Gilead mekdebiniň 133-nji klasynyň gutardyş dabarasy
2012-nji ýylyň 8-nji sentýabry, şenbe
Ýehowanyň Şaýatlarynyň Pattersondaky (Nýu-Ýork) okuw merkezinde ýerleşýän Gilead mekdebinde uly hyjuw bilen bäş aýlap okan 48 talybyň gutardyş dabarasy gelip ýetdi. Oňa 9694 adam, ýagny talyplaryň dogan-garyndaşlary, dost-ýarlary we başga-da myhmanlar geldi.
1943-nji ýyldan bäri Gilead mekdebinde 8 000-den gowrak ökde wagyzçylar missioner gullugy üçin tälim aldylar. Mukaddes Kitaba esaslanan bu tälim talyplaryň imanyny berkidýär we missioner gullugynda ýüze çykýan kynçylyklary ýeňmäge kömek etjek häsiýetleri ösdürmäge ýardam edýär.
«Söýgä höweslendirýän zatlar hakda oýlanyň». Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy we şu dabaranyň alyp baryjysy Entoni Morris dogan giriş nutugyny Filipililer 4:18-däki: «Diňe... söýgä höweslendirýän... zatlar hakda oýlanyň» diýen sözlere esaslandyrdy.
Morris dogan söýgä höweslendirýän zatlar hakda oýlanmagyň diňe özüni bilýän dünýäde dogry garaýşy saklamaga kömek etjekdigini nygtady. Ol: «Elmydama söýgä höweslendirýän zatlary agtaryň we özüňiz hem söýgi bildiriň» diýip maslahat berdi.
Meselem, gökdäki Atamyz biziň kemçiliklerimize üns bermeýär (Zebur 130:3). Morris dogan: «Dogan-uýalaryň kemçiliklerine üns bermäň, gaýtam, olary söýmegiňizi dowam ediň» diýip ündedi.
«Bilim alyň, ýöne öte akyldarlyk etmäň». ABŞ-daky filialyň komitetiniň agzasy Harold Korkern dogan nutugyny Nesihat 7:16-daky sözlere esaslandyrdy. Hudaý alan bilimimiz üçin tekepbir bolman, gaýtam, ony dogry ulanmagymyzy isleýär.
Konkern dogan birine maslahat ýa-da düzediş berenimizde, söýgi bildirmegiň wajypdygyny aýtdy. Adamlardan Hudaýyň garaşýan zadyndan köp zada garaşmaly däl. Konkern dogan: «Paýhasyňyzy, bilimiňizi we düşünjäňizi dogry ulanyň, şonda dogan-uýalara siziň bilen işleşmek ýakymly bolar» diýdi.
«Hudaýyň işlerini unutmaň» (Zebur 78:7). Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy Gaý Pirs dogan nutugyny şeýle mysal bilen başlady: çaganyň edýän gowy ýa-da erbet işlerinden onuň ene-atasynyň nähilidigini bilse bolýar (Nakyllar 20:11). Şonuň ýaly-da biziň özümizi alyp barşymyzdan adamlar gökdäki Hudaýymyz barada ýagşy ýa-da ýaman zatlar hakda aýdarlar. «Hudaýyň çagalaryny we Iblisiň çagalaryny şundan tanasa bolýar: dogrulyk etmeýän adam Hudaýyň çagasy däldir» (1 Ýahýa 3:10).
Pirs dogan talyplary gowy häsiýetleri we şol sanda pespälligi üçin Gilead mekdebinde okamaga çagyrandyklaryny aýtdy. Ol mundan beýlägem pespäl bolmagyň wajypdygyny olara ýatlatdy. Mekdepde okandygy olara özlerini başgalardan ýokary tutmaga sebäp bolmaly däl. Gaýtam, olar bütindünýä doganlygyň agzybirligine goşant goşup, pespäl bolmakda görelde görkezip bilýärler (Zebur 133:1). Pirs dogan: «Mekdepde tälim alyp, siz berk esas gurduňyz. Ýöne Ýehowa Hudaý barada bilimiňizi we düşünjäňizi artdyryp, ony mundan beýläk hem berkitmelisiňiz» diýip maslahat berdi.
«Biz diňe etmeli zady etdik». Bilim bölüminiň gözegçisi Uilýam Semuelson dogan: «Bize berlen tabşyryk islegimize, niýetimize we duýgularymyza gabat gelmedik ýagdaýynda näme etmeli?» diýip sorady. Biz Luka 17:7—10-daky şu sözlerden özümize sapak edinmeli: «Siz hem aýdylan zatlary edeniňizden soň: „Biz bir ýönekeý gul, etmeli işimizi etdik“ diýiň». Ýehowa bilen deňeşdirenimizde, dogrudanam, biz «ýönekeý gul».
Talyplar ençeme hepdeläp okadylar. Käbirleri üçin bu aňsat bolmady. Semuelson dogan şeýle diýdi: «Siz hem etmeli zady etdiňiz, häzir bolsa onuň nähili peýda berendigine we imanyňyzy berkidendigine düşünýärsiňiz. Siz ynamdar iş dolandyryjy ýaly, älem-jahanyň Hökümdary bilen işleşmegi hemişe gymmat saýmaga çalşyň».
«Kynçylyklara uçranyňyzda, Ýehowanyň sözlerini unutmaň». Bilim bölüminiň gözegçisiniň kömekçisi Sem Roberson dogan talyplaryň käte lapykeçlige uçrajakdygyny aýtdy. Şol sebäpli Mukaddes Kitapdan Hudaýyň goldawyny alan ençeme wepaly gullykçylary ýatlamagy maslahat berdi. Meselem, Musa pygamber Ýeşuwa şeýle diýdi: «Ol (Ýehowa) seni terk etmez, hiç wagt taşlamaz» (5 Musa 31:8). Şol sebäpli Ýuşa hem ölmeziniň öň ýanynda: «Bilşiňiz ýaly, Ýehowa Hudaýyňyzyň beren gowy wadalarynyň hiç biri ýerine ýetmän galmady, ählisi aýdyşy ýaly boldy» diýdi (Ýuşa 23:14).
Ýehowa Hudaý gullukçylaryna: «Men seni hiç haçan terk etmerin, seni asla taşlamaryn» diýip wada berýär (Ýewreýler 13:5). Ol «Ýehowa» adynyň manysyna görä hereket etjekdigine we gullukçylarynyň aladasyny etmek üçin kim bolaýyn diýse boljakdygyna ynandyrýar. Roberson dogan: «Hiç haçan ýan bermäň, elleriňizi gowşatmaň we yza çekilmäň. Ýadyňyzda bolsun, ol hiç haçan, üns beriň, hiç haçan sizi terk etmez» diýdi.
«Olaryň seslerini ýer ýüzüniň ähli ýaşaýjylary eşitdi» (Rimliler 10:18). Gilead mekdebiniň Mark Numar atly mugallymynyň ýolbaşçylygy astynda talyplar Pattersonda wagyz edendäki bolan wakalary sahnalaşdyrdylar. Meselem, günorta amerikaly är-aýal öz ýurdundan gelen üç aýala duşup, olara zulu we kosa dillerinde wagyz edip bilendiklerine örän begendiler. Şri-Lankaly är-aýal bolsa bir indus bilen tanyşdylar. Onuň aýaly we çagasy Şri-Lankada galypdyr. Bu adam Mukaddes Kitaby hiç haçan görmändir, şol sebäpli oňa Mukaddes Kitaby höwes bilen sowgat berdiler.
«Ýagşy işleri etmäge birkemsiz taýýarlananlar». Ýazyjylar komitetiniň kömekçisi Jin Smolli şu klasda okan iki är-aýaldan interwýu aldy. Sýerra-Leoneli är-aýal her gün öýüne suw daşaýandygyny gürrüň berdiler. Olar 50 adam bilen okuw geçýändikleri üçin, bu kynçylyklar gözlerine-de görünmeýärdi. Olaryň dördüsi-de okuwda alan biliminiň her bir işe doly taýýar bolmaga kömek edendiklerine minnetdarlyk bildirdiler (2 Timoteos 3:16, 17).
«Ahyryna çenli, hatda ondan soňam çydamly boluň». Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy Gerrit Lýoş dogan esasy nutugy uzak ýola ylgaýan türgeniň mysaly bilen başlady. Şeýle türgenler pellehana çenli güýji ýeter ýaly depginde ylgaýarlar. Ýaryşda diňe bir türgen ýeňýär, emma ýaşaýyş ýolunda soňuna çenli ylgaýan mesihçileriň ählisi ýeňiş gazanýar.
Çydamly bolmak — kynçylyklarda, yzarlamalarda ýa-da lapykeçlige uçranyňda, umydyňy ýitirmän Hudaýa elmydama gulluk etmekdir. Isa pygamber: «Soňuna çenli çydan halas bolar» diýdi (Matta 24:13). Biziň çydamlylygymyzy Ýehowanyň hem-de Isanyň görýändigini bilmek diýseň begendirýär! Soňra Lýoş dogan kynçylyklarda çydamly bolmaga kömek etjek birnäçe maslahatlary berdi. Aşakda olaryň käbiri getirilýär:
Çydamlylyk berýän we her gün ýükümizi götermäge kömek edýän Hudaýa doga ediň (Rimliler 15:5; Zebur 68:19).
Wepaly galmagy ýüregiňize düwüň. Sebäbi Hudaý «siziň döz gelip bilmejek synaglaryňyza ýol bermez. Synagda soňuna çenli çydap biler ýaly çykalga-da açar» (1 Korinfliler 10:13).
Gelejege bolan umydyňyzy ünsden düşürmäň. «Ol (Isa) öňünde goýlan şatlyk üçin masgaraçylyga çydap, jebir pürsündäki ölüme döz geldi» (Ýewreýler 12:2).
Lýoş dogan pellehananyň golaýdygyny we yza çekilmegiň wagty däldigini belläp geçdi. «Geliň,.. öňümizdäki ýolda çydamly ylgalyň» (Ýewreýler 12:1).
Gutardyş dabarasynyň ahyrynda talyplardan biri tutuş klasyň adyndan alan peýdaly tälimleri üçin minnetdarlyk hatyny okady. Olar Mukaddes Kitaby taryhy yzygiderlikde öwrenip, munuň diňe bir Hudaýyň niýetine düşünmäge kömek etmän, eýsem, imanyny berkidendiklerini we öwrenen zatlaryny durmuşynda ulanmagy maksat edinendiklerini aýtdylar.