Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Jomartlyk bilen berýän adamlar bagtlydyr

Jomartlyk bilen berýän adamlar bagtlydyr

«Bermek... has bagtly edýändir» (Res. iş. 20:35).

AÝDYMLAR: 153, 14

1. Ýehowanyň jomart Hudaýdygyny nireden bilýäris?

HENIZ hiç zat ýaradylmanka, Ýehowanyň ýeke özüdi. Emma ol şonda-da diňe özi barada pikir etmeýärdi, gaýtam, perişdelere we adamlara ýaşaýşy sowgat berdi. Hawa, Ýehowa «bagtly Hudaý»; ol başgalara sowgat bermegi gowy görýär (1 Tim. 1:11; Ýak. 1:17). Hudaý biziňem özi ýaly bagtly bolmagymyzy isleýär. Şol sebäpli ol bize jomart bolmagy öwredýär (Rim. 1:20).

2, 3. a) Jomart bolmak bizi näme üçin bagtly edýär? b) Biz şu makalada nämä serederis?

2 Hudaý adamy öz keşbinde ýaratdy (Gel. çyk. 1:27). Şol sebäpli biz Hudaýa mahsus häsiýetleri görkezip bilýäris. Bagtly bolmak üçin, biz Ýehowanyň göreldesine eýerip, adamlar bilen ýürekden gyzyklanmaly we jomart bolmaly (Flp. 2:3, 4; Ýak. 1:5). Näme üçin? Sebäbi Ýehowa bizi şu maksat bilen ýaratdy. Bikämildigimize garamazdan, biz Ýehowanyň jomartlygyndan görelde alyp bilýäris.

3 Mukaddes Ýazgylarda biziň nädip jomart bolup biljekdigimiz aýdylýar. Geliň, munuň bilen bagly käbir mysallara seredeliň. Biz jomart bolmagyň Hudaýyň razylygyny gazanmaga we Onuň beren tabşyrygyny ýerine ýetirmäge nädip kömek edýändigini bileris. Şeýle-de jomart adamlaryň näme üçin özlerini bagtly duýýandyklaryna we bu häsiýeti hemişe görkezmegiň wajypdygyna serederis.

HUDAÝYŇ RAZYLYGYNY GAZANYP, ŞATLYK TAPYŇ

4, 5. Ýehowa bilen Isa jomart bolmakda bize nähili görelde görkezdi?

4 Ýehowa ähli adamlaryň özünden görelde almagyny isleýär. Biz başgalara jomartlyk bilen berenimizde, ol begenýär (Efes. 5:1). Şeýle-de ol biziň bagtly bolmagymyzy isleýär. Munuň üçin ol bizi täsin tärde ýaratdy we ýer ýüzüni tebigy baýlyklardan doldurdy (Zeb. 104:24; 139:13—16). Biz başgalary bagtly etmek üçin tagalla edenimizde, Ýehowany şöhratlandyrýarys.

5 Şeýle-de mesihçiler jomart bolmakda kämil görelde görkezen Isa ýaly bolmaga jan edýärler. Isa özi barada şeýle diýdi: «Ynsan ogly-da özüne hyzmat etdirmek üçin däl-de, eýsem, hyzmat etmek we köpleriň ugrunda janyny töleg hökmünde bermek üçin geldi» (Mat. 20:28). Pawlus resul hem mesihçilere: «Mesih Isanyňky ýaly pikirde we garaýyşda boluň» diýip maslahat berdi. Soňra ol: «(Isa) hemme zatdan geçdi, özüni gul etdi» diýdi (Flp. 2:5, 7). Her birimiz özümize şeýle sorag bersek gowy bolar: «Men Isanyň göreldesine öňkümdenem has gowy eýerip bilerinmi?» (1 Petrus 2:21-i okaň).

6. Biz Isanyň rehimdar samariýaly adam baradaky mysalyndan näme öwrenýäris? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

6 Biz Ýehowanyň hem-de Isanyň jomartlyk babatda görkezen ajaýyp göreldesine eýersek, başgalar bilen ýürekden gyzyklansak we olaryň zerurlyklary hakda alada etsek, Hudaýy begendireris we özümizi bagtly duýarys. Isa rehimdar samariýaly adam hakyndaky mysaly arkaly şägirtleriniň hatda milleti we tire-taýpasy tapawutlanýan adamlara hem ýagşylyk etmelidigini görkezdi (Luka 10:29—37-nji aýatlary okaň). Isany bu mysaly gürrüň bermäge höweslendiren ýehudynyň beren soragy ýadyňyzdamy? Ol Isadan: «Meniň ýakynym kim?» diýip sorapdy. Isanyň oňa beren jogaby Hudaýyň razylygyny gazanmak üçin mysaldaky samariýaly adam ýaly jomart bolmagyň wajypdygyny görkezýär.

7. Jomartlygyň jedelli mesele bilen nähili baglanyşygy bar?

7 Jomart bolmaga bizde ençeme sebäpler bar. Meselem, Erem bagynda bolan wakany ýada salalyň. Şeýtanyň pitne turuzmagy bu häsiýetiň zerurdygyny görkezýär. Nädip? Şeýtan Adam ata bilen How enäni, şol sanda ähli adamlary Hudaýa däl-de, özlerine köp üns bermäge we öz bähbitlerini ileri tutmaga höweslendirdi. Şeýdip, How ene Hudaý ýaly bolmak isläp, diňe özüni bilýändigini, Adam ata bolsa aýalyna ýaranmak isleýändigini görkezdi (Gel. çyk. 3:4—6). Netijede, olar gelen karary sebäpli görgi baryny gördüler. Dogrudan-da, diňe özüni bilýän adam hiç haçan bagtly bolup bilmeýär. Biz jomart bolsak, Hudaýyň islegini berjaý edip ýaşamagyň iň gowy ýoldugyna ynanýandygymyzy görkezeris.

HUDAÝYŇ BEREN TABŞYRYGYNY BERJAÝ EDIŇ

8. Adam ata bilen How ene näme üçin jomart bolmalydy?

8 Erem bagynda Adam ata bilen How eneden başga hiç kim bolmasa-da, Hudaý olara başgalaryň aladasyny etmelidigini görkezýän anyk görkezmeleri berdi. Ýehowa Adam ata bilen How enäni patalap, olara ýer ýüzüni nesillerinden doldurmagy we oňa eýeçilik etmegi tabşyrdy (Gel. çyk. 1:28). Ýaradyjymyzyň öz ýaradan zatlary hakda ýürekden alada edişi ýaly, Adam ata bilen How ene-de gelejekki nesliniň bagtly ýaşamagy üçin aladasyny etmelidi. Adam atanyň tutuş nesline peýda getirer ýaly, olar bütin ýer ýüzüni Jennete öwürmelidi. Bu ägirt uly işdi, şol sebäpli olar kemala gelýän nesilleri bilen bilelikde zähmet çekmelidi.

9. Ýer ýüzüni Jennete öwürmek baradaky tabşyryk näme üçin adamlary bagtly ederdi?

9 Bütin ýer ýüzüni Jennete öwürmek we Hudaýyň adamzat babatdaky islegini amala aşyrmak üçin, ilkinji kämil adamlar Ýehowa bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmelidi. Şonda olar Hudaýyň «dynçlyk ýerine» girip bilerdi (Ýew. 4:11). Bu gyzykly ýumşy ýerine ýetirip, olar köp şatlyk tapyp bilerdi! Eger Adam ata bilen How ene başgalaryň peýdasy üçin jomart bolan bolsalar, onda köp bereket alardylar we edýän işlerinden kanagat tapardylar.

10, 11. Biz wagyz we şägirt taýýarlamak işini nädip berjaý edip bileris?

10 Şu günler Ýehowa halkyna hoş habary wagyz etmegi we şägirt taýýarlamagy tabşyrdy. Bu tabşyrygy berjaý edip biler ýaly, biz adamlar bilen ýürekden gyzyklanyp, olaryň aladasyny etmeli. Eger biz Hudaýy hem-de ýakynymyzy söýüp, dogry niýet bilen gulluk etsek, bu işi soňuna çenli berjaý edip bileris.

11 B. e. I asyrynda Pawlus resul Patyşalyk baradaky hakykat tohumyny ekmek hem-de suwarmak işini berjaý edýändigi üçin özüne we ýakyndan işleşýän käbir mesihçilere «Hudaýyň işdeşleri» diýdi (1 Kor. 3:6, 9). Bizem başgalaryň peýdasy üçin wagtymyzy, güýjümizi we zadymyzy jomartlyk bilen berenimizde, «Hudaýyň işdeşleri» bolýarys. Eýsem, şundan uly hormatly iş barmy näme?!

Kimdir birine hakykaty ýetirmek üçin edýän azajyk tagallamyz hem bolluk bilen patalanýar (12-nji abzasa serediň)

12, 13. Şägirt taýýarlamak işi nähili bereketleri berýär?

12 Wagyz we şägirt taýýarlamak işine wagtyňy hem-de güýjüňi jomartlyk bilen sarp etmek köp şatlyk berýär. Adamlar bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýän wagyzçylaryň köpüsi edýän azajyk tagallalarynyň hem bolluk bilen patalanýandygyny belläp geçýär. Dogrudan-da, okuw geçýän adamlaryň ýüzünde hakykata bolan minnetdarlygy, imanynyň berkeýändigini, durmuşyny özgerdip, öwrenen zatlaryny başgalara gürrüň berýändiklerini göreniňde, begenjiň çägi bolmaýar. Isa hem 70 şägirdiniň yzyna «şatlyk bilen dolanyp gelendigini» görende, örän begenipdi (Luka 10:17—21).

13 Bütin ýer ýüzünde ýaşaýan wagyzçylar hoş habaryň adamlaryň durmuşyna gowy täsir edýändigini görüp begenýärler. Geliň, Anna * atly ýaş uýamyzyň mysalyna seredeliň. Ol köpräk gulluk etmek üçin wagyzçylaryň ýetmeýän ýerine Gündogar Ýewropa göçýär. Ol şeýle diýýär: «Bu ýerde Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmäge köp mümkinçilik bar we men muny diýseň gowy görýärin. Men wagyz etmekden köp şatlyk tapýaryn, hatda öýe gelenimde, öz kynçylyklarym barada oýlanmaga wagtym hem bolmaýar. Men okuw geçýänlerimiň kynçylyklary we synaglary barada oýlanýaryn. Şeýle-de olary ruhlandyrmak we gerekli kömegi bermek üçin jan edýärin. Men: „Bermek almakdan has bagtly edýändir“ diýen sözleriň dogrudygyna öz durmuşymda göz ýetirýärin» (Res. iş. 20:35).

Biz meýdançamyzdaky her bir öýe baranymyzda, adamlara hoş habary eşitmäge mümkinçilik berýäris (14-nji abzasa serediň)

14. Adamlar hoş habara känbir seslenmese-de wagyzdan nädip şatlyk tapyp bileris?

14 Adamlar diňlemese-de, biz olara hoş habary eşitmäge mümkinçilik bermekden şatlyk tapyp bileris. Şu günler biziň ýerine ýetirýän işimizi Ezekiýel pygamberiňkä meňzetse bolýar. Ýehowa oňa: «Olar seni isle diňlesinler, isle diňlemesinler, olara sözlerimi aýt» diýdi (Ezek. 2:7; Iş. 43:10). Hatda käbir adamlar hoş habara sowuk-sala garasa-da, edýän tagallamyzy Ýehowanyň gymmat saýýandygyna ynanyp bileris (Ýewreýler 6:10-y okaň). Bir dogan dogry garaýşy saklamakda gowy görelde görkezdi. Ol edýän gullugy barada şeýle sözleri ýazdy: «Biz ekýäris, suwarýarys we adamyň islegini artdyrmagy üçin Ýehowa doga edýäris» (1 Kor. 3:6).

JOMART BOLMAK BAGTLY EDÝÄR

15. Adamlar jomartlygymyza nähili seslenip biler we biz muňa nähili garamaly?

15 Ýehowa ýaly Isa-da biziň jomartlyk bilen berip, bagtly bolmagymyzy isleýär. Biziň jomartlygymyz köp adamlara gowy täsir edýär. Isa: «Beriň, şonda size-de bererler. Gujagyňyzy silkip-silkip doldurarlar, dykyp, oňa püre-pür edip guýarlar. Haýsy ölçeg bilen ölçeseňiz, size-de şeýle ölçeg bilen gaýtarylar» diýip ündedi (Luka 6:38). Elbetde, hemme adamlar biziň jomartlygymyza gowy seslenmezligi mümkin. Emma siziň jomartlygyňyz olary hem jomart bolmaga höweslendirip biler. Şonuň üçin adamlar edýän zatlaryňyzyň gadyryny bilse-de, bilmese-de, jomart bolmagyňyzy dowam ediň. Siz ýekeje gezek görkezen jomartlygyňyzyň nähili gowy netije berjekdigini asla göz öňüne-de getirip bilmersiňiz!

16. Jomartlyk bildirenimizde ony nähili niýet bilen etmeli?

16 Hakykatdan jomart adam yzyna almak maksady bilen bermeýär. Isa bu babatda şeýle diýdi: «Sen toý-meýlis gurnanyňda, oňa garyplary, maýyplary, agsaklary we körleri çagyr. Şonda sen özüňi bagtly duýarsyň, sebäbi olar saňa gaýtaryp bilmezler» (Luka 14:13, 14). Şeýle-de Ýazgylarda: «Sahy (jomart) adam bereket tapar» diýilýär. Başga bir aýatda bolsa: «Garyplara paýhasly garaýan nähili bagtly!» diýilýär (Sül. tym. 22:9; Zeb. 41:1). Dogrudan-da, biz jomart bolmaly. Sebäbi başgalara kömek edip, biz özümizi hakykatdan bagtly duýýarys.

17. Biz ýene nädip jomart bolup bileris?

17 Pawlus resul Isanyň sözlerine salgylanyp: «Bermek almakdan has bagtly edýändir» diýende, başgalar bilen diňe bir maddy zatlaryňy paýlaşman, eýsem, olary ruhlandyrmagy, maslahat bermegi we mätäçleri goldamalydygyny göz öňünde tutdy (Res. iş. 20:31—35). Pawlus resul sözleri we göreldesi bilen bize başgalaryň peýdasy üçin wagtymyzy, güýjümizi sarp etmelidigini, olaryň aladasyny etmelidigini we söýgimizi bildirmelidigini öwretdi.

18. Käbir alymlar jomartlyk babatda näme diýýär?

18 Adamyň gurluşyny öwrenýän alymlar hem bermegiň has bagtly edýändigini belläp geçýärler. Bir makalada şeýle diýilýär: «Adamlar başgalara ýagşylyk edenlerinde, özlerini has-da bagtly duýýandyklaryny aýdýarlar». Alymlaryň aýtmagyna görä, başgalara kömek etmek bilen, durmuşda «belli bir maksadymyz bolýar we ony manyly edýäris. Sebäbi bu adamyň esasy zerurlyklarynyň biri hasaplanýar». Şonuň üçin olar köplenç adamlary saglygyny gowulandyrmak we bagtly bolmak üçin haýyr-sahawat işlerine gatnaşmaga höweslendirýär. Bu biziň üçin geň däl. Sebäbi biz Mukaddes Ýazgylary adamzada söýgi bilen ýol görkezýän Ýehowanyň Sözi hökmünde kabul edýäris (2 Tim. 3:16, 17).

JOMART BOLMAGYŇYZY DOWAM EDIŇ

19, 20. Biz näme üçin jomart bolmaly?

19 Öz islegini başgalaryňkydan ileri tutýan adamlaryň arasynda ýaşaýandygymyz üçin jomart bolmak kyn bolup biler. Emma Isa iki iň wajyp tabşyryk barada aýdanda, Ýehowany bütin ýüregiň, bütin janyň, bütin aň-düşünjäň we bütin güýjüň bilen söýmelidigini hem-de ýakynymyzy özümizi söýşümiz ýaly söýmelidigini belläp geçdi (Mar. 12:28—31). Biz şu makalada Ýehowany söýýän adamlaryň ondan görelde alýandygyny bildik. Ýehowa-da, Isa-da başgalara jomartlyk bilen berýärler. Olar bizi hem şeýle etmäge çagyrýar. Sebäbi bu bizi hakykatdan bagtly edýär. Eger biz Hudaý hem-de ýakynymyz üçin jomartlyk ruhuny görkezsek, Ýehowany şöhratlandyrarys we hem özümize, hem başgalara peýda getireris.

20 Elbetde, siz adamlara, esasan-da, imandaşlaryňyza jomartlyk bilen kömek etmäge jan edýänsiňiz (Gal. 6:10). Şeýle etmegiňizi dowam etseňiz, siz başgalaryň söýgüsini we hormatyny gazanarsyňyz hem-de özüňizi bagtly duýarsyňyz. Süleýmanyň tymsallary 11:25-de: «Sahy adam rowaçlanar; suwdan gandyrýanyň özi-de suwdan gandyrylar» diýilýär. Elbetde, gündelik durmuşda we wagyzda adamlara jomart bolmagyň we ýagşylyk etmegiň başga-da ençeme usullary bar. Indiki makalada biz olaryň käbirine serederis.

^ abzas 13 Ady üýtgedildi.