Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 24

«Bütin kalbym bilen adyňdan gorkaýyn»

«Bütin kalbym bilen adyňdan gorkaýyn»

«Bütin kalbym bilen adyňdan gorkaýyn. Ýehowa Hudaýym, bütin ýüregim bilen öwgi aýdaýyn» (Zeb. 86:11, 12, çykgyt).

7-NJI AÝDYM Ýehowa güýç berýär

MAZMUNY *

1. Hudaýdan gorkmak nämäni aňladýar we näme üçin Hudaýy söýýän adamlar ondan gorkmaly?

MESIHÇILER Allany söýýärler we ondan gorkýarlar. Käbirleri birini söýüp, şol bir wagtyň özünde ondan nädip gorkup bolar diýmegi mümkin. Ýöne biz sandyrap gorkmak barada gürrüň etmeýäris. Şu makalada gorkynyň aýratyn bir görnüşi hakda gürrüň ederis. Şeýle gorkusy bolan adamlar Hudaýa çuňňur hormat goýýarlar. Olar gökdäki Atasy bilen dostlugyny gymmat saýýandyklary üçin ony gynandyrmak islemeýärler (Zeb. 111:10; Nak. 8:13).

2. Zebur 86:11-e esaslanyp näme hakda gürrüň ederis?

2 Zebur 86:11-i okaň. Şu aýatlardan wepaly Dawut patyşanyň Hudaýdan gorkmagy wajyp hasaplandygyny görse bolýar. Geliň, Dawudyň dogasynda aýdan sözlerine nädip eýerip biljekdigimizi bileliň. Ilki bilen Hudaýyň adyndan näme üçin gorkmalydygymyzy bileris. Soňra bolsa Hudaýyň adyndan gorkýandygymyzy gündelik durmuşymyzda nädip görkezip biljekdigimize serederis.

ÝEHOWANYŇ ADYNDAN NÄME ÜÇIN GORKMALY?

3. Hudaýyň adyndan gorkup ýaşamaga Musa pygambere haýsy waka kömek etdi?

3 Musa Horep dagynda görnüşde Ýehowanyň şöhratyny görýär. Şonda Musanyň özüni nähili duýandygyny göz özüne getiriň! Isa Mesih ýer ýüzüne gelmänkä, hiç bir ynsan şeýle täsin wakany başdan geçirip gören däldir! Musa şonda şeýle sözleri eşitdi: «Ýehowa, Ýehowa rehimdar, mähirli, giň göwünli, wepaly söýgä baý, sözünde durýan, müňlerçe adama wepaly söýgüsini bildirýän, etmişi, ýazygy we günäni bagyşlaýan Hudaýdyr» (2 Mus. 33:17—23; 34:5—7). Bu sözleri belki-de, perişde aýdandyr. Soň-soňlaram Musa pygamber Ýehowanyň adyny tutanda şol wakany ýatlandyr. Şonuň üçin hem ol ysraýyl halkyna «Hudaýyň şöhratly we beýik adyndan gorkmagyň» wajypdygyny aýdypdy (5 Mus. 28:58).

4. Ýehowa çuňňur hormat goýmaga näme kömek eder?

4 Ýehowanyň ady hakda oýlananymyzda, onuň nähili Hudaýdygy barada hem pikirlenmeli. Onuň güýji, akyldarlygy, adalatlylygy we söýgüsi barada oýlanmaly. Hudaýyň şu we beýleki häsiýetleri barada oýlansak, oňa çuňňur hormat goýarys (Zeb. 77:11—15).

5, 6. a) Hudaýyň adynyň manysy näme? b) 2 Musa 3:13, 14 we Işaýa 64:8-nji aýatlara görä, Ýehowa niýetini nädip amala aşyrýar?

5 Hudaýyň adynyň manysy barada näme bilýäris? Köp alymlaryň aýtmagyna görä, Ýehowa diýen at «Boldurýar» diýmegi aňladýar. Hudaýyň adynyň manysy niýetini amala aşyrmaga Ýehowa hiç zadyň päsgel bermeýändigini we onuň üçin ähli zadyň mümkindigini ýatladýar. Näme üçin?

6 Ýehowa niýetini amala aşyrmak üçin kim bolaýyn diýse bolup bilýär (2 Musa 3:13, 14-nji aýatlary okaň). Köplenç edebiýatlarymyzda Hudaýyň şu aýratynlygy barada oýlanmalydygymyz aýdylýar. Şeýle-de Ýehowa niýetini amala aşyrmak üçin bikämil gullukçylaryny kim edeýin diýse edip bilýär (Işaýa 64:8-i okaň). Ýehowa islegini şu ýollar arkaly amala aşyrýar. Hudaýa niýetini ýerine ýetirmäge hiç zat päsgel berip bilmez (Işa. 46:10, 11).

7. Gökdäki Atamyza bolan minnetdarlygymyzy nädip artdyryp bileris?

7 Gökdäki Atamyzyň eden işleri we biz arkaly edýän işleri hakda oýlansak oňa bolan minnetdarlygymyz artar. Meselem, biz Ýehowanyň ýaradan zatlary barada oýlansak, onuň şeýle köp işleri edendigini görüp haýran galarys (Zeb. 8:3, 4). Şeýle-de Ýehowanyň biz arkaly öz niýetini amala aşyrýandygy hakda oýlananymyzda, oňa bolan hormatymyz artýar. Dogrudanam, Allanyň ady deňsiz-taýsyz. Hudaýyň ady gökdäki Atamyzyň häsiýetlerini, şu günlere çenli eden işlerini we gelejekde etjek işlerini öz içine alýar (Zeb. 89:7, 8).

«ÝEHOWANYŇ ADYNY YGLAN EDERIN»

Musa pygamberiň sözleri ysraýyl halkyny ruhlandyrdy. Ol Ýehowanyň ady we häsiýetleri hakda öwretdi (8-nji abzasa serediň) *

8. 5 Musa 32:2, 3-nji aýatlara görä, Ýehowanyň adyna nähili garamaly?

8 Ysraýyllar Wada edilen ýurda girjek bolup durdular. Şonda Ýehowa Musa pygambere bir aýdym öwretdi (5 Mus. 31:19). Musa hem şol aýdymy halka öwretmelidi (5 Musa 32:2, 3-nji aýatlary okaň). Şu aýatlardan görnüşi ýaly Ýehowa öz adynyň gizlin saklanmagyny we adyny şeýle mukaddes hasaplap, ony tutmakdan gorkmaklaryny islemeýär. Ýehowa adyny hemmeleriň bilmegini isleýär. Ysraýyllar Musa pygamberiň Ýehowa we onuň ady hakda aýdan sözlerini eşidip örän begenendir! Musanyň sözleri gök otlara ýagan ýagyş deý ysraýyl halkyny ruhlandyrdy we berkitdi. Adamlara wagyz edenimizde Musanyň göreldesine nädip eýerip bileris?

9. Ýehowanyň adynyň aklanmagyna nädip goşant goşup bileris?

9 Biz köpçülik ýerlerinde ýa-da öýden-öýe wagyz edenimizde adamlara Mukaddes Kitapdan Hudaýyň Ýehowa adyny görkezip bileris. Şeýle-de olara owadan suratly edebiýatlarymyzy, gyzykly wideolarymyzy we saýtymyzdan peýdaly maslahatlary görkezip bileris. Şonda biz Ýehowany şöhratlandyrarys. Mekdepde, işde ýa-da dynç alşa gidenimizde adamlara mähriban Hudaýymyz we onuň ajaýyp häsiýetleri barada gürrüň bermäge jan etmeli. Adamlara Ýehowanyň adamzat we ýer ýüzi babatdaky ajaýyp niýetini aýtsak, olar ömründe ilkinji gezek Ýehowanyň her birimizi güýçli söýýändigine düşüner. Söýgüden doly Atamyz hakda hakykaty wagyz etsek, onuň adynyň aklanmagyna goşant goşarys. Adamlaryň Hudaý hakda bilýän zatlarynyň ýalandygyna düşünmäge kömek ederis hem-de Mukaddes Kitapdan iň gowy we peýdaly bilimi teklip ederis (Işa. 65:13, 14).

10. Biz okuw geçýän adamlarymyza näme üçin Hudaýyň kanunlaryny öwretmek bilen çäklenmeli däl?

10 Biz Mukaddes Kitapdan okuw geçenimizde, adamlaryň Ýehowanyň adyny bilmeklerini we tutmaklaryny isleýäris. Şeýle-de şol ady göterýän şahsyýeti, ýagny Ýehowa Hudaýy ýakyndan tanamaklaryny isleýäris. Eger adamlara diňe Mukaddes Kitapdaky kanunlary, düzgünleri we görkezmeleri öwretsek maksadymyza ýetip bilerismi? Okuw geçýän adam Hudaýyň kanunlaryny öwrenmegi, hatda olaryň peýdalydygy bilen razylaşmagy hem mümkin. Ýöne ol Ýehowany ýürekden söýýändigi üçin gulak asarmy? How ene Hudaýyň kanunyny bilýärdi, ýöne kanuny beren Hudaýy ýürekden söýmeýärdi. Adam ata hakda hem şeýle diýse bolar (1 Mus. 3:1—6). Şol sebäpli adamlara Hudaýyň kanunlaryny we düzgünlerini öwretmek bilen çäklenmeli däl.

11. Mukaddes Kitapdan okuw geçýän adama diňe bir kanunlary däl, Hudaýy söýmäge nädip kömek edip bileris?

11 Ýehowanyň tabşyryklary we kanunlary bize hemişe peýda berýär (Zeb. 119:97, 111, 112). Ýöne Mukaddes Kitapdan okuw geçýän adam muňa birbada düşünmezligi mümkin. Şol sebäpli oňa Ýehowanyň bizi söýýändigi üçin şeýle kanunlary berendigini düşündirmeli. Oňa şeýle soraglary berip bileris: «Näme üçin Ýehowa şuny etmegi tabşyrdy ýa-da gadagan etdi? Şu tabşyrykdan Ýehowa barada näme bilýäris?» Eger biz Mukaddes Kitapdan okuw geçýän adama Ýehowa hakda oýlanmaga we şöhratly adyna hormat goýmaga kömek etsek, onuň ýüregine täsir edip bileris. Şonda ol diňe bir Mukaddes Kitapdaky kanunlary däl-de, şolary beren Hudaýy söýer (Zeb. 119:68). Onuň imany gün-günden berkär we agyr synaglarda hem wepaly bolup biler (1 Kor. 3:12—15).

«HUDAÝYMYZ ÝEHOWANYŇ ADY BILEN ÝÖRÄRIS»

Dawut ýüreginiň bölünmegine ýol berdi (12-nji abzasa serediň)

12. Dawut ýüreginiň bölünmegine nädip ýol berdi we netijesi nähili boldy?

12 Zebur 86:11-däki «bütin kalbym bilen» diýen jümläniň çuň manysy bar. Dawut patyşa şu sözleri Hudaýyň ylhamy bilen ýazypdy. Ol ynsan ýüreginiň aňsatlyk bilen ikä bölünip bilýändigine öz durmuşynda göz ýetirdi. Bir gün Dawut öýüniň üçeginde aýlanyp ýörkä, bir gelniň suwa düşüp durandygyny görýär. Şol wagt Dawudyň ýüregi bütewidimi ýa-da bölünipdi? Ol Ýehowanyň: «Biriniň... aýalyna... göz gyzdyrma» diýip tabşyrandygyny bilýärdi (2 Mus. 20:17). Ýöne Dawut gözüni aýyrman, seredip duran bolmaly. Şonda onuň ýüregi ikä bölündi, ýüreginiň ýarysy Batşebany almak isledi, galan ýarysy bolsa, Ýehowany begendirmek isledi. Dawut Ýehowany söýse-de, ondan gorksa-da, erbet höwesiniň ýesiri boldy. Şeýdip, ol günä etdi. Dawut Ýehowanyň adyna ysnat getirdi we bigünä adamlara, şol sanda öz maşgalasyna köp zyýan ýetirdi (2 Şam. 11:1—5, 14—17; 12:7—12).

13. Dawudyň Ýehowa «bütin ýüregi bilen» gulluk edendigini nireden bilýäris?

13 Ýehowa Dawuda temmi berdi, ýöne Dawut soňra dostlugyny dikeldip bildi (2 Şam. 12:13; Zeb. 51:2—4, 17). Dawut ýüreginiň ikä bölünmegine ýol berendigi üçin köp ejir çekdi we eden işi ömürboýy sapak boldy. Zebur 86:11-däki Dawudyň sözlerini: «Maňa bölünmedik ýürek ber» diýip terjime etse-de bolýar. Ýehowa Dawuda ýüregini bölmän, bütewi saklamaga kömek etdimi? Elbetde, sebäbi Mukaddes Kitapda Dawudyň Ýehowa «bütin ýüregi bilen» gulluk edendigi aýdylýar (1 Pat. 11:4; 15:3).

14. Özümize nähili sorag bermeli we näme üçin?

14 Dawut bilen bolan waka bizi ruhlandyrýar we oýlandyrýar. Hudaýyň häzirki gullukçylary Dawudyň eden günäsinden sapak edinmeli. Biz Ýehowa ýaňy gulluk edip başlan bolsak-da ýa-da köp ýyldan bäri gulluk edýän bolsak-da özümize şu soragy bermeli: «Şeýtanyň ýüregimi bölmek üçin edýän hüjümlerine garşy durýarynmy?»

Şeýtan ýüregiňizi bölmek üçin elinde baryny edýär. Şeýtana ýol bermäň! (15, 16-njy abzaslara serediň) *

15. Azgyn höwesleri oýarýan suratlara gözümiz düşende Hudaýdan gorky bizi nädip gorar?

15 Meselem, telewizorda ýa-da Internetde azgyn höwesleri oýarýan suratlara gözümiz düşse näme ederis? Belki, pornografiýa göremok diýip, özümizi aklamagymyz mümkin. Ýöne Şeýtan şu ýagdaýdan peýdalanyp ýüregimizi bölmek üçin hüjüm edýän bolmagy mümkin (2 Kor. 2:11). Şol suratlary ussanyň töňňäni bölmek üçin ulanýan paltasyna meňzetse bolar. Ussa paltany birinji gezek uranda töňňe bölünmän biler, ýöne ol gaýta-gaýta ursa, töňňe bölüner. Edil şonuň ýaly azgyn höwesleri oýarýan suratlaryň erbet täsiri birbada görünmän biler. Ýöne wagtyň geçmegi bilen adam günä edip, ýüreginiň bölünmegine ýol berip biler. Şonuň üçin ýüregiňizde erbet pikirleriň döremegine ýol bermäň! Bütin kalbyňyz bilen Ýehowanyň adyndan gorkmak üçin jan ediň.

16. Synaga düşenimizde özümize nähili soraglary bermeli?

16 Şeýtan bizi synaga salmak üçin diňe azgyn höwesleri oýarýan suratlary däl-de, başga usullary hem ulanýar. Şeýle synaga düşsek näme ederis? Elbetde, özüňi aklamak üçin birnäçe bahana tapsa bolar. Meselem: «Edýän işim agyr günä däl, meni ýygnak gatnaşygyndan kesmezler» diýmegimiz mümkin. Ýöne beýle pikir etmek örän nädogry. Özümize şu soraglary bersek gowy bolar: «Belki, Şeýtan meniň ýüregimi böljek bolýandyr. Eger men erbet pikirlere ýol bersem Ýehowanyň adyna ysnat getirmerinmi? Şu etjek işim Ýehowa bilen dostlugymy berkidermi ýa-da zyýan ýetirer?» Şular hakda oýlanyň. Özüňizi aklaman, soraglara dogry jogap berer ýaly Ýehowa doga edip akyldarlyk soraň (Ýak. 1:5). Muny etmek size gorag bolar we synaga düşeniňizde berk durup, Isa ýaly: «Ýanymdan aýryl, Şeýtan!» diýip bilersiňiz (Mat. 4:10).

17. Näme üçin bölünen ýüregiň bahasy bolmaýar? Mysal getiriň.

17 Bölünen ýüregiň hiç hili bahasy bolmaýar. Göz öňüne getiriň, sport toparynyň agzalary biri-biri bilen oňuşmaýarlar. Käbir oýunçylar bar şöhraty özüne almak isleýärler. Käbirleri bolsa, oýnuň düzgünlerini berjaý etmeýärler. Başgalary bolsa, tälimçini ýaňsylap, üstünden gülýärler. Şeýle topar ýeňiş gazanyp bilmese gerek. Munuň tersine, topar agzybir bolsa köp üstünlik gazanyp biler. Siz ýüregiňiziň agzybir topar ýaly bolmagyny isleseňiz bar pikiriňiz, islegiňiz we duýgularyňyz bilen Ýehowa gulluk ediň. Şeýtanyň ýüregiňizi bölmek isleýändigini unutmaň. Ol siziň Ýehowanyň kanunlaryna däl-de, öz pikiriňize, islegiňize we duýgularyňyza eýermegiňizi isleýär. Ýöne Ýehowa bölünmedik ýürek bilen gulluk etmeli (Mat. 22:36—38). Şonuň üçin Şeýtana ýüregiňizi bölmäge hiç haçan ýol bermäň!

18. Mikaý 4:5-e görä, näme etmegi ýüregiňize düwdüňiz?

18 Dawut ýaly Ýehowa şeýle doga ediň: «Bütin kalbym bilen adyňdan gorkaýyn». Eden dogaňyza görä ýaşamak üçin jan ediň. Uly bolsun, kiçi bolsun, her gün gelýän kararlaryňyzdan Ýehowanyň mukaddes adyna çuňňur hormat goýýandygyňyz görünsin. Şonda Ýehowanyň Şaýatlary hökmünde onuň adyny şöhratlandyrarys (Nak. 27:11). Biziň ählimiz Mikaý pygamberiň aýdan şu sözlerine goşularys: «Biz bolsa elmydama we ebedilik Hudaýymyz Ýehowanyň ady bilen ýöräris» (Mik. 4:5).

41-NJI AÝDYM Dilegimi eşit

^ par. 5 Şu makalada Zebur 86:11, 12-nji aýatlardaky Dawut pygamberiň dogasynda aýdan sözlerine serederis. Ýehowanyň adyndan gorkmak nämäni aňladýar? Hudaýyň beýik adyndan näme üçin gorkmaly? Hudaýdan gorky synaga düşenimizde nädip gorar?

^ par. 53 SURAT: Musa ysraýyl halkyna Ýehowany şöhratlandyrýan aýdym öwredýär.

^ par. 57 SURAT: How ene erbet höwesine ýol berdi. Ýöne biz ondan görelde almak islemeýäris. Şonuň üçin azgyn höwesleri oýarýan zatlary görmeýäris we okamaýarys. Sebäbi Hudaýyň adyna ysnat getirmek islemeýäris.