Esasy materiala geçiň

MUKADDES KITAP DURMUŞYŇY ÜÝTGEDÝÄR

Olar ähli soragyma Mukaddes Kitapdan jogap berdi

Olar ähli soragyma Mukaddes Kitapdan jogap berdi
  • DOGLAN ÝYLY: 1950

  • DOGLAN ÝERI: ISPANIÝA

  • GEÇMIŞI: KATOLIK BUTHANADA GULLUK ETDI

ÖŇKI DURMUŞYM

Ispaniýanyň demirgazyk-günbataryndaky Galisiýa obasynda kiçiräk fermamyz bardy. Men sekiz çaganyň dördünjisidim. Biz agzybir, şadyýan ýaşaýardyk. Kiçi wagtym Ispaniýada her maşgaladan azyndan bir çagany dini mekdepde okadýardylar ýa-da buthanada gulluk etmäge iberýärdiler. Biziňem üçimiz buthana gulluk etmäge gitdik.

13 ýaşymda Madriddäki buthanada gyz doganymyň ýanynda gulluk edip başladym. Buthanadakylar biri-biri bilen dostlaşmaýardylar. Ol ýerde dostlaşmag-a aňyrda dursun, köp zatlary etmäge rugsat berilmeýärdi. Diňe tertip-düzgüne eýermelidi, doga-dileg etmelidi. Biz her gün irden ruhy zatlar barada oýlanmak üçin buthananyň öňünde ýygnanyşýardyk, ýöne men hiç zat hakda oýlanmaýardym. Soňra biz dini aýdymlary aýdýardyk, çäreleri geçirýärdik. Olaryňam ählisi latyn dilinde bolýardy. Men hiç zada düşünmeýärdim, Hudaýam menden uzakda ýalydy. Men hemişe diýen ýaly dymyp ýöreýärdim. Hatda gyz doganym bilen görüşäýenimizde-de, bar aýdýan zadymyz: «Bibi Merýeme alkyş bolsun!» Buthanada doganym ikimize günortanlyk naharyndan soň diňe ýarym sagat gürleşmäge rugsat berýärdiler. Biz öýümizde şadyýan ýaşaýardyk, bärde bolsa hemme zat tersine. Men özümi ýeke duýup, köplenç aglaýardym.

Men özümi Hudaýa ýakyn duýmasam-da, 17 ýaşymda buthanada gulluk etmegi wada berdim. Aslynda, men muny öz islegim bilen däl-de, başgalaryň diýeni üçin etdim. Wagtyň geçmegi bilen, men Hudaýy razy edýändigime şübhelenip başladym. Buthanada gulluk edýän aýallar: «Şübhelenýän adam dowzahda ýanýar» diýýärdiler. Ýöne şonda-da şübhelerim hiç aýrylmady. Men Isa pygamberiň buthanadaky adamlaryňky ýaly ýaşamandygyny bilýärdim. Ol hemişe adamlaryň arasynda bolup, öwredip, kömek edip ýöreýärdi (Matta 4:23—25). 20 ýaşlarymda buthanada gulluk etmegiň peýdasynyň ýokdugyna düşündim. Bir gezek buthanada bize seredýän aýalyň aýdanlaryna geň galdym. Ol maňa: «Beýdip şübhelenip ýöreniňden, buthanadan gitseň gowy bolar» diýdi. Ol meni başgalary hem azdyrmaz ýaly tizräk öýüme ugratjak boldy öýdýän. Şonuň üçinem men buthanada gulluk etmegimi bes edip, öýüme gitdim.

Öýüme baranymdan soň, enem-atam meni mähirli garşy aldy. Obada iş bolmansoň, Germaniýa doganymyň ýanyna göçüp gitdim. Ol Ispaniýadan göçüp gelen kommunistleriň agzasydy. Olar işçileriň hak-hukuklary hem-de aýallaryň erkekler bilen deň tutulmagy üçin göreşýärdiler. Menem olaryňky ýaly pikir edemsoň, tiz öwrenişdim. Şeýdip, kommunist boldum we özüm ýaly kommuniste durmuşa çykdym. Kommunistleriň kitap-žurnallaryny paýlap, gozgalaňlara gatnaşyp, gowy iş edýärin diýip pikir edýärdim.

Birnäçe wagtdan soň, meni ýene bir zat biynjalyk edip başlady. Kommunistleriň aýdýan zatlary bilen edýän işleri deň gelmeýärdi. 1971-nji ýylda käbir ýaş kommunistler Frankfurtdaky ispan ilçihanasyny otlanlarynda içimdäki şübheler, gaýgy-aladalar artdy. Sebäbi olar Ispaniýada ýurduň dolandyrylyşyny halamaýardylar. Ýöne men olaryň şeýdip ýurdy gowulandyrjak bolýandygyny nädogry hasaplaýardym.

Birinji çagamyz dünýä inende men ýoldaşyma indi kommunistleriň ýygnagyna gitmejekdigimi aýtdym. Öňki dostlarym çagam dünýä inende bir gezegem görmäge gelmediler. Şonda men özümi ýeke duýup, durmuş manysyz bolup göründi. Şeýdip, ýurdy gowulandyrjak bolup jan edeniň biderek eken.

MUKADDES KITAP DURMUŞYMY ÜÝTGETDI

1976-njy ýylda iki sany Ýehowanyň Şaýady gapymyzy kakyp geldi. Olar maňa käbir kitap-žurnallary berdi. Ikinji gezek gelenlerinde: «Näme üçin adalatsyzlyk bolýar? Näme üçin deňsizlik bolýar?» diýip, birtopar soraglary berdim. Şonda olaryň her bir soragyma Mukaddes Kitapdan jogap berýändigini görüp, agzymy açdym we şol bada sapak geçmäge razylaşdym.

Başda men Mukaddes Kitaby gyzygyp öwrenmeýärdim. Ýoldaşym bilen Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýygnagyna gatnap başlanymyzdan soň, garaýşymy üýtgetdim. Şol wagt iki çagamyz bardy. Ýehowanyň Şaýatlary şeýle bir mähirlidi welin, bizi ýygnaklara äkidýärdiler, ol taýda çagalarymyza seredişýärdiler. Şeýdip, men Ýehowanyň Şaýatlaryny hasam gowy görüp başladym.

Ýöne şonda-da din bilen bagly şübhelerim bardy. Men maşgalamy, enem-atamy görmek üçin Ispaniýa gitdim. Şonda bir ruhany daýym Mukaddes Kitap okuwymy goýdurjak boldy. Ýöne ol ýerdäki Şaýatlar maňa uly kömek etdiler. Olaram Germaniýadaky Şaýatlar ýaly meniň her bir soragyma Mukaddes Kitapdan jogap berdiler. Şonda men Germaniýa baranymdan soň, sapagymy dowam etmegi ýüregime düwdüm. Ýoldaşym Mukaddes Kitapdan sapak geçmegini goýdy, ýöne men dowam etdim. 1978-nji ýylda suwa çümdürilip, Ýehowanyň Şaýady boldum.

HÄZIRKI DURMUŞYM

Mukaddes Kitapdan öwrenen zatlarym durmuşymy manyly edip, Hudaýa ýaraýan ýoldan ýöremäge kömek etdi. 1 Petrus 3:1—4-nji aýatlarda aýallara ärlerine çuňňur hormat goýup, tabyn bolmak maslahat berilýär. Şeýle-de «Hudaýyň gymmat saýýan ýuwaş we mylaýym» häsiýetlerini ösdürmelidigi aýdylýar. Şu maslahata eýerip, men gowy aýal, gowy eje bolup bildim.

Ýehowanyň Şaýady bolanyma 35 ýyl boldy. Şunça ýyllap Hudaýyň halkynyň arasynda Ýehowa gulluk edip bilýändigime begenýärin. Esasanam, bäş çagamyň dördüsiniň Ýehowa gulluk edýändigine begenýärin.