TERJIMEHAL

Monah uýalar indi ruhy uýalar boldy

Monah uýalar indi ruhy uýalar boldy

GYZ jigim Araseli maňa: «Seniň bilen gepleşesim gelenok. Diniň barada hiç zat eşitmek islämok. Seni görsem gaharym gelýär; men seni ýigrenýän» diýip gygyrdy. Häzir men 91 ýaşymda, emma şol ýüregimi ýaralan sözler henizem gulagymdan gidenok. Men Wagyz kitaby 7:8-däki: «Öňüm gelenden soňum gelsin» diýen sözleriň hakykatdygyna göz ýetirdim (Felisa).

Felisa: Men örän hudaýhon maşgalada önüp-ösdüm. Garyndaşlarymyzyň 13 sanysy dindar adamlardy. Olaryň käbiri ruhanydy, käbiri bolsa katolik buthanasynyň agzasydy. Ejemiň doganoglany bolsa katolik mekdebinde ders berýärdi. Hatda Rim papasy Ioann Pawel II ony ruhanylaryň hataryna goşdy. Emma maşgalamyz örän sada ýaşaýardy. Kakam demirçi ussasy, ejem bolsa ekin meýdanynda işleýärdi. Biz sekiz çagadyk, menem olaryň iň ulusydym.

Men 12 ýaşymdakam ispan halkynyň arasynda özara uruş başlandy. Uruş tamamlanandan soňra kakamy türmä basdylar. Çünki onuň pikirini açyk aýtmagy diktator hökümetiniň gaharyny getirýärdi. Ejem bizi eklemek üçin elinde baryny edýärdi. Ejemiň jorasy gyz jigilerim Araselini, Laurini we Ramonini aç bolmazlyklary üçin, olary Ispaniýanyň Bilbao şäherindäki monastyra ugratmagy maslahat berdi.

Araseli: Şol wagt men 14, Lauri 12, Ramoni bolsa 10 ýaşyndady. Bize maşgalamyzdan aýry ýaşamak agyr düşýärdi. Başda biz Bilbao şäherinde tämizçi bolup işledik. Iki ýyldan soňra bizi Saragosa şäherindäki monastyra geçirdiler. Ol ýerde garrylara seredilýärdi. Bize aşhanany arassalamak işi tabşyryldy. Bu ýetginjekler üçin örän agyrdy.

Felisa: Jigilerimi Saragosa ugradanlaryndan soň, ejem bilen ruhany bolup gulluk edýän daýym meni hem ol ýere ugratmaly diýen karara geldiler. Sebäbi bir oglan meni halaýardy. Şol sebäpli olar meni ondan aýyrmak islediler. Men örän dindardym, şonuň üçin monastyrda wagtlaýynça galmak maňa ýarady. Men her gün sežde edilýän dabaralara gatnaşýardym. Hatda Afrikada monah bolup gulluk edýän daýzam ýaly menem missioner bolmak isleýärdim.

Çep tarapda Saragosadaky (Ispaniýa) aýallar buthanasy, sag tarapda bolsa Mukaddes Ýazgylaryň Nakar-Kolunga terjimesi

Monahlar meniň başga ýerlere gidip, Hudaýa gulluk etmek islegimi goldamaýardylar. Men monastyrda özümi tussaglykda ýaly duýýardym. Bir ýyl geçenden soň men öýe gaýdyp, ruhany daýymyň aladasyny etmegi ýüregime düwdüm. Öýüň işlerini etmekden başga-da, daýym bilen doga edýärdik. Şeýle-de men buthanadaky güllere seredýärdim, Bibi Merýemiň we «mukaddesleriň» heýkelini bezemegi gowy görýärdim.

Araseli: Monastyrdaky durmuşymyz birden üýtgedi. Men ilkinji kasamymy berenimden soň, bizi aýra saldylar. Ramonini Saragosada galdyrdylar, Laurini Walensiýa, meni bolsa ikinji kasamymy bermek üçin Madride iberdiler. Madriddäki monastyrda talyplar, ýaşuly adamlar we myhmanlar üçin ýaşamaga ýer berýärdiler. Şol sebäpli ol ýerde iş örän köpdi. Men monastyryň hassahanasynda işleýärdim.

Men monah bolmak has peýdaly bolar öýdýärdim. Mukaddes Ýazgylary okap, oňa düşünmek isleýärdim. Emma ol ýerde hiç kim Hudaý we Isa barada gürrüň etmeýärdi. Biz Mukaddes Ýazgylary hem ulanmaýardyk. Men biraz latyn dilini öwrendim, «mukaddesleriň» durmuşy bilen gyzyklanýardym we Merýeme sežde edýärdim. Galan wagtymy bolsa işläp geçirýärdim.

Bu zatlar meni gaty ruhdan düşürdi. Şol sebäpli men monastyra gözegçilik edýän aýalyň ýanyna baryp, maşgalam kömege mätäçkä, başgalaryň jübüsini galňatmak üçin işleýändigime düşünmeýändigimi aýtdym. Ol meniň pikirimi üýtgetmek we monastyrda galdyrmak maksady bilen daşymdan gulplady.

Monah aýallar pikirimi bilmek üçin, üç gezek ýanyma geldiler. Emma men gelen kararymy üýtgetmändim. Şonda olar maňa şu sözleri ýazdyrjak boldular: «Men Hudaýa däl-de, Şeýtana gulluk etmegi isleýändigim üçin bu ýerden gidýärin». Bu maňa agyr degdi. Monastyrdan gitmek islegim güýçli bolsa-da, men bu sözleri hiç haçan ýazmazdym. Men bolan zatlaryň ählisini ruhana gürrüň berdim. Şeýlelikde, meni Saragosadaky monastyra ugratdylar. Şondan birnäçe aý geçensoň, öýümize dolandym. Biraz wagtdan Lauri bilen Ramoni hem monastyrdan gaýtdylar.

«GADAGAN EDILEN» KITAP BIZI AÝRA SALDY

Felisa

Felisa: Soňra men durmuşa çykdym we Kantabriýa göçdüm. Men ybadathanada geçirilýän çärelere yzygiderli gatnaýardym. Bir ýekşenbe güni täsin täzelik eşitdim. Ruhany «Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim» atly kitaby görkezip, gahar bilen: «Şu kitaba serediň!» diýip gygyrdy. Soňra: «Şeýle kitap kimde bar bolsa, ony maňa bersin ýa-da zyňsyn!» diýdi.

Mende şol kitap ýokdy, emma ony edinmek isledim. Bu wakadan birnäçe gün geçensoň, iki sany Ýehowanyň Şaýady gapymyzy kakdylar. Olar maňa şol «gadagan edilen» kitaby hödürlediler. Men ony şol gijäniň özünde okap çykdym. Ol aýallar ýene-de geldiler we men Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmäge razylaşdym.

«Gadagan edilen» kitap

Hakykat ýüregime güýçli täsir etdi. Meniň öňki dinime bolan wepalylygym Ýehowa bolan çuňňur söýgä öwrüldi. Şeýdip, men yhlasly wagyz edip başladym we 1973-nji ýylda suwa çümdürildim. Men dogan-garyndaşlaryma wagyz etmek üçin elimde baryny edýärdim. Emma ynançlarym barada gürrüň berip başlanymda, olar, esasanam, jigim Araseli maňa garşy çykýardy.

Araseli: Monastyrda başymdan geçiren zatlarym meni rehimsiz bolmaga iterdi. Ýöne men şonda-da ýekşenbe günleri buthanada geçirilýän çärelere gatnaşýardym we her gün doga-dileg edýärdim. Mukaddes Ýazgylara düşünmek islegim örän güýçli bolandygy üçin, men Hudaýdan kömek soradym. Emma aýal doganym Felisa dini barada şeýle bir yhlasly gürrüň berýärdi welin, men «ol köre-körlük bilen iman edýär» diýip pikir edýärdim we onuň aýdýanlary bilen asla razylaşmaýardym.

Araseli

Birnäçe ýyldan soň men Madride dolandym we durmuşa çykdym. Soňabaka men ynanýan zatlarymyň dogrudygyna şübhelenip başladym. Sebäbi buthana barýan adamlar Isanyň öwredenlerini durmuşynda ulanmaýardylar. Şonuň üçin men buthana barmagymy bes etdim. Indi men «mukaddeslere», toba etmek däbine we dowzah oduna ynanmaýardym, hatda ähli şekillerimi hem ýok etdim. Men haýsy zadyň dogrudygyny bilmeýärdim. Bu zatlar meni göwnüçökgünlige düşürse-de, Hudaýa: «Men seni tanamak isleýärin. Maňa kömek et!» diýip ýalbarýardym. Ýehowanyň Şaýatlary birnäçe gezek gapymyzy kaksalar-da, men açmadym. Sebäbi men hiç bir dine ynanmaýardym.

Fransiýada we Ispaniýada ýaşaýan jigilerim Lauri bilen Ramoni 1980-nji ýylyň başlarynda Ýehowanyň Şaýatlary bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başladylar. Men olar hem aýaldoganym Felisa ýaly ýolundan azaşdylar diýip pikir edýärdim. Biraz wagtdan men goňşym Anhelinas bilen jora boldum. Ol hem Ýehowanyň Şaýadydy. Anhelinas we onuň ýanýoldaşy maňa gaýta-gaýta Mukaddes Ýazgylar okuwyny teklip etdiler. Olar meniň müňkürligimiň aňyrsynda Mukaddes Ýazgylary öwrenmäge güýçli islegimiň bardygyny duýýardylar. Ahyrsoňy men olara: «Bolýar, men okuw geçmäge razy. Ýöne men öz Mukaddes Ýazgylarymy ulanmak isleýärin» diýdim. Şol wagt men Mukaddes Ýazgylaryň Nakar-Kolunga terjimesini okaýardym.

MUKADDES ÝAZGYLAR BIZI ÝENE-DE JEBISLEŞDIRDI

Felisa: Men 1973-nji ýylda suwa çümdürildim. Şol wagt Ispaniýanyň Santander şäherinde 70-e golaý wagyzçy bardy. Wagyz etmeli ýerlerimiz gaty köpdi. Şol sebäpli biz bir obadan beýleki oba barmak üçin ilki awtobusly, soňra bolsa maşynly ýol ýöreýärdik. Şeýdip, biz welaýatymyzdaky ýüzlerçe obalara hoş habary wagyz etdik.

Birnäçe ýylyň dowamynda men ençeme adamlar bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirdim we olaryň 11 sanysy suwa çümdürildi. Olaryň köpüsi katolik dinine uýýardy we men sabyrly bolup, olaryň ýagdaýyna düşünmelidigimi bilýärdim. Sebäbi meniň özümem bir wagtlar olaryň biri ýalydym. Men olara imanyny berkidip, ruhy taýdan ösmekleri üçin wagtyň gerekdigine düşünýärdim. Sebäbi Mukaddes Ýazgylar we Ýehowanyň ruhy adamyň ýüregine täsir etmese, ol hakykata düşünip bilmeýär (Ýew. 4:12). Öň polisiýa işgäri bolan ýanýoldaşym Biýenwenido 1979-njy ýylda suwa çümdürildi. Ejem bolsa aradan çykmanka Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başlapdy.

Araseli: Men Ýehowanyň Şaýatlary bilen okuw geçip başlanymda, olara ynanmazçylyk edýärdim. Emma wagtyň geçmegi bilen, garaýşymyň özgerýändigine göz ýetirip başladym. Ýehowanyň Şaýatlarynyň öwredýän zatlaryna görä ýaşaýandyklary meni diýseň haýran galdyrdy. Men indi şübhelenmän, gaýtam, iman edýärin we özümi has bagtly duýýaryn. Hatda käbir goňşularym maňa: «Araseli, saýlan ýoluňdan ýöremegi dowam et!» diýýärdiler.

Käte men: «Ýehowa, meni taşlamandygyň üçin örän minnetdardyryn. Sen maňa Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty tapmagym üçin ençeme mümkinçilikleri döretdiň» diýip, doga edişimi ýatlaýaryn. Men Felisanyň ýüregini ýaralan sözleri aýdandygym üçin, ondan ötünç soradym. Biz indi dawalaşmaýarys, gaýtam, Mukaddes Ýazgylar hakda gürrüň edýäris. Men 1989-njy ýylda 61 ýaşymda suwa çümdürildim.

Felisa: Häzir men 91 ýaşymda. Ýanýoldaşym aradan çykdy we meniň öňki ýaly gujur-gaýratym ýok. Emma men her gün Mukaddes Ýazgylary okaýaryn, duşuşyklara yzygider gatnaşmaga jan edýärin we başardygymdan wagyz edýärin.

Araseli: Men öň monah bolanym üçin ruhanylara we monahlara wagyz etmegi gowy görýärin. Men olara köp edebiýatlary berip, gyzykly gürrüňleri edýärin. Bir ruhany bilen birnäçe gezek gürrüň edenimden soň, ol maňa: «Araseli, men seniň bilen doly razylaşýaryn. Emma bu ýaşdan soň men nirä gideýin? Men imandaşlaryma we maşgala agzalaryma näme diýeýin?» diýdi. Men oňa: «Eýsem, Hudaý näme diýer?» diýdim. Şonda ol gynanyp, başyny ýaýkady. Emma hakykaty gözlemegi dowam etmek üçin oňa batyrgaýlyk gerekdi.

Ýanýoldaşym ilkinji gezek meniň bilen ýygnaga gitmek isleýändigini aýdanda, begenjimiň çägi bolmady. Şol wagt onuň ýaşy 80-den geçenem bolsa, ýygnakdan hiç haçan galmaýardy. Ol Mukaddes Ýazgylary okuwyny geçip, wagyzçy boldy. Onuň bilen bilelikde wagyz edenimiz henizem ýadymda. Ol suwa çümdürilmegine iki aý galanda aradan çykdy.

Felisa: Durmuşymda alan iň uly bereketlerimiň biri — üç uýamyň hakykaty kabul etmegi. Olar başda maňa garşy çykanam bolsa, häzir biz söýgüden doly Hudaýymyz Ýehowa we Onuň Sözi barada gürrüň etmekden köp lezzet alýarys. Hawa, biz indi diňe bir süýtdeş uýalar däl-de, ruhy uýalar bolduk a.

a Häzir Araseli 87, Felisa 91, Ramoni bolsa 83 ýaşynda. Olar häzirem Ýehowa yhlasly gulluk edýärler. Lauri bolsa 1990-njy ýylda Ýehowa wepaly galyp aradan çykdy.