Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

«Men Hudaýa umyt baglaýaryn»

«Men Hudaýa umyt baglaýaryn»

«Soňky Adam... ýaşaýyş berýän ruh boldy». 1 KOR. 15:45

AÝDYMLAR: 111, 12

1—3. a) Biz näme üçin direlişi esasy taglymatlaryň biri hasaplamaly? b) Direlişe iman etmek näme üçin örän wajyp? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

KIMDIR biri: «Imanyňyz haýsy taglymatlara esaslanýar?» diýip sorasa, siz näme jogap berersiňiz? Mümkin, siz Ýehowanyň Ýaradyjy we Ýaşaýyş-Berijidigini hem-de Isa Mesihiň töleg gurbanyna iman edýändigiňizi aýdarsyňyz. Şeýle-de tizden ýer ýüzünde Jennetiň boljakdygyny we adamlaryň ebedi ýaşajakdygyny şatlyk bilen gürrüň berersiňiz. Emma siz gymmatly taglymatlaryňyzyň arasynda direlişi hem agzarmysyňyz?

2 Biz agyr muşakgatda diri galyp, ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýänem bolsak, direlişi esasy taglymatlaryň biri hasaplamaga degerli sebäpler bar. Pawlus resul direlişi imanyň özeni hasaplamagyň wajypdygyny görkezip: «Direliş ýok bolsa, diýmek, Mesih hem direlmändir» diýdi. Dogrudanam, Mesih ölümden direlmedik bolsa, ol Patyşa bolmazdy; Mesihiň Patyşalygy barada öwredýän zatlarymyz hem biderek bolardy (1 Korinfliler 15:12—19-njy aýatlary okaň). Emma bilşimiz ýaly, Isa ölümden direldi. Biziň direlişe bolan garaýşymyz ony çürt-kesik inkär eden saddukeýleriňkiden düýpgöter tapawutlanýar. Hatda üstümizden gülenlerinde-de, biz direlişiň boljakdygyna berk ynanýarys (Mar. 12:18; Res. iş. 4:2, 3; 17:32; 23:6—8).

3 Pawlus resul «Mesih hakdaky esasy taglymatlary» sanap geçende, olaryň arasynda «ölüleriň direlmegi» barada hem agzady (Ýew. 6:1, 2). Görşümiz ýaly, direliş onuň imanynyň bir bölegi bolup durýardy (Res. iş. 24:10, 15, 24, 25). Direlişe bolan umyt «Hudaýyň mukaddes habarynyň esasy taglymatlarynyň» biri bolsa-da, bu oňa ýönekeý zat hökmünde garamalydygyny aňlatmaýar (Ýew. 5:12). Näme üçin?

4. Direliş babatda nähili soraglar ýüze çykmagy mümkin?

4 Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlan adamlar köplenç Lazaryň direlişi ýaly wakalary okaýarlar. Olar Ybraýym, Eýýup we Danyýel pygamberiň gelejekde direlişiň boljakdygyna berk ynanandyklaryny öwrenýärler. Emma biri: «Heý-de, ençeme ýyl ýa-da asyr mundan öň wada berlen direlişiň boljakdygyna ynanmaga esas barmy?» diýip sorasa, siz näme jogap berersiňiz? Eýsem, Mukaddes Ýazgylarda direlişiň haçan boljakdygy aýdylýarmy? Bu soraglar imanymyza gönüden-göni täsir edýär. Şol sebäpli, geliň, olaryň jogabyny bilmek üçin Mukaddes Ýazgylara ýüzleneliň.

ENÇEME ASYRDAN SOŇ BOLAN DIRELIŞ

5. Biz direliş babatda nämä serederis?

5 Ölenine köp wagt geçmedik adamyň direlişini göz öňüne getirmek kyn bolmasa gerek (Ýah. 11:11; Res. iş. 20:9, 10). Emma direliş barada berlen wada ençeme ýyl ýa-da asyr geçen bolsa näme? Adamyň ýaňy ýa-da birwagt aradan çykandygyna garamazdan, onuň direljekdigi baradaky wada gaty köp wagt geçen bolsa, oňa ynansa bolarmy? Aslynda, ençeme asyr mundan öň direliş barada berlen wada ýerine ýetdi we biz oňa ynanýarys. Ol nädip we haçan ýerine ýetdi? Eýsem, gelejekde boljak direliş bilen onuň nähili baglanyşygy bar?

6. 118-nji mezmurdaky sözleriň ýerine ýetmeginiň Isa bilen nähili baglanyşygy bar?

6 Birwagt öň pygamberlik edilen direliş barada bilmek üçin, geliň, Dawut patyşanyň 118-nji mezmurynda beýan eden duýgularyna seredeliň. Ol: «Ýa Reb, Saňa ýalbarýaryn, indi bizi gutar... Rebbiň adyndan gelýän mübärek bolsun» diýip dileg etdi. Mümkin, bu sözler siziň 9-njy nisanda, ýagny ölümine birnäçe gün galanda, Isanyň taýharly Iýerusalime girip barýarka, adamlaryň Mesih barada aýdanlaryny ýadyňyza salýandyr (Zeb. 118:25, 26; Mat. 21:7—9). Emma 118-nji mezmurdaky sözler uzak gelejekde bolmaly Isanyň direlişini nädip görkezýärdi? Mezmurçynyň aýdan başga bir pygamberligine üns beriň: «Ussalaryň taşlan daşy burç başy boldy» (Zeb. 118:22).

«Ussalar» Mesihi inkär etdiler (7-nji abzasa serediň)

7. Ýehudylar Isany nädip inkär etdiler?

7 «Ussalar», ýagny ýehudy dini ýolbaşçylary Mesihi inkär etdiler. Olar diňe bir Isadan ýa-da ony Mesih hökmünde kabul etmekden ýüz öwürmän, hatda onuň ölümini-de talap etdiler (Luka 23:18—23). Şeýdip, olar Isanyň ölümine günäkär boldular.

Isa «burç daşy» bolmak üçin direldi (8, 9-njy abzaslara serediň)

8. Isa nädip «burç daşy» bolmalydy?

8 Eger Isadan ýüz öwrüp, ölüme höküm eden bolsalar, ol nädip «burç daşy» bolup biler? Munuň üçin ol direlmelidi. Bu hakda Isanyň özi hem aýdypdy. Ol üzümçilik barada bir mysaly gürrüň berip, Hudaýyň pygamberlerini öldüren ysraýyllylary hojaýynyň iberen gullaryna zalymlyk bilen daraşan bagbanlara meňzedýär. Ahyrsoňy, üzümçiligiň eýesi öz söýgüli ogluny, ýagny mirasdüşeri iberýär. Eýsem, bagbanlar ony kabul etdilermi? Ýok, olar ony asla kabul etmegem islemediler; bagbanlar ony gynap öldürdiler. Isa bu mysalynda Zebur 118:22-ä salgylanyp, ondaky pygamberlik sözlerini göz öňünde tutupdy (Luka 20:9—17). Petrus resul hem Iýerusalimde ýygnanyşan «ýehudylaryň ýolbaşçylaryna, ýaşulularyna we kanunçylaryna» ýüzlenende, şu sözleri baglanyşdyryp, olaryň «pürse çüýlän, ýöne Hudaýyň ölümden direlden nazaretli Isa Mesih» barada aýdypdy. Soňra ol göni: «Gurluşykçylaryň gerek däl diýip zyňan daşy iň wajyp daş boldy» diýdi (Res. iş. 3:15; 4:5—11; 1 Pet. 2:5—7).

9. Zebur 118:22-de nähili ajaýyp pygamberlik aýdylýar?

9 Hawa, Zebur 118:22-däki ýüzlerçe ýyl öň pygamberlik edilen sözler direlişiň bolmalydygyny görkezýär. Mesih inkär edilip öldürilse-de, direlip, burç daşy bolmalydy. Şeýdip, Hudaýyň direlen Ogluna «adamlary halas etmäge ygtyýar berilmelidi» (Res. iş. 4:12; Efes. 1:20).

10. a) Zebur 16:10-da nähili pygamberlik bar? b) Zebur 16:10-daky sözleriň Dawut patyşada ýerine ýetmändigini nireden bilýäris?

10 Geliň, indi direliş barada başga bir aýada seredeliň. Ondaky ýazylan pygamberlik sözlerine müňlerçe ýyl geçenem bolsa, olar gelejekde boljak direlişe ynamymyzy berkider. Dawudyň ýazan 16-njy mezmurynda biz şeýle sözleri okaýarys: «Sen janymy ölüler diýarynda goýmarsyň; Öz Mukaddesiň çüýremegine razy bolmarsyň» (Zeb. 16:10). Dawut ölümi datmajakdygyny ýa-da ölüler diýaryna düşmejekdigini hiç haçan aýtmandy. Hudaýyň Sözünde onuň garrap, dünýäden ötendigi barada şeýle diýilýär: «Dawut ata-babalaryna gowuşdy. Ony Dawut galasynda jaýladylar» (1 Pat. 2:1, 10). Onda Zebur 16:10-daky sözler kime degişli?

11. Petrus resul Zebur 16:10-daky sözleriň manysyny haçan düşündirdi?

11 Biziň ýagdaýymyz çykalgasyz däl. Mezmurçynyň sözlerine ýüzlerçe ýyl we Isanyň direlenine birnäçe hepde geçensoň, Petrus müňlerçe ýehudylara hem-de ýehudy dinine geçen adamlara Zebur 16:10-daky sözleriň manysyny düşündirdi (Resullaryň işleri 2:29—32-nji aýatlary okaň). Ol Dawudyň aradan çykyp, jaýlanandygyny agzady; Petrusy diňleýän adamlar hem muny bilýärdi. Ol märekä ýüzlenip: «Dawut Mesihiň direljekdigini bilýärdi» diýdi we onuň sözlerini hiç kim inkär edip bilmedi.

12. Zebur 16:10-daky sözler nädip ýerine ýetdi we bu biziň direlişe bolan ynamymyzy nädip berkidýär?

12 Petrus sözüni tassyklamak üçin Dawudyň Zebur 110:1-däki sözlerine salgylandy (Resullaryň işleri 2:33—36-njy aýatlary okaň). Onuň Ýazgylara esaslanyp wagyz edişi märekä Isanyň «Ýolbaşçy we Mesihdigine» ynanmaga kömek etdi. Şeýle-de olar Isa ölümden direlende, Zebur 16:10-daky sözleriň ýerine ýetendigine düşündiler. Pawlus resul hem Pisidiýanyň Antiohiýa şäherinde ýehudylara wagyz edende, şu ygtybarly sözlere salgylanypdy. Onuň getiren delili diňleýjilerine şeýle güýçli täsir etdi welin, olar has köpräk bilmek islediler (Resullaryň işleri 13:32—37, 42-nji aýatlary okaň). Bu biziň hem Mukaddes Ýazgylardaky direliş barada ençeme asyr öň aýdylan sözleriň ygtybarlydygyna ynamymyzy berkidýär.

DIRELIŞ HAÇAN BOLAR?

13. Direliş barada nähili sorag ýüze çykýar?

13 Direliş barada ençeme asyr mundan öň berlen wada bizi ruhlandyrýar. Muňa garamazdan, kimdir biri: «Men aradan çykan dogan-garyndaşlarymy görmek üçin köp wagt garaşmalymy? Eýsem, direliş haçan bolarka?» diýip soraýandyr. Isa-da resullaryna käbir zatlary bilmeýändiklerini we bilmeli däldiklerini aýdypdy. Ol: «Bellenen wagty we döwri bilmek... diňe Atanyň ygtyýaryndadyr» diýdi (Res. iş. 1:6, 7; Ýah. 16:12). Emma bu biziň direlişiň haçan boljakdygy barada hiç hili maglumaty bilmeli däldigimizi aňlatmaýar.

14. Isanyň direlişi ondan öň direlen adamlardan nämede tapawutlanýar?

14 Muňa düşünmek üçin, geliň, Mukaddes Ýazgylarda öňünden aýdylan direlişleri ýadymyza salalyň. Olaryň iň wajyby Isanyň ölümden direlişi. Eger Isa direlmedik bolsa, onda biziň hiç birimizde aradan çykan dogan-garyndaşlarymyzy görmäge umyt bolmazdy. Isadan öň direlen, ýagny Ylýasyň we Elýaşanyň direlden adamlary ýene-de dünýäden ötdüler. Aradan çykanda, olary-da beýleki ölüler ýaly jaýladylar. Emma Isa ölümden direlende, gaýdyp «ölmedi we mundan beýläk ölümiň onuň üstünden agalyk etmändigini bilýäris». Isa häzir gökde; ol «baky we ebedi ýaşaýar» hem-de hiç haçan çüýreme görmez (Rim. 6:9; Ylh. 1:5, 18; Kol. 1:18; 1 Pet. 3:18).

15. Isa Mesihe näme üçin «ilkinji miwe» diýilýär?

15 Isanyň ölümden ilkinji bolup direlmegi örän wajyp (Res. iş. 26:23). Emma gökde ýaşamak üçin ruhy şahsyýet bolup direljek başga-da adamlar bar. Isa wepaly resullaryna özi bilen bile gökde höküm sürjekdigini wada berdi (Luka 22:28—30). Bu sylagy almak üçin olar ilki ölümi dadyp, soňra Mesih ýaly ruhy şahsyýet bolup direlmeli. Pawlus resul: «Mesih ölüm ukusyna gidenleriň ilkinji miwesi hökmünde ölümden direldi» diýip ýazdy. Ol gökdäki ýaşaýyş üçin başga-da adamlaryň direlmelidigini görkezip: «Her kes öz nobatynda direler: ilkinji miwe hökmünde Mesih, soňra Mesih gelende, oňa degişli bolanlar direler» diýdi (1 Kor. 15:20, 23).

16. Gökdäki direlişiň başlandygyny näme görkezýär?

16 Aýatlardaky sözler gökdäki direlişiň haçan boljakdygy barada umumy maglumat berýär. Bu direliş «Mesih gelende» bolmaly. Ýehowanyň Şaýatlary Ýazgylar esasynda biziň 1914-nji ýyldan bäri Isanyň «gelmeli» döwründe ýaşaýandygymyzy öňünden aýtdylar. Şol döwür häzir dowam edýär we tizden bu zalym dünýäniň soňy geler.

17, 18. Mesihiň gelen döwründe käbir mesh edilen mesihçilere näme bolar?

17 Injilde gökdäki direliş barada şeýle jikme-jiklikler bar: «Biz siziň ölüm ukusynda ýatan adamlar babatda habarsyz bolmagyňyzy islemeýäris... Eger biz Isanyň ölüp, soňra direlendigine iman edýän bolsak, onda Isanyň şägirtleri hökmünde ölenleri hem Hudaýyň direltjekdigine iman edýändiris... Halypamyz gelende, biz, ýagny ýaşap ýörenler göge galarys. Emma başda ölüm ukusyna gidenler direler, biz bolsa olardan soň direleris. Sebäbi Halypamyzyň hut özi gökden aşak iner-de... buýruk berer. Şonda Mesihiň şägirdi hökmünde ölenler ilkinji bolup direlerler. Soňra biz, ýagny ölmän galanlar olar bilen bilelikde Halypamyz bilen asmanda görüşmek üçin bulutlara alnarys; şeýlelikde, biz hemişe Halypamyzyň ýanynda bolarys» (1 Sel. 4:13—17).

18 Ilkinji direliş Mesih «gelenden» biraz wagt soň başlamalydy. Agyr muşakgatda ýer ýüzündäki mesh edilen mesihçiler «bulutlara alnar» (Mat. 24:31). Göge «alynjak» mesihçiler «ölüm ukusyna gitmezler». Olaryň «hemmesiniň bedeni özgerer. Bu soňky surnaý çalynýan wagty göz açyp-ýumasy salymda bolar» (1 Kor. 15:51, 52).

19. Gelejekde nähili «has gowy direliş» bolar?

19 Şu günler mesihçileriň köpüsi Mesih bilen gökde däl-de, ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýärler. Olar «Ýehowanyň gününde» zalym dünýäniň ýok edilmegine garaşýarlar. Ol günüň haçan boljakdygyny hiç kim bilmese-de, onuň golaýlandygy mese-mälim (1 Sel. 5:1—3). Şondan soňra ýer ýüzünde direliş bolar. Direlen adamlar kämillige ýeter we gaýdyp ölümi datmazlar. Olar geçmişde «ölen çagalary direlen» aýallardan tapawutlylykda, «has gowy direlişi alarlar» (Ýew. 11:35).

20. «Her kesiň öz nobatynda direljekdigine» näme üçin ynamly bolup bileris?

20 Gökdäki direliş barada Injilde: «Her kes öz nobatynda direler» diýilýär (1 Kor. 15:23). Ýer ýüzündäki direliş hem edil şonuň ýaly tertipde we örän täsirli bolar. Dogan-garyndaşlary garşy alar ýaly, ýaňy-ýakynda aradan çykan adamlar Mesihiň Müňýyllyk Patyşalygynyň başynda direlermi? Ýehowanyň gartaşan, wepaly we ýolbaşçylyk ukyby bolan gullukçylary täze dünýäde Hudaýyň halkyna guramaçylykly bolmaga kömek etmek üçin ilki direlermi? Eýsem, Ýehowa hiç haçan gulluk etmedik adamlar barada näme diýse bolar? Olar haçan we nirede direler? Elbetde, soraglarymyz gaty köpdür. Emma olaryň ählisine häzir jogap tapmak mümkin däl. Geliň, gowusy biraz sabyr edeliň-de, olary öz gözümiz bilen görýänçäk garaşalyň. Ýehowanyň niýetini amala aşyryşyny görmek diýseň tolgundyryjy bolar.

21. Siz nämä umyt edýärsiňiz?

21 Häzirlikçe bolsa, geliň, Ýehowa bolan imanymyzy berkideliň. Ol Isa arkaly ölen adamlary unutmandygyna we gelejekde direljekdigine ynandyrýar (Ýah. 5:28, 29; 11:23). Ýehowanyň ölüleri direltmäge güýjüniň bardygyny tassyklamak üçin, Isa Ybraýym, Yshak we Ýakup ýaly gullukçylaryň «ählisi Hudaý üçin diridir» diýdi (Luka 20:37, 38). Hawa, bizem Pawlus resul ýaly ynam bilen: «Menem Hudaýa umyt baglap... direlişe umyt edýärin» diýip bileris (Res. iş. 24:15).