9-NJY BÖLÜM
Ýygnak duşuşyklaryna nädip gowy taýýarlyk görmeli?
Siz Ýehowanyň Şaýatlary bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýän bolsaňyz, megerem, her sapaga öňünden taýýarlyk görýänsiňiz. Ýygnak duşuşyklaryna hem öňünden taýýarlyk görmek örän wajyp. Muny endik edinsek, bize has köp peýda getirer.
Nirede we haçan taýýarlanjakdygyňyz hakynda oýlanyň. Size ünsüňizi jemlemek haçan aňsat bolýar? Irden işe başlamankaňyzmy ýa-da gije çagalaryňyz uklandan soň? Siz uzak wagt taýýarlanyp bilmeseňiz-de, näçeräk wagt sarp edip biljekdigiňiz hakynda oýlanyň we hiç zada ünsüňizi bölmäge ýol bermäň. Taýýarlyk görmek üçin asuda we parahat ýeri saýlaň. Ünsüňizi böläýjek zatlary, ýagny radiony, telewizory we el telefonyňyzy öçüriň. Taýýarlyk görmeziňizden öň doga ediň. Bu siziň ünsüňizi gündelik aladalaryňyza däl-de, Mukaddes Ýazgylara gönükdirmäge kömek eder (Filipililer 4:6, 7).
Okaň we soraglara jogap bermäge çalşyň. Ilki bilen, makalanyň umumy temasyna düşünjek boluň. Munuň üçin onuň ady hakynda oýlanyň we sözbaşylaryň tema bilen baglanyşygyna göz ýetirjek boluň. Makaladaky suratlary we esasy pikirleri nygtap geçýän, ýagny gaýtalamak üçin berilýän soraglary hakda oýlanyň. Soňra her abzasy okap, berlen soraglaryň jogabyny tapyň. Makalada getirilen aýatlary Mukaddes Ýazgylaryňyzdan açyp okaň we olaryň aýdylýan pikiri nädip tassyklaýandygy hakynda oýlanyň (Resullaryň işleri 17:11). Soraga jogap berýän esasy sözleriň ýa-da jümleleriň aşagyny çyzyň. Bu size duşuşykda aýtjak pikiriňizi ýada salmaga kömek eder. Şonda siz ýygnak duşuşygynda eliňizi galdyryp, öz sözüňiz bilen gysgaça jogap berip bilersiňiz.
Siz her hepde ýygnak duşuşyklarynda geçilýän dürli-dürli temalary öwrenip, ruhy «hazynaňyzy» täze pikirlerden dolduryp bilersiňiz (Matta 13:51, 52).
-
Siz ýygnak duşuşyklaryna haçan we nirede taýýarlyk görüp bilersiňiz?
-
Ýygnak duşuşyklarynda jogap bermek üçin nädip taýýarlyk görmeli?