Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 2

Ýygnakda Ýehowany şöhratlandyryň

Ýygnakda Ýehowany şöhratlandyryň

«Ýygnagyň ortasynda adyňy dilime sena ederin» (Zeb. 22:22).

9-NJY AÝDYM Ýehowa alkyş aýdalyň!

MAKALANYŇ MAZMUNY *

1. Dawut Ýehowa nähili garaýardy we bu ony näme etmäge höweslendirdi?

DAWUT PATYŞA: «Reb uludyr, köp sena mynasypdyr» diýip ýazdy (Zeb. 145:3). Dawut Ýehowany ýürekden söýýärdi, bu bolsa ony «ýygnagyň ortasynda» Ýehowany şöhratlandyrmaga höweslendirdi (Zeb. 22:22; 40:5). Elbetde, sizem Ýehowany söýýärsiňiz we Dawudyň şu sözleri bilen ylalaşýansyňyz: «Eý Atamyz, Ysraýyl Hudaýy Reb, Saňa ezelden ebedä çenli alkyş bolsun!» (1 Ýyl. 29:10—13).

2. a) Biz Ýehowany nädip şöhratlandyryp bileris? b) Käbiri nähili kynçylyklara uçraýar we biz häzir nämä serederis?

2 Şu günler bizem ýygnak duşuşyklarynda jogap berip, Ýehowany şöhratlandyryp bilýäris. Emma dogan-uýalarymyzyň käbirine ýygnakda jogap bermek gaty kyn bolýar. Olar jogap bermek islese-de, gorky sebäpli jogap berip bilmeýärler. Gorkymyzy ýeňmek üçin näme edip bileris? Ýygnakda ruhlandyryjy jogaplary bermäge haýsy maslahatlar kömek eder? Bu soraglaryň jogabyny bilmezden öň, geliň, ilki bilen, ýygnakda näme üçin jogap bermelidiginiň, esasan, dört sebäbine seredeliň.

BIZ ÝYGNAKDA NÄME ÜÇIN JOGAP BERÝÄRIS?

3—5. a) Ýewreýler 13:15-e görä, biz ýygnakda näme üçin jogap berýäris? b) Ýehowa ählimizden birmeňzeş jogaplary bermegimize garaşýarmy? Düşündiriň.

3 Ýehowany şöhratlandyrýarys (Zeb. 119:108). Biziň ýygnakda berýän jogaplarymyz «öwgi gurbanlarymyzyň» bir bölegi hasaplanýar we muny bize derek hiç kim berip bilmeýär (Ýewreýler 13:15-i okaň). Ýehowa her birimizden birmeňzeş «öwgi gurbanlary» talap edýärmi? Elbetde, ýok.

4 Ýehowa mümkinçiligimiziň we ýagdaýymyzyň dürli-dürlüdigini bilýär hem-de oňa «öwgi gurbanlaryny» bermek üçin edýän tagallamyzy örän gymmat saýýar. Ýehowanyň ysraýyl halkyndan nähili gurbanlyklary kabul edendigi barada oýlanyp görüň. Käbir ysraýyllylaryň goýun we geçi gurban bermäge ýagdaýy bardy. Emma garyp ýaşaýan ysraýyllylar «iki sany gumry ýa-da iki kepderi» gurban berýärdi. Eger ysraýyllylaryň iki guşa-da gurby çatmaýan bolsa, onda olar «bir batmana barabar saýlama bugdaý ununy» gurban bermelidi (Lew. 5:7, 11). Un gymmat däldi, ýöne Ýehowa şonda-da muny örän gymmat saýýardy.

5 Mähirli Hudaýymyz Ýehowa şu günlerem gullukçylaryna şeýle garaýar. Biz ýygnakda jogap berenimizde, ol ählimizden Apollos ýaly dilewar ýa-da Pawlus resul ýaly ynamly geplemegimize garaşmaýar (Res. iş. 18:24; 26:28). Mümkinçiligimiz nähili bolsa-da, Ýehowa biziň jogap bermegimizi isleýär. Iki sany kiçijik teňňäni Hudaýa gurban getiren garyp dul aýal hakda oýlanyp görüň. Ýehowa bu aýaly juda gymmat saýýardy. Sebäbi ol özündäki iň gymmatly zadyny berdi (Luka 21:1—4).

Berýän jogaplarymyz özümize we bizi diňleýänlere köp peýda getirýär (6, 7-nji abzaslara serediň) *

6. a) Ýewreýler 10:24, 25-nji aýatlara görä, ýygnakda berilýän jogaplar bize nähili täsir edýär? b) Ruhlandyryjy jogaplar üçin minnetdarlygymyzy nädip görkezip bileris?

6 Bir-birimizi ruhlandyrýarys (Ýewreýler 10:24, 25-nji aýatlary okaň). Biziň ählimiz ýygnakda imandaşlarymyzyň berýän dürli-dürli jogaplaryny eşidip, örän ruhlanýarys. Çagalaryň ýönekeý, ýöne ýürekden berýän jogaplary bolsa, bizi hasam begendirýär. Şeýle-de hakykaty ýaňy öwrenip başlan adamlaryň berýän jogaplary hem bizi örän ruhlandyrýar. Mundan başga-da utanjaň ýa-da biziň dilimizi täze öwrenip başlan dogan-uýalaryň batyrgaýlyk bilen berýän jogaplaryny gaty gymmat saýýarys (1 Sel. 2:2). Biz olaryň edýän tagallasyna minnetdardygymyzy nädip görkezip bileris? Munuň bir usuly ýygnakdan soň beren jogaby üçin olary ýürekden öwmek. Ýene bir usuly ýygnakda özümiz jogap bermeli. Şonda ýygnakda diňe bir özümiz ruhlanman, başgalary hem ruhlandyrarys (Rim. 1:11, 12).

7. Ýygnakda jogap bersek, özümize nähili peýdasy bar?

7 Özümize peýda getirýär (Iş. 48:17). Nädip? Birinjiden, eger biz jogap bermegi maksat edinsek, onda ýygnaga gowy taýýarlanmaga höwesimiz artar. Gowy taýýarlananymyzda bolsa, Hudaýyň Sözüne has aýdyň düşünýäris. Düşünjämiz aýdyňlaşanda hem öwrenen zatlarymyza has gowy eýerip başlaýarys. Ikinjiden, ýygnakda jogap berip, köp şatlyk tapýarys. Üçünjiden, jogap bermek üçin köp tagalla edenimizde, şol pikirler gowy ýadymyzda galyp, hatda ýygnakdan soň birnäçe wagt geçse-de, beren jogabymyzdaky pikirler ýadymyzdan çykmaz.

8, 9. a) Malaky 3:16-a görä, berýän jogaplarymyz Ýehowa nähili täsir edýär? b) Käbirleri nämeden gorkmagy mümkin?

8 Ýehowany begendirýäris. Ýygnakda jogap berenimizde, Ýehowanyň bizi diňleýändigine we edýän tagallamyzy gymmat saýýandygyna şübhelenmän bileris (Malaky 3:16-ny okaň) *. Biz Hudaýy begendirmek üçin elimizde baryny edenimizde, ol bizi patalaýar (Mal. 3:10).

9 Dogrudan-da, ýygnakda jogap bermäge bizde degerli sebäpler bar. Emma käbirleri şonda-da ýygnakda jogap bermäge gorkmagy mümkin. Eger sizde-de şeýle duýgy bar bolsa, ruhdan düşmäň. Geliň, ählimize ýygnakda köpräk jogap bermäge kömek etjek Mukaddes Ýazgylardan käbir prinsiplere, käbir mysallara we birnäçe peýdaly maslahatlara seredeliň.

GORKYNY ÝEŇMEGIŇ USULLARY

10. a) Biziň köpümiz nämeden gorkýarys? b) Ýygnakda jogap bermäge bolan gorka näme üçin gowulygyň alamaty diýse bolar?

10 Siz ýygnakda jogap bermeg-ä beýlede dursun, eliňizi galdyrmaga hem ýaýdanýarmysyňyz? Şeýle duýgular diňe özüňizde bolýandyr öýtmäň. Aslynda, jogap berenimizde, biziň hemmämiz biraz gorkýarys. Gorkyny nädip ýeňip bolýandygyny bilmezden öň, başda, geliň, onuň näme üçin döreýändigini bileliň. Siz aýtjak pikiriňizi ýadymdan çykararyn ýa-da nädogry aýdaryn diýip gorkýarsyňyzmy? Ýa-da başgalaryňky ýaly gowy jogap berip bilmerin diýip alada edýärsiňizmi? Aslynda, şeýle gorkular gowulygyň alamaty. Bu siziň kiçigöwünli adamdygyňyzy we başgalary özüňizden ýokary tutýandygyňyzy görkezýär. Ýehowa pesgöwünli adamlary gowy görýär (Zeb. 138:6; Flp. 2:3). Emma ol siziň ýygnakda berýän jogaplaryňyz bilen imandaşlaryňyzy ruhlandyrmagyňyzy we Özüni şöhratlandyrmagyňyzy isleýär (1 Sel. 5:11). Ýehowa sizi juda söýýär we ýygnakda jogap berip biler ýaly, size batyrgaýlyk berer.

11. Mukaddes Ýazgylardaky haýsy ýatlatmalar bize ýygnakda jogap bermäge kömek edýär?

11 Geliň, Mukaddes Ýazgylardan käbir prinsiplere seredeliň. Mukaddes Ýazgylarda biziň ählimiziň geplänimizde, köplenç ýalňyşýandygymyz aýdylýar (Ýak. 3:2). Ýehowa-da, dogan-uýalaram bizden kämillige garaşmaýar (Zeb. 103:12—14). Olar biziň ruhy maşgalamyz we bizi juda söýýärler (Mar. 10:29, 30; Ýah. 13:35). Şeýle-de olar biziň käwagt nädogry jogap berýändigimize düşünýärler.

12, 13. Biz Nehemýa we Ýunus pygamber bilen bolan wakadan näme öwrenýäris?

12 Mukaddes Ýazgylardaky käbir mysallar hakda oýlansaňyz, gorkyňyzy ýeňmäge kömek eder. Nehemýa bilen bolan wakany ýadymyza salalyň. Ol patyşanyň köşgünde gulluk edýärdi. Nehemýa Iýerusalimiň diwarlarynyň ýumrulyp, şäheriň harabaçylyga öwrülendigini eşidende, gaty gynandy (Neh. 1:1—4). Patyşa ondan näme üçin ýüzüniň salykdygyny soranda, onuň özüni nähili duýandygyny göz öňüne getiriň. Nehemýa şol bada Hudaýa doga edýär we soňra patyşa gynanjynyň sebäbini düşündirýär. Şonda patyşa Hudaýyň halky üçin köp zatlar edýär (Neh. 2:1—8). Indi bolsa, Ýunus pygamber barada oýlanyp görüň. Ýehowa Ýunusa Ninewäniň ýaşaýjylaryna çykaran hökümini aýtmagy tabşyrýar. Emma ol şeýle bir gorkýar welin, başga ýere gaçyp gidýär (Ýun. 1:1—3). Ýöne Ýehowanyň kömegi bilen, Ýunus Onuň tabşyrygyny berjaý edip bildi. Şeýle-de Ýunusyň aýdan sözlerine Ninewäniň ýaşaýjylary gowy seslendi (Ýun. 3:5—10). Nehemýa bilen bolan waka bize jogap bermezden öň, doga etmegiň wajypdygyny ýatladýar. Ýunus pygamber bilen bolan wakadan gorkymyz näçe güýçli bolsa-da, Ýehowanyň bize kömek etjekdigini öwrenýäris. Aslynda, ýygnagymyzdaky hiç bir dogan ýa-da uýa nineweliler ýaly zalym däl. Şonuň üçin biz ýygnakda arkaýyn jogap berip bileris.

13 Ýygnakda ruhlandyryjy jogaplary bermäge haýsy maslahatlar kömek eder? Geliň, olaryň käbirine seredeliň.

 

14. Biz näme üçin ýygnak duşuşyklaryna gowy taýýarlanmaly we muny nädip etse bolar?

14 Her duşuşyga gowy taýýarlanyň. Eger siz ýygnaga gowy taýýarlansaňyz we jogap bermegi maksat edinseňiz, jogap bereniňizde, özüňizi hasam ynamly duýarsyňyz (Sül. tym. 21:5). Elbetde, ählimiziň ýagdaýymyz birmeňzeş bolmaýar. 80 ýaşlaryndaky Eloýis uýamyz «Garawul diňi» duşuşygyna hepdäniň başynda taýýarlanyp başlaýar. Ol şeýle diýýär: «Ýygnaga öňünden taýynlanyp barsam, duşuşykdan şatlanyp gaýdýaryn». Uzakly gün işleýän Joýi atly uýamyz bolsa «Garawul diňine» şenbe günleri taýýarlyk görýär. Ol: «Men ýygnaga bir gün öňünden taýýarlansam, öwrenen zatlarym ýadymda gowy galýar» diýýär. Ýaşuly hem pioner bolup gulluk edýän Ike doganymyz bolsa şeýle diýýär: «Men makalany tutuşlygyna däl-de, ony hepdäniň dowamynda bölüp-bölüp okasam, has oňaýly bolýar».

15. Ýygnaga gowy taýýarlanmak üçin näme edip bilersiňiz?

15 Ýygnaga gowy taýýarlanmak üçin näme etmeli? Taýýarlanyp başlamazdan öň, Ýehowadan mukaddes ruhuny diläň (Luka 11:13; 1 Ýah. 5:14). Soňra makala gysgaça göz aýlaň. Onuň adyna, sözbaşylaryna, suratlaryna we çarçuwa serediň. Her abzasa taýýarlananyňyzda, getirilen aýatlaryň hemmesini okajak boluň. Esasy pikir hakda oýlanyp, berjek jogabyňyza aýratyn üns beriň. Gowy taýýarlansaňyz, özüňize-de köp peýda berer we ýygnakda jogap bermek aňsat bolar (2 Kor. 9:6).

16. Siziň diliňizde nähili gurallar bar we olary nädip ulanýarsyňyz?

16 Mümkin bolsa, öz diliňizde bar bolan gurallary ulanyň. Ýygnak duşuşyklaryna gowy taýýarlanar ýaly, Ýehowa guramasy arkaly bize käbir gurallary berdi. Meselem, JW Library programmasy arkaly edebiýatlarymyzyň elektron görnüşini ýükläp bileris. Soňra öwrenjek edebiýatymyzy islendik wagt we islendik ýerde okap ýa-da diňläp bileris. Käbir dogan-uýalar işde ýa-da mekdepde arakesme wagty, ýa-da ýolda barýarka taýýarlanmak üçin bu guraly ulanýarlar. «Garawul diňiniň elektron kitaphanasy» we «Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY» bolsa, öwrenýän temamyza has gowy düşüner ýaly, gözleg geçirmäge kömek edýär.

Siz ýygnak duşuşyklaryna haýsy wagtda taýýarlanýarsyňyz? (14—16-njy abzaslara serediň) *

17. a) Näme üçin birnäçe jogap taýýarlasak gowy bolar? b) «Ýehowanyň dosty boluň. Öz jogabyňy taýýarla» atly multfilmden jogap bermek babatda näme öwrenip bileris?

17 Birnäçe jogap taýýarlaň. Näme üçin? Sebäbi eliňizi galdyrsaňyz-da, sizden soramazlyklary mümkin. Siziň bilen bir wagtda başgalar hem elini galdyryp biler we duşuşygy alyp barýan dogan ýa-da uýa olaryň birinden soramagy ahmal. Şeýle-de duşuşyga berlen wagty göz öňünde tutup, ol hemmelerden soramazlygy mümkin. Şeýle ýagdaýda sizden soramasalar, öýke-kine etmäň ýa-da ruhdan düşmäň. Eger siz birnäçe jogap taýýarlasaňyz, onda duşuşygyň dowamynda jogap bermäge köpräk mümkinçiligiňiz bolar. Meselem, siz getirilen aýatlary okamagy maksat edinip bilersiňiz. Emma mümkinçiligiňiz bolsa, öz sözleriňiz bilen jogap hem berip bilersiňiz *.

18. Näme üçin gysga jogaplary bermeli?

18 Gysga jogaplary beriň. Köplenç, gysga hem ýönekeý jogaplar has ruhlandyrýar. Şonuň üçin gysga jogap bermegi maksat ediniň. Berýän jogaplaryňyz 30 sekuntdan köp bolmasyn (Sül. tym. 10:19; 15:23). Siz ýygnakda ençeme ýyldan bäri jogap berýän bolsaňyz, onda gysgaça jogap bermekde beýleki dogan-uýalara gowy görelde görkezip bilersiňiz. Eger siz birnäçe minutlap jogap berseňiz, onda başgalar siziňki ýaly jogap berip bilmeýändigi üçin özüni oňaýsyz duýup biler. Şeýle-de gysga jogap bermek bilen, biz başgalara-da jogap bermäge mümkinçilik berýäris. Esasanam, soraga ilkinji bolup jogap berýän bolsaňyz, onda gysgaça soragyň göni jogabyny aýdyň. Abzasdaky hemme pikirleri aýtjak bolmaň. Abzasyň esasy pikiri aýdylandan soň, siz goşmaça pikirleri hem aýdyp bilersiňiz ( «Nädip jogap bermeli?» diýen çarçuwa serediň).

19. Ýygnagy alyp barýan size nädip kömek edip biler, ýöne siz munuň üçin näme etmeli?

19 Haýsy abzasa jogap berjekdigiňiz hakda ýygnagy alyp barýana öňünden aýdyň. Eger şeýle etmekçi bolsaňyz, duşuşyk başlamazdan öň, ýygnagy alyp barýanyň ýanyna baryp, bu barada aýdyň. Jogap bermeli gezegiňiz gelende, alyp baryjy görer ýaly, eliňizi ýokarrak galdyryň.

20. Ýygnakda jogap bermekligi näme üçin dostlaryň bilen süýji tagamlary paýlaşmak bilen deňeşdirse bolýar?

20 Ýygnakda jogap bermeklige dost-ýarlaryňyz bilen süýji tagamlary paýlaşmak hökmünde garaň. Eger sizi dogan-uýalar bilen oturylyşyga çagyryp, bir zatlar taýýarlamagy haýyş eden bolsalar, muňa nähili garardyňyz? Elbetde, siz biraz alada etseňiz gerek?! Ýöne oturylyşyga gelenleriň ählisi taýýarlan tagamyňyzdan iýip, lezzet alar ýaly, siz eliňizde baryny edersiňiz. Ýehowany myhmançylyga çagyran öý eýesine meňzetse bolýar. Ol ýygnak duşuşyklarynda ruhy saçagy her dürli näzi-nygmatlardan doldurýar (Zeb. 23:5; Mat. 24:45). Biz ýagdaýymyza görä, kiçijik bolsa-da sowgatjagaz taýynlap barsak, Onuň begenjiniň çägi bolmaýar. Şonuň üçin ýygnaga gowy taýýarlanyň we mümkin boldugyndan jogap bermäge çalşyň. Şonda siz diňe bir Ýehowanyň ruhy saçagyndan iýmitlenmän, ýygnakda jogap bermek bilen, oňa sowgat berip bilersiňiz.

138-NJI AÝDYM Seniň adyň Ýehowa

^ par. 5 Mezmurçy Dawut ýaly, biziň ählimiz Ýehowany söýýäris we ony şöhratlandyryp, köp şatlyk tapýarys. Biziň her birimiziň ýygnakda jogap berip, Ýehowany şöhratlandyrmaga ajaýyp mümkinçiligimiz bar. Emma käbirimize ýygnakda jogap bermek kyn bolýar. Eger sizde-de şeýle duýgular bar bolsa, onda bu makala size ýygnakda näme üçin jogap bermäge gorkýandygyňyzy bilmäge we gorkyňyzy ýeňmäge kömek eder.

^ par. 8 Malaky 3:16 Onsoň Rebden gorkýanlar biri-birileri bilen gepleşdiler. Reb üns berip diňledi. Rebden gorkup, adyna hormat goýýanlar hakynda Onuň öňünde bir ýatlama kitaby ýazyldy.

^ par. 17 Jw.org saýtyndaky «Ýehowanyň dosty boluň.​ Öz jogabyňy taýýarla» atly multfilmi görüň. TAGLYMATLAR > ÇAGALAR diýen bölümi saýlaň.

^ par. 64 SURATLAR. Dogan-uýalar «Garawul diňi» duşuşygynda şatlyk bilen jogap berýärler.

^ par. 66 SURATLAR. Dogan-uýalar «Garawul diňi» duşuşygyna öňünden taýýarlyk görýär. Olaryň ýagdaýy bir-biriniňkiden tapawutlansa-da, ýygnaga taýýarlanmak üçin wagt sarp edýärler.