Ýolbaşçylyk maslahatynyň haty
Gadyrly, Ýehowany söýýän gullukçy!
Isa: «Siz hakykaty bilersiňiz, hakykat-da sizi azat eder» diýdi (Ýahýa 8:32). Nähili ruhlandyryjy sözler! Hawa, hatda şu agyr, ýalançylygyň giňden ýaýran «soňky günlerinde» hakykaty bilmek mümkin (2 Timoteos 3:1). Hudaýyň Sözündäki hakykaty ilki eşiden wagtyň ýadyňdamy? Bu nähili ýatdan çykmajak pursat!
Emma hakykat bilimi almak we ony başgalara yzygiderli gürrüň bermek wajyp bolsa-da, oňa görä ýaşamak hem juda zerurdyr. Munuň üçin biz Hudaýyň söýgüsinde galmaly. Muňa näme degişli? Isa ölüminiň öň ýanyndaky gije bu sowala jogap berip, wepaly resullaryna şeýle diýdi: «Tabşyryklarymy berjaý etseňiz, meniň söýgimde galarsyňyz, sebäbi men hem Atamyň tabşyryklaryny berjaý edip, onuň söýgüsinde galýaryn» (Ýahýa 15:10).
Üns beren bolsaň, Isa Atasynyň buýruklaryny berjaý edeni üçin, onuň söýgüsinde galdy. Bu şu günler bize-de degişli. Hudaýyň söýgüsinde galmak üçin, biz her gün hakykata görä ýaşamaly. Isa şol gije şeýle diýdi: «Siz bulary bilip, ýerine ýetirseňiz bagtlysyňyz» (Ýahýa 13:17).
Biz bu kitap saňa mundan beýläk-de, hakykata görä ýaşap, Hudaýyň söýgüsinde galmaga kömek eder diýip umyt edýäris. Bu seni ebedi ýaşaýşa elter (Ýahuda 21).
Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýolbaşçylyk maslahaty