Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýehowa maşgalany näme maksat bilen döretdi?

Ýehowa maşgalany näme maksat bilen döretdi?

«Reb Hudaý: „Adama ýekelik ýagşy däl, oňa özüne laýyk kömekçi ýaradaýyn“ diýdi». GEL. ÇYK. 2:18

AÝDYMLAR: 36, 11

1, 2. a) Ilkinji ynsan maşgalasy nädip döredi? b) Adam ata bilen How ene maşgala babatda nämä düşünen bolmaly? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

«MAŞGALA ojagy mukaddesdir» diýlişi ýaly, ol adamzat durmuşynyň aýrylmaz bölegidir. Maşgala gatnaşyklaryna dogry garaýyşda bolmak we onuň ähmiýetine düşünmek üçin, biz Ýehowanyň maşgalany näme maksat bilen döredendigini bilmeli. Hudaý ilkinji ynsany ýaradansoň, oňa haýwanlara gözegçilik etmegi tabşyrýar. Adam ata olaryň her birine at dakýar. Ýöne onuň «özüne laýyk kömekçi tapylmaýar». Şol sebäpli Hudaý Adam atany agyr uka gidirip, onuň bir gapyrgasyny alýar-da, oňa aýal ýaradýar we ony Adam atanyň ýanyna getirýär (Gelip çykyş 2:20—24-nji aýatlary okaň) *. Şeýdip, ilkinji ynsan maşgalasy döreýär.

2 Isa Ýehowanyň aýdan sözlerine salgylanyp, şeýle diýdi: «Erkek adam ata-enesini goýup, aýaly bilen biriger we ikisi bir beden bolar» (Mat. 19:4, 5). Hudaý Adam atanyň gapyrgasyndan aýaly ýaradyp, olaryň biri-biri bilen ysnyşykly gatnaşykda bolmalydygyny görkezdi. Bu bolsa adamyň diňe bir ýanýoldaşynyň bolmalydygyny we är-aýalyň bir-birinden aýrylmaly däldigini aýan edýär.

ÝEHOWA MAŞGALANY NÄME MAKSAT BILEN DÖRETDI?

3. Ýehowa maşgalany näme maksat bilen döretdi?

3 Adam ata ilkinji gezek aýalyny görende juda begenýär, soňra ol aýalyna How diýip at dakýar. How ene Adam ata «kömekçi» bolmalydy, olar her gün öz maşgala borçlaryny ýerine ýetirip, bagtly ýaşamalydy (Gel. çyk. 2:18). Şeýle-de olar köpelip, bütin ýer ýüzüni nesillerinden doldurmalydy (Gel. çyk. 1:28). Çagalar ata-enesini söýýän hem bolsa ulalanda olaram maşgala gurup, özbaşdak ýaşamalydy. Şeýdip, adamzat nesli köpelip, ýer ýüzüni doldurmalydy we ony Jennete öwürmelidi.

4. Ilkinji ynsan maşgalasyna näme boldy?

4 Gynansak-da, ilkinji ynsan maşgalasy şowsuzlyga uçraýar. Adam ata bilen How ene erkinligini nädogry ulanyp, Ýaradyjysy Ýehowa gulak asmaýar. «Iblis we Şeýtan diýip atlandyrylýan köne ýylan» How enäni «ýagşy-ýamany saýgaryş daragtynyň miwesinden» iýse, aýratyn bilime eýe boljakdygyny we ýagşy-ýamany özüniň çözüp biljekdigine ynandyrýar. How ene bu meseläni özbaşdak çözmek bilen, ýanýoldaşynyň baştutanlygyna hormat goýmaýandygyny görkezýär. Adam ata hem Hudaýyň tabşyrygyna boýun bolmagyň deregine, aýalyna gulak asyp, gadagan edilen miweden iýýär (Ylh. 12:9; Gel. çyk. 2:9, 16, 17; 3:1—6).

5. Biz Adam ata bilen How enäniň Ýehowa beren jogabyndan nähili sapak edinýäris?

5 Hudaý bolan ýagdaýy anyklajak bolanda, Adam ata aýalyny günäkärläp: «Miwäni Seniň maňa beren aýalyň alyp berdi. Men hem iýdim» diýýär. How ene bolsa: «Ýylan maňa aldap iýdirdi» diýýär (Gel. çyk. 3:12, 13). Olar özüni aklasalar-da, ähli zat mese-mälimdi! Olar Ýehowa gulak asman, onuň duşmany boldular. Biz mundan wajyp sapak edinýäris. Maşgalany bagtly etmek üçin, är-aýal Ýehowa gulak asmaly we eden işi üçin biri-birini günäkärlemeli däl.

6. Siz Gelip çykyş 3:15-i nähili düşündirerdiňiz?

6 Şeýtan Erem bagynda pitne turuzsa-da, Ýehowa ilkinji pygamberligi aýdyp, adamzat nesline umyt berýär (Gelip çykyş 3:15-i okaň) *. Pygamberlikde «aýalyň nesliniň» Iblisi ýok etjekdigi aýdylýar. Şeýdip, Ýehowa adamlara özüniň gökdäki sansyz-sajaksyz ruhy ogullary bilen ýakyn gatnaşykdadygyny görkezýär. Wagtyň geçmegi bilen, pygamberlikde agzalýan «aýalyň» Hudaýyň gökdäki guramasyny aňladýandygy aýan bolýar. Ilkinji ynsan maşgalasy ýerde ebedi ýaşamak mümkinçiligini elden gidirenem bolsa, Ýehowa gulak asýan adamlaryň ebedi ýaşamagy üçin Ogluny ýer ýüzüne iberip, ilkibaşdaky niýetini unutmandygyny görkezdi (Ýah. 3:16).

7. a) Adam ata bilen How enäniň turzan pitnesi nesline nähili zyýan ýetirdi? b) Mukaddes Ýazgylara görä är-aýalyň nähili borjy bar?

7 Adam ata bilen How enäniň turzan pitnesi diňe bir öz maşgalasyna däl, eýsem, bütin nesline uly zyýan ýetirdi. Meselem, How ene we ondan bolan gyzlar agyry-ynjy bilen çaga dogurýardy. Aýal äriniň mährine zar, erkek adamlar bolsa aýalyny kemsidip, üstünden agalyk edýär. Bu ýagdaýy şu günler köp maşgalalarda görse bolýar (Gel. çyk. 3:16). Mukaddes Ýazgylarda erkek adamlaryň söýgi bilen baştutanlyk etmelidigi aýdylýar. Aýallar bolsa ärine maşgalabaşy hökmünde tabyn bolmaly (Efes. 5:33). Hudaýdan gorkýan köp är-aýallar bu tabşyryklara eýerip, maşgalasynda bolýan düşünişmezlikleriň öňüni alýarlar ýa-da onuň döremegine asla ýol bermeýärler.

TUPANDAN ÖŇKI MAŞGALALAR

8. Tupandan öňki maşgalalaryň ýagdaýy nähilidi?

8 Adam ata bilen How ene günä we bikämillik sebäpli aradan çykmankalar, olaryň ençeme oguldyr gyzlary boldy (Gel. çyk. 5:4). Olaryň ilkinji perzendi Kabyl öz gyz jigileriniň birine öýlendi. Iki aýala öýlenenleriň ilkinjisi Lemekdi, ol Kabylyň neslindendi (Gel. çyk. 4:17, 19). Adam atadan Nuhuň tupanyna çenli Habyl, Hanok, Nuh we onuň maşgalasy ýaly sanlyja adamlar Ýehowa gulluk edýärdi. Mukaddes Ýazgylarda Nuhuň günlerindäki ýagdaý şeýle beýan edilýär: «(Perişdeler) ynsan gyzlarynyň owadanlygyny görüp, olardan öz halanlaryny aýallyga aldylar». Aslynda, bu nädogrudy. Perişdelerden bolan çagalara nefiller diýilýärdi. Olar gaty zalymdy. Emma «bütin dünýädäki adamzadyň» ýagdaýy hasam erbetdi. Mukaddes Ýazgylarda: «Olaryň kalbyndaky oý-pikirleri we niýetleri hemişe pislikden doludy» diýilýär (Gel. çyk. 6:1—5).

9. Ýehowa Nuhuň günlerinde erbet adamlary näme etdi we biz mundan näme öwrenýäris?

9 Ýehowa Nuhuň günlerinde erbet adamlary ýok edýär. Şol döwürde adamlar durmuş gurup, gündelik aladalary bilen şeýle bir başagaýdy welin, Hudaýyň hökümini yglan eden «dogrulyk wagyzçysy» Nuhuň aýdanlaryna gulak asmaýarlar (2 Pet. 2:5). Isa şeýle ýagdaýyň biziň günlerimizde hem boljakdygyny aýtdy (Matta 24:37—39-njy aýatlary okaň). Şu günlerem köp adamlar zalym dünýäniň soňunyň geljekdigi we Hudaýyň Patyşalygy baradaky habary diňlemeýärler. Geliň, maşgala we çaga terbiýesi bilen bagly aladalara gümra bolup, Ýehowanyň gününi ýatdan çykarmalyň!

TUPANDAN SOŇKY MAŞGALALAR

10. a) Öňler maşgala gatnaşyklaryna nähili garaýardylar? b) Ybraýym bilen Sara nähili görelde galdyrdy?

10 Nuhuň we ogullarynyň diňe bir aýaly bolsa-da, şol döwürde köp aýal almaklyk giňden ýaýrandy. Köp ýerlerde ahlaksyzlyk etmek adaty zada öwrüldi, hatda ol köp dini däp-dessurlaryň aýrylmaz bölegi boldy. Ybram (Ybraýym) bilen aýaly Sare (Sara) Hudaýa gulak asyp, Kengana göçüp baranda, ol ýerdäki adamlaryň nikanyň gymmatyny gaçyrýan işleri edýändiklerini görýärler. Sodom bilen Gomorranyň ýaşaýjylary hem ahlaksyzlyga bütinleý berlipdi, käbiri bolsa şeýle zatlara göz ýumýardy. Şol sebäpli Ýehowa şol şäherleri ýok etmegi ýüregine düwýär. Emma Ybraýym pygamber maşgalabaşy hökmünde, Sara hem adamsyna tabyn bolmakda gowy görelde galdyrdy (1 Petrus 3:3—6-njy aýatlary okaň). Ybraýym ogly Yshagy Ýehowa sežde edýän gyza öýermek üçin elinde baryny edýär. Yshak hem Ysraýylyň 12 taýpasynyň atasy bolan ogly Ýakuba hakyky sežde babatda görkezme berýär.

11. Musanyň kanuny ysraýyllylary nämeden goraýardy?

11 Wagtyň geçmegi bilen, Ýehowa Ýakubyň (Ysraýylyň) nesilleri bilen äht baglaşýar we olara maşgala gatnaşyklary babatda görkezme berýär. Meselem, Musanyň kanunynda ýalan taňrylara sežde edýän adamlar bilen durmuş gurmaga ýol berilmeýärdi. Bu ysraýyllylary olaryň ýaramaz täsirinden goraýardy (Kanun taglymaty 7:3, 4-nji aýatlary okaň) *. Maşgalada kynçylyk ýüze çykanda, köplenç ýaşulular kömek edýärdi. Ýanýoldaşyňa biwepalyk etmek, gabanjaňlyk ýa-da ynanmazçylyk etmek ýaly meseleler Kanunda berlen düzgünler esasynda çözülýärdi. Nikany bozmaga rugsat berilse-de, onuň degerli sebäbi bolmalydy. Erkek adam aýalyndan «kemçilik tapandygy üçin» onuň bilen aýrylyşyp bilýärdi (Kan. tag. 24:1). Emma «kemçilik» diýlende, adamyň goýberýän ujypsyz ýalňyşlyklary däl-de, maşgalasynyň abraýyna ysnat getirýän zatlar göz öňünde tutulýar (Lew. 19:18).

ÝANÝOLDAŞYŇYZA HIÇ HAÇAN IKILIK ETMÄŇ

12, 13. a) Malaky pygamberiň günlerinde käbir adamlar aýaly bilen özlerini nähili alyp barýardy? b) Suwa çümdürilen adam ýanýoldaşyna biwepalyk etse netijede näme bolar?

12 Malaky pygamberiň günlerinde köp ýehudylar aýalyna ikilik edip, aýrylyşmak üçin her hili bahanalar gözleýärdi. Olar ýaş ýa-da özge milletden bolan gyza öýlenmek üçin nikany bozýardylar. Hatda Isanyň günlerinde hem ýehudylar ujypsyz zatlar üçin aýaly bilen aýrylyşýardy (Mat. 19:3). Emma Ýehowa nikany bozmaklygy ýigrenýär (Mal. 2:13—15, Malaky 2:16-ny okaň) *.

13 Şu günlerem şeýle zatlary edýän adamlara Ýehowanyň halkynyň arasynda orun ýok. Aýdaly, mesihçi ýanýoldaşy bilen aýrylyşyp, başga biri bilen durmuş gurýar. Şeýle ýagdaýda ol toba etmese, ýygnagyň arassa bolmagy üçin gatnaşykdan kesilýär (1 Kor. 5:11—13). Eger ol ýene-de ýygnaga dolanmak islese, «toba edýändigini görkezýän işleri etmeli» (Luka 3:8; 2 Kor. 2:5—10). Ýygnak gatnaşygyndan kesilen adamy näçe wagtdan dikeltmelidigi barada anyk görkezme bolmasa-da, biz ýanýoldaşyňa biwepalyk etmegiň agyr günädigini we Hudaýyň halkynyň arasynda muňa ýol berilmeýändigini unutmaly däl. Günä eden adamyň ýürekden toba edýändigine göz ýetirmek üçin käte bir ýyl ýa-da ondanam köpräk wagt gerek bolýar. Ýygnak gatnaşygyndan kesilen dogan ýa uýa ýene-de dikeldilse-de, ol «Hudaýyň höküm kürsüsiniň öňünde durup», eden işi üçin jogap bermeli bolar (Rim. 14:10—12; w06-U 15/9 sah. 29, 30).

MESIHÇI MAŞGALALAR

14. Musanyň kanunynyň nähili peýdasy bardy?

14 Ysraýyllylar 1 500 ýyllap Musanyň kanunyna görä ýaşaýardy. Bu Kanun olara Mesihe eltýän «goragçy» hökmünde hyzmat edip, maşgala we beýleki meselelerde Hudaýyň prinsipleri boýunça ýaşamaga kömek edýärdi (Gal. 3:23, 24). Emma Isa janyny töleg hökmünde gurban berensoň, Musanyň kanuny ýatyrylýar we Hudaý täze düzgünleri girizýär (Ýew. 8:6). Şeýdip, Kanundaky käbir tabşyryklar güýjüni ýitirýär.

15. a) Mesihçiler nika babatda berlen haýsy düzgüne eýermeli? b) Ýanýoldaşy bilen aýrylyşmakçy bolýan mesihçi näme hakda oýlanmaly?

15 Fariseýler Musanyň kanunyna salgylanyp, aýrylyşmak bilen bagly soragy orta atanlarynda, Isa olara «Hudaý ilkinji erkek adam bilen aýaly ýaradanda beýle däldi» diýýär (Mat. 19:6—8). Aslynda, Isanyň sözleri mesihçileriň Hudaýyň Erem bagynda ýola goýan nika babatdaky düzgünine eýermelidigini görkezýär (1 Tim. 3:2, 12). Är-aýal «bir beden» bolar ýaly, bir-birine ýakynlaşmaly we Hudaýy hem ýanýoldaşyny söýüp, nikasyny berkitmeli. Zynadan başga sebäp bilen aýrylyşýan adam täzeden durmuş gurup bilmeýär (Mat. 19:9). Biwepalyk eden ýanýoldaşyny bagyşlamaly ýa-da bagyşlamaly däldigini her kimiň özi çözýär. Meselem, Hoşeýa pygamber ahlaksyzlyk eden aýalyny bagyşlaýar. Şonuň ýaly Ýehowa hem biwepalyk eden halkyny rehimdarlyk bilen bagyşlaýar (Hoş. 3:1—5). Eger-de mesihçi ýanýoldaşynyň biwepalyk edýändigini bilip-de, onuň bilen jynsy gatnaşyk etmegini dowam etse, bu onuň ýanýoldaşyny bagyşlaýandygyny we Mukaddes Ýazgylar esasynda indi aýrylyşmaga rugsat berilmeýändigini görkezýär.

16. Isa durmuş gurmaýanlar barada näme diýdi?

16 Isa mesihçilere zynadan başga sebäp bilen aýrylyşmaga rugsat berilmeýändigini aýdandan soňra, durmuş gurmadyklar barada gürrüň edýär. Ol: «Kim öýlenmek islemese, goý, öýlenmesin» diýýär (Mat. 19:10—12). Ençeme dogan-uýalar Ýehowa bütinleý gulluk etmek üçin durmuş gurmaýarlar. Şeýle dogan-uýalar öwgä mynasyp.

17. Mesihçä durmuş gurmak meselesinde dogry karara gelmäge näme kömek eder?

17 Durmuş gurmalymy ýa-da gurmaly däldigi babatda dogry karara gelmek üçin mesihçi öz ýagdaýy barada oýlanmaly. Pawlus resul durmuş gurmazlygy maslahat berse-de: «Ahlaksyzlygyň giňden ýaýrandygy sebäpli, her erkegiň öz aýaly, aýalyň hem öz äri bolsun» diýdi. Soňra sözüni dowam edip: «Ýöne özlerine erk edip bilmeseler, goý, durmuş gursunlar. Sebäbi yşk oduna ýanandan, durmuş guranlary gowudyr» diýdi. Adam durmuş gurmak bilen, ahlaksyzlyk ýa-da masturbasiýa etmek ýaly günäli işlerden gaça durup bilýär. Şeýle-de adamyň ýaşyny göz öňünde tutmaly. Pawlus resul: «Eger biri durmuş gurmazlygy ýerliksiz hasaplaýan bolsa we ýaşlyk höwesleri hem geçen bolsa, goý, ol isleýşi ýaly-da etsin; ol günä edýän däldir. Şeýle adamlar durmuş gursunlar» diýdi (1 Kor. 7:2, 9, 36; 1 Tim. 4:1—3). Emma ýaşlyk höweslerini kanagatlandyrmak üçin durmuş gurmaga howlukmaly däl. Belki-de, ol entek durmuş gurup, köp jogapkärçilikleri almaga taýyn däldir.

18, 19. a) Mesihçi kim bilen durmuş gurmaly? b) Indiki makalada näme barada gürrüň ederis?

18 Mesihçi diňe Ýehowa özüni bagyş edip, ony ýürekden söýýän adam bilen durmuş gurmaly. Är-aýal nika gatnaşyklaryny berkitmek üçin biri-birini jany-teni bilen söýmeli. Hawa, olar «diňe Halypamyzyň şägirdi» bilen durmuş gurmak baradaky maslahata eýerip, köp bereketleri alarlar (1 Kor. 7:39). Şeýle-de Mukaddes Ýazgylardaky maslahatlaryň nikany berkitmäge kömek edýändigine göz ýetirerler.

19 «Soňky günlerde» ýaşaýan är-aýallaryň köpüsi maşgalasyny bagtly etmek üçin elinde baryny etseler-de, käbir kynçylyklara duş gelýärler (2 Tim. 3:1—5). Biz indiki makalada durmuş guranlara kömek edýän maslahatlara serederis. Ýehowa gymmatly Sözi arkaly är-aýala nikasyny berkitmäge we onuň halky bilen «ebedi ýaşaýşa eltýän... ýolda» ýöremäge kömek edýän maslahatlary berdi (Mat. 7:13, 14).

^ abzas 1 Gelip çykyş 2:20 Şunlukda, adam ähli mallara, guşlara, ähli haýwanlara at berdi. Ýöne adamyň özüne laýyk kömekçi tapylmady. 21 Reb Hudaý adamy agyr uka gidirdi; adam ukudaka, Reb onuň bir gapyrgasyny alyp, boşap galan ýerini et bilen örtdi. 22 Reb Hudaý adamyň bedeninden alan şol gapyrgasyndan aýal ýaratdy we ony adamyň ýanyna getirdi. 23 Adam ony görüp: «Ine, süýegi öz süýegimden, teni öz tenimdendir; ol aýal bolar, çünki ol ärinden alnandyr» diýdi. 24 Şol sebäpden hem erkek ata-enesini taşlap, aýaly bilen ýapyşýar we olaryň ikisi bir ten bolýar.

^ abzas 6 Gelip çykyş 3:15 Reb Hudaý ýylana: «Seniň bilen aýalyň, seniň tohumyň bilen aýalyň tohumynyň arasyna duşmançylyk salaryn men. Ol seniň kelläňi owradar, sen bolsa onuň dabanyndan çakarsyň» diýdi.

^ abzas 11 Kanun taglymaty 7:3 Olar bilen garyndaşlyk açmaň. Olar bilen gyz alşyp-berişmäň. 4 Çünki olar çagalaryňyzy başga hudaýlara gulluk etdirdip, Rebbiň yzyna eýermekden ýüz öwürderler. Şonda Rebbiň gahary size garşy tutaşyp, Ol sizi derrew ýok edip taşlar.

^ abzas 12 Malaky 2:16 Ysraýyl Hudaýy Reb: «Men aýrylyşmagy ýigrenýärin. Men aýrylyşan adamyň başyna zulum salaryn, muny Men - Hökmürowan Reb aýdýandyryn. Şonuň üçin siz seresap boluň, dönüklik etmäň» diýýär.