bermek almakdan has bagtly edýändir» (Res. iş. 20:35). Biz sözlerimiz we göreldämiz bilen çagalarymyza hem-de ýygnagyň täze agzalaryna bar zadyndan paýlaşyp, köp bereketleri almakdan şatlyk tapmagy öwredip bileris.

19. Bu makala sizi näme etmäge höweslendirdi?

19 Dogrudan-da, bizdäki ähli zatlar Ýehowadan. Biz olary yzyna bermek bilen, Ýehowany söýýändigimizi we biziň üçin eden zatlaryna minnetdardygymyzy görkezýäris (1 Ýyl. 29:17). Ybadathananyň gurluşygy üçin sadakalary beren «adamlar gaty şatlandylar, çünki olar Rebbe beren zatlaryny meýletinlik bilen, çyn ýürekden beripdiler» (1 Ýyl. 29:9). Geliň, bizem Ýehowanyň berýän zatlaryny yzyna gaýtaryp, şatlyk hem kanagat tapmagymyzy dowam edeliň.

^ abzas 4 1 Ýyl ýazgylary 29:11 Beýiklik, güýç-gudrat, şöhrat, ýeňiş hem belentlik Seniňkidir, gökdäki hem ýerdäki zatlaryň hemmesi Seniňkidir; patyşalyk hem Seniňkidir, ýa Reb! Sen ählisinden belentsiň. 12 Baýlyklardyr sylag-hormat Senden gelýär, Sen ählisiniň üstünden höküm sürýärsiň. Güýç hem kuwwat Seniň eliňdedir. Ähli zady belent ýa-da kuwwatly etmek Seniň eliňdedir. 13 Indi, eý, Hudaýymyz biz Saňa minnetdarlyk bildirýäris, Seniň şöhratly adyňa alkyş okaýarys. 14 Ýöne şunuň ýaly meýletin zat hödürlär ýaly men kim, meniň halkym kim? Bize ähli zat Senden gelýär; Saňa Öz beren zadyňdan yzyna berýäris.