Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 19

Dogruçyl adam büdremez

Dogruçyl adam büdremez

«Kanunyňy söýýänler parahatlykda ýaşaýar, olary hiç zat büdretmez» (Zeb. 119:165).

122-NJI AÝDYM Berk hem tutanýerli boluň

MAZMUNY *

1, 2. Bir ýazyjy näme diýdi we makalada näme hakda gürrüň ederis?

ŞU GÜNLER millionlarça adamlar Isa pygambere iman edýäris diýýärler, emma onuň öwreden zatlary boýunça ýaşamaýarlar (2 Tim. 4:3, 4). Bir ýazyjy şeýle diýdi: «Aýdaly, şu günler Isa ýaly bir pygamber peýda bolýar we onuň öwredişi ýaly öwredýär. Siz oňa iman edersiňizmi ýa-da iki müň ýyl mundan öň ýaşan adamlar ýaly, onuň pygamberdigine şübhelenersiňiz? Elbetde, köpler şübhelense gerek».

2 I asyrdaky adamlar Isanyň aýdan habaryny diňlediler, gudratlaryna haýran galdylar, emma onuň pygamberdigine iman etmediler. Geçen makalada Isanyň pygamberdigine näme üçin şübhelenendikleriniň dört sebäbini bildik. Şu makalada munuň ýene dört sebäbine serederis. Şeýle-de şu günler Ýehowanyň Şaýatlarynyň aýdýan habaryny näme üçin diňlemeýändiklerini bileris we Ýehowa wepaly bolmaga nämäniň kömek etjekdigi hakda gürrüň ederis.

1) ISA ADAMLARY ALA TUTMAÝAR

Adamlar Isanyň salgytçylar we günäkärler bilen iýip-içendigi üçin iman etmediler. Şu günler adamlar Isa pygambere näme üçin iman etmeýärler? (3-nji abzasa serediň). *

3. Käbirleri Isanyň pygamberdigine näme üçin şübhelendiler?

3 Isa pygamber adamlary ala tutmaýardy. Ol baý, atly-abraýly adamlaryň öýüne myhmançylyga barýardy, garyp-gasarlar bilen mähirli gepleşýärdi we olaryň aladasyny edýärdi. Şeýle-de ol «günäkär» hasaplanýan adamlara-da ýagşylyk edýärdi. Şol sebäpli ulumsy adamlar Isanyň pygamberdigine şübhelenýärdiler. Olar Isanyň şägirtlerinden: «Siz näme üçin salgytçylar we günäkärler bilen iýip içýäňiz?» diýip soradylar. Isa olara: «Lukman sag adama däl, syrkawa gerek. Men hudaýhon adamlary däl-de, günäkärleri toba etdirmäge geldim» diýip jogap berdi (Luka 5:29—32).

4. Işaýanyň pygamberligine görä, ýehudylar nämä düşünmelidi?

4 Mukaddes Kitapda näme aýdylýar? Isa ýer ýüzüne gelmänkä, Işaýa pygamber adamlaryň oňa iman etmejekdigi hakda aýdypdy. Ol şeýle pygamberlik etdi: «Ony ýigrendiler, ondan gaçdylar... Adamlar ondan ýüzüni sowýardy. Ony ýigrendiler, biz ony adam sanynda görmedik» (Işa. 53:3). Pygamberlige görä, Isany «ýigrenip, ondan gaçmalydylar». I asyrdaky ýehudylar adamlaryň Isa iman etmejekdiklerine düşünmelidi.

5. Şu günler Isa iman edýän adamlara nähili garaýarlar?

5 Şu günler Isa iman edýän adamlara nähili garaýarlar? Dini ýolbaşçylar baý, atly-abraýly, akyldar adamlary güler ýüz bilen garşy alýarlar. Ýöne şeýle adamlar Hudaýyň kada-kanunlary boýunça ýaşamaýarlar. Dini ýolbaşçylar Ýehowanyň wepaly we ahlak taýdan arassa halkyny äsgermeýärler. Sebäbi olar baryna kaýyl bolup ýaşaýarlar, baýlyga kowalaşmaýarlar. Pawlus resul-da: «Hudaý... äsgerilmeýän adamlary saýlady» diýdi (1 Kor. 1:26—29). Ýehowa wepaly halkyny söýýär.

6. Isa Matta 11:25, 26-njy aýatlarda näme diýdi we biz onuň göreldesine nädip eýerip bileris?

6 Biz Ýehowanyň Şaýatlarynyň aýdýan habaryna şübhelenmez ýaly näme etmeli? (Matta 11:25, 26-njy aýatlary okaň). Hudaýyň halkyny äsgermezlik edýän adamlaryň täsirine düşmäň. Unutmaň, Ýehowa pesgöwünli adamlardan razydyr (Zeb. 138:6). Ýehowa dünýäniň hormat goýmaýan adamlary arkaly ägirt uly işleri edýär.

2) ISA DINI DÄP-DESSURLARY PAŞ EDÝÄR

7. Isa fariseýlere näme diýdi we olara nähili täsir etdi?

7 Isa pygamber fariseýleriň ikiýüzlüligini batyrgaýlyk bilen paş edýärdi. Meselem, Isa el ýuwmak däbini ene-ataň aladasyny etmekden hem wajyp hasaplaýan fariseýleri ýazgarýar (Mat. 15:1—11). Şägirtler Isanyň mertlik bilen aýdan sözlerine geň galan bolmaly. Olar: «Bilýäňmi, fariseýler aýdan sözleriňe gaty gördüler» diýdiler. Isa: «Gökdäki Atamyň ekmedik agajy köki bilen sogrulyp taşlanar. Olara üns bermäň, olar kör ýolbaşçylardyr. Eger kör köri idip ýol görkezse, ikisi-de çukura gaçar» diýdi (Mat. 15:12—14). Isa pygamber fariseýlerden gorkman hemişe hakykaty aýdýardy.

8. Isa dini däp-dessurlaryň Hudaýa ýaramaýandygyny nädip düşündirdi?

8 Isa pygamber dini däp-dessurlaryň Hudaýa ýaramaýandygyny açyk aýtdy. Ol heläkçilige eltýän ýoluň inlidigini, ondan köp adamlaryň ýöreýändigini düşündirdi. Emma ebedi ýaşaýşa eltýän ýoluň insizdigini, ondan ýöreýänleriň azdygyny aýtdy (Mat. 7:13, 14). Isa Hudaýa göz üçin gulluk edýän adamlary ýazgaryp, şeýle diýdi: «Ýalan pygamberlerden ägä boluň. Olar goýun derisine girip gelýändir, aslynda welin ýyrtyjy möjekdir. Olary miwesinden tanarsyňyz» (Mat. 7:15—20).

Adamlar Isanyň dini däp-dessurlary paş edendigi üçin iman etmediler. Şu günler adamlar Isa pygambere näme üçin iman etmeýärler? (9-njy abzasa serediň). *

9. Isa haýsy dini taglymatlary paş etdi?

9 Mukaddes Kitapda näme aýdylýar? Mukaddes Kitapda Isanyň Ýehowanyň «öýüne yhlasynyň... ot kimin ýanjakdygy» hakda pygamberlik ýazylan (Zeb. 69:9; Ýah. 2:14—17). Isa Hudaýa şeýle bir wepalydy welin, ýalan dini taglymatlary we däp-dessurlary batyrgaýlyk bilen paş etdi. Meselem, fariseýler adam ölensoň, ruhunyň ýaşaýandygyna ynanýardy. Ýöne Isa ölümi uky bilen deňeşdirdi (Ýah. 11:11). Saddukeýler direlişe ynanmaýardy. Isa bolsa dosty Lazary direltdi (Ýah. 11:43, 44; Res. 23:8). Fariseýler «Hudaýsyz çöp başy gymyldamaz» diýip öwredýärdi. Isa bolsa adamlaryň erkin ýaradylandygyny we Hudaýa gulluk etmegi her kimiň özüniň çözýändigini aýtdy (Mat. 11:28).

10. Adamlar biziň aýdýan habarymyzy näme üçin diňlemeýärler?

10 Şu günler Isa iman edýän adamlara nähili garaýarlar? Adamlar biziň aýdýan habarymyzy diňlemeýärler. Sebäbi biz Mukaddes Kitap arkaly ýalan dini taglymatlary we däp-dessurlary paş edýäris. Dini ýolbaşçylar Allanyň günäli adamlary dowzah odunda gynaýandygyny aýdýarlar. Ýalan dini düşünjelere ynanýan adamlar bütin ömrüne gorkuda ýaşaýarlar. Söýgüden doly Ýehowa gulluk edýän adamlar ýalan taglymatlara ynanmaýarlar. Olar akýürekli adamlara hakykaty gürrüň berýärler. Dini ýolbaşçylar adam ölensoň, ruhy ýaşaýar diýýärler. Eger olaryň aýdýany dogry bolsa, Ýehowa Mukaddes Kitapda ölen adamlaryň direljekdigi hakda ýazdyrmazdy. Biz ýalan taglymatlary Mukaddes Kitap arkaly paş edýäris. Şeýle-de dini ýolbaşçylar «Allanyň ýazanyna kaýyl bolmaly» diýip öwredýärler. Biz bolsa adamlaryň erkin ýaradylandygyny we Hudaýa gulluk etmegi her kimiň özüniň çözýändigini aýdýarys. Şol sebäpli biziň aýdýan habarymyza dini ýolbaşçylaryň gahary gelýär.

11. Ýahýa 8:45—47-nji aýatlara görä, Hudaý halkynyň näme etmegini isleýär?

11 Biz Ýehowanyň Şaýatlarynyň aýdýan habaryna şübhelenmez ýaly näme etmeli? Eger biz hakykaty söýsek, Ýehowanyň aýdýanlaryna gulak asarys (Ýahýa 8:45—47-nji aýatlary okaň). Şeýtan hemişe ýalan sözleýär. Biz bolsa hemişe hakykaty aýdýarys. Biz hiç haçan imandan dänmeris (Ýah. 8:44). Hudaý halkynyň «erbetligi ýigrenip, ýagşylyga ýapyşmagyny» we Isa pygamberden görelde almagyny isleýär (Rim. 12:9; Ýew. 1:9).

3) ISANY YZARLAÝARLAR

Adamlar Isanyň pürse çüýlenip öldürilendigi üçin iman etmediler. Şu günler adamlar Isa pygambere näme üçin iman etmeýärler? (12-nji abzasa serediň). *

12. Ýehudylar näme üçin Isanyň pürse çüýlenip öldürilendigine büdrediler?

12 I asyrda ýehudylar Isanyň pygamberdigine ýene haýsy sebäbe görä ynanmadylar? Pawlus resul şeýle diýdi: «Biz bolsa pürse çüýlenen Mesih hakda wagyz edýäris. Ol habara ýehudylar büdredi» (1 Kor. 1:23). Ýehudylar näme üçin Isanyň pürse çüýlenip öldürilendigine büdrediler? Sebäbi günäkärleri we jenaýatçylary pürse çüýläp öldürýärdiler. Şol sebäpli ýehudylar Isanyň pygamberdigine iman etmediler (5 Mus. 21:22, 23).

13. Isanyň pygamberdigine şübhelenen ýehudylar nämä ynanyp bilmediler?

13 Ýehudylar Isanyň bigünädigine ynanmadylar. Olar Isa töhmet atyp, adalatsyzlyk etdiler. Adalatly höküm çykarmaly adamlaryň özleri kanuny bozdular. Mejlisiň agzalary Isa hakda hiç hili derňew geçirmän, bir gijäniň içinde ýygnanyşyp, derrew karara geldiler (Luka 22:54; Ýah. 18:24). Olar Isa atylan töhmetiň hakmy ýa-da nähakdygyny anyklajak hem bolmadylar, gaýtam oňa ölüm jezasyny bermek üçin «ýalan şaýatlyk etjek adamlary gözlediler». Emma olaryň maksady başa barmady. Şonda baş ruhany Isany sözünde tutmak üçin sorag berdi, ýöne bu-da kanuna laýyk däldi (Mat. 26:59; Mar. 14:55—64). Adalatsyz kazylar munuň bilen çäklenmediler. Isa ölümden direlensoň, olar mazary garawullaýan Rim esgerlerine «köp kümüş teňňe berdiler» we Isanyň jesedini şägirtleri ogurladylar diýen ýalan gürrüňi ýaýratdylar (Mat. 28:11—15).

14. Mukaddes Kitapda gelmeli pygamberiň ölümi hakda näme aýdylýar?

14 Mukaddes Kitapda näme aýdylýar? I asyrda ýaşan ýehudylar gelmeli pygamber öldüriler öýtmediler. Ýöne olar Mukaddes Kitaby ünsli okan bolsadylar, Isanyň jenaýatçy hökmünde öldüriljekdigini bilerdiler. Mukaddes Kitapda: «Ol janyny gurban etdi, jenaýatçylar bilen deň görüldi. Köp adamlaryň günäsini öz boýnuna aldy. Jenaýatçylar üçin töwellaçy boldy» diýen pygamberlik ýazylan (Işa. 53:12).

15. Adamlar näme üçin Ýehowanyň Şaýatlarynyň habaryny diňlemeýärler?

15 Şu günler Isa iman edýän adamlara nähili garaýarlar? I asyrda Isa pygambere adalatsyzlyk bilen höküm çykardylar. Şu günler hem Ýehowanyň Şaýatlaryna adalatsyzlyk edýärler. Geliň, käbir mysallara seredeliň. 1930—1950-nji ýyllar aralygynda ABŞ-da Ýehowanyň Şaýatlarynyň işine birnäçe sapar kazyýetde seretdiler. Kazylaryň käbiri göz-görtele adalatsyzlyk etdiler. Kanadanyň Kwebek welaýatynda dini ýolbaşçylar bilen döwlet işgärleri bileleşip, Ýehowanyň Şaýatlarynyň wagyz işini togtatjak boldular. Goňşularyna Hudaýyň Patyşalygy hakda wagyz edendikleri üçin dogan-uýalary türmä basdylar. Germaniýada faşistler Hudaýa wepaly ýaş doganlary zalymlyk bilen öldürdiler. Soňky ýyllarda Russiýada Mukaddes Kitap esasynda söhbetdeşlik eden dogan-uýalary jenaýat jogapkärçiligine çekdiler, türmä basdylar. Russiýada Mukaddes Kitap esasynda gürrüň etmek hem «dini ekstremizm», ýagny döwlete garşy gitmek hasaplanýar. Hatda rus dilindäki «Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesi» hem gadagan edildi, sebäbi onda hak Hudaý Ýehowanyň ady bar.

16. 1 Ýahýa 4:1-e görä, näme üçin Ýehowanyň Şaýatlary hakdaky gep-gürrüňleri diňlemeli däl?

16 Biz Ýehowanyň Şaýatlarynyň aýdýan habaryna şübhelenmez ýaly näme etmeli? «Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen» diýlişi ýaly, olary gowy tanaň. Isa şägirtlerine «ýalan we erbet sözleriň» aýdyljakdygyny pygamberlik edipdi (Mat. 5:11). Şeýtan ýalan gep-gürrüňleri Hudaýyň halkynyň duşmanlary arkaly ýaýradýar (Ylh. 12:9, 10). Biz Ýehowanyň Şaýatlary hakda aýdylýan gep-gürrüňleri diňlemeli däl. Gep-gürrüňlerden gorkup, Hudaýa bolan imanymyzy gowşatmaly däl (1 Ýahýa 4:1-i okaň).

4) ISA DÖNÜKLIK EDÝÄRLER

Adamlar Isanyň dostunyň dönüklik edendigi üçin iman etmediler. Şu günler adamlar Isa pygambere näme üçin iman etmeýärler? (17, 18-nji abzaslara serediň). *

17. Käbir adamlar Isanyň pygamberdigine näme üçin şübhelendiler?

17 Isa pygamberiň ölüminiň öň ýanyndaky gijesi 12 resulynyň biri dönüklik etdi. Resullaryň ýene biri Isadan üç gezek ýüz öwürdi, beýlekileri bolsa gaçyp gitdiler (Mat. 26:14—16, 47, 56, 75). Isa muňa geň galmaýar, sebäbi şeýle boljakdygy pygamberlik edilipdi (Ýah. 6:64; 13:21, 26, 38; 16:32). Resullaryň halypasyndan ýüz öwrendigini gören adamlar, Isanyň pygamberdigine şübhelenen bolmaly. Olar: «Eger resullary Isadan ýüz öwren bolsa, menem onuň yzyna eýerjek däl» diýendirler.

18. Isanyň ölüminiň öň ýanynda haýsy pygamberlikler ýerine ýetdi?

18 Mukaddes Kitapda näme aýdylýar? Isanyň ýere gelmezinden birnäçe asyr öň, Ýehowa gelmeli pygamberiň 30 kümüş teňňä satyljakdygyny Mukaddes Kitaba ýazdyrdy (Zek. 11:12, 13). Pygamberlige görä, oňa dosty dönüklik etmelidi (Zeb. 41:9). Zekerýa pygamber: «Çopany öldür, süri dargasyn» diýip, öňünden aýdypdy (Zek. 13:7). Şol sebäpli adamlar Isanyň pygamberdigine şübhelenmeli däldiler. Olar pygamberlikleriň ýerine ýetýändigini görüp, Isa iman etmelidiler.

19. Akýürekli adamlar nämä düşünýärler?

19 Şu günler Isa iman edýän adamlara nähili garaýarlar? Şu günler Ýehowanyň Şaýatlarynyň käbiri hakykat ýolundan sowlup, imandan dändiler. Olar dogan-uýalary hem öz yzlaryna eýertjek bolýarlar. Şeýle-de täzelikler, habarlar we internet arkaly hakykaty ýoýup, Ýehowanyň Şaýatlary hakda ýalan-ýaşryk gürrüňleri ýaýradýarlar. Akýürekli adamlar ýalan gürrüňlere ynanmaýarlar. Olar şeýle adamlaryň boljakdygy hakda aýdylan pygamberlikleriň ýerine ýetýändigine düşünýärler (Mat. 24:24; 2 Pet. 2:18—22).

20. Imandan dänenleriň duzagyna düşmez ýaly näme etmeli? (2 Timoteos 4:4, 5).

20 Biz Ýehowanyň Şaýatlarynyň aýdýan habaryna şübhelenmez ýaly näme etmeli? Biz Mukaddes Kitaby her gün okamaly, şahsy we maşgala okuwyny geçirmeli, hemişe doga etmeli, Ýehowanyň tabşyran işini yhlasly ýerine ýetirmeli, şonda imanymyz berk bolar (2 Timoteos 4:4, 5-nji aýatlary okaň). Eger imanymyz berk bolsa, ýalan gep-gürrüňleri eşidenimizde howsala düşmeris (Işa. 28:16). Ýehowany, onuň Sözüni we dogan-uýalary ýürekden söýsek, imandan dänenleriň duzagyna düşmeris.

21. Adamlar bizi diňlemese-de nämä ynamly bolup bileris?

21 I asyrda köp adamlar Isanyň pygamberdigine şübhelense-de, oňa iman eden adamlar hem az däldi. Olaryň arasynda Mejlisiň agzasy Ýusup we «köp ruhanylar» hem bardy (Res. 6:7; Mat. 27:57—60; Mar. 15:43). Şu günler hem millionlarça adamlar Isa pygambere ýürekden iman edýärler. Olar Hudaýyň Sözüni okaýarlar we kada-kanunlaryny berjaý edýärler. Hudaýyň Sözünde: «Kanunyňy söýýänler parahatlykda ýaşaýar, olary hiç zat büdretmez» diýilýär (Zeb. 119:165).

124-NJI AÝDYM Hemişe wepaly bolalyň

^ par. 5 Geçen makalada I asyrdaky adamlaryň Isa pygambere iman etmändikleriniň dört sebäbini bildik. Şeýle-de şu günler Ýehowanyň Şaýatlarynyň aýdýan habaryny näme üçin diňlemeýändikleri hakda gürrüň etdik. Şu makalada munuň ýene dört sebäbine serederis. Şeýle-de akýürekli adamlaryň Ýehowany söýüp, Oňa hemişe wepaly bolýandyklary hakda gürrüň ederis.

^ par. 60 SURATLAR: Isa Mattanyň öýünde salgytçylar bilen iýip içýär.

^ par. 62 SURATLAR: Isa satyjylary ybadathanadan kowýar.

^ par. 64 SURATLAR: Isa jebir pürsüni göterdýärler.

^ par. 66 SURATLAR: Iuda Isany ogşap dönüklik edýär.