Pespäl bolmak näme üçin wajyp
«Akyldarlyk bolsa pes göwünliler bilendir». SÜL. TYM. 11:2
AÝDYMLAR: 38, 11
1, 2. Pesgöwünli adam nädip Hudaýyň razylygyndan mahrum bolup biler? (Makalanyň başyndaky surata serediň).
GADYMY Ysraýylyň patyşasy Şawul başda pespäl we hormatlanýan adamdy (1 Şam. 9:1, 2, 21; 10:20—24). Emma biraz wagtdan ol özdiýenli bolup, kellesine gelen zady edip başlaýar. Bir gezek Şamuwel pygamber Gilgala gelmeli wagtyndan gijä galanda, Şawul oňa garaşmak islemeýär. Piliştliler söweşe başlajak bolup durdy, ysraýyllylar hem gorkup, dagaşyp başlaýarlar. Şonda Şawul: «Men çaltrak bir zatlar etmesem bolmaýar» diýip, pikir eden bolmaly. Şeýdip, ol Şamuwel pygambere derek özi Hudaýa gurban getirýär. Onuň bu eden işi Ýehowa ýaramaýar (1 Şam. 13:5—9).
2 Şamuwel pygamber Gilgala gelende, Şawula käýeýär. Şawul eden işini boýun almaýar, gaýtam, hiç hili günä etmändigini aýdyp, başgalary günäkärleýär we özüni aklap başlaýar (1 Şam. 13:10—14). Ol ýene-de ençeme günäleri edip, tagtyny elinden gidirýär, iň erbedi bolsa Ýehowanyň razylygyndan mahrum bolýar (1 Şam. 15:22, 23). Şawul başda pespäl adam bolsa-da, ömrüniň soňy erbetlik bilen gutarýar (1 Şam. 31:1—6).
3. a) Köp adamlar pespäl bolmaklyga nähili garaýar? b) Pespällik babatda nähili soraglar ýüze çykýar?
3 Şu günler bäsdeşligiň höküm sürýän dünýäsinde adamlar başgalardan saýlanmalydyr öýdýärler. Şol sebäpli tekepbirlik gitdigiçe möwç alýar. Meselem, bir syýasatçy we meşhur kino ýyldyzy şeýle diýdi: «Men pespäl bolmagy wajyp hasaplamaýaryn, mundan beýlägem gerek bolar öýdemok». Biz näme üçin pespäl bolmagy wajyp hasaplaýarys? Pespäl bolmak nämäni aňladýar? Kyn ýagdaýlarda ýa-da başgalaryň erbet täsirine garamazdan nädip pespäl bolup bileris? Bu soraglaryň jogabyny şu we indiki makalalarda bileris.
NÄME ÜÇIN PESPÄL BOLMALY?
4. Özüňe bil baglamak nämäni aňladýar?
4 Mukaddes Ýazgylara görä, pespälligiň gapma-garşy häsiýeti tekepbirlik hasaplanýar (Süleýmanyň tymsallary 11:2-ni okaň). Şol sebäpli Dawut patyşanyň Ýehowadan: «Bilkastlaýyn günälerden (özüme bil baglamakdan, TD) sakla» diýip, dileg etmegi örän ýerlikli (Zeb. 19:13). Eýsem, «özüňe bil baglamak» nämäni aňladýar? Gödek herekete ýa-da ygtyýaryň bolmadyk zady etmeklige özüňe bil baglamak diýilýär. Bikämildigimiz üçin biz käte özümize bil baglaýarys. Emma Şawul patyşa bilen bolan wakany unutmalyň. Eger biz özümizi başgalardan ýokary tutsak, iru-giç Hudaýa garşy agyr günä ederis. Zebur 119:21-de Ýehowanyň «tekepbirlere käýändigi» aýdylýar. Näme üçin?
5. Näme üçin özüňe bil baglamakdan gaça durmaly?
5 Özüňe bil baglamaklyk bilmän edilen ýalňyşlykdan agyr hasaplanýar. Eger ulumsylyk bilen hereket etsek, Hökümdarymyz Ýehowanyň adyna ysnat getireris. Şeýle-de göwnüýetijilik bilen hereket etmeklik agzalalyga eltip biler (Sül. tym. 13:10). Mundan başga-da utanja galmagymyz, hatda masgara bolmagymyz hem mümkin (Luka 14:8, 9). Görşümiz ýaly, özüňe bil baglamak gowulygyň üstünden eltmeýär. Ýazgylarda aýdylyşy ýaly, pespäl bolmak hemişe peýda getirýär.
PESPÄL BOLMAK NÄMÄNI AŇLADÝAR?
6, 7. Kiçigöwünlilik näme?
6 Mukaddes Ýazgylarda tekepbir ýa-da gopbamsy bolmadyk adama pespäl diýilýär. Başgaça aýdanyňda, ol «pikirinde pesgöwünli» bolýar (Flp. 2:3, çykgyt). Kiçigöwünli adam pespäl bolýar, ol ukyplaryna we üstünliklerine dogry baha berýär; ýalňyşyny boýun almagy, maslahaty we özgerişleri kabul etmegi başarýar. Ýehowa kiçigöwünli adamlary gymmat saýýar.
7 Şeýle-de kiçigöwünli adam özüne dogry baha berýär we mümkinçiliginiň çäklidigine düşünýär. Injiliň asyl nusgasyna görä, adamyň pespäldigini başgalar bilen özüni alyp barşyndan görse bolýar.
8. Adamyň göwnüýetijilik bilen hereket etmegine näme sebäp bolup biler?
8 Adamyň özüne göwnüýetijilik bilen garap başlamagyna näme sebäp bolup biler? Eger biz özümiz we edýän hormatly işlerimiz hakda köp pikir etsek (Rim. 12:16), daş keşbimiz bilen adamlaryň ünsüni özümize çeksek (1 Tim. ), diňe öz garaýşymyzy we pikirimizi dogry saýyp, aýdanymyzy gögertsek, özümize göwnüýetijilik bilen garap başlamagymyz mümkin ( 2:9, 101 Kor. 4:6). Şeýle ýagdaýda biz hatda özümize bil baglandygymyzy-da duýman galarys.
9. Mukaddes Ýazgylardan özüne bil baglan adamlary mysal getiriň.
9 Adam az wagtlyk bolsa-da, günäli höweslerine ýol berse, göwnüýetijiligiň toruna düşüp biler. Muňa göriplik, diňe özüňi bilmeklik we gahar-gazap sebäp bolup bilýär. Meselem, Abşalom, Uzyýa we Nebukadnesar «ten işlerine» ýol berip, özlerine bil baglanda, Ýehowa olara temmi berdi (2 Şam. 15:1—6; 18:9—17; 2 Ýyl. 26:16—21; Dan. 5:18—21).
10. Biz näme üçin adamlaryň niýetini ýazgarmaly däl? Mysal getiriň.
10 Emma adamyň göwnüýetijilik bilen hereket etmegine başga-da zatlar sebäp bolup biler. Gelip çykyş 20:2—7-nji we Matta 26:31—35-nji aýatlarda agzalýan wakalar barada oýlanyp görüň. Abymelek patyşanyň hem-de Petrusyň özüni alyp barşyna göwnüýetijilik bilen edilen hereket diýse bolarmy? Belki, olar käbir zatlary bilmändigi ýa-da garaşylmadyk ýagdaýa düşendigi üçin ýalňyşandyrlar? Biz adamlaryň ýüregini bilmeýäris, şol sebäpli olaryň niýetini ýazgarmasak, paýhasly hereket edip, söýgi bildirdigimiz bolar (Ýakup 4:12-ni okaň).
HUDAÝYŇ ÖŇÜNDÄKI ORNUŇY BILMEK
11. Pespäl bolmak bilen Hudaýyň öňündäki ornuňy bilmekligiň nähili baglanyşygy bar?
11 Pespäl bolmak üçin, ilki bilen, Hudaýyň öňündäki ornuňy bilmeli. Ýehowa tertipli Hudaý, ol her kime belli bir orun berdi. Ýygnakda-da her kimiň öz orny bar, olaryň ählisi-de wajyp. Ýehowa merhemetli bolany üçin, her birimize sylag, ukyp, zehin we gymmatly häsiýetleri berdi. Biz olary Hudaýy şöhratlandyrmak we başgalara kömek etmek üçin ulanyp bileris (Rim. 12:4—8). Şol sebäpli ählimize iş dolandyryjy diýse bolar. Ýehowa jogapkärli iş tabşyrmak bilen, bize ynanýandygyny we hormat goýýandygyny görkezýär (1 Petrus 4:10-y okaň).
12, 13. Ýygnakda etmeli işimiz üýtgese näme üçin geň galmaly däl?
12 Käte Hudaýyň guramasyndaky etmeli işlerimiz üýtgäp biler. Geliň, Isanyň mysalyna seredeliň. Ýehowa ilki Isany ýaratdy (Sül. tym. 8:22). Soňra Isa başga perişdeleri, älem-jahany we adamlary ýaratmaga kömek etdi (Kol. 1:16). Biraz wagtdan oňa başga ýumuş tabşyryldy, ol ýer ýüzünde ejizje bäbek bolup dünýä indi, soňra ulaldy (Flp. 2:7). Ejir çekip öldürilenden soň, ol direlip göge galdy we 1914-nji ýylda Hudaýyň Patyşalygynyň Patyşasy boldy (Ýew. 2:9). Gelejekde onuň etmeli işi ýene-de üýtgär. Isa Müňýyllyk Hökümdarlykdan soň Patyşalygy Ýehowa tabşyrar, şonda «Hudaý hemmeleriň başy bolar» (1 Kor. 15:28).
13 Biziňem käte etmeli işlerimiz, köplenç gelen kararymyzyň netijesinde üýtgäp biler. Aýdaly, siz öň maşgalaly däldiňiz, häzir bolsa maşgala gurduňyz. Mümkin, çagalaryňyz hem bardyr. Belki-de, köpräk wagyz etmek üçin ýaşaýşyňyzy sadalaşdyransyňyz. Bu hormatly işler jogapkärçiligi talap edýär. Ýew. 6:10).
Ýagdaýymyzyň üýtgemegi bilen ýygnakda etmeli işimiz hem artar ýa-da kemeler. Biziň ýaş ýa-da garry, saglygymyzyň gowy ýa-da ýaramazdygyna garamazdan, Ýehowa hemişe bizi gerekli gural hökmünde ulanar. Ýöne ol biziň paýhasly hem-de minnetdar bolmagymyzy isleýär (14. Pespällik islendik ýagdaýda borçlaryňy şatlyk bilen ýerine ýetirmäge nädip kömek edýär?
14 Isa her bir eden işinden şatlyk tapýardy, bizem onuň göreldesine eýerip bileris (Sül. tym. 8:30, 31). Pespäl adam ýygnakdaky ýumuşlaryny ýa-da borçlaryny höwes bilen ýerine ýetirýär. Ol has hormatly borçlara kowalaşmaýar ýa-da başgalaryň üstünligine göriplik etmeýär. Gaýtam, bar güýjüni häzirki edýän işine sarp edýär, sebäbi oňa Ýehowanyň ynanan ýumşy hökmünde garaýar. Şeýle-de Ýehowanyň başgalara beren borjuna hormat goýýar. Pespällik başgalara ýürekden hormat goýmaga we olary goldamaga ýardam edýär (Rim. 12:10).
PESPÄLLIK NÄMÄNI AŇLATMAÝAR?
15. Pespällik babatda Gedegondan näme öwrenip bileris?
15 Pespällik babatda Gedegon ajaýyp görelde görkezdi. Ýehowanyň perişdesi ýanyna gelende, ol pespällik bilen ýönekeý maşgaladandygyny aýdýar (Ser. 6:15). Ýehowanyň ýumşuny alanda, ol özünden näme talap edilýändigine gaty gowy düşünýärdi. Şol sebäpli ol görkezme üçin Ýehowa ýüz tutýar (Ser. 6:36—40). Gedegon mert we batyrgaý adamdy. Emma şonda-da ol seresaplyk bilen hereket edýär (Ser. 6:11, 27). Ol berlen tabşyryk üçin özüni ýokary tutmady. Gaýtam, ony ýerine ýetirensoň, öňküje işine dolandy (Ser. 8:22, 23, 29).
16, 17. Pespäl adam goşmaça ýumuşlary almaga nähili garar?
16 Pespäl bolmak hormatly ýa-da goşmaça ýumuşlary almaga ymtylmaly däldigini aňlatmaýar. Mukaddes Ýazgylarda biziň ählimize jogapkärli ýumuşlary almak maslahat berilýär (1 Tim. 4:13—15). Eýsem, bu ýerine ýetirýän ýumşumyzyň üýtgejekdigini görkezýärmi? Belki-de, üýtgemez. Biz Ýehowanyň kömegi bilen ruhy taýdan ösüp, häzirki ýumşumyzy gowy ýerine ýetirip bileris. Ýagşy işlerde ilerlemek üçin Ýehowanyň beren ukyplaryny kämilleşdirmegimizi dowam etmeli.
17 Täze ýumuş almazdan öň, pespäl adam ilki özünden näme talap edilýändigi barada oýlanar. Ol öz ýagdaýyna dogry baha bermäge çalşar. Meselem, köpräk ýumşy ýa-da jogapkärçiligi almak üçin, ol has wajyp işleri gözden salarmy? Täze borjy alsa, onuň häzirki edýän käbir işlerini başgalar ýerine ýetirmeli bolarmy? Eger ol şu soragyň hatda birine-de kanagatlanarly jogap berip bilmese, onda bu ýumuş ýerine ýetirip biljek başga birine tabşyrylsa gowy bolar. Doga edip, ýagdaýymyza dogry baha bersek, güýjümizden we mümkinçiligimizden artyk zady etjek bolmarys. Pespällik bize «ýok» diýmäge kömek eder.
18. a) Täze ýumuş tabşyrylanda, pespäl bolsak näme ederis? b) Pespäl adam barada Rimliler 12:3-de näme diýilýär?
18 Täze ýumuş alanymyzda, Gedegonyň mysalyny unutmalyň. Ol Ýehowanyň görkezmesi we ak patasy bolmasa, berlen ýumşy ýerine ýetirip bilmejekdigine düşünýärdi. Galyberse-de, bizden «Hudaýymyzyň öňünde kiçigöwünli gezmek» talap edilýär (Mika 6:8). Täze borç alanymyzda, hökman Ýehowa doga edip, onuň Sözi we guramasy arkaly aýdýan zatlary hakda oýlanmaly. Biz Ýehowanyň ygtybarly görkezmesine eýermek üçin garaýşymyzy üýtgetmäge taýyn bolmaly. Geliň, bizi ukybymyz däl-de, Ýehowanyň kiçigöwünliligi «ulaldandygyny» unutmalyň (Zeb. 18:35). Hudaýymyzyň öňünde kiçigöwünli gezsek, biz özümizi ýokary-da tutmarys, kembaha-da garamarys (Rimliler 12:3-i okaň).
19. Pespälligi ösdürmäge nähili sebäpler bar?
19 Pespäl adam Ýehowany şöhratlandyrýar, sebäbi ol muňa mynasyp. Ýehowa Ýaradyjy we Älem-jahanyň Hökümdary (Ylh. 4:11). Pespäl bolsak, Ýehowanyň guramasyndaky ornumyza kanagat edip, oňa mynasyp boljak bolarys. Şeýle-de özümizi ýerliksiz alyp barmarys we Ýehowanyň halkynyň agzybir bolmagyna ýardam ederis. Başgalary özümizden ýokary saýarys, seresap bolup, agyr günäleri etmekden gaça durarys. Görşümiz ýaly, Ýehowa halkynyň pespäl bolmagyny isleýär we pespälligi ösdürýän adamlary gymmat saýýar. Eýsem, başgalaryň erbet täsirine düşmän nädip pespäl bolup bileris? Bu hakda indiki makalada gürrüň ederis.