Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

30-NJY BAP

Gorkmaz ýaly näme etmeli?

Gorkmaz ýaly näme etmeli?

1—9. a) Petrus we beýleki resullar näme üçin gorkdular? b) Petrus Isany tanamaýandygyny aýtmanka, nähili wakalar boldy?

ÝEHOWA gulluk etmek saňa aňsatmy? ~ Beýik Mugallym aňsat bolar diýmedi. Isa ölüminiň öň ýanyndaky gijesi şägirtlerine: «Dünýä sizi ýigrense, onuň sizden öň meni ýigrenendigini biliň» diýdi (Ýahýa 15:18).

2 Şonda Petrus öwnüp, hiç haçan Isany taşlap gitmejekdigini aýtdy. Emma Isa Petrusa: «Sen şu gije üç gezek meni tanamaýandygyňy aýdarsyň» diýdi. Petrus şeýle hem etdi! (Matta 26:31—35, 69—75). Ol näme üçin beýle etdikä? ~ Sebäbi Petrus we beýleki resullar gorkdular.

3 Sen resullaryň näme üçin gorkandyklaryny bilýärmiň? ~ Olar örän wajyp zady etmediler. Biz muny bilsek, kimiň näme diýýändigine, näme edýändigine garamazdan, Ýehowa gulluk ederis. Gel, Isanyň resullary bilen geçiren soňky gijesinde näme bolandygyny bileli.

4 Hudaýyň halky her ýyl Pesah baýramyny belleýärdi. Bu baýramçylyk olara Hudaýyň Müsür gulçulygyndan azatlyga çykarandygyny ýatladýardy. Isa hem resullary bilen bu baýramçylygy belleýär. Soňra ol resullaryna onuň ölümini ýatlamalydygyny aýdýar. Biz bu barada soňra köpräk bileris. Isa resullaryny ruhlandyrýar we olary Getsemani bagyna äkidýär. Olar köplenç şol ýere barmagy gowy görýärdi.

5 Isa bagda resullaryndan biraz öňe gidip, doga edýär. Şeýle-de ol Petrusa, Ýakuba we Ýahýa doga etmelidiklerini aýdýar. Emma olar uklap galýarlar. Isa üç gezek doga edip, yzyna dolananda, Petrus we onuň ýanyndakylar üç gezegem uklap galýarlar (Matta 26:36—47). Olaryň näme üçin oýa bolup, doga etmelidigini bilýärmiň? ~ Gel, bu barada bileli.

Petrus, Ýakup we Ýahýa näme üçin oýa bolmalydy?

6 Iuda Iskariot şol gün agşam Isa we beýleki resullar bilen Pesah baýramyny belläpdi. Ýadyňda bolsa, Iuda ogrudy. Indi bolsa, ol dönüklik edýär. Ol köplenç Isanyň resullary bilen Getsemani bagyna barýandygyny bilýärdi. Şol sebäpli Iuda Isany tutmak üçin esgerleri ol ýere alyp barýar. Olar baga gelende, Isa olardan: «Kimi gözleýärsiňiz?» diýip soraýar.

7 Esgerler: «Isany» diýip jogap berýärler. Şonda Isa gorkman: «Ol-men» diýýär. Esgerler Isanyň batyrgaýlygyna haýran galyp, yza çekilýärler we ýere ýykylýarlar. Isa: «Meni gözleýän bolsaňyz, meniň resullarymy goýberiň, gitsinler» diýýär (Ýahýa 18:1—9).

8 Esgerler Isany tutup, onuň elini daňanda, resullar gorkup, gaçyp gidýärler. Emma Petrus bilen Ýahýa indi näme bolarka diýip, olaryň biraz yzyragyndan gidýär. Ahyry Isany baş ruhany Kaýafanyň öýüne eltýärler. Ýahýa baş ruhanyny tanaýandygy üçin, gapyda duran aýal ony we Petrusy howla salýar.

9 Ruhanylaryň hemmesi Isa höküm çykarmak üçin, Kaýafanyň öýüne eýýäm ýygnanyşypdy. Olar Isa ölüm jezasyny berjek bolýarlar. Şol sebäpli olar Isa barada ýalan sözleýän şaýatlary getirýärler. Adamlar Isany şapbatlap, ýumruklap urýarlar. Şonda Petrusam şol ýerdedi.

10—16. a) Petrus näçe gezek we näme üçin Isany tanamaýandygyny aýtdy? b) Biz haçan Petrusyňky ýaly ýagdaýa düşüp bileris? ç) Petrus ýaly gorkup, soňra ökünmez ýaly näme etmeli?

10 Petrus bilen Ýahýany howla salan aýal Petrusy görüp: «Sen-de Isa bilen bilediň» diýýär. Emma Petrus Isany tanamaýandygyny aýdýar. Şondan soň başga bir aýal Petrusy tanap: «Bu adam hem Isa bilen biledi» diýýär. Petrus ýene-de Isany tanamaýandygyny aýdýar. Biraz wagt geçensoň, ýene-de bir adam: «Dogrudan-da, sen hem olardan» diýýär. Indi Petrus üçünji gezek hem: «Men ol adamy tanamaýaryn» diýýär. Petrus dogrusyny aýdýandygyny ynandyrmak üçin ant hem içýär. Şonda Isa öwrülip, Petrusa seredýär (Matta 26:57—75; Luka 22:54—62; Ýahýa 18:15—27).

Petrus näme üçin gorkup, Isany tanamaýandygyny aýtdy?

11 Petrus näme üçin ýalan sözledi? ~ Hawa, ol gorkdy. Ýöne ol näme üçin gorkdy? Ol batyrgaý bolar ýaly näme etmedi? Gel, bu barada oýlanyp göreli. Isa batyrgaý bolmak üçin näme etdi? ~ Ol Ýehowa doga etdi we Hudaý oňa batyrgaý bolmaga kömek etdi. Ýadyňda bolsa, Isa Petrusa üç gezek oýa bolup, doga etmelidigini aýdypdy. Emma ol näme etdi? ~

12 Petrus üç gezek hem uklap galdy. Ol oýa bolup, doga etmedi. Şonuň üçin Isany tussag edenlerinde, ol aljyrady. Soňra Isany höküm edenlerinde, uranlarynda we oňa ölüm jezasyny berjek bolanlarynda, Petrus gorkdy. Birnäçe sagat mundan öň, Isa resullaryna näme barada aýdypdy? ~ Isa: «Dünýä meni ýigrenen bolsa, sizi hem ýigrener» diýipdi.

Sen haçan Petrusyňky ýaly ýagdaýa düşüp bilersiň?

13 Bizem Petrusyňky ýaly ýagdaýa düşüp bileris. Aýdaly, klasdaşlaryň gimn aýtmaýan we doglan güni bellemeýän adamlar barada erbet zatlary aýdýarlar. Şonda olaryň biri saňa seredip: «Senem gimn aýtmaýarmyň?» diýip sorasa ýa-da: «Biz seniň doglan güni bellemeýändigiňi eşitdik» diýse, sen näme edersiň? Petrus ýaly gorkup, ýalan sözlärsiňmi? ~

14 Soňra Petrus Isany tanamaýaryn diýenine örän ökünýär. Ol muňa düşünende, daşary çykyp, möňňürip aglaýar. Soňra ol ýene-de Isanyň şägirdi bolýar (Luka 22:32). Gel, indi başga bir zat barada oýlanaly. Biz Petrus ýaly gorkup, ýalan sözlemez ýaly näme etmeli? ~ Ýadyňa düşýän bolsa, Petrus oýa bolmady we doga etmedi. Şol sebäpli biz Beýik Mugallymyň yzyna eýermek üçin näme etmeli? ~

15 Biz Ýehowa doga etmeli. Isa doga edende, Hudaýyň näme edendigini bilýärmiň? ~ Ol perişdesini iberip, Isany ruhlandyrdy (Luka 22:43). Allatagalanyň perişdesi bize-de kömek edermi? ~ Mukaddes Ýazgylarda: «Rebbiň perişdesi Ondan gorkýanlaryň daşynda düşelge gurýandyr, olary halas edýändir» diýilýär (Zebur 34:7). Emma Hudaý bize kömek eder ýaly, diňe doga etmek ýeterlikli däl. Biziň ýene-de näme etmelidigimizi bilýärmiň? ~ Isanyň şägirtlerine aýdyşy ýaly, oýa bolmaly. Oýa bolmak üçin näme etmeli? ~

16 Biz ýygnak duşuşyklarynda ünsli diňlemeli. Mukaddes Ýazgylary okanymyzda, bar ünsümizi jemlemeli. Şeýle-de Ýehowa gulluk edip biler ýaly, yzygiderli doga edip, ondan kömek soramaly. Eger biz şu zatlary etsek, gorkmarys. Şonda her bir mümkinçilikden peýdalanyp, adamlara Beýik Mugallym we onuň Atasy barada şatlyk bilen gürrüň bereris.

Şu aýatlar bize adamlardan gorkman, dogry işleri etmäge kömek eder: Süleýmanyň tymsallary 29:25; Ýermeýa 26:12—15, 20—24 we Ýahýa 12:42, 43.