Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

19-NJY AÝDYM

Ýatlama agşamy

Ýatlama agşamy

(Matta 26:26—30)

  1. 1. Ýehowa, gökdäki Atamyz,

    Bu gün iň mukaddes agşam.

    Akyldarlygyňy, söýgiňi, güýjüňi

    Iň wajyp gün gördük hasam.

    Öň halas edipdi halkyňy

    Pashalyk guzynyň gany.

    Ençe ýyldan bolsa Isa berdi jany,

    Halas etmek üçin ynsany.

  2. 2. Tölegi ýatladar wajyp gün

    Dünýäniň soňy gelýänçä.

    Ýeke-täk Ogluňy, iberdiň Isany,

    Wepaly boldy ölýänçä.

    Ýüregimiz şatlykdan dolar

    Her ýyl belläp şol gijäni.

    Isanyň ölümi, döken kämil gany

    Halas etdi bütin dünýäni.

  3. 3. Ynha, ýygnanyşdyk öňüňde,

    Çakylygyňa bolup şat.

    Mesihi taryplap alkyşlar aýdarys,

    Ogluňa goýarys hormat.

    Mukaddes Ýatlama agşamy

    Berkidýär imanymyzy.

    Öwrenip Isadan, ýöresek ýolundan,

    Halas ederis janymyzy.