Esasy materiala geçiň

MUKADDES KITAP DURMUŞYŇY ÜÝTGEDÝÄR

Ýedi gezek ýykylsamam, ýerimden turdu

Ýedi gezek ýykylsamam, ýerimden turdu
  • DOGLAN ÝYLY: 1953

  • DOGLAN ÝERI: AWSTRALIÝA

  • GEÇMIŞI: PORNOGRAFIÝANYŇ GULY

ÖŇKI DURMUŞYM

Kakam 1949-njy ýylda iş gözläp, Germaniýadan Awstraliýa göçüp gelýär. Ol kömür gazýan ýa-da elektrik bolup işlemek isläpdir. Şeýdip, Wiktoriýa ştatynda ýaşap başlaýar we ejem bilen duşuşyp, oňa öýlenýär. 1953-nji ýylda bolsa men dünýä indim.

Birnäçe ýyldan ejem Ýehowanyň Şaýatlary bilen Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlady. Şonuň üçin men hakykaty çagalygymdan bilýärdim. Din diýilse, kakamyň depe saçy üýşýärdi. Ol ejeme-de azar baryny berýärdi, gorkuzýardy, ejem kakamdan gorkup ýaşaýardy. Ol Mukaddes Kitap okuwyny kakamdan ogryn geçýärdi. Öwrenýän zatlary ýüregine jüňk bolansoň, kakam öýde ýokka, gyz jigim bilen maňa Hudaý barada öwredýärdi. Ol ýerde Jennetiň boljakdygyny, Mukaddes Kitabyň kada-kanunlary boýunça ýaşasak, bagtly boljakdygymyzy aýdýardy (Zebur 37:10, 29; Işaýa 48:17).

18 ýaşymda kakamyň zalymlygyna çydaman öýden gitmeli boldum. Ejemiň Mukaddes Kitapdan öwredýän zatlarynyň dogrudygyny bilsemem, şoňa görä ýaşamaýardym, öz bilenimi edýärdim. Şeýdip, men kömür gazylýan ýerde elektrik bolup işe başladym. 20 ýaşymda öýlendim, üç ýyldanam gyzym boldy. Şondan soň men maşgalamyň gelejegi barada oýlanyp başladym. Mukaddes Kitapdaky maslahatlaryň maşgalamy bagtly etjekdigini bilýärdim. Şonuň üçin okuw geçip başladym. Aýalym Ýehowanyň Şaýatlaryny halamaýardy. Bir gezek ýygnakdan gelenimde, ol öňümde şert goýup: «Ýa okuwyňy saýla, ýa-da maşgalaňy» diýdi. Näme etjegimi bilmän, aýalymyň aýdyşy ýaly, Ýehowanyň Şaýatlary bilen aramy kesdim. Ýöne soň şeýle edenime gaty ökündim.

Bir gün işdeşlerim pornografiýaly suratlary görkezdi. Bir tarapdan olardan gözümi aýryp bilmeýärdim, bir tarapdanam ýigrenýärdim. Men günä iş eden ýaly boldum. Mukaddes Kitapdan öwrenen zatlarym ýadyma düşüp: «Hudaý indi maňa jeza berer» diýdim. Ýöne ýarym-ýalaňaç suratlary gördügimçe, gözüm öwrenişip başlady. Soňabaka pornografiýa görmesem oňmaýardym.

20 ýylyň içinde ejemiň Mukaddes Kitapdan öwreden zatlaryndan nam-nyşan galmady. Pikirim hapa bolansoň, diňe sögünip gürleýärdim, ahlaksyz degişmeleri aýdýardym. Ahlak taýdan gaty azypdym, aýalym barka başga aýallar bilen gezýärdim. Bir gün aýna seredip öz-özümi ýigrendim, öz mertebämi depeländigime düşündim.

Ahyrsoňy, maşgalam dargady, durmuşda hiç zadyň gyzygy ýokdy. 20 ýylyň içinde durmuşymy öz-özüm kül etdim. Men Ýehowa ýüregimi döküp doga etdim. Soňra ýene Mukaddes Kitapdan okuw geçip başladym. Şol döwürler kakam aradan çykypdy, ejem bolsa suwa çümdürilip Ýehowanyň Şaýady bolupdy.

MUKADDES KITAP DURMUŞYMY ÜÝTGETDI

Men öň asla Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna görä ýaşamaýardym. Mukaddes Kitapda aýdylyşy ýaly, men kalbymda parahatlyk duýup göresim geldi. Munuň üçin erbet häsiýetlerimi, hapa sögünmegi, ahlaksyzlyk etmegi, pully oýun oýnamagy, içmegi, işde ogurlyk etmegi goýmalydym.

Işdeşlerim öňki bolşumy halaýardylar. Olar näme üçin üýtgejek bolýandygyma düşünmeýärdiler. Olar öňki edýän işlerimi etdirjek bolup, üç ýyllap azar berdiler. Saklanyp bilmän gaharlanaýsam ýa sögünäýsem, olar begenişip: «Ana, indi öňki Joýa meňzediň» diýýärdiler. Şol sözleri eşidip, ýüregim gyýym-gyýym bolýardy. Köplenç bolsa: «Aý, men düzelmeýän» diýip ruhdan düşýärdim.

Işleýän ýerim pornografiýanyň öýjügidi. Kompýuterlerem pornografiýadan doludy, şolar ýaly gazet-žurnallaram kändi. Işdeşlerim uzakly gün biri-birine ahlaksyz suratlary ugradýardylar. Menem öň şeýle edýärdim. Ýöne men erbet endiklerimi goýjak bolýardym, olar bolsa goýdurmajak bolýardy. Ahyry, maňa okuw geçýän dogandan kömek soradym. Ol sözümi bölmän, soňuna çenli diňledi. Soňra erbet endiklerimi ýeňmäge kömek etjek aýatlary okap berdi. Meni hemişe Ýehowa doga edip kömek soramaga höweslendirdi (Zebur 119:37).

Bir gezek men işdeşlerimi ýygnadym. Hemmesi üýşende içgini taşlap ýören iki işdeşimi görkezip: «Olara piwo getirip beriň» diýdim. Işdeşlerim ör-gökden gelip: «Aýdýan zadyňy gulagyň bir eşidýärmi?! Olar şonsuzam-a içgini zordan taşlap ýörler» diýdiler. Şonda olara: «Menem edil şolar ýaly göreşýärin» diýdim. Şondan soň olar meniň ýagdaýyma düşünip, azar bermegini goýdular.

Ahyry, Ýehowanyň kömegi bilen men pornografiýa görmek endigimi goýdum. 1999-njy ýylda suwa çümdürildim. Arassa ynsap bilen täze durmuşa başlamaga mümkinçilik berendigi üçin Ýehowa minnetdar!

Şu wagta çenli meniň halan zatlarymy Ýehowanyň näme üçin ýigrenýändigine indi düşünýärin. Edil çagasyny söýýän ata ýaly, Ýehowa pornografiýanyň durmuşyňy kül etmegini islemeýär. Nakyllar 3:5, 6-njy aýatlardaky: «Ýehowa bütin ýüregiň bilen bil bagla, düşünjäňe daýanma. Her ädimiňde Hudaýdan maslahat sora, şonda ähli işleriňde üstünlik gazanarsyň» diýen sözler dogry aýdylypdyr. Mukaddes Kitabyň kada-kanunlary diňe bir goraman, durmuşyňy düýpli üýtgedip, üstünlige ýetirýär (Zebur 1:1—3).

HÄZIRKI DURMUŞYM

Men indi öňki ýaly öz-özümi ýigrenmeýärin, kalbymam rahat. Ýehowa arassa ynsap bilen gulluk edýärin. Onuň meni bagyşlandygyny, her gün goldaýandygyny görýärin. 2000-nji ýylda Karolin atly owadan uýa öýlendim. Olam meniň ýaly, Ýehowany ýürekden söýýär. Biziň agzybir maşgalamyz bar. Arassa we birek-biregi söýýän bütindünýä doganlygyň agzasy bolmak uly hormat!