TERJIMEHAL
Görelde galdyrmagyň ajaýyp nusgasy
Pattersonda (Nýu-Ýork) gulluk edýän Isak Mareý dogan bir gün maňa jaň etdi. Men şonda Kolorado ştatynda ýaşaýardym. Men oňa: «Näçe ýaşymdadygymy bilýärmiň?» diýenimde, ol: «Elbetde, bilýän» diýdi. Geliň, size bu wakany giňişleýin gürrüň bereýin.
MEN 1936-njy ýylyň 10-njy dekabrynda Uiçito şäherinde (ABŞ, Kanzas ştaty) dünýä indim. Kakam Uilýam bilen ejem Jeýn Ýehowanyň Şaýadydy. Kakam ýygnak ýaşulusy bolup gulluk edýärdi. Mamam Ema Wagner ejeme Mukaddes Ýazgylary öwredipdi. Ol başga-da köp adamlara hak Hudaýy tanamaga kömek etdi. Mamam Gertruda Stil bilen hem okuw geçipdi. Ol köp ýyllap Puerto-Rikoda missioner bolup gulluk etdi. Hawa, men köp adamlardan görelde alyp bilýärdim.
GÖRELDE GÖRKEZEN ADAMLAR
Bäş ýaşymdakam şenbe güni agşamara kakam bilen wagyz etmäge gidipdim. Biz ýoluň gyrasynda durup, adamlara «Garawul diňi» we «Teselli» (häzirki ady «Oýanyň!») atly žurnallary paýlaýardyk. Ikinji jahan urşy başlandygy sebäpli ýurt bulam-bujarlykdy. Wagyzdakak bir serhoş lukman geldi-de, kakama sögüp başlady. Ol kakama harby gullukdan ýüz öwrendigi üçin gorkak we watan dönügi diýdi. Soňra ol göni kakamyň ýüzüne seretdi-de: «Sen maňa näme üçin gaýtargy bereňok, gorkak diýsäni!» diýdi. Men gaty gorksam-da, kakama guwanýardym. Sebäbi ol adamlara žurnal paýlamagyny dowam edýärdi. Soňra ýaňky lukman bir esgeriň geçip barýandygyny görüp: «Şu züwwetdine bir zatlar etsene!» diýip gygyrdy. Esger onuň içgilidigini görüp: «Bar, öýüňe git-de serhoşlygyňdan açyl!» diýdi. Şeýdip, olaryň ikisi hem gitdiler. Uiçitada kakamyň iki sany dellekhanasy bardy. Şol lukman bolsa onuň müşderileriniň biridi. Men Ýehowanyň kakama şonda batyrgaýlyk berendigini häli-häzirem minnetdarlyk bilen ýatlaýaryn.
Men sekiz ýaşymdakam ata-enem öýümizi we dellekhanalary satyp, kiçiräk tigirli öý edindiler. Şeýdip, biz wagyzçylaryň az ýerine Kolorado göçdük. Biz Grand Jankşeniň golaýynda düşledik. Ol ýerde ejem bilen kakam hem pioner bolup gulluk edýärdiler, hem ýarym gün fermada işleýärdiler. Ýehowanyň patasy we olaryň yhlasly gulluk etmegi bilen, ol ýerde täze ýygnak döredildi. 1948-nji ýylyň 20-nji iýunynda kakam meni, Bil Nikols bilen
aýalyny we başga-da birnäçe adamy dagyň eteginde suwa çümdürdi. Wagtyň geçmegi bilen, Bil Nikols bilen aýaly etrap gözegçisi bolup gulluk edýär. Soňra olaryň ogly bilen gelni hem etrap gözegçisi bolup gulluk etdi.Biz Patyşalyk işinde köp zähmet çekýän dogan-uýalar, esasan-da, Stiliň maşgalasy, ýagny Don we Erlin, Deýw bilen Juliýa, Si, Marta dagylar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etdik. Şeýle-de biz olar bilen hemişe ruhy zatlar hakda gürrüň ederdik. Olaryň göreldesi meniň durmuşyma örän güýçli täsir etdi. Olar maňa Patyşalygy birinji orunda goýmagy we Hudaýa şatlyk bilen gulluk etmegi öwretdiler.
BAŞGA ŞÄHERE GÖÇÝÄRIN
19 ýaşymdakam Bud Hasty meni ABŞ-nyň günortasynda pioner bolup gulluk etmäge çagyrdy. Ol biziň dostumyzdy. Etrap gözegçisi bize Raston şäherine (Luiziana ştaty) gitmegi haýyş etdi. Ol ýerdäki dogan-uýalaryň käbiri asla wagza çykmaýardy. Duşuşyga az adam gelse-de, biz her hepde ýygnak duşuşyklaryny geçirmelidik. Biz amatly ýer tapyp, ýygnagy şol ýerde geçirip başladyk. Biz duşuşyklaryň hemmesini geçirmäge çalyşýardyk. Emma käte duşuşykda diňe Bud ikimiz bolýardyk. Dogan-uýalar soraglara jogap berip biler ýaly, biz duşuşygyň käbir bölümlerini gysgaça geçirýärdik. Sahnalary bolsa özümiz taýýarlaýardyk. Netijede, bir gartaşan uýa ýygnaga gatnap başlady. Käbir Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň we şol sanda wagza çykmaýan wagyzçylaryň hem duşuşyga gelmegi bilen, ol ýerdäki ýygnak ösüp başlady.
Bir gün Bud ikimiz ruhana duşdyk. Ol meniň bilmeýän aýatlarym barada gürrüň edýärdi. Men muňa geň galyp, ynanýan zatlarym hakda has çuň pikirlenmegi ýüregime düwdüm. Men bir hepdeläp ýarygijä çenli ruhanynyň beren soraglaryna jogap gözledim. Bu maňa Mukaddes Ýazgylary has gowy özleşdirmäge kömek etdi. Men ýene-de şonuň ýaly dindar adamlara wagyz edesim gelýärdi.
Şondan biraz wagt geçensoň, etrap gözegçisi menden El-Doradodaky (Arkanzas ştaty) ýygnaga kömek etmegi haýyş etdi we men ol ýere göçdüm. Emma men harby gulluga çagyrylýandygym üçin Kolorado ýygy-ýygydan gelýärdim. Bir gezek bolsa biz pionerler bilen gelýärkäk, Tehasda ulag heläkçiligine uçradyk. Şonda ulagyma zeper ýetendigi üçin biz bir dogany kömege çagyrdyk. Ol bizi myhman aldy we ýygnaga alyp gitdi. Doganlar ýygnakda biziň betbagtçylyga uçrandygymyz hakda bildiriş etdiler we pul kömegini berdiler. Şeýle-de bize
kömek eden dogan maşynymy 25 dollara satyp berdi.Biz Uiçita gitmeli bolduk. Ol ýerde Mak Kartneý pioner bolup gulluk edýärdi. Biz onuň maşgalasy bilen gowy gatnaşýardyk. Makyň ekiz ogly Frank bilen Fransiz meniň jana-jan dostlarymdy. Olaryň köneräk ulagy bardy we men ony 25 dollara satyn aldym. Haýran galaýmaly, öňki ulagymy hem 25 dollara satypdym. Men ilkinji gezek Ýehowanyň maňa gerekli zatlary berýändigine göz ýetirdim. Sebäbi men Patyşalygy birinji ýerde goýýardym. Mak Kartney meni Betel Kreýn uýa bilen tanyşdyrdy. Ol mähirli we göwni açyk uýady. Onuň ejesi Rut 90 ýaşyna çenli Welingtonda (Kanzas ştaty) pioner bolup Hudaýa yhlasly gulluk edýär. Uiçita baranymdan bir ýyl geçensoň, 1958-nji ýylda men Betele öýlendim we biz bile El-Doradoda pioner bolup gulluk etdik.
TOLGUNDYRYJY ÇAKYLYK
Dogan-uýalaryň göreldesine eýerip, biz Ýehowanyň guramasyndaky her bir ýumşy höwes bilen ýerine ýetirmegi ýüregimize düwdük. Bizi Uolnat-Rijede (Arkanzas ştaty) ýörite pioner edip bellediler. Soňra 1962-nji ýylda biz Gilead mekdebiniň 37-nji klasynda okamak üçin tolgundyryjy çakylyk aldyk. Biz Don Stil bilen bir klasa düşendigimize juda begendik. Mekdebi tamamlanymyzdan soňra Betel ikimizi Naýrobide (Keniýa) gulluk etmäge bellediler. Nýu-Ýorkdan gitmeli bolanymyzda damagymyz doldy. Emma bizi Naýrobi aeroportynda dogan-uýalar garşy alanlarynda gam-gussamyz şatlyga öwrüldi.
Biz Keniýany gün-günden gowy görüp başladyk we ol ýerde gulluk etmäge bolan höwesimiz hem artýardy. Biz Kris we Mery Kanaýa atly bir är-aýal bilen okuw geçdik. Olar häzire çenli Keniýada Hudaýa wepaly gulluk edýärler. Bir ýyldan soň bizi Ugandanyň paýtagty Kampala ilkinji missionerleriň biri edip ugratdylar. Şol günler ýatdan çykmajak pursata öwrüldi. Sebäbi köp adamlar Hudaýyň Sözünde aýdylýan zatlary höwes bilen kabul edip, Ýehowanyň Şaýady boldular. Emma Afrikada üç ýarym ýyl gulluk edenimizden soň aýalym göwreli boldy. Şonda biz wajyp karara gelmeli bolduk: Biz ýa-ha Afrikada galmalydyk, ýa-da yzymyza ABŞ dolanmalydyk. Biz ABŞ dolanmak kararyna geldik. Afrikadan gaýdanymyzda damagymyz dolup, Nýu-Ýorkdakydan hem beter gynandyk. Sebäbi biz afrikalylary gowy görýärdik we haçanam bolsa bir gün yzymyza dolanarys diýip umyt etdik.
TÄZE BORÇ
Biz Koloradonyň günbatarynda ata-enemiň ýaşan ýerine göçüp bardyk. Biraz wagt geçensoň, gyzym Kimberli, bir ýyl bäş aýdan soň bolsa gyzym Stefani dünýä indi. Biz ata-ene hökmünde öz borjumyza çynlakaý garaýardyk we olaryň ýüregine hakykaty guýmak üçin jan edip başladyk. Biz hem özümize edilişi ýaly, olara görelde görkezmek isleýärdik. Ata-enäniň göreldesi çaga güýçli täsir etse-de, ol ulalanda Ýehowa gulluk eder diýip bolmaýar. Sebäbi oglan we gyz jigilerim hakykatdan gitdiler. Emma olar başgalaryň galdyran göreldesine eýerip, ýene-de Ýehowa dolanarlar diýip umyt edýärin.
Biz çagalarymyzy terbiýelemekden örän lezzet alýardyk we hemişe iş edenimizde bile etmek isleýärdik. Biz Aspeniň (Kolorado ştaty) golaýynda ýaşanymyzda maşgala bolup wagtal-wagtal lyžada typmaga gidýärdik. Şonda bize gyzlarymyz bilen gürrüňdeş bolmaga gowy mümkinçilik bolýardy.
Şeýle-de biz olar bilen gezelenç edýärdik we oduň başynda ýakymly gürrüňdeşlik bolýardy. Olar kiçi bolsa-da: «Men ulalamda näme iş ederin? Men kime durmuşa çykaryn?» diýen soraglary berýärdiler. Biz gyzlarymyzyň aňyna we ýüregine hakykaty guýmak üçin elimizde baryny edýärdik. Biz olara, ilki bilen, doly wagtly gulluk etmegi maksat edinmegi we maksatlaryň bir bolan adama durmuşa çykmagyň paýhaslydygyny ündeýärdik. Şeýle-de biz olara has ir durmuş gurmazlygyň gowudygyny düşündirýärdik. Şol sebäpli olara: «Iň bolmanda 23 ýaşaýançaňyz durmuşa çykmaň» diýýärdik.Ata-enemiziň göreldesine eýerip, biz hem çagalarymyz bilen yzygider ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmak we wagza gitmek üçin elimizde baryny edýärdik. Biz doly wagtly gulluk edýän dogan-uýalary myhman alýardyk. Şeýle-de biz köplenç missioner gullugynda bolan wakalary ýatlaýardyk. Biz haçanam bolsa bir gün maşgala bolup Afrika gideris diýip umyt edýärdik. Gyzlarymyz hem ol ýere gitmegi arzuw edýärdiler.
Biz hemişe maşgala okuwyny geçirýärdik we şonda mekdepde bolup biläýjek ýagdaýlary sahnalaşdyrýardyk. Biz gyzlarymyza soraglara jogap bermegi öwredýärdik. Bu olara ýaraýardy we özlerini ynamly duýmaga kömek edýärdi. Emma olar ulalansoň, käte maşgala okuwyna gatnaşmak islemeýärdiler. Bir gezek men olara öz otaglaryna gitmelidigini we şu gün maşgala okuwynyň bolmaýandygyny aýtdym. Şonda olar ör-gökden gelip, aglap başladylar we maşgala okuwyny geçmek isleýändigini aýtdylar. Şonda biz çagalarymyza ruhy zatlary gymmat saýmagy öwredip bilendigimize düşündik. Olaryň Mukaddes Ýazgylary öwrenmäge bolan höwesi artýardy we biz olara öz pikirini arkaýyn aýtmaga mümkinçilik berýärdik. Olar öwrenýän zatlarynyň käbiri bilen ylalaşmaýandygyny aýdanlarynda bize agyr degýärdi. Emma biz şeýdip olaryň ýüregindäkini bilýärdik we pikir alşyp, olara Ýehowanyň garaýşyna düşünmäge kömek edýärdik. Olar hem biz bilen ylalaşýardy.
KÖP ÖZGERIŞLER EDÝÄRIS
Gyzlarymyzy terbiýelemek babatda goýan maksatlarymyz göz öňüne getirenimizden hem tiz amala aşdy. Ýehowanyň guramasy arkaly berýän görkezmesi we kömegi bilen gyzlarymyzyň Ýehowa bolan söýgüsiniň artmagy üçin elimizde baryny etdik. Haçanda olar orta mekdebini tamamlap, pioner gullugyna başlanlarynda biz gaty begendik. Mundan başga-da, olar özlerini ekläp biler ýaly hünär edindiler. Soňra olar iki sany uýa bilen wagyzçylaryň az ýerine, ýagny Kliwlende (Tenessi ştaty) göçdüler. Biz olary gaty küýseýäris, emma olaryň Hudaýa doly wagtly gulluk etmek üçin durmuşyny bagyş edendiklerine begenýäris. Betel ikimiz ýene-de pioner gullugyna başladyk. Bu bize başga-da köp bereketleri getirdi. Biz wagtlaýyn etrap gözegçisi bolup gulluk etdik we kongresleri gurnamaga ýardam etdik.
Kimberli bilen Stefani Tenessä göçmezden öň, Londondaky filialy görmäge gitdiler. Şonda Stefani 19 ýaşyndady. Ol Beýtelde gulluk edýän ýaş dogan Pol Norton bilen tanyşýar. Başga bir gezek bolsa Kimberli filiala baranda Poluň işdeşi Braýan Lwellyn bilen tanyşýar. Stefani 23 ýaşandan soň Pola durmuşa çykdy. Kimberli bolsa 25 ýaşynda Braýan bilen toý etdi. Şeýdip, gyzlarymyz tä 23 ýaşaýança durmuşa çykmady. Biz olaryň ýanýoldaş saýlamakda paýhasly karara gelendiklerine ýürekden begenýäris.
Gyzlarymyz garry atasy bilen enesiniň we biziň göreldämiziň hatda maddy taýdan kynçylyk çekenlerinde-de, Isanyň «Hudaýyň Patyşalygyny... hemişe birinji orunda goýuň» diýen tabşyrygyna gulak asmaga kömek edendigini aýdýarlar (Mat. 6:33). 1998-nji ýylyň aprelinde Pol bilen Stefanini Gilead mekdebiniň 105-nji klasynda okamaga çagyrdylar. Mekdebi tamamlanlaryndan soňra olary Malawide (Afrika) gulluk etmäge bellediler. Şol wagt Braýan bilen Kimberlini hem Londandaky Beýtelde gulluk etmäge çagyrypdylar. Soňra olary hem Malawidäki Beýtelde gulluk etmäge bellediler. Biz ýaşlaryň durmuşda iň gowy ýoly saýlandygyna örän begenýäris.
GARAŞYLMADYK ÇAKYLYK
Başda aýdyşym ýaly, 2001-nji ýylyň ýanwarynda maňa terjimeçiler bölüminiň gözegçisi Mareý dogan jaň etdi. Ol bütin dünýädäki terjimeçiler üçin
ýörite okuw geçirmek isleýändiklerini we meni-de mugallym hökmünde saýlandyklaryny aýtdy. Şol wagt men 64 ýaşymdadym. Biz Betel bilen bu mesele babatda Ýehowa doga edip, ikimizem ejemizden maslahat soradyk. Olar indi öz aladasyny özleri etmeli bolsalar-da, gitmegimizi isleýärdiler. Şonda men Mareý dogana jaň edip, şeýle jogapkärli işe mynasyp görendikleri üçin ýürekden begenýändigimizi aýtdym.Soňra ejemiň rak keseliniň bardygy anyklanyldy. Men ejeme ýanynda galyp, jigim Linda kömek etjekdigimi aýtdym. Emma ejem: «Sen öňi-soňy hiç zat edip bilmersiň. Eger sen gitmeseň gynanaryn» diýdi. Linda hem ejemiň aýdanlaryny goldady. Biz olaryň we ol ýerdäki dogan-uýalaryň kömek etmek üçin janaýamazlyk ruhuny görkezendiklerine gaty minnetdar. Biz Pattersondaky «Garawul diňi» okuw merkezine gaýdan günümiziň ertesi Linda ejemiň aradan çykandygyny habar berdi. Emma ejemiň isleýşi ýaly, biz täze işimize yhlas bilen ýapyşdyk.
Bizi, ilki bilen, gyzlarymyzyň ýanýoldaşy bilen gulluk edýän ýerine Malawidäki filiala belländiklerine juda begendik. Bu biziň üçin garaşylmadyk sowgat boldy. Soňra biz Zimbamwede we Zambiýada okuw geçirdik. Biz üç ýarym ýyl terjimeçilere kömek edenimizden soňra, ýene-de Malawä dolanmaly bolduk. Biz bitaraplyk üçin yzarlanýan doganlaryň dokument işlerine kömek etmelidik *.
2005-nji ýylda öýümize Bazalta (Kolorado ştaty) dolananymyzda ýene-de gözümize ýaş aýlandy. Biz Betel bilen pioner gullugymyzy dowam etdik. 2006-njy ýylda Braýan bilen Kimberli gyzlary Makkenzi bilen Elizabeti terbiýelemek üçin golaýymyza göçüp geldiler. Pawel bilen Stefani bolsa henizem Malawide ýaşaýarlar. Pawel ol ýerde filialyň komiteti bolup gulluk edýär. Men häzir 80 ýaşlarymda we birnäçe ýyldan bäri eginme-egin işleşýän ýaşlaryň meniňki ýaly jogapkärli borçlary alýandyklaryna guwanýaryn. Häzir biz özümizi bagtly duýýarys. Sebäbi bizem ata-enemiz we dogan-uýalar ýaly çagalarymyza hem-de agtyklarymyza görelde görkezmäge jan edýäris.
^ abzas 30 Trofim Nsomba doganyň terjimehalyny «Garawul diňinden» okap bilersiňiz (w15 15/4 sah. 14—18).