Jynsy gatnaşyk bizi has ysnyşdyrarmyka?
24-NJI BAP
Jynsy gatnaşyk bizi has ysnyşdyrarmyka?
Helen Maýkly bary-ýogy iki aý bäri tanaýar. Ýöne onuň göwnüne olar biri-birini ömürboýy tanaýan ýaly görünýär. Olar birnäçe sagatlap telefonda gürleşýärler, dynman SMS ýazyşýarlar, biri söze başladygy beýlekisi yzyny dowam etdirýär. Hawa, olaryň gatnaşygy ýag ýaly diýseňem bolýar! Häzir olar aýly gijede maşynda otyrlar. Maýkl bolsa ýönekeý gürrüňdeşlikden has köp zady isleýär.
Şu geçen iki aýyň içinde Maýkl bilen Heleniň arasynda el tutuşmakdan we ogşaşmakdan başga hiç zat bolmandy. Helen mundan öte geçmek islemeýär. Ýöne ol Maýkly hem ýitiresi gelmeýär. Sebäbi ol diňe Maýklyň ýanynda özüni şeýle owadan hem-de arzyly duýýar. Şonuň üçinem Helen öz ýanyndan: «Biz biri-birimizi söýýäris ahyry» diýip oýlanýar.
BELKI-DE, sen munuň soňunyň näme bilen gutarjakdygyny eýýäm aňansyň. Ýöne jynsy gatnaşyk edensoň, Maýkl bilen Heleniň arasynyň gaty sowaşjakdygy hakda welin, asla pikirem edýän dälsiň. Gel, bu barada biraz oýlanyp göreli.
Eger sen fizikanyň kanunyna, meselem, ýeriň dartyş güýjüne sowuk-sala garasaň, netijede, zelel çekersiň. Şonuň ýaly-da, ahlak kadalaryny, mysal üçin, «ahlaksyzlykdan gaça durmak» baradaky tabşyrygy bozsaň, özüňe zyýan ýetirersiň (1 Selanikliler 4:3). Eýsem, ahlaksyzlyk etmek nähili erbet netijeleri getirip biler? Mukaddes Ýazgylarda: «Ahlaksyzlyk edýän adam öz bedenine garşy günä edýändir» diýilýär (1 Korinfliler 6:18). Bu nähili beýle bolýar? Muňa düşünmek üçin, nikadan öň jynsy gatnaşyk etmegiň nähili erbet netijeleri getirip biljekdigini ýaz.
1 ․․․․․
2 ․․․․․
3 ․․․․․
Indi ýazan zatlaryňa göz aýla. Belki-de, sen jynsy gatnaşyk arkaly geçýän keselleri, islenilmeýän göwreliligi we Hudaýyň merhemetinden mahrum bolmagy bellik edensiň. Hawa, Hudaýyň ahlak kadalaryny bozýan adam şeýle ajy miweleri datmaly bolýar.
Emma synaga garşy durmak kyn bolmagy mümkin. Sen öz ýanyňdan: «Maňa hiç zadam bolasy ýok. Onsoňam, hemmeler şeýle edýär!» diýip oýlanýansyň. Mekdepdäki deň-duşlaryňam eden ahlaksyz işlerine buýsanyp, öwünýändirler. Göräýmäge, olara üýtgeşik bolup barýan zadam ýokdur. Şonuň üçin senem babyň başynda agzalan Helen ýaly jynsy gatnaşyk etseň, halaşýan oglanyň bilen has ysnyşaryn öýdýänsiň. Şeýle-de başgalaryň sen barada gürrüň edip: «Aý, ol entegem hiç kim bilen halaşanok» diýip, üstüňden gülmeklerini isleýän dälsiň. Şonuň üçinem sen namysyňy goramak nämä gerek diýip pikir edýän bolmagyň mümkin.
Ýöne şeýle netijä gelmäge howlukma! Sebäbi bu işi hemmeler etmeýär. Dogry, geçirilen barlaglar gaty köp ýaşlaryň nikadan öň jynsy gatnaşykda bolýandygyny görkezýär. Mysal üçin, ABŞ-nyň mekdeplerindäki oglan-gyzlaryň 3-den 2-siniň heniz okuwyny tamamlamanka jynsy gatnaşykda bolýandygy anyklandy. Emma olaryň 3-den 1-iniň beýle etmeýändigini ünsden düşürmeli däl. Ýöne muny edýänler barada näme diýse bolar? Geçirilen barlaglara görä, olaryň köpüsi eden işi sebäpli gaty lapykeç bolýarlar.
1-NJI NETIJE ÖKÜNMEK. Nikadan öň jynsy gatnaşykda bolan ýaşlaryň köpüsi soňra eden işine gaty ökünendigini boýun aldylar.
2-NJI NETIJE YNAMDAN GAÇMAK. Halaşýany bilen jynsy gatnaşykda bolansoň, oglan-gyzlar öz ýanyndan: «Ol başga kim bilen ýatdyka?» diýip oýlanyp başlaýarlar.
3-NJI NETIJE ARZUWYŇ PUÇ BOLMAK. Gyzlar özleriniň ulanylyp taşlanmagyny däl-de, söýgi bilen aladasynyň edilmegini isleýärler. Oglanlaryň köpüsi bolsa namysyndan geçen gyzyň olara soň kän bir ýaramaýandygyny aýdýarlar.
Galyberse-de, köp oglanlar nikadan öň bile bolan gyzyna öýlenmejekdigini aýdýarlar. Näme üçin? Sebäbi olar has akylly-başly we edep-ekramly gyzy almak isleýärler.
Senem gyz bolsaň, muňa gaty haýran galýansyň, gaharyň gelýän bolmagy-da mümkin. Ýöne bir zady unutma: nikadan öň jynsy gatnaşyk kinolarda we telegepleşiklerde görkezilişi ýaly däldir, sebäbi durmuşda ähli zat başgaça bolýar. Şu günler ýetginjekleriň arasyndaky jynsy gatnaşyk gowy zat ýaly arşa çykarylýar. Oňa ýöne bir wagtyňy hoş geçirmek üçin edilýän zat ýaly garap, hatda hakyky söýginiň nyşany hökmünde görkezýärler. Ýöne sen muňa özüňi aldatma! Saňa jynsy gatnaşyk etdirjek bolýan adam diňe öz peýdasyny gözleýär (1 Korinfliler 13:4, 5). Aslynda, seni ýürekden söýýän adam jan saglygyňy howp astyna salarmy we abraýdan düşürermi? (Süleýmanyň tymsallary 5:3, 4). Ol seniň, hakykatdanam, aladaňy edýän bolsa, Hudaý bilen dostlugyňa zyýan ýetirjek işi etmäge iterermi? (Ýewreýler 13:4).
Oglanlaram bir gyz bilen duşuşýan bolsa, şu bapda aýdylýan zatlary göz öňünde tutup, öz gatnaşyklary hakda pikirlense paýhasly bolar. Sen öz ýanyňdan: «Men halaşýan gyzymyň, dogrudanam, aladasyny edýärinmi?» diýip oýlanyp gör. Eger muňa «hawa» diýip jogap beren bolsaň, muny iş ýüzünde görkezmäge jan et. Sen öz güýç-gaýratyňy Hudaýyň kanunlaryny berjaý etmek üçin ulanjak bol, synaga düşürip biljek ýagdaýlardan gaça durar ýaly paýhasly hereket et hem-de diňe öz peýdaňy gözlemän, halaşýan gyzyňa ýürekden söýgi bildir. Eger sen özüňi şeýle alyp barsaň, söwer ýaryň hem edep-ekramly şulamly gyz ýaly: «Söýgülim meniňki, men-de onuňkydyryn» diýer (Nagmalar ). Şeýdip, sen onuň söýgüsini gazanarsyň. nagmasy 2:16
Sen oglan bolsaňam, gyz bolsaňam nikadan öň jynsy gatnaşyk etseň, gymmatly zadyňy ýitirip, abraýdan gaçarsyň (Rimliler 1:24). Köpler ýeňilkellelik edip, namysyny elden gidirendigi üçin özüni dereksiz duýup, kalby boşap galan ýaly bolýar. Emma sen beýle ýalňyşlygy goýbermejek bol! Eger halaşýan oglanyň: «Sen meni söýýän bolsaň, muňa razylaşarsyň» diýip, seni jynsy gatnaşyk etmäge yrjak bolsa, oňa: «Sen meni söýýän bolsaň, beýle zady etdirjek bolmazdyň!» diýip, dogumly jogap ber.
Öz ar-namysyňy depeletmejek bol. Hudaýyň ahlaksyzlykdan gaça durmak baradaky tabşyrygyna gulak asmagy berk ýüregiňe düwendigiňi görkez. Şeýle etseň, durmuş guranyňda maşgala gatnaşygyndan şatlyk taparsyň we nikadan öň jynsy gatnaşykda bolýanlardan tapawutlylykda, özüňi günäkärlemek hem-de ökünmek ýaly duýgular bolmaz (Süleýmanyň tymsallary 7:22, 23; 1 Korinfliler 7:3).
ŞU TEMA BARADA KÖPRÄK BILMEK ÜÇIN, II TOMUŇ 4, 5-NJI BAPLARYNY OKAP BILERSIŇ
Masturbasiýadan gaça durmak näme üçin wajyp?
ESASY PIKIRLERI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR
«Ahlaksyzlykdan gaçyň... Ahlaksyzlyk edýän adam öz bedenine garşy günä edýändir». 1 Korinfliler 6:18
MASLAHAT
Oglan-gyzlar ene-atasynyň ýanynda etmejek zadyny ikiçäk galanlarynda-da etmese gowy bolar.
BILÝÄRSIŇMI... ?
Halaşýan gyzy bilen jynsy gatnaşyk edensoň, oglan köplenç ony taşlap, başga gyzyň gözlegine çykýar.
SEN NÄME ETMEKÇI?
Men bir oglan (ýa-da gyz) bilen iş salyşmaly bolsam, şu ýagdaýlardan gaça durmakçy: ․․․․․
Eger ol meniň bilen bir çola ýerde görüşmekçi bolsa, oňa şeýle diýerin: ․․․․․
Şu mesele boýunça enem-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․
NÄHILI PIKIR EDÝÄRSIŇ?
● Nikadan öň jynsy gatnaşyk etmäge isleg dörese-de, ondan gaça durmak näme üçin wajyp?
● Halaşýanyň jynsy gatnaşyk etmäge yrjak bolsa näme edersiň?
[176-njy sahypadaky sitata]
«Hudaýyň gullukçysy hökmünde seniň gowy häsiýetleriň bardygy üçin başgalar saňa hasam üns bermegi mümkin. Şonuň üçin saňa ahlaksyzlyk etdirjek bolanlarynda, seresap bolup, dogumly hereket et. Gowy häsiýetleriňi bolgusyz zada çalyşma!» Joşua
[177-nji sahypadaky surat]
Nikadan öň jynsy gatnaşyk etmek owadan suraty aýak astyna taşlap depelän ýalydyr