Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýagşylyk. Ony nädip ösdürip bileris?

Ýagşylyk. Ony nädip ösdürip bileris?

HER birimiz ýagşy adam bolmak isleýäris. Emma şu günler ýagşylyk etmek kyn bolýar. Sebäbi köp adamlar «ýagşylygy ýigrenýär» (2 Tim. 3:3). Olar ýagşy-ýaman meselesinde öz pikirine eýerýär. Başgaça aýdanyňda, olar «ýamana ýagşy, ýagşa ýaman diýýärler» (Iş. 5:20). Şeýle-de biziň ählimize alan terbiýämiz we bikämilligimiz täsir edýär. Mümkin, bizem özümizi Ýehowa onlarça ýyl bäri gulluk edýän uýamyz Anna * ýaly duýýandyrys. Ol şeýle diýýär: «Menem gowy adam bolup bilerin diýip, otursam-tursam kelläme gelmeýärdi».

Muňa garamazdan, biziň ählimiz ýagşylyk häsiýetini ösdürip bilýäris. Ýagşylyk Hudaýyň mukaddes ruhunyň miwesi. Mukaddes ruh bolsa, göze görünýän ýa görünmeýän islendik kynçylygy ýeňmegi başarýan güýç. Geliň, ýagşylyk häsiýetiniň nämedigini we ony iş ýüzünde nädip görkezip biljekdigimizi bileliň.

ÝAGŞYLYK NÄME?

Ýönekeý söz bilen aýdanyňda, ýagşylyk gowy häsiýet bolup, ýagşy adam bolmagy aňladýar. Şeýle häsiýetli adam ahlak taýdan arassa we dogruçyl bolup, erbetlikden ýa-da hapalykdan daşda durýar. Ýagşylyk häsiýeti başgalaryň peýdasy üçin edýän ýagşy işlerimizden aýdyň görünýär. Ýagşylyk edýän adam başgalara kömek etmäge hemişe mümkinçilik gözleýär.

Mümkin, siz käbir adamlaryň maşgala agzalary we dost-ýarlary üçin höwes bilen ýagşy zatlary edýändigini görensiňiz. Emma adam käwagt ýagşylyk etmekden saklanyp biler. Elbetde, biziň hiç birimiz bu häsiýeti kämil derejede görkezip bilmeýäris. Sebäbi Mukaddes Ýazgylarda: «Ýer ýüzünde diňe ýagşylyk edip, hiç bir günä etmeýän dogry adam ýok» diýilýär (Wag. 7:20). Pawlus resul hem: «Içimde, ýagny tenimde gowy zadyň ýokdugyny bilýärin» diýip, boýun aldy (Rim. 7:18). Ine, şonuň üçin hem ýagşylyk häsiýetini ösdürmek islesek, bu häsiýetiň Gözbaşy bolan Ýehowadan öwrenmeli.

ÝEHOWA, SEN ÝAGŞYSYŇ!

Ýehowa nämäniň ýagşydygy baradaky kadalary berýär. Mukaddes Ýazgylarda Ol barada şeýle diýilýär: «Eý Hudaý, sen ýagşysyň, işleriň gudratlydyr, Öwret maňa kada-kanunlaryňy» (Zeb. 119:68, TD). Geliň, şu aýatda agzalýan Ýehowanyň ýagşylyk häsiýetiniň iki aýratynlygyna seredeliň.

Ýehowa, sen ýagşysyň. Ýagşylyk Ýehowanyň beýleki häsiýetleri bilen berk baglanyşykly. Ýehowanyň Musa pygamber bilen gepleşende näme bolandygyna üns beriň. Ýehowa oňa: «Saňa bütin şan-şöhratymy görkezerin» diýdi. Musa pygamber «Ýehowa, Ýehowa rehimdar, duýgudaş, giň göwünli, wepaly söýgä baý, sözünde durýan, müňlerçe adama wepaly söýgüsini bildirýän, etmişi, ýazygy we günäni bagyşlaýan Hudaýdyr» diýen sözleri eşidende, Ýehowanyň şöhratyny, şol sanda ýagşylygyny hem görüpdi (Müs. çyk. 33:19; 34:6, 7, TD). Hawa, Ýehowa ýagşylykdan doly Hudaý diýmäge bizde ähli sebäpler bar. Sebäbi Onuň bu häsiýeti edýän ähli işlerinden aýdyň görünýär. Hatda Isa-da ýer ýüzünde ýaşan iň ýagşy adam bolsa-da: «Hudaýdan başga hiç kim ýagşy däldir» diýdi (Luka 18:19).

Ýehowanyň ýaradan zatlaryny synlanymyzda, onuň ýagşylygyny dadýarys

Ýehowanyň ähli edýän işleri ýagşy. Hudaýyň ähli edýän işlerinde onuň bu häsiýeti aýdyň görünýär. Ýazgylarda: «Ýehowa ähli ýaradanlaryna ýagşylyk edýändir, Ähli işlerinde rehimdarlygy aýan bolýandyr» diýilýär (Zeb. 145:9, TD). Ýehowa ýagşylyk edende hiç kimi ala tutmaýar. Ol hemme adamlara ýaşaýşy we ýaşaýyş üçin gerek bolan ähli zatlary berýär (Res. iş. 14:17). Ýehowanyň ýagşylyk häsiýeti biziň günälerimizi bagyşlanda hem görünýär. Mezmurçy: «Ýa Reb, Sen gowy, geçirimlisiň» diýip ýazdy (Zeb. 86:5). Biz Ýehowanyň «göni gezýänlerden hiç bir ýagşylygy gaýgyrmajakdygyna» ynamly bolup bileris (Zeb. 84:11).

ÝAGŞYLYK ETMEGI ÖWRENIŇ

Biz Hudaýa meňzeş edip ýaradylandygymyz üçin, ýagşylyk häsiýetini ösdürip, gowy işleri edýäris (Gel. çyk. 1:27). Muňa garamazdan, Hudaýyň Sözi bizi «ýagşylyk etmegi öwrenmäge» çagyrýar (Iş. 1:17). Ýöne biz bu häsiýeti nädip ösdürip bileris? Geliň, munuň üç usulyna seredeliň.

Birinjiden, Hudaýdan mukaddes ruhuny dilemeli. Mukaddes ruh bize ýagşylyk häsiýetini ösdürmäge kömek edýär (Gal. 5:22). Hawa, Hudaýyň ruhy bize ýagşylygy söýüp, erbetligi ýigrenmäge kömek edýär (Rim. 12:9). Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň bizi «ýagşy işleri edip, gowy zatlar hakda gürrüň etmegimiz üçin... berkidip» bilýändigi aýdylýar (2 Sel. 2:16, 17).

Ikinjiden, Hudaýyň ylhamlanan Sözüni okamaly. Mukaddes Ýazgylary her gün okanymyzda, «her bir gowy ýola... düşünip», «her bir ýagşy işe taýýar» bolmak üçin Ýehowanyň görkezmesini alýarys (Sül. tym. 2:9; 2 Tim. 3:17). Emma Ýazgylary okanymyzda oýlanmaga-da wagt sarp etmeli. Şonda ýüregimizi Hudaý we onuň niýeti bilen bagly ýagşy zatlardan doldurýarys. Şeýdip, ruhy hazynamyzy hasam baýlaşdyrýarys (Luka 6:45; Efes. 5:9).

Üçünjiden, «ýagşylyga eýermek» üçin elimizde baryny etmeli (3 Ýah. 11). Mukaddes Ýazgylardan ýagşylyga eýermekde gowy görelde galdyran adamlaryň mysaly hakda hem okap bilýäris. Elbetde, bu babatda ajaýyp göreldäni Ýehowa bilen Isa görkezdi. Ýöne beýleki adamlaryň hem ýagşylyk edendigine üns bereliň. Olaryň arasynda Tawita bilen Barnabas hem bar (Res. iş. 9:36; 11:22—24). Olar baradaky wakalary okap, özüňize köp peýda alyp bilersiňiz. Olar hakda okanyňyzda, başgalara nädip ýagşylyk edendiklerini biliň. Sizem olaryň göreldesine eýerip, öýde ýa-da ýygnakda nädip ýagşylyk edip biljekdigiňiz hakda oýlanyň. Şeýle-de Tawita bilen Barnabasyň adamlara ýagşylyk edendigi üçin nähili bereket alandyklaryna-da üns beriň. Ynanaýyň, sizem şolar ýaly bolup bilersiňiz.

Ýagşylyk etmekde şu günlerem gowy görelde görkezýän adamlar az däl. Mysal üçin, ýygnaklarda «ýagşy işleri halaýan» zähmetsöýer ýygnak ýaşulularyny alyp göreliň. Olardan başga-da sözi hem-de hereketi bilen «ýagşy zatlary öwredýän» we wepaly gulluk edýän uýalaryň hem bardygyny ýatdan çykarmalyň (Tit. 1:8; 2:3). Roslin atly uýa şeýle diýýär: «Meniň bir joram ýygnakdakylaryň göwnüni göterip, olara elinden gelen kömegi bermek üçin köp zatlary edýär. Ol her bir dogan-uýanyň ýagdaýy hakda oýlanyp, köplenç olara kiçijik sowgatlary berýär ýa-da başga nähili kömek gerek bolsa, ýok diýmeýär. Onuň şeýle ýagşylyk edişini görüp, menem begenýärin».

Ýehowa öz halkyny «ýagşylygy agtarmaga» höweslendirýär (Amos 5:14). Eger biz şeýtsek, Hudaýyň ýagşylyk etmek baradaky kada-kanunlaryny diňe bir söýmän, olary janymyz-tenimiz bilen ýerine ýetirmek isläris.

Biz ýagşy adam bolmaga we başgalara ýagşylyk etmäge jan edýäris

Elbetde, biz ýagşy adam bolmaly diýlende, beýlekiler üçin haýran galdyryjy işleri etmeli ýa-da gymmatbaha zatlary sowgat bermeli diýip pikir etmeýäris. Şeýle ýagdaýy göz öňüne getireliň. Bir suratkeş surat çekende, bir ýa iki reňki ulanyp goýmaýar. Gaýtam, ol owadan surat çekmek üçin her dürli reňkleri ulanýar. Şonuň ýaly bizem başgalar üçin kiçijik, ýöne şol bir wagtda köp işleri etsek, ýagşy adamdygymyzy görkezip bileris.

Mukaddes Ýazgylarda gowy işleri etmäge «taýýar» bolmak maslahat berilýär (2 Tim. 2:21; Tit. 3:1). Başgalar bilen gyzyklanyp dursak, «her birimiz ýakynymyza peýdaly boljak zatlary ederis we ýagşy işlerimiz bilen olary abatlarys» (Rim. 15:2). Muňa özüňdäki bar zadyňy başgalar bilen paýlaşmak hem degişli (Sül. tym. 3:27). Meselem, biz ýönekeýje nahar taýýarlap, kimdir birini myhmançylyga ýa-da ruhlandyryjy gürrüňdeşlige çagyryp bileris. Eger biz biriniň ýarawsyzdygyny bilsek, oňa hat ýa SMS ýazyp bileris ýa-da jaň edip bileris. Eger mümkinçiligimiz bolsa, baryp sorasak hem bolar. Hawa, «diňleýänlere peýdaly bolar ýaly, gerekli wagty diňe ruhlandyryjy sözleri aýtmaga» bizde köp mümkinçilik bar (Efes. 4:29).

Ýehowa ýaly bizem ähli adamlara ýagşylyk etmäge çalyşýarys. Şonuň üçin hiç kimi ala tutmaýarys. Ýagşylyk etmegiň iň gowy usuly bolsa, adamlara Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary wagyz etmek. Isanyň tabşyrygyna eýerip, biz hatda özümizi ýigrenýänlere-de ýagşylyk etmäge çalyşýarys (Luka 6:27). Dogrudan-da, mähirli bolmagyň we adamlara ýagşylyk etmegiň hiç hili erbetligi ýok. Sebäbi «bulara garşy hiç hili kanun ýokdur» (Gal. 5:22, 23). Garşylyklara ýa-da kynçylyklara garamazdan, özümizi ýagşy edim-gylymly alyp barsak, adamlary hakykata çekip bileris we Hudaýy şöhratlandyrarys (1 Pet. 3:16, 17).

ÝAGŞYLYK ETMEGIŇ SYLAGY

«Ýagşy adam ýagşylygyndan dadýandyr» (Sül. tym. 14:14, TD). Eýsem, ýagşylyk etmegiň nähili peýdasy bar? Biz başgalara ýagşylyk edenimizde, köplenç olar bize has köp gaýtarýarlar (Sül. tym. 14:22). Hatda olar bize ýagşylyk bilen gaýtarmasa-da, edýän ýagşy işlerimizi görüp, garaýşyny üýtgedip biler we biziň bilen özüni has gowy alyp barar (Rim. 12:20, çykgyt).

Dogan-uýalaryň köpüsi ýagşylyk edip, erbetlikden gaça durmagyň köp peýda berýändigini aýdýarlar. Nensi uýamyz şeýle diýýär: «Men edepsiz, ahlaksyz we başgalara sylag-hormat bildirmeýän adam bolup ýetişdim. Ýöne Mukaddes Ýazgylary öwrenip, Hudaýyň ýagşy kadalaryna eýerip başlanymda, özümi hasam bagtly duýýandygyma göz ýetirdim. Bu meniň özüme bolan hormatymy we ynamymy hasam artdyrdy».

Ýagşylyk häsiýetini ösdürmek bilen, biz, esasan, Ýehowany begendirýäris. Hatda adamlaryň köpüsi edýän ýagşy işlerimizi görmese-de, Ýehowa muny bilýär. Ol her bir edilen ýagşylygy, hatda pikirimizdäki ýagşy zatlary hem görýär (Efes. 6:7, 8). Eýsem, ol bizi nädip sylaglaýar? Ýazgylarda: «Ýagşy adam Rebden mähir tapýandyr» diýilýär (Sül. tym. 12:2). Geliň, mundan beýläk hem ýagşylyk häsiýetini ösdürmegimizi dowam edeliň. Ýehowa «ýagşylyk edýän adamlaryň... şöhrata, hormata we parahatlyga eýe boljakdygyny» wada berýär (Rim. 2:10).

^ abzas 2 Käbir atlar üýtgedilen.