Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Erik bilen Emi

Olar höwes bilen gulluk edýärler. Gana

Olar höwes bilen gulluk edýärler. Gana

SIZ daşary ýurtda ýa-da wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk edýän dogan-uýalary tanaýarsyňyzmy? Siz haçanam bolsa şu soraglar barada oýlanypmydyňyz: Olary başga ýerde gulluk etmäge näme höweslendirýär? Olar nädip taýýarlyk görýärler? Menem wagyzçylaryň az ýerinde gulluk edip bilerinmi? Bu soraglaryň jogabyny bilmek üçin, geliň, daşary ýurtda gulluk edýän dogan-uýalaryň başdan geçiren wakalaryna seredeliň.

OLARY NÄME HÖWESLENDIRÝÄR?

Daşary ýurtda ýa-da wagyzçylaryň az ýerinde gulluk etmäge näme höweslendirýär? Amerikaly  30 ýaşlaryndaky Emi uýa şeýle diýýär: «Men birnäçe ýyl bäri daşary ýurtda gulluk etmek barada oýlanýardym, ýöne bu maksadyma ýetip bilmerin öýdýärdim». Oňa garaýşyny özgertmäge näme kömek etdi? Emi şeýle diýýär: «2004-nji ýylda Belizde pioner bolup gulluk edýän bir är-aýal meni myhmançylyga çagyrdy. Olar maňa bile gulluk etmegi teklip etdiler, menem razylaşdym. Olar bilen gulluk etmek diýseň ýakymly boldy. Şondan bir ýyl geçensoň, men Gana göçdüm we häzir ol ýerde pioner bolup gulluk edýärin».

Aron bilen Stefani

Amerikaly Stefani birnäçe ýyl mundan öň öz ýagdaýy barada pikirlenýär. Ol şeýle diýýär: «Meniň jan-saglygym gowy, maşgala borçlarymam ýok. Men Ýehowa üçin häzirki edýän zatlarymdan hem köp zady edip bilerin». Stefaniniň öz ýagdaýyny çynlakaý barlamagy ony wagyzçylaryň az ýerine göçmäge höweslendirdi. Häzir ol 30 ýaşlarynda we Ganada gulluk edýär. 60 ýaşlaryndaky Filip bilen Aida hem öň Daniýada pioner bolup gulluk edýärdi. Bu är-aýal wagyzçylaryň az ýerinde gulluk etmegi arzuw edýärdiler we hemişe bu maksadyny amala aşyrmak barada pikirlenýärdiler. Filip şeýle diýýär: «Biz amatly pursady elden bermek islemedik, sebäbi Ýehowanyň hut özi bize: „Baryň, gidiň!“ diýen ýaly boldy». Olar 2008-nji ýylda Gana göçýärler we ol ýerde 3 ýyldan gowrak gulluk edýärler.

Bruk bilen Hans

30 ýaşlaryndaky Hans bilen Bruk ABŞ-da pioner bolup gulluk edýär. Bu är-aýal 2005-nji ýylda bolan «Katrin» harasady sebäpli betbagtçylyga uçran adamlara kömek etdiler. Soňra olar guramanyň gurluşyk işlerine gatnaşmak üçin arza ýazýarlar, ýöne olara çakylyk gelmeýär. Hans şeýle gürrüň berýär: «Bir gezek biz kongresde Dawut patyşanyň ybadathanany gurmak isländigi, ýöne oňa rugsat berilmändigi üçin pikirini üýtgedendigi barada bildik. Bu bize maksadymyzy üýtgetmäge kömek etdi» (1 Ýyl. 17:1—4, 11, 12; 22:5—11). Bruk: «Ýehowa biziň üçin başga bir sowgat taýýarlady» diýýär.

Hans bilen Bruk daşary ýurtda gulluk edýän dogan-uýalar bilen bolan wakalary eşidip, wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk etmegi ýüregine düwýärler. 2012-nji ýylda olar Gana barýarlar we ol ýerde dört aý gulluk edip, lal dilindäki ýygnaga kömek edýärler. Soňra olar ABŞ-a dolanmaly bolsalar-da, Ganada gulluk edip, Patyşalygy birinji orunda goýmagy öwrendiler. Ahyrsoňy, olar Mikroneziýadaky filialyň gurluşygyna gatnaşmak hormatyna hem eýe boldular.

MAKSADYŇA GÖRÄ HEREKET ETMEK

Wagyzçylaryň az ýerinde gulluk etmäge nädip taýýarlanmaly? Stefani şeýle gürrüň berýär: «Men „Garawul diňindäki“makalalardan gözleg geçirdim *. Şeýle-de ýygnak ýaşululary, etrap gözegçisi we onuň aýaly bilen daşary ýurtda gulluk etmek barada gürrüňdeş boldum. Esasanam, maksadym barada Ýehowa aýtdym». Mundan başga-da Stefani sada ýaşamagy öwrendi. Bu bolsa oňa wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk edende, baryna kaýyl bolup ýaşamaga ýardam etdi.

Hans şeýle diýýär: «Biz Ýehowa doga edip, görkezme soradyk. Sebäbi ol bizi nirä ugratsa, şol ýere hem gitmek isleýärdik. Şeýle-de biz dogamyzda anyk haçan göçüp biljekdigimizi hem aýtdyk». Bu är-aýal dört sany filiala hat ýazýar. Olar iki aýlyk Ganada gulluk etmäge çagyrylýar. Hans sözüni şeýle dowam edýär: «Dogan-uýalar bilen hyzmatdaşlyk etmek şeýle ýakymly boldy welin, biziň ol ýerden gaýdasymyz gelmedi».

Adriýa bilen Jorj

Kanadaly 40 ýaşlaryndaky Jorj bilen Adriýa Ýehowanyň ýöne bir isleg-arzuwyňy däl-de, gelen kararyňy patalaýandygyna göz ýetirdiler. Bu är-aýal maksadyna ýetmek üçin gerekli ädimleri ätdiler. Meselem, olar Ganada gulluk edýän uýa bilen habarlaşyp, şol ýeriň ýagdaýy barada soraýarlar. Şeýle-de olar Kanadadaky we Ganadaky filiala hat ýazýarlar. Adriýa: «Biz has-da sada ýaşamalydygymyza göz ýetirdik» diýýär. Şeýdip, olar 2004-nji ýylda Gana göçýärler.

KYNÇYLYKLARA DÖZ GELMEK

Daşary ýurda göçeniňde nähili kynçylyklar döreýär we olara nädip döz gelmeli? Ýokarda agzalan Emi uýa öýüni küýseýärdi. Ol: «Bu ýerdäki zatlar öwrenişen zatlarymdan düýbünden tapawutlanýardy» diýýär. Oňa dogry garaýyşda bolmaga näme kömek etdi? Emi şeýle diýýär: «Maşgala agzalarym maňa jaň edip, göwünlik berýärdi. Olaryň teselli beriji sözleri maňa bu ýere näme üçin gelendigimi unutmazlyga ýardam etdi. Soňra biz wideoaragatnaşyk arkaly habarlaşyp başladyk. Bu bize bir-birimiziň didarymyzy görmäge mümkinçilik berýärdi. Indi maşgalam menden uzakda däl ýaly bolup görünýärdi». Emi şol ýerde ýaşaýan bir uýa bilen jora bolýar. Ol Emä ýerli medeniýete öwrenişmäge kömek edýär. Emi şeýle ýatlaýar: «Men käte adamlaryň näme üçin geň galyp seredýändigine düşünmeýärdim. Şonda joram meniň dadyma ýetişýärdi. Ol maňa şeýle ýagdaýlarda näme etmelidigini we näme etmeli däldigini öwredýärdi. Bu maňa gullukda şatlygymy ýitirmezlige kömek edýär».

Jorj bilen Adriýa ilkinji gezek Gana gelenlerinde, gadym eýýama düşen ýaly boldular. Adriýa şeýle diýýär: «Biz egin-eşiklerimizi kir ýuwulýan maşynda däl-de, elimiz bilen ýuwýardyk. Nahar taýýarlamaga bolsa öňküden on esse köp wagtymyz gidýärdi. Ýöne bu kynçylyklar tejribämizi artdyrmaga ýardam etdi». Bruk bolsa şeýle diýýär: «Biz pioner bolup gulluk edip köp kynçylyklara duş gelsek-de, durmuşdan lezzet alyp ýaşaýarys. Başymyzdan geçen wakalar owadan gül dessesi ýaly ýakymly ýatlama bolup galýar».

ALÝAN BEREKETLERIMIZ

Başgalara hem daşary ýurtda gulluk etmegi näme üçin maslahat berýärsiňiz? Stefani şeýle diýýär: «Adamlaryň Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty her gün öwrenmäge taýyndygyny görüp diýseň begenýärsiň. Wagyzçylaryň az ýerinde gulluk etmek durmuşymda goýan iň gowy maksatlarymyň biri boldy». 2014-nji ýylda Stefani Aron atly dogana durmuşa çykýar we häzir olar Ganadaky filialda gulluk edýärler.

30 ýaşlaryndaky Kristina atly pioner uýa Germaniýada ýaşaýardy we Gana göçmänkä Boliwiýada gulluk edýärdi. Ol daşary ýurtda gulluk etmek barada şeýle diýýär: «Bu şeýle bir gyzykly». Kristina sözüni şeýle dowam edýär: «Maşgalaňdan aýra düşmek aňsat däldi. Men hemişe Ýehowadan kömek soraýardym. Şeýdip, men oňa hasam ýakynlaşdym. Şeýle-de maňa Ýehowanyň halkynyň agzybirligi kömek etdi. Daşary ýurtda gulluk edip, durmuşym has-da manyly boldy». Kristina Gedeon atly dogana durmuşa çykýar we häzir olar Ganada gulluk edýärler.

Kristina bilen Gedeon

Filip bilen Aida okuw geçýän adamlaryna ruhy taýdan ösmäge kömek etmek üçin nähili tagallalar edendiklerini gürrüň berýärler. Filip şeýle diýýär: «Biz 15-den hem köpräk adam bilen okuw geçirýärdik, ýöne olara ruhy taýdan ösmäge kömek edip biler ýaly, okuw geçýänlerimiziň sanyny azaltdyk. Häzir biz 10 adam bilen okuw geçirýäris». Bu nähili netije berdi? Filip sözüni şeýle dowam edýär: «Men Maýkl atly bir oglan bilen okuw geçýärdim. Ol hemişe gowy taýýarlyk görýärdi. Onuň okuwy her gün geçmäge mümkinçiligi bolansoň, biz „Mukaddes Ýazgylar öwredýär“ kitabyny bary-ýogy bir aýyň içinde geçip gutardyk. Soňra Maýkl wagyzçy boldy. Biz ilkinji gezek bile wagza çykanymyzda, ol: „Sen maňa okuw geçirmäge kömek edip bilermiň?“ diýdi. Men oňa geň galyp seretdim. Maýkl üç adam bilen okuw geçip başlandygyny we biraz kömek gerekdigini aýtdy». Siz wagyzçylaryň hakykatdan-da azlyk edýändigine üns beren bolsaňyz gerek. Hawa, hatda okuw geçýän adamlaram başgalara Mukaddes Ýazgylardan okuw geçmeli bolýar.

Aida bilen Filip

Emi wagyzçylaryň az ýerinde kömek etmelidigine düşünendigi barada şeýle diýýär: «Gana göçüp baranymyzdan biraz wagt geçensoň, biz kiçiräk obada wagyz edýärdik we lal adamlary gözleýärdik. Haýran galaýmaly, bir obada sekiz sany lal adamy tapdyk». Birnäçe wagtdan soň Emi Erik atly dogana durmuşa çykýar we häzir olar Ganada ýörite pioner bolup gulluk edýärler. Olar lallaryň ýygnagyndaky 300-den gowrak wagyzçylara we gyzyklanýan adamlara ruhy taýdan ösmäge kömek edýärler. Jorj bilen Adriýanyň Ganada gulluk etmegi olara missioner gullugyna başlamaga mümkinçilik berdi. Olar Gilead mekdebiniň 126-njy klasynda okamaga çagyrylanda, begençlerinden ýaňa ganat baglap uçaýjak boldular. Häzir olar Mozambikde missioner bolup gulluk edýärler.

SÖÝGINIŇ ÄHMIÝETI

Daşary ýurtly dogan-uýalaryň ýerli dogan-uýalar bilen hyzmatdaşlyk edip, hasyl ýygymyna yhlasly gatnaşýandygyny görmeklik kalbyňy heýjana getirýär (Ýah. 4:35). Tutuş bir ýylyň dowamynda Ganada her hepde ortaça 120 adam suwa çümdürilýär. Ganada gulluk edýän 17 sany daşary ýurtly dogan-uýa ýaly, müňlerçe wagyzçylar Ýehowany çuňňur söýýändikleri üçin dünýäniň dürli künjeginde «höwes bilen gulluk edýärler». Wagyzçylaryň az ýerinde yhlasly gulluk edýän dogan-uýalar Ýehowany diýseň begendirýär! (Zeb. 110:3; Sül. tym. 27:11).

^ abzas 9 «Garawul diňi» žurnalyndaky «Sen wagyzçylaryň az ýerinde gulluk edip bilermiň?» we «Sen Makedoniýa gelip bilermiň?» atly makalalara serediň (w09-U 15/04; 15/12).