Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

14-NJI SAPAK

Patyşalyk ýer ýüzüni Jennet eder

Patyşalyk ýer ýüzüni Jennet eder

Sen haýsy Patyşalyk barada aýdylýandygyny bilýärmiň? ~ Bu Hudaýyň Patyşalygy. Ol bütin ýer ýüzüni Jennet eder. Sen Patyşalyk barada köpräk bilesiň gelýärmi? ~

Her bir Patyşalygyň patyşasy bolýar. Patyşa öz ýurdunda ýaşaýan adamlara ýolbaşçylyk edýär. Sen Hudaýyň Patyşalygynyň patyşasynyň kimdigini bilýärmiň? ~ Ol Isa Mesih. Ol gökde ýaşaýar. Tizden ol bütin ýer ýüzünde ýaşaýan ähli adamlaryň patyşasy bolar. Seniň pikiriňçe, Isa bütin ýer ýüzüne patyşa bolanda, biz muňa begenerismi? ~

Sen özüňi Jennetde göz öňüne getirýärmiň?

Elbetde, biz örän begeneris! Jennetde adamlar bir-biri bilen uruşmaz, hatda uruşmak üçin başga ýerlere-de gitmezler. Adamlar biri-birini söýüp ýaşar. Hiç kim kesellemez we ölmez. Körler görer, kerler eşider, ýöräp bilmeýän adamlar bolsa ylgarlar we bökerler. Iýmit köp bolar. Haýwanlar bir-biri bilen oýnarlar we biz hem olar bilen oýnarys. Ölen adamlar direler. Şu broşýurada öwrenen Rebeka, Rahaw, Dawut, Ylýas ýaly köp adamlar hem direler! Sen olaryň haýsysy bilen tanşasyň gelýär? ~

Ýehowa seni söýýär we seniň şadyýan bolmagyňy isleýär. Eger sen Ýehowa barada öwrenmegi we oňa gulak asmagy dowam etseň, owadan Jennetde ebedi ýaşarsyň! Seniň Jennetde ýaşasyň gelýärmi? ~