Okyjylaryň sowallary
1 Korinfliler 15:29-a görä, käbir mesihçiler ölen adamlar üçin suwa çümdürildimi?
Ýok! Muny Mukaddes Kitap hem, taryhy wakalar hem tassyklamaýar.
Mukaddes Kitabyň käbir terjimelerinde mesihçileriň ölen adamlar üçin suwa çümdürilendigi aýdylýar. Meselem, Araz Parwişiň terjimesinde: «Ölüler asla direlmeýän bolsa, onda nämä olar üçin çokundyrylýarlar» diýilýär.
Geliň, Mukaddes Kitaby öwrenýän iki alymyň aýdanlaryna üns bereliň. Alym Gregori Lukwudyň aýtmagyna görä, ölen adamlar üçin suwa çümdürilmek taglymatynyň dogrudygyny Mukaddes Kitap hem, taryhy wakalar hem tassyklamaýar. Şu barada alym Gordon Feý hem şeýle diýýär: «Taryhy wakalar ýa-da Mukaddes Kitap ölen adamlar üçin suwa çümdürilmek däbiniň bolmandygyny subut edýär. Injiliň asyl nusgasynda hem ölen adamlar üçin suwa çümdürilmelidigi hakda hiç zat aýdylmaýar. Şeýle däp-dessury I asyrdaky mesihçiler hem, resullar ölenden soň dörän ýalan mesihçiler hem ýerine ýetirmändirler».
Aslynda, Isa pygamber şägirtlerine şeýle tabşyryk berdi: «Ähli halklardan şägirt taýýarlaň. Olary... suwa çümdüriň. Olara ähli tabşyryklarymy berjaý etmegi öwrediň» (Mat. 28:19, 20). Adam suwa çümdürilmek üçin Ýehowa Hudaýa, Ogly Isa Mesihe iman etmeli we olara gulak asmaly, suwa çümdürilmegiň näme aňladýandygyna düşünmeli. Ölüm ukusynda ýatan adam şu tabşyryklary berjaý edip bilmeýär, suwa-da çümdürilip bilmeýär, hatda olar üçin diri adamlar hem suwa çümdürilip bilmeýär (Nes. 9:5, 10; Ýah. 4:1; 1 Kor. 1:14—16).
Onda Pawlus nämäni göz öňünde tutdy?
Korinfde ýaşaýan mesihçileriň käbiri direlişiň boljakdygyna ynanmaýardy (1 Kor. 15:12). Pawlus olaryň garaýşynyň nädogrudygyny aýtdy. Pawlus köp kynçylyklara döz gelmelidigine, aradan çykansoň göge galmalydygyna we Isa Mesihiň ýanynda boljakdygyna ýürekden ynanýardy (1 Kor. 15:30—32, 42—44).
Şonuň ýaly Korinfdäki saýlanan mesihçiler hem gökde ýaşamak üçin kynçylyklara döz gelmelidigine we aradan çykmalydygyna düşünmelidiler. «Isa Mesih bilen bolmak üçin çümdürilenler onuň ölümine hem çümdürilmelidir» (Rim. 6:3). Diýmek, Isa Mesihiňki ýaly suwa çümdürilýän mesihçiler diňe ölenden soň göge galyp bilýärdiler.
Isa suwa çümdürilenine birki ýyl geçenden soň iki resulyna: «Meniň suwa çümdürilişim ýaly suwa çümdürilip bilersiňizmi?» diýdi (Mar. 10:38, 39, çykgyt). Ol suwa çümdürilmegi däl-de, özi ýaly soňuna çenli Hudaýa wepaly galyp, ölmelidigini göz öňünde tutdy. Pawlus resul saýlanan mesihçileriň Mesih bilen şöhratlanmak üçin onuň bilen «görgi görmelidigini» hem aýtdy (Rim. 8:16, 17; 2 Kor. 4:17). Olar diňe ölenden soň gökdäki sylagyny alyp bilýärdiler.
Şol sebäpli Pawlus resul 1 Korinfliler 15:29-da şeýle diýdi: «Ölen adamlar direlmeýän bolsa, onda ölmek üçin çümdürilmek biderek bolmazmy? Ölen adamlar direlmeýän bolsa, olaryň ölmek üçin çümdürilmegi nämä gerek?» Hawa, Pawlusyň şu aýdan sözleri hakykata laýyk gelýär.