Okyjylaryň sowallary
Ybadathanadaky ýehudy garawullary kimler? Olar nähili borjy ýerine ýetirýärdi?
Lewi taýpasyndan bolan ruhanylar köp borjy ýerine ýetiripdirler. Olaryň borçlaryny polisiýa işgäriniň ýerine ýetirýän borjuna meňzetse bolar. Garawullara ybadathananyň gözegçisi ýolbaşçylyk edýärdi. Ýehudy ýazyjysy Filon garawullaryň edýän işi barada şeýle diýýär: «Şol lewileriň käbiri ybadathananyň howlusynyň öňünde derwezeban bolup hyzmat edipdirler, käbirleri bolsa ybadathananyň girelgesinde garawulçylyk edip, nätanyş adamlary goýbermändirler. Käbirleri bolsa ybadathananyň daşynda gije-gündiz nobatma-nobat garawulçylyk edipdiler».
Garawullar mejlisiň golastynda bolupdyr. Rim hökümeti diňe şol garawullara ýarag götermäge rugsat beripdir.
Ýoahim Ýeremias alym şeýle düşündirýär: «Isany tussag etmäge gelenlerinde, ol garawullardan: „Her gün ybadathanada öwredýän wagtym meni görmediňizmi?“ diýip soraýar. Eger olar ybadathananyň garawullary bolmadyk bolsa, Isa şeýle sorag bermezdi» (Mat. 26:55). Şol alym ybadathananyň garawullarynyň öňem Isany tussag etmekçi bolandyklaryny aýdýar (Ýah. 7:32, 45, 46). Şeýle-de garawullar bilen gözegçä Isanyň şägirtlerini Mejlisiň öňüne getirmek tabşyrylýar. Olar Pawlus resuly hem ybadathanadan süýräp çykaran bolmaly (Res. 4:1—3; 5:17—27; 21:27—30).