Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Garyp bolsak näme etmeli?

Garyp bolsak näme etmeli?

20-NJI BAP

Garyp bolsak näme etmeli?

Grigori Gündogar Ýewropada ýaşaýar. Onuň Günbatar Ýewropadaky ýaşlaryňky ýaly eşikleri we elektron enjamlary almaga ýagdaýy ýok. Bu zatlar ony şeýle gynandyrýardy welin, ol Awstriýa göçjek bolýar. Seniň pikiriňçe, Grigori garypmy?

□ Hawa □ Ýok

Lois bolsa ondan müňlerçe kilometr daşlykda Günorta Afrikanyň bir kiçiräk obasynda maşgalasy bilen çatmada ýaşaýar. Loisiň şäherde «hezil edýän», ýagny hemişe suwy akyp duran we togy bolan jaýlarda ýaşaýan oglandyr gyzlara gözi gidýär. Seniň pikiriňçe, Lois garypmy?

□ Hawa □ Ýok

«GARYPLYK» diýen düşünjä adamlar her hili düşünýär. Mysal üçin, Grigori özüne garyp diýse-de, Lois bilen deňeşdireniňde, ol baý ýaşaýar. Özüňi garyp hasaplaýan bolsaň, senden has erbet ýagdaýda ýaşaýan adamlaryň bardygy hakda oýlan. Şonda öz ýagdaýyňa başgaça seredersiň. Ýöne mekdebe geýmäge gowy eşigiň ýa-da öýüňizde akyp duran suw bolmasa, başgalaryň has amatsyz şertlerde ýaşaýandygyny bilmek hem teselli bermese gerek.

Garyplykda önüp-ösen ýaşlaryň käbiri özüni hiç kime gerekmejek we başgalardan pes hasaplaýar. Şeýle duýgulary ýeňmek üçin, olar spirtli içgileri içýärler ýa-da neşe çekýärler. Ýöne durmuşyňa kaýyl bolup ýaşamakdan gaçsaň ýagdaýyň diňe kynlaşar. Şeýle ýaşlar içginiň ahyrsoňy «ýylan kimin çakýandygyna; kör ýylan ýaly sokýandygyna» düşünýärler (Süleýmanyň tymsallary 23:32). Günorta afrikaly Mariýany ejesi ýeke terbiýeläpdi we olar garypdy. Ol şeýle diýýär: «Durmuşyňa kaýyl bolup ýaşamakdan gaçsaň kynçylyk çözülmeýär-de, gaýtam, köpelýär».

Belki, sen içýän dälsiň, neşe-de çekýän dälsiň. Emma garyplygyma ölüp gitmeli bolarmykam diýip alada edýänsiň. Şeýle ýagdaýda näme edip bilersiň? Mukaddes Ýazgylardaky maslahatlar edil gandaldan boşadýan açar ýaly, gaýgy-aladadan dyndaryp, ýagdaýyňa dogry garaýyşda bolmagy öwredýär. Gel, munuň nädip kömek edýändigini bileli!

Bar zadyňy gymmat saý

Ilki bilen, ýok zatlaryň däl-de, bar zatlaryň hakda pikirlen. Meselem, ýaşamaga öýüň bar we aladaňy edýän maşgalaň bar. Bu zatlar puldan has gymmatlydyr! Mukaddes Ýazgylarda: «Söýginiň bar ýerinde gök ösümlikli nahar duşmançylyk bilen iýlen bagöküzden gowudyr» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 15:17). Şeýle-de mesihçi ýaşlarda aýratyn goldaw bar, ýagny olary «bütin dünýädäki doganlary» goldaýar (1 Petrus 2:17).

Sen bar zatlaryňa dogry garaýyşda bolmagy öwrenmeli. Belki, sen kiçijik we içinde soňky çykan zatlar bolmadyk jaýda ýaşaýansyň. Ýa bolmasa-da, modadan gaçan ýa-da biriniň geýen eşigini geýýänsiň. Şeýle-de her dürli üýtgeşik zatlary iýýän dälsiň. Emma Hudaý bilen dostlaşmak üçin soňky çykan eşigiň ýa-da kaşaň jaýyň bolmagy hökmanmy? Ýaşamak we sagdyn bolmak üçin üýtgeşik naharlary iýmelimi? Elbetde, ýok. Pawlus resul bolçulykda-da, garyplykda-da ýaşap görüpdi we mundan wajyp zady öwrendi (Filipililer 4:12). Şonuň üçinem ol: «Iýmäge, geýmäge zadymyz we ýaşara ýerimiz bar bolsa, biz muňa kaýyldyrys» diýdi (1 Timoteos 6:8).

Günorta Afrikaly Eldred garyp maşgalada önüp-ösýär. Ol şeýle diýýär: «Bar zadymyza kaýyl bolmakdan başga alajymyz ýokdy. Sebäbi ýeterlik pulumyz bolmansoň, isleýän zadymyzy alyp bilmeýärdik». Şeýle-de ol mekdebe geýýän jalbary ýyrtylanda, ejesiniň oňa gaýta-gaýta dikip berendigini ýatlaýar. Eldred şeýle diýýär: «Üstümden gülenlerinde dişimi gysyp, çydamaly bolýardym. Ýöne esasy zat, meniň eşigim arassady we ýyrtyk däldi».

Özüňe hormat goýmagy öwren!

11 ýaşly Jeýms ejesi we gyz jigisi bilen Günorta Afrikanyň Ýohannesburg diýen şäheriniň golaýynda garyplaryň lagerinde ýaşaýardy. Umuman alanyňda, olaryň hiç zady ýokdy. Emma Jeýmsde wajyp zatlar, ýagny wagty we güýji bardy. Ol wagtyny we güýjüni başgalara kömek etmek üçin höwes bilen ulanýardy. Jeýms her dynç günleri Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýygnak jaýynyň gurluşygyna kömek edýärdi. Ol boş aýlanyp ýörmän, özüne bolan hormatyny artdyrýan peýdaly işi edýärdi. Ol: «Uzakly gün işlänimden soň, eden işlerimden göwnüm hoşal bolýardy» diýýär.

Hoş habary öýden-öýe wagyz etmek hem ýagşy işleriň biri (Matta 24:14). Ýehowanyň Şaýatlarynyň arasyndaky ýaşlar hem bu işe öz goşandyny goşýar. Şeýdip, olar adamlarda gelejekdäki ajaýyp durmuşda ýaşamaga umyt döredýär. Bu bolsa olaryň özüne bolan hormatyny hem artdyrýar. Elbetde, munuň üçin olara pul berilmeýär. Ýöne Isanyň gadymy Smirna şäherindäki mesihçilere aýdan sözlerini ýadymyzda saklasak gowy bolar. Olar baý ýaşamasa-da, ruhy taýdan berk mesihçilerdi. Şol sebäpli Isa olara: «Men seniň çekýän kynçylygyňy we garypdygyňy bilýärin, ýöne sen baýsyň» diýdi. Netijede bolsa, olar Isanyň döken ganyna iman edýändigini iş ýüzünde görkezip, iň uly baýlygy, ýagny «ýaşaýyş täjini» gazandylar (Ylham 2:9, 10).

Gelejege umyt bilen seret

Baý ýa-da garypdygyňa garamazdan, Ýehowa seniň bilen dostlaşmaga taýýar. Mukaddes Ýazgylarda: «Baý bilen garybyň bir şärik ýeri bar: olaryň ikisini-de ýaradan Rebdir» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 22:2). Muny bilmek Ýehowanyň Şaýady bolan ýaşlaryň müňlerçesine pulsuzlyk bilen göreşmäge kömek edýär. Olar bagtly bolmagyň maddy zatlara bagly däldigine düşünýärler. Bagtly bolmak üçin Ýehowa bilen dostlaşmaly. Ol bolsa özüne gulluk etmek isleýänleriň her biri bilen ýakyndan dost bolýar. Mundan başga-da, Hudaý garyplygyň bolmajak täze dünýäsini wada berýär (2 Petrus 3:13; Ylham 21:3, 4).

Häzirlikçe bolsa, bar zadyňy paýhasly ulan. Gelejege umyt bilen seret! Ruhy hazynalary ýygna (Matta 6:19—21). Ýadyňda sakla, garyplyk — ýeňip bolmaýan kynçylyk däldir!

ESASY PIKRI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR

«Adamyň emlägi köp bolsa-da, onuň ýaşaýşy bu zatlara bagly däldir». Luka 12:15

MASLAHAT

Humarly oýunlary oýnama, çilim çekme we spirtli içgileri içme. Eger maşgalaňda biri şeýle zatlary edýän bolsa, sen bu işleri etmän, olara görelde görkez.

BILÝÄŇIZMI?

Ýazgylardaky kada-kanunlar boýunça ýaşasaň, ýagdaýyň nähilidigine garamazdan, özüňi bagtly duýarsyň (Filipililer 4:12, 13; 1 Timoteos 6:8; Ýewreýler 13:5).

SEN NÄME ETMEKÇI?

Mendäki bar zatlar:

Özümde bar bolan zatlary ulanyp, başgalara kömek etmek üçin, men...

Bu babatda ene-atamdan sorajak zatlarym:

SEN NÄHILI JOGAP BERERSIŇ?

● Adamlar «garyplyk» diýen düşünjä näme üçin her hili düşünýär?

● Durmuşyňa kaýyl bolup ýaşamakdan gaçmak üçin neşe çekmek ýa-da spirtli içgileri içmek näme üçin akylsyzlyk?

● Garyplygy ýeňmäge nämeler kömek eder?

[168-nji sahypadaky sitata]

«Garyplykdan halys ýadasam-da, jenaýatçylyga ýa-da bikanunçylyga baş goşmagyň çykalga däldigine düşünýärdim. Bu zatlary çykalga hasaplan deň-duşlarymyň köpüsi häzir içýär we çekýär, käbiri bolsa türmede otyr» Geýorgiý

[164-nji sahypadaky surat]

Bellik depderim

Belki, daşary ýurda göçerin?!

Köp ýaşlar gazanç etmek ýa-da maşgalasyna kömek etmek üçin daşary ýurda göçmek isleýär. Käbirleri bolsa dil öwrenip, bilim almak ýa-da maşgalada bolýan kynçylyklardan gaçmak üçin daşary ýurda gidýär. Ýaş mesihçileriň käbiri hem wagyzçylaryň ýetmeýän ýerine göçýärler. Daşary ýurda göçmeklige çynlakaý seretmeli. Şonuň üçin ähli zat barada öňünden gowy oýlanmaly. Munuň üçin aşakda getirilen soraglary we aýatlary okap, olaryň üstünde oýlan. Soňra bir kagyza jogaplaryny ýaz. Iň soňunda bolsa, doga edip gutarnykly karara gel.

◻ Göçmek üçin nähili dokumentleri düzetmeli bolar? Rimliler 13:1

◻ Näçeräk pul gerek bolar? Luka 14:28

◻ Ol ýerde özümi ekläp biljekdigim häzir nämeden görünýär? Süleýmanyň tymsallary 13:4

◻ Daşary ýurtda ýaşap gören adamlar nähili maslahat berýär? Süleýmanyň tymsallary 1:5

◻ Bu barada ene-atam näme pikir edýär? Süleýmanyň tymsallary 23:22

◻ Näme maksat bilen göçmek isleýärin? Galatýalylar 6:7, 8

◻ Ol ýerde bile ýaşajak adamlarym ruhy zatlary gymmat saýmaga kömek edermi? Süleýmanyň tymsallary 13:20

◻ Beden, pikir we ruhy taýdan nähili howp abanyp biler? Süleýmanyň tymsallary 5:3, 4; 27:12; 1 Timoteos 6:9, 10

◻ Daşary ýurda göçmek maňa dogrudanam peýda berermi? Süleýmanyň tymsallary 14:15

[167-nji sahypadaky surat]

Ýazgylardaky maslahatlar gandaldan boşadýan açar ýaly gaýgy-aladadan dyndarýar