Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 42

Hakykata «berk ýapyşyň»

Hakykata «berk ýapyşyň»

«Her bir zadyň dogry ýa nädogrudygyny barlaň, gowy zada berk ýapyşyň» (1 Sel. 5:21).

142-NJI AÝDYM Umyda berk ýapyşalyň

MAZMUNY *

1. Köp adamlary haýsy sorag biynjalyk edýär?

ŞU GÜNLER ýer ýüzünde ençeme hristian dini bar. Olaryň ählisi Hudaýa arassa sežde edýäris diýýärler. Dinleriň köplügi sebäpli adamlaryň başy çaşyp: «Hemme dinler Hudaýa ýaraýarmyka ýa-da hakyky din barmyka?» diýýärler. Biz Ýehowanyň Şaýatlarynyň hakykaty öwredýändigini we Hudaýa arassa sežde edýän dindigini nireden bilýäris? Geliň, käbir subutnamalara seredeliň.

2. 1 Selanikliler 1:5-e görä, Pawlus resul hakyky dini tapandygyna näme üçin ynanýardy?

2 Pawlus resul hakyky dini tapandygyna berk ynanýardy (1 Selanikliler 1:5-i okaň). Emma onuň ynanjy ýöne bir duýga esaslanmaýardy. Pawlus Hudaýyň Sözünden çuňňur gözleg geçirýärdi. Ol: «Mukaddes kitaplaryň ählisi Hudaýyň ylhamy bilen ýazyldy» diýdi (2 Tim. 3:16). Pawlus Mukaddes Kitapda Isanyň wada edilen Mesihdigini subut edýän delilleri tapdy. Ýehudy dini ýolbaşçylary bolsa, şol delillere üns hem bermediler. Ikiýüzli dini ýolbaşçylar Hudaýyň kada-kanunlaryny öwredýäris diýseler-de, Onuň ýigrenýän işlerini edýärdiler (Tit. 1:16). Olardan tapawutlylykda, Pawlus diňe bir göwnüne ýaraýan taglymatlara däl-de, ählisine iman edýärdi. Ol «Hudaýyň öwüt-nesihatlarynyň» hemmesine eýermäge we adamlara gürrüň bermäge taýyndy (Res. 20:27).

3. Hakyky dini tapandygyňa göz ýetirmek üçin ähli soraglaryň jogabyny bilmelimi? (« Ýehowanyň ajaýyp işleri we niýetleri „sanardan köpdür“» diýen çarçuwa serediň).

3 Käbir adamlar hakyky din ähli soraglara, hatda Mukaddes Kitaba esaslanmaýan soraglara hem jogap bermeli diýýärler. Olaryň aýdýany dogrumy? Pawlus imandaşlaryna «her bir zadyň dogry ýa nädogrudygyny barlaň» diýen hem bolsa, köp zada düşünmeýändigini boýun aldy (1 Sel. 5:21). Ol şeýle ýazdy: «Häzir biraz bilimimiz bar... Häzir dury görkezmeýän aýnada görýän ýalydyrys» (1 Kor. 13:9, 12). Pawlus köp zatlara düşünmeýärdi, emma ol Ýehowanyň niýeti hakda esasy taglymatlary bilýärdi. Şol sebäpli Pawlus hakyky dini tapandygyna şübhelenmeýärdi.

4. Biz hakyky dini tapandygymyza nädip göz ýetirip bileris we şu makalada nämä serederis?

4 Ýehowanyň Şaýatlarynyň Hudaýa arassa sežde edýändigine nädip ynamly bolup bileris? Munuň üçin olaryň Isa pygamberiň arassa sežde etmek babatda galdyran göreldesine eýerýändigine göz ýetirmeli. Şu makalada hakyky mesihçileriň 1) buta sežde etmeýändigi, 2) Ýehowanyň adyna hormat goýýandygy, 3) hakykaty söýýändigi we 4) biri-birini ýürekden söýýändigi hakda gürrüň ederis.

BUTA SEŽDE ETMEÝÄRIS

5. Biz Isa pygamberiň Hudaýa arassa sežde etmek babatda galdyran göreldesine nädip eýerip bileris?

5 Isa Ýehowany ýürekden söýýärdi. Ol gökde ýaşanda we ýer ýüzüne gelende diňe Ýehowa sežde edýärdi (Luka 4:8). Ol şägirtlerine hem diňe Ýehowa sežde etmelidigini öwretdi. Isa pygamber we şägirtleri Ýehowa doga-dileg edende, hiç hili but ulanmadylar. Ýehowa ruhdur, ony ynsan gözi gören däldir. Şol sebäpli hiç bir adam şan-şöhratly Ýehowanyň şekilini ýasap bilmez (Işa. 46:5). Onda näme üçin köp adamlar butlary ýasap, olara sežde edýärler? Ýehowanyň Musa pygambere beren on tabşyrygynyň ikinjisinde şeýle diýilýär: «Asmandaky, ýerdäki... hiç bir zadyň butuny ýa şekilini ýasamaň. Olara tagzym etmäň» (2 Mus. 20:4, 5). Şu kanundan görnüşi ýaly, Ýehowany razy etmek üçin hiç hili buta sežde etmeli däl.

6. Ýehowanyň Şaýatlary kimleriň göreldesine eýerip, Hudaýa arassa sežde edýärler?

Taryhçylaryň aýtmagyna görä, I asyrdaky mesihçiler diňe Hudaýa sežde edipdirler. Meselem, «Hristian buthanalarynyň taryhy» atly kitapda I asyrdaky mesihçileriň buta sežde etmekligi «ýigrenendigi» aýdylýar. Şu günler Ýehowanyň Şaýatlary olaryň göreldesine eýerýärler. Biz şekillere, perişdelere sežde etmeýäris we Isa ýüzlenip, doga etmeýäris. Biz döwlet nyşanlaryna hem tagzym etmeýäris. Biz Isa pygamberiň «Ýehowa Hudaýyňa sežde etmeli, diňe oňa gulluk etmeli» diýen sözlerine eýermegi ýüregimize düwdük (Mat. 4:10).

7. Biz hristian dinine uýýan adamlardan nämede tapawutlanýarys?

7 Şu günler köp adamlar buthanalara baryp, dilewar dini ýolbaşçylarynyň wagzyny diňleýärler. Olar dini ýolbaşçylary şeýle bir gowy görýärler welin, hatda olara tagzym edýärler. Adamlar olaryň buthanasyna barýarlar, dini kitaplaryny satyn alýarlar we köp pul sadaka berýärler. Olar dini ýolbaşçylaryň agzyndan çykýan her bir söze ynanýarlar. Adamlar ruhanylary görenlerinde, edil Isa pygamberi gören ýaly örän begenýärler. Biz ýygnakda ýolbaşçylyk edýän doganlara hormat goýýarys, emma adama sežde etmeýäris. Biz Isanyň «siziň baryňyz... dogansyňyz» diýen sözlerine eýerýäris (Mat. 23:8—10). Biz dini, syýasy ýolbaşçylara tagzym etmeýäris we olaryň syýasatyny goldamaýarys. Biz bitaraplygy saklaýarys we dünýäniň işlerine goşulmaýarys. Şol sebäpli biz hristian dinine uýýan adamlardan düýbünden tapawutlanýarys (Ýah. 18:36).

ÝEHOWANYŇ ADYNA HORMAT GOÝÝARYS

Hakyky mesihçiler hak Hudaýyň adyny buýsanç bilen wagyz edýärler (8—10-njy abzaslara serediň). *

8. Ýehowanyň öz adyny şöhratlandyrmak isleýändigini nireden bilýäris?

8 Bir gezek Isa: «Atam, adyňy şöhratlandyr» diýip doga etdi. Şonda gökden: «Men adymy... şöhratlandyraryn» diýen ses eşidildi (Ýah. 12:28). Isa ýer ýüzünde ýaşanda, adamlara Atasynyň adyny tanadyp, Onuň adyny şöhratlandyrdy (Ýah. 17:26). Hakyky mesihçiler hem hak Hudaýyň adyny buýsanç bilen tutýarlar we ol hakda adamlara wagyz edýärler.

9. I asyrdaky mesihçiler Hudaýyň adyna hormat goýýandyklaryny nädip subut etdiler?

9 I asyrda mesihçiler ýygnagy döredilende, Ýehowa öz «adyny göterýän halky döretdi» (Res. 15:14). I asyrdaky mesihçiler Hudaýyň adyny buýsanç bilen tutýardylar we adamlara şol hakda gürrüň berýärdiler. Olar wagyz edenlerinde we ýygnaklara hat ýazanlarynda Hudaýyň adyny ulanýardylar. * Şeýdip, olar Hudaýyň adyny göterýän halkdygyny subut etdiler (Res. 2:14, 21).

10. Ýehowanyň Şaýatlaryna näme üçin Ýehowanyň adyny göterýän halk diýse bolar?

10 Ýehowanyň Şaýatlary Hudaýyň adyny göterýän halkdyr. Geliň, käbir subutnamalara seredeliň. Şu günler dini ýolbaşçylar Hudaýyň adyny adamlara tanatmazlyk üçin elinde baryny edýärler. Olar Mukaddes Kitabyň terjimelerinden Hudaýyň adyny aýyrýarlar we buthanada Hudaýyň adyny tutmagy gadagan edýärler *. Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýehowanyň adyna hormat goýýandygyny we şöhratlandyrýandygyny hiç bir adam inkär edip bilmez. Biz adamlara Ýehowanyň adyny tanadýarys. Biz Ýehowanyň Şaýatlary diýen ady göterýäris we şol ada mynasyp ýaşamak üçin elimizde baryny edýäris (Işa. 43:10—12). Biz 240 milliondan gowrak «Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesini» çap etdik. Şol terjimede asyl nusgada duş gelýän ähli ýerde Ýehowanyň ady ýazyldy. Şeýle-de biz müňden gowurak dilde Mukaddes Kitaba esaslanan edebiýatlary çap edýäris. Olaryň ählisinde Ýehowanyň ady ulanylýar.

HAKYKATY SÖÝÝÄRIS

11. I asyrdaky mesihçiler hakykaty söýýändigini nädip görkezdiler?

11 Isa pygamber Ýehowa we onuň niýetleri hakdaky hakykatlary söýýärdi. Ol hakykat boýunça ýaşady we adamlara şol hakda wagyz etdi (Ýah. 18:37). Isanyň şägirtleri hem hakykaty söýýärdi (Ýah. 4:23, 24). Petrus resul mesihçileriň imanyny «hakykat ýoly» diýip atlandyrdy (2 Pet. 2:2). I asyrdaky mesihçiler hakykata garşy gelýän ýalan taglymatlary, däp-dessurlary we ynsan düşünjelerini kabul etmeýärdiler (Kol. 2:8). Şu günler hem hakyky mesihçiler «hakykat ýolunda ýöreýärler» (3 Ýah. 3, 4). Olar Ýehowanyň Sözüne ýürekden iman edýärler we şoňa görä ýaşaýarlar.

12. Ýolbaşçylyk maslahaty käbir taglymata ýalňyş düşünýändigini bilse näme edýär we näme üçin?

12 Ýehowanyň Şaýatlary Mukaddes Kitapdaky ähli hakykatlara doly düşünmeýändiklerini boýun alýarlar. Olar Mukaddes Kitabyň taglymatlaryny düşündirenlerinde we ýygnaklaryň işini ýola goýanlarynda käte ýalňyşýarlar. Biz muňa geň galmaýarys. Mukaddes Kitapda dogry bilimiň wagtyň geçmegi bilen artjakdygy aýdylýar (Kol. 1:9, 10). Ýehowa hakykatyny ýuwaş-ýuwaşdan açýar. Şol sebäpli biz oňa sabyrly garaşmaly (Nak. 4:18). Ýolbaşçylyk maslahaty käbir taglymatlara ýalňyş düşünendigini boýun almaga çekinmeýär we şol taglymatlary täzeçe düşündirýär. Hristian dini ýolbaşçylary adamlaryň göwnünden turjak bolup we at-abraý gazanjak bolup özgerişlik edýärler. Emma Ýehowanyň Şaýatlary Ýehowany razy etmek we Isa pygamberden görelde alyp, arassa sežde etmek üçin özgerişlik edýärler (Ýak. 4:4). Biz adamlaryň garaýşynyň üýtgändigi üçin däl-de, Mukaddes Kitaba has gowy düşünýändigimiz üçin özgerişlik edýäris. Biz hakykaty söýýäris (1 Sel. 2:3, 4).

BIRI-BIRIMIZI ÝÜREKDEN SÖÝÝÄRIS

13. Näme üçin Ýehowanyň Şaýatlaryna hakyky mesihçiler diýse bolar?

13 I asyrdaky mesihçileriň köp ýagşy häsiýetleri bardy. Emma olar, esasanam, söýgi häsiýeti bilen tanalýardy. Isa pygamber: «Biri-biriňizi söýseňiz, siziň meniň şägirdimdigiňizi hemmeler biler» diýdi (Ýah. 13:34, 35). Şu günler bütin ýer ýüzünde ýaşaýan Ýehowanyň Şaýatlary biri-birini söýýärler we agzybir ýaşaýarlar. Şeýle gurama başga hiç ýerde ýokdur. Olar dürli milletden, halkdan we ýurtdan bolsalar-da, biri-birini süýtdeş dogany ýaly gowy görýärler. Muny olaryň ýygnak duşuşyklarynda, etrap we welaýat kongreslerinde görse bolýar. Ýehowanyň Şaýatlarynyň arasyndaky doganlyk söýgi olaryň hak Hudaýa arassa sežde edýändigini subut edýär.

14. Koloslylar 3:12—14-nji aýatlara görä, dogan-uýalary ýürekden söýmek üçin näme etmeli?

14 Hudaýyň Sözi bizi «biri-birimizi ýürekden söýmäge» höweslendirýär (1 Pet. 4:8). Eger biz dogan-uýalary söýsek, olaryň bikämildigine düşünip, ýürekden bagyşlarys. Biz ähli dogan-uýalary, hatda göwnümize degenleri-de myhmançylyga çagyrmaly we olara ýagşylyk etmeli (Koloslylar 3:12—14-nji aýatlary okaň). Eger biz biri-birimizi ýürekden söýsek, hakyky mesihçidigimizi subut ederis.

ALLA BIRDIR — IMAN BIRDIR

15. Biz haýsy ýagdaýlarda I asyrdaky mesihçileriň göreldesine eýerýäris?

15 Şu günler biz I asyrdaky mesihçileriň göreldesine eýerip, Hudaýa arassa sežde edýäris. Meselem, I asyrda mesihçiler ýygnagynda bolşy ýaly, şu günler etrap gözegçileri ýygnaklary ideýärler, ýaşulular we hyzmatçylar dogan-uýalaryň aladasyny edýärler (Flp. 1:1; Tit. 1:5). Şeýle-de I asyrdaky ýaly şu günler hem jynsy gatnaşyk, maşgala gurmak, gan goýbertmezlik we toba etmeýän günäkär bilen gatnaşmazlyk hakda Hudaýyň Sözündäki görkezmelere eýerýäris (Res. 15:28, 29; 1 Kor. 5:11—13; 6:9, 10; Ýew. 13:4).

16. Efesliler 4:4—6-njy aýatlardan nämäni bilýäris?

16 Isa pygamber köp adamlaryň özüne Mesihiň şägirdi diýip aýtjakdygy hakda pygamberlik edipdi (Mat. 7:21—23). Ýöne olar Hudaýa arassa sežde etmeýärler. Mukaddes Kitapda soňky günlerde köp adamlaryň «Hudaýyň ýolunda ýörän bolup, şoňa görä ýaşamajakdygy» aýdylýar (2 Tim. 3:1, 5). Şeýle-de Hudaýyň Sözünde arassa sežde edýän adamlaryň ählisiniň bir imanynyň boljakdygy aýdylýar (Efesliler 4:4—6-njy aýatlary okaň).

17. Şu günler hakyky mesihçiler kim?

17 Şu günler hakyky mesihçiler kim? Biz birnäçe subutnamalara seretdik. Meselem, Isa pygamber Hudaýa arassa sežde etmek üçin näme etmelidigini öwretdi we I asyrdaky mesihçiler Ýehowany razy edip ýaşady. Şu günler Ýehowanyň Şaýatlary olaryň göreldesine eýerip, hakyky mesihçidigini subut edýärler. Olar Ýehowa we Onuň niýetleri barada hakykatlary bilýärler. Hawa, Ýehowanyň adyny göterýän halkyň agzasy bolmak uly hormat! Geliň, hakykata mundan hem beýläk berk ýapyşalyň!

3-NJI AÝDYM Umydym, güýjüm, daýanjym

^ par. 5 Biz şu makalada Isa pygamberiň we I asyrdaky şägirtleriň Hudaýa arassa sežde etmek babatda galdyran göreldesine serederis. Şeýle-de Ýehowanyň Şaýatlarynyň I asyrdaky mesihçileriň göreldesine eýerýändigi hakda gürrüň ederis.

^ par. 9 «I asyrdaky mesihçiler Hudaýyň adyny tutýardylarmy?» diýen çarçuwa serediň (w10-U 1/7 sah. 6).

^ par. 10 2008-nji ýylda Rim papasy Benedikt XVI katolik buthanalarynda sežde edilende, aýdym aýdylanda we doga edilende «Hudaýyň adyny tutmazlygy» buýurdy.

^ par. 63 SURAT: adamlar Mukaddes Kitaby ene dilinde okap biler ýaly, Ýehowanyň Şaýatlary 200-den gowrak dilde «Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesini» çap etdi. Şol terjimede asyl nusgada duş gelýän ähli ýerde Ýehowanyň ady ýazyldy.