ÖWRENILÝÄN MAKALA 3
Uly märeke Hudaýa we Isa Mesihe alkyş aýdýar
«Biz halas bolandygymyz üçin, tagtda oturan Hudaýa we Guza borçly» (Ylh. 7:10).
14-NJI AÝDYM Täze Patyşany öwüň
MAZMUNY *
1. 1935-nji ýylda bolan welaýat kongresi bir ýigide nähili täsir etdi?
ON SEKIZ ýaşly ýigit 1926-njy ýylda suwa çümdürilýär. Onuň ene-atasy Mukaddes Kitaby öwrenýänleriň biridi (şol wagtlar Ýehowanyň Şaýatlaryna Mukaddes Kitaby öwrenýänler diýilýärdi). Olar üç ogluny we iki gyzyny Ýehowanyň ýolunda terbiýeläp, Isa Mesihiň şägirdi edip ýetişdirdiler. Şol ýigit her ýyl Ýatlama agşamynda Mukaddes Kitaby öwrenýänleriň edişi ýaly, çörekden we şerapdan dadýardy. Ýöne ol 1935-nji ýylda Waşington şäherinde geçirilen welaýat kongresinde J. F. Ruterford doganyň «Uly märeke» diýen nutugyny diňleýär. Şondan soň onuň durmuşy düýbünden üýtgeýär. Şol nutukda näme aýdyldyka?
2. Ruterford dogan nutugynda nähili hakykaty düşündirdi?
2 Ruterford dogan nutugynda Ylham 7:9-da aýdylýan «uly märekäniň» kimdigini düşündirdi. Şol wagta çenli Mukaddes Kitaby öwrenýänler «uly märeke» hem göge gider diýip çaklaýardylar we olar Hudaýa gulak asmaýan adamlardan ybarat bolar diýip pikir edýärdiler. Ruterford dogan «uly märekäniň» gökde ýaşamajakdygyny Mukaddes Kitap esasynda düşündirdi. Ol «uly märekäniň» Isa Mesihiň aýdan «başga goýunlaryna» * degişlidigini, olaryň uly betbagtçylykdan diri geçip, ýer ýüzünde ebedi ýaşajakdygyny aýtdy (Ylh. 7:14). Isa pygamber şeýle diýipdi: «Meniň şu agyldaky goýunlarymdan başga goýunlarym hem bar. Men olary hem getirmeli. Olar sesimi eşidip, maňa gulak asarlar. Şonda bir süri, bir çopan bolar» (Ýah. 10:16). «Başga goýunlar» diýlende, Ýehowanyň wepaly Şaýatlary göz öňünde tutulýar. Olar ýer ýüzünde boljak Jennetde ebedi ýaşarlar (Mat. 25:31—33, 46). Geliň, şu hakykatyň Ýehowanyň halkynyň köpüsine we şol ýigide nähili täsir edendigini bileliň (Zeb. 97:11; Nak. 4:18).
TÄZE DÜŞÜNDIRILIŞ MÜŇLERÇE ADAMYŇ DURMUŞYNY ÜÝTGETDI
3, 4. 1935-nji ýyldaky welaýat kongresinde müňlerçe adamlar nämä düşündi?
3 Kongres örän ruhlandyryjy boldy. Şonda Ruterford dogan: «Ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýänleriň ählisiniň ýerinden turmagyny haýyş edýärin!» diýdi. Şu sözleri eşidip, kongrese gatnaşan 20 000 adamyň ýarysyndan gowragy ýerinden turdy. Şonda Ruterford dogan: «Serediň! Ine, uly märeke!» diýdi. Kongrese gatnaşanlaryň şatlyk we gülki sesleri asmana göterildi. Ýerinden turan adamlar gökde ýaşamak üçin saýlanmandygyna we Hudaýyň olary mukaddes ruh bilen bellemändigine düşündiler. Şol günüň ertesi 840 adam suwa çümdürildi. Olaryň köpüsi başga goýunlara degişlidi.
4 Nutukdan soň şol ýigit we müňlerçe dogan-uýalar Ýatlama agşamynda çörekden hem-de şerapdan datmagyny bes etdiler. Köpler bir pesgöwünli doganyň aýdan şu sözlerine goşuldylar: «Men 1935-nji ýyldaky Ýatlama agşamyndan soň nyşanlardan datmadym. Sebäbi Ýehowanyň meni gökde ýaşamak üçin saýlamandygyna düşündim. Men bütin ýer ýüzüni Jennete öwrüp, ebedi ýaşamaga umyt edýärdim» (Rim. 8:16, 17; 2 Kor. 1:21, 22). Şondan bäri örän köp adamlar uly märekä goşulýar we olar saýlanan mesihçiler bilen eginme-egin işleşýärler.
5. Ýehowa Ýatlama agşamynda nyşanlardan datmagyny bes edenlere nähili garaýar?
5 1935-nji ýyldaky Ýatlama agşamyndan soň, nyşanlardan datmagyny bes eden adamlara Ýehowa nähili garaýar? Eger suwa çümdürilen dogan ýa uýa Ýatlama agşamynda nyşanlardan dadyp, soňra mukaddes ruh bilen saýlanmandygyna düşünse näme? (1 Kor. 11:28). Käbirleri umydyna doly düşünmän nyşanlardan dadýarlar. Ýöne olar ýalňyşandygyna düşünseler, nyşanlardan datmagyny bes etseler we mundan beýlägem Hudaýa wepaly gulluk etseler, başga goýunlara degişlidigine doly ynamly bolup bilerler. Olar çörekden we şerapdan datmasalar hem Ýatlama agşamyna barýarlar. Şeýdip, Ýehowa we Isa Mesihe eden ýagşylyklary üçin minnetdardyklaryny görkezýärler.
AJAÝYP UMYT
6. Isa dört perişdä näme etmegi tabşyrdy?
6 Uly betbagtçylyk ýetip gelýär. Şol sebäpli Ylham 7-nji bapdaky saýlanan mesihçiler we uly märeke hakda aýdylýan sözlere düşünsek gowy bolar. Isa dört perişdä weýran edýän dört ýeli saklamagy tabşyrdy. Perişdeler saýlanan mesihçileriň hemmesine möhür basylýança, dört ýeli saklap durmalydylar. Saýlanan mesihçilere möhür basylmagy Ýehowanyň olary wepaly hasaplaýandygyny görkezýär (Ylh. 7:1—4). Olar gökde Isa Mesih bilen patyşalar we ruhanylar bolup höküm sürerler (Ylh. 20:6). Ýehowa, Isa Mesih we perişdeler 144 000 saýlanan mesihçileriň gökdäki sylagyny aljak gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.
7. Ylham 7:9, 10-njy aýatlara görä, Ýahýa nähili görnüş görýär? (Daşky sahypadaky surata serediň).
7 Ýahýa resul saýlanan mesihçileriň gökde patyşalar we ruhanylar bolandygyny görenden soň, Armageddondan diri geçen «uly märekäni» görýär. Saýlanan mesihçilerden tapawutlylykda uly märeke sansyz-sajaksyzdy (Ylham 7:9, 10-njy aýatlary okaň). Olar «uzyn ak eşik» geýnendi. Uzyn ak eşik Şeýtanyň dünýäsiniň «haram ýoluna» goşulman, Ýehowa we Isa Mesihe wepaly bolmagy aňladýar (Ýak. 1:27). Olar halas bolandyklary üçin, Ýehowa we Hudaýyň Guzusy Isa alkyş aýdýardylar. Olaryň ellerinde hurma agajynyň şahalarynyň bolmagy Isany Ýehowanyň bellän Patyşasy hökmünde kabul edendiklerini görkezýärdi (Ýahýa 12:12, 13-nji aýatlary deňeşdiriň).
8. Ylham 7:11, 12-nji aýatlara görä, perişdeler näme edýär?
8 Ylham 7:11, 12-nji aýatlary okaň. Ýahýa resul perişdeleriň uly märekäni görüp şatlanandyklaryny we Hudaýa alkyş aýdandyklaryny görýär. Ýahýanyň uly märeke barada aýdan sözleri ýerine ýetende, ýagny olar uly betbagtçylykdan diri geçende, perişdeleriň şatlygynyň çägi bolmaz.
9. Ylham 7:13—15-nji aýatlara görä, uly märeke näme edýär?
9 Ylham 7:13—15-nji aýatlary okaň. Ýahýa resul uly märekäniň «eşiklerini guzynyň gany bilen ýuwup, ap-ak edendiklerini» aýdýar. Bu olaryň ynsabynyň arassadygyny we Ýehowanyň öňünde dogruçyldygyny görkezýär (Işa. 1:18). Olar özlerini Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürildiler we Isanyň töleg gurbanyna iman edip, Hudaýyň dosty boldular (Ýah. 3:36; 1 Pet. 3:21). Alla olardan razy. Şonuň üçin olar Hudaýyň ybadathanasynyň ýerdäki howlularynda «gije-gündiz mukaddes gullugy» berjaý edýärler. Olar wagyz etmek we şägirt taýýarlamak işine yhlasly gatnaşyp, Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýýarlar (Mat. 6:33; 24:14; 28:19, 20).
10. Uly märeke nämä ynamly bolar we haýsy wadanyň ýerine ýetişini görer?
10 Uly betbagtçylykda halas bolan uly märeke Ýehowanyň aladasyny etjekdigine ynamly bolup bilerler. «Tagtda oturan Hudaý olaryň üstüne çadyryny diker». Şonda «başga goýunlaryň» sabyrsyzlyk bilen garaşýan günleri geler. «Hudaý olaryň gözlerinden ýaşlaryny süpürer. Indi ne ölüm, ne hasrat, ne agy, ne-de agyry bolar, sebäbi öňki zatlar geçip gitdi» (Ylh. 21:3, 4).
11, 12. a) Ylham 7:16, 17-nji aýatlara görä, uly märeke nähili bereketleri alar? b) Başga goýunlar Ýatlama agşamyna näme üçin gatnaşýarlar?
11 Ylham 7:16, 17-nji aýatlary okaň. Şu günler dogan-uýalaryň käbiri ykdysadyýetiň pese düşmegi, işsizlik we uruşlar sebäpli iýere zat tapman kösenýärler. Käbirleri bolsa Hudaýa iman edýändigi üçin türmede otyrlar. Emma olar şonda-da özüni bagtly duýýar. Sebäbi olar zalym dünýä ýok edilende halas boljakdygyny, zada zar bolman ýaşajakdygyny, Ýehowanyň görkezme berip aladasyny etjekdigini bilýärler. Ýehowa milletleriň üstüne «gazap oduny» inderip, Şeýtanyň dünýäsini ýok eder, uly märekäni halas eder. Soňra Isa olary «ýaşaýyş suwunyň» gözbaşyna elter. Dogrudanam, uly märekä ajaýyp gelejek garaşýar. Ýer ýüzünde ýaşajak milliardlarça adamlar hiç haçan ölmez (Ýah. 11:26).
12 Başga goýunlaryň ajaýyp umydy bar. Olar Ýehowa we Isa Mesihe ýürekden minnetdar bolýarlar. Ýehowa başga goýunlary gökdäki ýaşaýyş üçin saýlamadyk hem bolsa, saýlanan mesihçileri söýşi ýaly, olary-da söýýär. Saýlanan mesihçiler hem, başga goýunlar hem Ýehowa we Isa Mesihe alkyş aýdýarlar. Olar Ýatlama agşamyna gatnaşyp, Hudaýa we Isa minnetdarlyk bildirýärler.
ÝATLAMA AGŞAMYNDA ALKYŞ AÝDALYŇ!
13, 14. Biz näme üçin Ýatlama agşamyna gatnaşýarys?
13 Soňky ýyllarda Ýatlama agşamyna gelýän müň adamdan diňe biri çörekden we şerapdan dadýar. Ýygnaklaryň köpüsinde bolsa, nyşanlardan asla datmaýarlar. Ýatlama agşamyna gelýänleriň köpüsi ýerde ýaşamaga umyt edýärler. Onda olar Ýatlama agşamyna näme üçin gatnaşýarlar? Olary dostunyň toýuna barýanlar bilen deňeşdirse bolýar. Olar ýaş juwanlary gowy görýärler we goldamak üçin toýuna barýarlar. Edil şonuň ýaly, başga goýunlar hem Isany, saýlanan mesihçileri goldaýandyklary, söýýändikleri üçin we töleg gurbanyna minnetdardyklary üçin Ýatlama agşamyna barýarlar. Olar töleg gurbanynyň ebedi ýaşaýşa umyt berýändigine düşünýärler.
1 Kor. 11:23—26). Şonuň üçin başga goýunlar saýlanan mesihçileriň ählisi ýerden alynýança, Ýatlama agşamyny bellärler. Şeýle-de başga goýunlar Ýatlama agşamyna Hudaý barada bilmek isleýän adamlary hem çagyrýarlar.
14 Başga goýunlar Ýatlama agşamyna baryp, Isanyň tabşyrygyna gulak asýandygyny hem görkezýärler. Isa wepaly resullary bilen ilkinji Ýatlama agşamyny bellände: «Muny meni ýatlamak üçin berjaý ediň» diýdi (15. Biz Allatagalany we Isa Mesihi nädip şöhratlandyryp bileris?
15 Ýatlama agşamynda biz aýdym aýdyp we doga edip, Allatagalany hem-de Isa Mesihi şöhratlandyrýarys. Şu ýyl biz «Hudaýyň we Isa Mesihiň siziň üçin eden işlerini gymmat saýyň!» diýen nutugy diňläris. Nutugy diňlänimizden soňra Ýehowa we Isa Mesihe minnetdarlygymyz hasam artar. Nyşanlary elden-ele geçirenimizde, çöregiň Isanyň bedenini, şerabyň bolsa onuň ganyny aňladýandygy hakda oýlanarys. Biz Ýehowanyň ýeke-täk Ogluny gurban edip, ebedi ýaşaýşa ýol açandygy hakda hem pikirleneris (Mat. 20:28). Gökdäki Atamyz Ýehowany we Ogluny söýýän ähli adamlar Ýatlama agşamyna gatnaşarlar.
ÝEHOWANYŇ UMYT BERENDIGI ÜÇIN MINNETDAR BOLALYŇ!
16. Saýlanan mesihçiler bilen başga goýunlaryň nähili meňzeşligi bar?
16 Hudaý saýlanan mesihçileri-de, başga goýunlary-da gowy görýär. Ol iki topary hem söýýär. Ýehowa ýeke-täk Ogluny gurban berip, olaryň ikisi üçin hem töleg töledi. Saýlanan mesihçiler bilen başga goýunlaryň umydy tapawutlanýar, ýöne iki topar hem Hudaýa we Isa Mesihe wepaly bolmaly (Zeb. 31:23). Hudaýyň saýlanan mesihçilere-de, başga goýunlara-da mukaddes ruhuny berip goldaýandygyny ýatdan çykarmalyň.
17. Saýlanan mesihçiler nämä sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar?
17 Saýlanan mesihçiler gökde ýaşamak umydy bilen dogulmaýar. Şeýle umydy Hudaý olaryň kalbyna guýýar. Olar umydy hakda oýlanýarlar, doga edýärler we gökdäki sylagyny almaga sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Saýlanan mesihçiler ruhy bedeniniň nähili boljakdygyny bilmeýärler (Flp. 3:20, 21; 1 Ýah. 3:2). Ýöne olar tizden-tiz Ýehowa, Isa Mesih, perişdeler we beýleki saýlanan mesihçiler bilen görüşmek isleýärler. Olar gökdäki Patyşalykda höküm sürjek gününe umyt edip garaşýarlar.
18. Başga goýunlar nämä sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar?
18 Başga goýunlara degişli ähli adamlar ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýärler. Sebäbi Allatagala «ynsanyň kalbyna ebedi ýaşamak islegini guýdy» (Nes. 3:11). Başga goýunlar tutuş ýer ýüzüniň Jennete öwrülmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Olar özleri üçin jaýlary gurmagy, bag-bakjalary ekmegi, sagdyn çagalary kemala getirmegi arzuw edýärler (Işa. 65:21—23). Olar Jennetde adam aýagy sekmedik daglara, deňizlere, tokaýlara aýlanyp, Ýehowanyň ajaýyp tebigatyny öwrenerler. Iň esasy zat bolsa, Ýehowa bilen ýakyn dost bolarlar.
19. Ýatlama agşamy haçan geçiriler we biz näme edip bileris?
19 Ýehowa özüni bagyş eden her bir adam ýagty gelejege umyt edýär (Ýer. 29:11). Ýehowa bilen Isa Mesih ebedi ýaşaýşa ýol açdy. Şonuň üçin her birimiz Ýatlama agşamyna baryp, olary şöhratlandyrmaly. Hudaýhon adamlar her ýyl Ýatlama agşamyna barmagy örän wajyp hasaplaýarlar. Şu ýyl 27-nji martda, şenbe güni Gün batansoň Ýatlama agşamy geçiriler. Köp ýurtlarda adamlar Ýatlama agşamyna arkaýyn gatnaşyp bilerler. Wagyz işi çäklendirilen ýurtlarda ýaşaýan akýürekli adamlar hem şu wajyp duşuşyga gatnaşarlar. Hatda ony türmede oturan imandaşlarymyz hem bellärler. Ýehowa, Isa we perişdeler Ýatlama agşamyna gatnaşýan ähli adamlary görýärler. Geliň, 2021-nji ýylda geçiriljek Ýatlama agşamyna höwes bilen gatnaşalyň!
150-NJI AÝDYM Hudaýy agtaran halas bolar
^ par. 5 2021-nji ýylyň 27-nji marty Ýehowanyň Şaýatlary üçin aýratyn gün bolar. Şol gün biz Isa Mesihiň ölüminiň Ýatlama agşamyny belläris. Ýatlama agşamyna gelenleriň köpüsi «başga goýunlara» degişli adamlar bolar. 1935-nji ýylda haýsy tolgundyryjy hakykat açyldy? Uly betbagtçylykdan sag-aman geçjek «başga goýunlara» nähili durmuş garaşýar? Ýatlama agşamyna gatnaşjak «başga goýunlar» Hudaýy we Isa Mesihi nädip şöhratlandyryp bilerler?
^ par. 2 DÜŞÜNDIRILIŞ: başga goýunlara Isa Mesihe iman edip, ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýän adamlaryň ählisi degişli. Olara soňky günlerde hakykaty kabul edýänler hem degişli. Başga goýunlar uly märekäni-de öz içine alýar. Armageddonda Isa adamlary höküm etmäge gelende, uly märekä zyýan ýetmez. Olar uly betbagtçylykdan diri geçer.