Geçmişden sapak edinýäris — Ýakup
Geçmişden sapak edinýäris — Ýakup
Ýakup bilen dogany Ysaw birnäçe ýyllap gepleşmän gezýär. Ysaw Ýakuby ýigrenýärdi. Ýakup hiç hili erbetlik etmese-de, dogany bilen arasyndaky düşünişmezligi çözmek üçin öňürti ädim ädip, eglişik etdi. Onuň maksady dawada üstün çykmak däl-de, doganynyň söýgüsini gazanmakdy. Ýakup özüniň nädogry hereket etmändigine düşünse-de, doganynyň ondan ötünç soramagyny talap etmedi (Gelip çykyş 25:27—34; 27:30—41; 32:3—22; 33:1—9).
Sen maşgala agzalaryň bilen araňdaky düşünişmezligi nädip çözýärsiň? Käte sen jigi-doganlaryň ýa-da eneň-ataň edýän zatlaryny ýalňyş, özüňkini bolsa dogry hasaplamagyň mümkin. Şeýle ýagdaýda olaryň ilki ädim ätmegine garaşýarmyň? Ýa-da Ýakup ýaly hereket edýärmiň? Eger Hudaýyň kada-kanunlaryny bozmaýan bolsaň, agzybirligi saklamak üçin eglişik edersiňmi? (1 Petrus 3:8, 9). Ýakup maşgalasynyň tekepbirlik sebäpli dargamagyna ýol bermedi. Ol doganynyň göwnüni tapmak üçin özüni kiçeltdi. Senem şeýle edip bilermiň?