Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Şuny bilýäňizmi?

Şuny bilýäňizmi?

Iýerusalimiň ybadathanasynda mallary satýan söwdagärlere «garakçylar» diýilmegi dogrumydy?

MATTANYŇ hoş habarynda şeýle diýilýär: «Isa ybadathana girip, ol ýerdäki ähli satyjylary we alyjylary kowup çykardy. Pul çalyşýanlaryň stollaryny we kepderi satýanlaryň oturgyçlaryny agdardy. Isa olara: «Ýazgylarda: „Meniň öýüm doga edilýän ýer bolar“ diýip ýazylgy. Siz bolsa ony garakçylaryň mekanyna öwürdiňiz» diýdi (Mat. 21:12, 13).

Ýehudylaryň taryhy maglumatyna görä, söwdagärler ybadathanada harytlaryny ýokary bahadan satýardylar. Meselem, gadymy ýehudylaryň kitabynda I asyrda gurbanlyk berilýän iki kepderiniň bahasynyň bir altyn dinara çenli galandygy habar berilýär. Bu ýönekeý işçiniň 25 günlük iş hakyna deňdi. Adatça, kepderileri ýa-da gumrulary garyp adamlar gurbanlyk getirýärdi; indi bolsa bu guşlary satyn almaga olaryňam ýagdaýy ýetmeýärdi (Lew. 1:14; 5:7; 12:6—8). Ýehudylaryň Simun ben Gamaliýel atly dini ýolbaşçysy gurbanlyk berilýän mallaryň bahasynyň galmagyny jenaýat işi hasaplap, olaryň aşak düşürilmegini talap etdi. Netijede, iki kepderiniň bahasy dessine 100 göterim aşak düşdi.

Görşümiz ýaly, Isanyň ybadathanada açgöz söwdagärlere edýän haram gazançlary üçin «garakçylar» diýip atlandyrmagy ýerlikli.