Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 32

Älem-jahany ýaradan Beýik Biribara iman edeliň

Älem-jahany ýaradan Beýik Biribara iman edeliň

«Iman... görünmeýän zatlary hamala bar ýaly görüp bilmekdir» (Ýew. 11:1).

11-NJI AÝDYM Älem-jahan Hudaýy şöhratlandyrýar

MAZMUNY *

1. Ýehowa barada nämeleri bilýärsiňiz?

BELKI, siz Ýehowany çagalykdan tanaýansyňyz. Kakaňyz, ejeňiz size Ýehowanyň älem-jahany ýaradandygy barada gürrüň berendir. Siz Ýehowanyň häsiýetlerini, ýer ýüzüni Jennete öwürjekdigini bilýänsiňiz (1 Mus. 1:1; Res. 17:24—27).

2. Käbirleri Beýik Ýaradana iman edýän adamlara nähili garaýar?

2 Köp adamlar Allatagalanyň älem-jahany ýaradandygyna, hatda Onuň bardygyna şübhelenýärler. Olar ýaşaýşyň öz-özünden dörändigine ynanýarlar we ýönekeý öýjükleriň çylşyrymly öýjüklere öwrülendigini öňe sürýärler. Muňa ynanýanlaryň arasynda abraýly we ýokary bilimli adamlar hem bar. Olaryň aýtmagyna görä, ylym Mukaddes Kitapda ýaradylyş barada aýdylýan zatlaryň ýalandygyny subut edýär we Ýaradyjynyň bardygyna diňe sada, bilimsiz adamlar ynanýar.

3. Biz näme üçin Beýik Ýaradana hemişe iman etmeli?

3 Alymlar ähli zady Hudaýyň ýaradandygyna ynanmaýarlar. Biz olaryň täsirine düşmez ýaly şu soraglar hakda oýlanmaly: «Men ähli zady Ýehowanyň ýaradandygyna näme üçin iman edýärin? Ene-atamyň, dost-ýarlarymyň gürrüň berendigi üçinmi ýa-da özüm barlag geçirip iman etdimmi?» (1 Kor. 3:12—15). Biz Ýehowa köp ýyldan bäri gulluk edýän bolsagam, her gün imanymyzy berkitmeli. Şonda biz Mukaddes Kitaba ynanmaýan adamlaryň aýdýan boş zatlaryna, ýagny «dünýäniň düşünjelerine, akyldarlygyna» aldanmarys (Kol. 2:8; Ýew. 11:6). Şu makalada 1) köp adamlaryň näme üçin Beýik Biribara iman etmeýändigi, 2) Ýehowanyň ähli zady ýaradandygyna şübhelenmez ýaly näme etmelidigi we 3) imanyňy berkitmäge nämäniň kömek etjegi hakda bileris.

ADAMLAR BEÝIK ÝARADANA NÄME ÜÇIN IMAN ETMEÝÄRLER?

4. Ýewreýler 11:1-nji aýadyň çykgydyna görä, iman nämä esaslanýar?

4 Käbirleriniň aýtmagyna görä, Ýaradana iman etmek, Oňa köre-körlük bilen ynanmagy aňladýar. Emma Mukaddes Kitapda imanyň subutnamalara esaslanýandygy aýdylýar (Ýewreýler 11:1-i we çykgydy okaň). Biz Ýehowany, Isany we Hudaýyň gökdäki Patyşalygyny görmesek-de, ynandyryjy deliller esasynda olaryň bardygyny bilýäris (Ýew. 11:3). Ýehowa iman edýän bir biohimik şeýle diýýär: «Ýehowanyň Şaýatlary köre-körlük bilen iman etmeýärler. Olaryň imany ylmy subutnamalara-da esaslanýar».

5. Köp adamlar näme üçin Allatagalanyň älem-jahany ýaradandygyna ynanmaýarlar?

5 Älem-jahany Ýehowanyň ýaradandygyny subut edýän ençeme deliller bar. Emma näme üçin köp adamlar Hudaýa iman etmeýärler? Sebäbi olar Ýaradyjynyň bardygyny subut edýän delilleri okamaýarlar. Ýehowanyň Şaýady Robert şeýle gürrüň berýär: «Mekdepde ýaradylyş barada hiç zat öwredilmedi. Şonuň üçin Allatagalanyň älem-jahany ýaradandygyna ynanmaýardym. Men 20 ýaşlarymda Ýehowanyň Şaýatlary bilen gürrüňdeş boldum. Olar Mukaddes Kitap arkaly Hudaýyň ähli zady ýaradandygyny subut etdiler» * Ene-atalar üçin» diýen çarçuwa serediň).

6. Näme üçin käbir adamlar hak Allanyň bardygyna iman etmeýärler?

6 Käbir adamlar hak Alla iman etmeýärler. Sebäbi olar diňe gözüniň görýän zatlaryna ynanýarlar. Emma olar ýeli görüp bilmeseler-de, onuň bardygyny boýun alýarlar. Edil şonuň ýaly, biz Beýik Biribary görüp bilmesek-de, onuň bardygyny subut edýän ençeme deliller bar (Ýew. 11:1). Şol delilleri okap öwrenmek üçin wagt sarp etmeli we tagalla etmeli. Ýöne köp adamlar okamagy we öwrenmegi halamaýarlar. Şeýlelikde, olar Hudaýyň bardygyna ynanmaýarlar.

7. Bilimli adamlaryň ählisi älem-jahany Hudaýyň ýaradandygyna şübhelenýärmi? Düşündiriň.

7 Käbir alymlar subutnamalary öwrenip, Allatagalanyň älem-jahany ýaradandygyna iman etdiler. Olar hem öň Robert ýaly Hudaýyň ähli zady ýaradandygyna ynanmaýardylar. Sebäbi ýokary okuw jaýlarynda ýaradylyş barada öwredilmeýär. Emma olaryň köpüsi Ýehowa hakda bilim alyp, oňa iman etdiler. Biz ýokary bilimli bolsak-da, bolmasak-da, Allatagalanyň ähli zady ýaradandygyna imanymyzy her gün berkitmeli. Ýehowa bolan imanymyzy bize derek hiç kim berkidip bilmez. *

BEÝIK ÝARADANA ŞÜBHELENMEZ ÝALY NÄME ETMELI?

8, 9. a) Biz haýsy soragyň jogabyny bileris? b) Näme üçin ýaradylan zatlar hakda gözleg geçirmeli?

8 Beýik Ýaradana şübhelenmez ýaly näme edip bileris? Geliň, munuň dört ýoluny bileliň.

9 Ýaradylan zatlar hakda gözleg geçiriň. Haýwanlar, ösümlikler, ýyldyzlar hakda gözleg geçirseňiz, Allatagala ýürekden iman edersiňiz (Zeb. 19:1; Işa. 40:26). Olar hakda näçe köp öwrenseňiz, şonça-da Ýehowanyň ähli zady ýaradandygyna göz ýetirersiňiz. Edebiýatlarymyzda älem-jahan we tebigat hakda jikme-jik düşündirilýär. Şeýle temalar kyn hem bolsa, okamaga ýaltanmaň we düşünjek bolup eliňizde baryny ediň. Soňky ýyllarda welaýat kongreslerinde ýaradylyş barada gyzykly wideolar görkezilýär. Şol wideolary jw.org saýtyndan görseňiz gowy bolar.

10. Älem-jahanyň öz-özünden döremändigini nireden bilýäris? (Rimliler 1:20).

10 Ýaradylan zatlar barada gözleg geçireniňizde, Beýik Biribaryň bardygyny subut edýän delilleri görjek boluň (Rimliler 1:20-ni okaň). Meselem, Gün şöhlesi ýer ýüzünde ýaşaýşyň bolmagyna ýardam edýär. Ýöne Günden tebigata zyýanly ultramelewşe şöhleler hem çykýar. Emma azon gatlagy edil galkan ýaly, janly tebigaty zyýanly şöhlelerden goraýar. Günden ultramelewşe şöhleleri näçe köp çyksa, azon gatlagy şonça-da galňaýar. Şu zatlar aladaçyl we paýhasly Ýaradanyň bardygyny subut etmeýärmi näme?!

11. Allatagalanyň älem-jahany ýaradandygyny subut edýän delilleri nireden tapyp bileris? (« Beýik Ýaradana imanyňy berkidýän edebiýatlar» diýen çarçuwa serediň).

11 «Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlary boýunça gollanmasyndan» we jw.org saýtyndan Allatagalanyň älem-jahany ýaradandygyny subut edýän köp delilleri tapyp bilersiňiz. Şeýle-de «Öz-özünden döredimi ýa-da ýaradyldy?» diýen makalalary okap we wideolary görüp bilersiňiz. Olarda haýwanlar, ösümlikler barada gysgajyk we gyzykly maglumatlar bar. Şeýle-de olarda Allatagalanyň ýaradan zatlaryny öwrenip, alymlaryň edýän açyşlary barada aýdylýar.

12. Mukaddes Kitapdan gözleg geçirmek üçin näme etmeli?

12 Mukaddes Kitaby okaň. Ýokarda agzalan biohimik Allanyň bardygyna iman etmeýärdi. Ýöne ol Beýik Ýaradanyň bardygyna göz ýetirýär. Ol şeýle diýýär: «Allatagalanyň barlygyna ynanmak üçin diňe bir ylymly-bilimli bolmak ýeterlikli däl. Munuň üçin Mukaddes Kitaby ünsli okap, çuňňur barlag geçirmeli». Belki, siz Mukaddes Kitabyň esasy taglymatlaryny bilýänsiňiz. Ýöne Allatagala imanyňy berkitmek üçin, Mukaddes Kitaby ünsli okap, gözleg geçirmeli (Ýuşa 1:8; Zeb. 119:97). Meselem, Mukaddes Kitapda taryhy wakalaryň jikme-jik beýan edilýändigi hakda oýlanyň. Pygamberlikleriň ýerine ýetişine we Mukaddes Kitaby dürli döwürde ýaşan adamlar ýazsa-da, boýdan-başa bir temanyň gürrüň berilýändigine üns beriň. Şonda Allatagalanyň Mukaddes Kitaby ýazdyrandygyna göz ýetirersiňiz we aladaçyl, paýhasly Beýik Biribara iman edersiňiz * (2 Tim. 3:14; 2 Pet. 1:21).

13. Mukaddes Kitapdaky öwüt-ündewleriň nähili peýdasy bar? Mysal getiriň.

13 Mukaddes Kitabyň öwüt-ündewleri her bir adam üçin peýdaly. Meselem, birnäçe asyr mundan öň Mukaddes Kitapda baýlygyň yşkyna düşen adamlaryň «köp görgi görjekdigi» aýdylýar (1 Tim. 6:9, 10; Nak. 28:20; Mat. 6:24). Şu günlerem Mukaddes Kitabyň öwüt-ündewleri peýdalymy? Adamlaryň garaýşyny düşündirýän bir kitapda şeýle diýilýär: «Baý, mal-mülkli adamlar özüni bagtsyz duýýar we göwnüçökgünlige düşýär. Baýajak bolup hars urýan adamlar saglygyna zyýan ýetirýär we özüni betbagt duýýar» («The Narcissism Epidemic»). Dogrudanam, Mukaddes Kitapda «bar belanyň körügi pul söýgüsi» diýlip ýöne ýere aýdylmaýar. Siz Mukaddes Kitapdan başga-da öwüt-ündewleri tapyp bilersiňiz. Mukaddes Kitapda gyzyldan gymmatly dürdäneleriň bardygyna göz ýetirsek, Allatagalanyň öwüt-ündewine gulak asarys (Ýak. 1:5). Şonda kalbymyz rahat bolup, bagtly ýaşarys (Işa. 48:17, 18).

14. Näme üçin Mukaddes Kitaby okamaly?

14 Mukaddes Kitaby okanyňyzda Ýehowany ýakyndan tanajak boluň (Ýah. 17:3). Biz ýaradylan zatlary synlap, Ýehowanyň ajaýyp häsiýetlerini görýäris. Mukaddes Kitaby okanyňyzda hem şol häsiýetleri görjek boluň. Şonda siz ähli zady Ýehowanyň ýaradandygyna göz ýetirersiňiz (2 Mus. 34:6, 7; Zeb. 145:8, 9). Ýehowa barada näçe köp bilseňiz, şonça-da imanyňyz berkär, söýgiňiz artar we ýakyndan dostlaşarsyňyz.

15. Biz näme üçin Beýik Ýaradan Ýehowa hakda wagyz etmeli?

15 Beýik Ýaradan Ýehowa hakda wagyz ediň. Şonda Allatagala imanyňyz berkär. Aýdaly, siz wagyzda Hudaýyň bardygyna şübhelenýän adama duşýarsyňyz. Ýöne Beýik Ýaradanyň bardygyny düşündirip bilmeýärsiňiz. Siz näme edip bilersiňiz? Edebiýatlarymyzdan Allatagalanyň bardygyny subut edýän delilleri tapyp, oňa gürrüň beriň (1 Pet. 3:15). Tejribeli we ökde wagyzçylardan hem maslahat sorasaňyz gowy bolar. Siz näçe jan etseňiz-de, wagyz eden adamyňyz ynanmasa ruhdan düşmäň, sebäbi gözleg geçirip öz imanyňyzy berkidýärsiňiz. Şeýdip, siz Hudaýyň bardygyna şübhelenýän ylymly-bilimli adamlaryň hiç zada esaslanmaýan gürrüňlerine ynanmarsyňyz.

ÝARADANA ÝÜREKDEN IMAN EDIŇ!

16. Biz näme üçin her gün imanymyzy berkitmeli?

16 Biz Ýehowa köp ýyldan bäri gulluk edýän hem bolsak, her gün imanymyzy berkitmeli. Sebäbi seresap bolmasak, Allatagalanyň älem-jahany ýaradandygyna şübhelenmegimiz mümkin. Iman görünmeýän zatlary ynandyryjy deliller bilen görmegi aňladýar. Biz görmeýän zadymyzy tiz ýatdan çykarmagymyz mümkin. Pawlus resul imanymyz gowşasa «aňsatlyk bilen» günä etjekdigimizi aýtdy (Ýew. 12:1). Biz şeýle duzaga düşmez ýaly näme edip bileris? (2 Sel. 1:3).

17. Imanymyzy berkitmek üçin näme etmeli?

17 Birinjiden, Ýehowa hemişe doga edip mukaddes ruhy soraň. Sebäbi iman mukaddes ruhuň miwesi (Gal. 5:22, 23). Mukaddes ruhuň kömegi bolmasa, biz Beýik Biribara iman edip bilmeris. Eger Ýehowadan mukaddes ruhy dilesek, ol jomartlyk bilen berer (Luka 11:13). Şeýle-de biz: «Imanymyzy berkit» diýip doga etmeli (Luka 17:5).

18. Zebur 1:2, 3-nji aýatlara görä, Allatagala bize nähili gymmatly sowgat berdi?

18 Ikinjiden, Mukaddes Kitaby her gün okaň (Zebur 1:2, 3-nji aýatlary okaň). Zebur kitabynyň ýazylan döwri Kanunynyň nusgasy diňe patyşalarda, ruhanylarda we käbir adamlarda bolupdyr. Ýöne her ýedi ýyldan ysraýyllaryň erkeklerine, aýallaryna, çagalaryna we gelmişeklere Hudaýyň kanuny okap berilýärdi (5 Mus. 31:10—12). Isanyň ýaşan döwründe Mukaddes Kitabyň golýazmalary diňe käbir adamlarda we sinagogalarda bardy. Şu günler Mukaddes Kitap her öýde diýen ýaly bar. Ol Allatagalanyň adamlara beren gymmatly sowgady. Biz şol sowgat üçin Allatagala nädip minnetdar bolup bileris?

19. Imanymyzy berkitmäge ýene näme kömek eder?

19 Biz Mukaddes Kitaby her gün okasak, Ýehowa minnetdardygymyzy görkezeris. Mukaddes Kitaby boş wagtym okaryn diýmegiň deregine, her gün ýörite wagt bellemeli. Eger Hudaýyň Sözüni her gün okasak, imanymyz berkär.

20. Biz näme etmegi ýüregimize düwmeli?

20 Şu dünýäniň «akyldar hem bilimli adamlaryndan» tapawutlylykda, biziň imanymyz Mukaddes Kitaba esaslanýar (Mat. 11:25, 26). Biz Mukaddes Kitaby okap, dünýäniň ýagdaýynyň näme üçin gün-günden erbetleşýändigini we Ýehowanyň tizden nämeler etjegini bilýäris. Şol sebäpli her gün imanymyzy berkitmeli we köp adamlara Beýik Ýaradan bilen dostlaşmaga kömek etmeli (1 Tim. 2:3, 4). Tizden bütin ýer ýüzüniň adamlary: «Gudratygüýçli Hudaýymyz Ýehowa, sen şöhrata... mynasypsyň! Sebäbi ähli zady sen ýaratdyň» diýerler (Ylh. 4:11). Geliň, şol güne sabyrsyzlyk bilen garaşalyň!

2-NJI AÝDYM Seniň adyň Ýehowa

^ par. 5 Mukaddes Kitapda ähli zady Ýehowanyň ýaradandygy aýdylýar. Emma köp adamlar ýaşaýşyň öz-özünden dörändigine ynanýarlar. Şeýle pikirlere aldanmaz ýaly, älem-jahany Ýehowanyň ýaradandygyna we Mukaddes Kitabyň onuň Sözüdigine iman etmeli. Şu makalada Beýik Biribara iman etmäge nämäniň kömek etjegi hakda bileris.

^ par. 5 Köp mekdeplerde mugallymlar Allatagalanyň älem-jahany ýaradandygy hakda öwretmeýär. Sebäbi olar muny çagalaryň dini azatlygyny çäklendirmek hasaplaýarlar.

^ par. 7 Allatagalanyň älem-jahany ýaradandygyna iman edýän alymlaryň we ýokary bilimli adamlaryň beren gürrüňini «Garawul diňiniň edebiýatlarynyň indeksinden» (rus.) tapyp bilersiňiz. Şeýle-de olaryň berýän gürrüňlerini jw.org saýtyndan tapyp bilersiňiz. Munuň üçin EDEBIÝATLAR > WIDEOLAR > SÖHBETDEŞLIK WE BAŞDAN GEÇIRMELER > ÝAŞAÝŞYŇ DÖREÝŞI BARADA diýen bölüme giriň.

^ par. 12 JW.ORG saýtyndan «Mukaddes Kitap ylmy taýdan dogry gelýärmi?» (TAGLYMATLAR > MUKADDES KITABA DEGIŞLI SORAGLARYŇ JOGABY) we «Garawul diňi» žurnalyndan «Ýehowanyň aýdan sözi ýerine ýetýär» (w08-U 1/1) diýen makalalary okap bilersiňiz.