Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

TERJIMEHAL

Hakyky bagtyň gözleginde

Hakyky bagtyň gözleginde

GÜNLERDE BIR GÜN Ortaýer deňzinde köneje gämide ýüzüp barýardym. Birdenkä gäminiň içine suw girip başlady, onuň deşigi bar eken. Soňra tupan turdy. Şonda gorkudan ýaňa Hudaýy çagyryp başladym. Men köp ýyldan bäri Hudaýa doga etmändim. Men size şeýle ýagdaýa nädip düşendigimi gürrüň bereýin.

Ýedi ýaşymda (Braziliýa)

Men 1948-nji ýylda Niderlandiýada dünýä indim. Bir ýaşymdakam, ejem bilen kakam Braziliýanyň San-Paulo şäherine göçüpdir. Olar her hepde buthana gatnaýardylar. Biz her gün agşamlyk naharyndan soň Mukaddes Kitaby okaýardyk. Biz 1959-njy ýylda Amerikanyň Massaçusets ştatyna göçdük.

Kakam alty çagany eklemek üçin arman-ýadaman zähmet çekýärdi. Ol satyjy boldy, ýol gurluşygynda işledi, soňra halkara howa ýollaryna işe girdi. Muňa biziň ählimiz begendik. Indi biz kakam bilen köp ýerlere syýahat edip bilýärdik.

Orta mekdebi tamamlap barýardym. Men haýsy käri saýlajakdygym hakda oýlanyp başladym. Dostlarymyň käbiri ýokary okuw jaýyna girmek islese, käbirleri harby gullugyna gitmek isleýärdi. Men uruşmagy, dawa-jenjeli halamaýandygym üçin harby gullugyna gidesim gelmedi. Şeýlelikde, men ýokary okuw jaýyna girdim. Aslynda, meniň adamlara kömek edesim gelýärdi. Şonda özümi bagtly duýaryn öýdýärdim.

TALYPLYK ÝYLLARYM

Men köp ýyllap hakyky bagty gözledim

Ýokary okuw jaýynda okaýarkam, antropologiýa bilen gyzyklanyp başladym. Sebäbi adamlaryň gelip çykyşyny öwrenesim gelýärdi. Bize ewolýusiýa hakda öwredýärdiler we şoňa ynanmagymyzy isleýärdiler. Emma men ewolýusiýanyň käbir taglymatlaryna asla ynanyp bilmeýärdim, sebäbi olaryň dogrudygyny subut edýän hiç hili delil ýokdy.

Ýokary okuw jaýynda ahlak kadalary däl-de, «her et, hesip et, maksadyňa ýet» diýlip öwredilýärdi. Men neşe çekenimde we oturylyşyklarda özümi bagtly duýýardym. Ýöne keýpi-sapa göz açyp-ýumasy salymda geçip gidýärdi. Men: «Durmuşyň bar manysy şumyka?» diýip oýlanýardym.

Soňra men Bostona göçüp, okuwymy şol ýerde dowam etdim. Okuwyň tölegini tölemek üçin tomsuna işleýärdim. Bir işdeşim Ýehowanyň Şaýady eken. Men öň Ýehowanyň Şaýatlaryna duşmandym. Ol maňa Danyýaryň «ýedi döwür» hakdaky pygamberligini gürrüň berdi we soňky günlerde ýaşaýandygymyzy düşündirdi (Dan. 4:13—17). Men ony diňlesem, Mukaddes Kitapda aýdylýan zatlara ynanjagymy, durmuşymy üýtgetmeli boljagymy bilýärdim. Şonuň üçin onuň gözüne görünmejek bolýardym.

Ýokary okuw jaýynda okaýarkam ynsanperwerlik kursuna ýazyldym. Bize Günorta Amerikada ýaşaýan garyp adamlara kömek etmegi öwredýärdiler. Garyplara kömek etsem özümi bagtly duýaryn öýdýärdim. Emma meniň tamam puja çykdy. Men şeýle bir göwnüçökgünlige düşdüm welin, hatda okuwymy hem taşladym.

DÜNÝÄNIŇ DÖRT KÜNJEGINE SYÝAHAT

Men 1970-nji ýylda Niderlandiýanyň Amsterdam şäherine göçdüm. Men howa ýollaryna işe girdim. Ol ýerde kakam hem işläpdi. Indi men dünýäniň dört künjegine syýahat edip bilýärdim. Men Afrikanyň, Amerikanyň, Ýewropanyň we Aziýanyň ýurtlaryna aýlandym. Men her ýurduň özüne ýetik kynçylygynyň bardygyna we olary hiç kimiň çözüp bilmeýändigine düşündim. Men Amerika dolandym we Bostona gelip, täze güýç bilen okuwymy dowam etdim.

Men ýokary okuw jaýynda durmuşyň manysy hakdaky soraglaryma jogap tapmadym. Men näme etjegimi bilmän, bir professordan maslahat soradym. Ol maňa: «Onda okajak bolup özüňi kösäp ýörme» diýdi. Maňa professoryň aýdany ýetik boldy. Şeýdip, men okuwymy taşladym.

Men durmuşyň manysyny gözläp, bir topara goşuldym. Olar göräýmäge agzybir we bagtly ýaşaýardylar. Biz Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan tä Meksikanyň Akapulko şäherine çenli aýlandyk. Soňra biz terkidünýä adamlaryň toparyna goşuldyk. Olaryň hiç hili aladasy ýok ýaly görünse-de, bagtsyz ýaşaýardylar. Olar ýalan sözleýärdiler we bir-birine biwepalyk edýärdiler.

GÄMILI SYÝAHAT

Biz Jennet ýaly adanyň gözlegine çykdyk

Men çaga wagtym kapitan bolup, deňizde ýüzesim gelýärdi. Munuň üçin kiçiräk gämi satyn almalydym. Dostum Tom hem deňizde ýüzmegi arzuw edýärdi. Biz gämili bütin dünýäni aýlanyp çykmagy maksat edindik. Men Jennete meňzeýän adany tapyp, rahat durmuşda ýaşamak isleýärdim.

Tom ikimiz Arenis-de-Mara (Barselona, Ispaniýa) geldik. Şol ýerden dokuz ýarym metre golaý «Lygra» atly kiçiräk gämi satyn aldyk. Biz gäminiň käbir ýerlerini bejerdik. Onuň matoryny aýryp, agyz suw goýar ýaly ýer ýasadyk. Biz ýelkenli gämimiz üçin iki sany bäş metrlik kürek satyn aldyk. Biziň maksadymyz Hindi ummanynda ýerleşýän Seýşelle adalaryna barmakdy. Munuň üçin biz Afrika materiginiň günbataryndan ýüzüp geçmelidik. Günorta Afrika döwletiniň «Ýagşy umyt kenarýakasy» diýen ýerinden aýlanyp geçmelidik. Biz barýan ugrumyzy anyklamak üçin kartalary, kitaplary we käbir gurallary ulanýardyk. Hatda ýyldyzlara-da seredýärdik. Biz azaşman şolar arkaly ýolumyzy tapyp bilýänimize haýran galýardyk.

Açyk deňze çykanymyza köp wagt geçmänkä, biz köne gämi bilen barmaly ýerimize ýetip bilmejegimize göz ýetirdik. Görüp otursak, gäminiň deşigi bar eken. Gämä bir sagadyň içinde 22 litr suw girýärdi. Başda gürrüň berişim ýaly, tupan turanda gaty gorkdum. Men Hudaýa dileg edip: «Eger meni apy-tupandan halas etseň, saňa gulluk ederin» diýip söz berdim. Birdenkä tupan ýatdy. Menem beren sözümde durdum.

Men açyk deňizde Mukaddes Kitaby okap başladym. Aňyrsy-bärsi görünmeýän Ortaýer deňziniň jümmüşinde köneje gämide ýüzüp barýardyk. Delfinler köneje gämimiz bilen ýaryşyp ozaýjak bolýardylar. Men olaryň edýän owadan tanslaryna haýran galýardym. Gijelerine Akmaýanyň ýoly galaktikasyna seredýärdim. Bularyň hemmesi adamlaryň ýürekden aladasyny edýän Hudaýyň bardygyny subut edýärdi.

Biz birnäçe hepdeläp deňizde ýüzdük. Ahyry Ispaniýanyň Alikante şäherine bardyk. Biz ol ýerde gämimizi satyp, has gowusyny aljak bolduk. Ýöne köneje gämimiziň ýüzüne hiç kim seretmedi, sebäbi onuň matory ýokdy, özem deşikdi. Emma men gynanmadym, sebäbi Mukaddes Kitaby okamaga köp wagtym bolýardy.

Men Mukaddes Kitaby näçe köp okadygymça, şonça-da onuň maslahatlarynyň peýdalydygyna düşündim. Mukaddes Kitapda ahlak taýdan arassa ýaşamalydygy hakda açyk aýdylýandygyna haýran galdym. Hristian dinine uýýan köp adamlar Mukaddes Kitapda aýdylýan zatlary ýerine ýetirmeýän ekeni. Menem Hudaýy razy edip ýaşamaýan ekenim.

Men durmuşymy üýtgetmek üçin aýgytly ädimleri ätmegi ýüregime düwdüm. Şol sebäpli neşe çekmegimi goýdum. Men: «Bir ýerlerde Mukaddes Kitabyň ahlak kadalary boýunça ýaşaýan adamlar bolaýmaly» diýip oýlanýardym. Soňra men: «Olary tapmaga kömek et» diýip, Hudaýa dileg etdim.

HAKYKY DINIŇ GÖZLEGINDE

Men hakyky dini tapmak üçin ähli dinleri öwrenmegi ýüregime düwdüm. Alikanteniň köçelerinden ýöräp barýarkam, köp buthanalara gözüm düşdi. Buthanalarda adamlar buta çokunýardylar. Şonuň üçin olaryň hakyky din däldigine düşündim.

Dynç güni öýlän men gezelenje çykdym. Depäniň üstünden deňziň kenaryny synlap, Ýakup 2:1—5-nji aýatlary okadym. Ol ýerde baýlary beýgeldip, garyplary peseltmeli däldigi hakda aýdylýardy. Yzyma gelýärkäm bir bina gözüm düşdi. Onuň gapysynda «Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýygnak jaýy» diýen ýazgy bardy.

Men: «Hany, şu adamlaram synap göreýin, olar meni nähili kabul ederkä?» diýdim. Men aýakýalaňaç, sakgally, ýyrtyk eşikli Ýygnak jaýynyň gapysyndan girdim. Gelenleri garşy alýan adam meni garryja daýzanyň ýanynda oturtdy. Ol maňa nutukçynyň aýdýan aýatlaryny Mukaddes Kitapdan tapmaga kömek etdi. Ýygnak gutaransoň köpleri ýanyma gelip, meniň bilen mähirli salamlaşdylar. Olaryň biri Mukaddes Kitapdan okuw teklip etdi. Men Mukaddes Kitaby doly okap bolmandym. Şonuň üçin oňa: «Taýyn bolanymda size aýdaryn» diýdim. Ýöne men ýygnak duşuşyklaryndan galmaýardym.

Birnäçe hepdeden soň, men ol adamyň öýüne bardym. Ol meniň soraglaryma Mukaddes Kitap arkaly jogap berdi. Bir hepdeden soň, ol maňa köp gowy eşikleri berdi. Şol eşikleri geýen adam türmede oturan eken. Ol Mukaddes Kitapdaky «biri-biriňizi söýüň» we «söweşmegi öwrenmäň» diýen Hudaýyň tabşyrygyna eýerendigi üçin tussag edilipdir (Işa. 2:4; Ýah. 13:34, 35). Men ahyry hakyky dini tapdym. Ýehowanyň Şaýatlary, dogrudanam, Mukaddes Kitabyň ýokary ahlak kadalary boýunça ýaşaýan eken. Indi men Jennet ýaly owadan adany däl-de, Mukaddes Kitapdan dürdäneleri tapmagy maksat edindim. Soňra men Niderlandiýa dolandym.

IŞIŇ GÖZLEGINDE

Men dört gün ýol ýöräp, Niderlandiýanyň Groningen şäherine geldim. Men iş gözläp başladym. Agaç ussahanasyna işe girjek bolamda, anketa doldurmalydygyny aýtdylar. Anketada meniň haýsy dine uýýandygym soralýardy. Men «Ýehowanyň Şaýatlary» diýip ýazdym. Ussahananyň başlygynyň ýüzi-gözi üýtgäp gitdi. Ol maňa: «Saňa jogabyny soň aýdarys» diýdi. Emma ondan hiç hili habar bolmady.

Soňra men başga bir agaç ussanyň ýanyna baryp, iş gözleýändigimi aýtdym. Ol menden: «Näme başarýaň? Diplomyň barmy?» diýip sorady. Men oňa agaç gämini bejerip bilýändigimi aýtdym. Ol maňa: «Men Ýehowanyň Şaýady. Mukaddes Kitabyň kada-kanunlary boýunça ýaşaýaryn. Eger halaljak zähmet çekeýin diýseň, şu gün öýländen işe başlap bilersiň» diýdi. Şonda men begenip: «Menem Ýehowanyň Şaýady» diýdim. Ol meniň uzyn saçyma, sakgalyma seredip: «Onda seniň bilen Mukaddes Kitapdan okuw geçmeli bolar» diýdi. Menem razylaşdym. Men birinji ussahananyň başlygynyň näme üçin işe kabul etmändigine indi düşündim. Görüp otursam, Ýehowa meniň dilegine jogap beren eken (Zeb. 37:4). Indi men doganyň ussahanasynda işleýärdim. Onuň bilen Mukaddes Kitapdan okuw geçýärdim. Şondan bir ýyl geçensoň, ýagny 1974-nji ýylyň ýanwarynda suwa çümdürildim.

HAKYKY BAGTY TAPDYM

Men bir aýdan soň pioner gullugyna başladym. Men örän begenýärdim. Ýene bir aýdan soň Amsterdama göçdüm. Sebäbi ol ýerde täze döredilen ispan dilindäki topara kömek gerekdi. Men ispança we portugalça gepleýän adamlara Mukaddes Kitapdan okuw geçip şatlanýardym. 1975-nji ýylyň maýynda meni ýörite pioner bellediler.

Bir gün ýörite pioner bolup gulluk edýän Katarina uýa okuw geçýäni bilen ýygnagymyza geldi. Gyzyklanýan gyz boliwiýalydy. Ýygnak ispan dilinde geçirilýändigi üçin, Katarina ony dogan-uýalar bilen tanyşdyrmak isleýärdi. Men Katarinany ýakyndan tanamak isledim. Şonuň üçin biz biri-birimize hat ýazyp başladyk. Görüp otursak, biziň maksadymyz bir eken. Şeýlelikde, biz 1976-nji ýylda toý tutduk. 1982-nji ýyla çenli ýörite pioner bolup gulluk etdik. Şol ýyl bizi Gilead mekdebiniň 73-nji klasynda okamaga çagyrdylar. Soňra bizi Günorta Afrika bellediler. Biz Keniýanyň Mombasa şäherinde bäş ýyl gulluk etdik. 1987-nji ýylda bizi Tanzaniýa bellediler. Tanzaniýada Ýehowanyň Şaýatlarynyň işine rugsat berlipdi. Biz ol ýerde 26 ýyl gulluk etdik. Soňra ýene-de Keniýa dolandyk.

Aýalym ikimiz Gündogar Afrikadaky adamlara Mukaddes Kitapdan okuw geçip örän şatlandyk

Biz akýürekli adamlara Mukaddes Kitapdan okuw geçip, özümizi bagtly duýýardyk. Mombasada köpçülik ýerinde wagyz edenimizde bir adam gyzyklandy. Men oňa iki žurnal berdim. Ol: «Bulary okap bolamsoň näme etmeli?» diýip sorady. Bir hepdeden soň, men onuň bilen «Sen ýer ýüzünde ebedi ýaşap bilersiň» kitabyndan okuw geçip başladym. Şol kitap suahili dilinde täze çykypdy. Ol adam bir ýyldan soň suwa çümdürildi we pioner gullugyna başlady. Şondan bäri aýaly ikisi 100-e golaý adama özüni Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürilmäge kömek etdiler.

Aýalym ikimiz Ýehowanyň öz halkyny bagtly edýändiginiň şaýady bolduk

Men hakyky bagty tapanymda özümi Mukaddes Kitapda agzalýan söwdagär ýaly duýdum. Ol gymmatbaha merjen monjuklary gözläp tapýar we olary satyn almak üçin elinde baryny edýär (Mat. 13:45, 46). Men adamlara hakyky bagty tapmaga kömek edesim gelýärdi. Hakyky bagtyň açary Ýehowa yhlasly gulluk etmek ekeni. Munuň şeýledigine aýalym ikimiz doly göz ýetirdik.