TERJIMEHAL
Ýehowa gulluk etmek bagtly edýär
MEN 1958-nji ýylda Kanadanyň Beýtelinde gulluk edýärdim. Men çaphanany syryp süpürýärdim. Şol wagt 18 ýaşymdadym. Menden bagtly adam ýokdy! Soňra maňa täze ýumuş tabşyrdylar. Men žurnallaryň gyrasyny kesip deňleýän maşynda işleýärdim. Beýtelde hezil edip gulluk edýärdim.
Bir ýyldan soň, Beýtelde bildiriş edildi. Bildirişde Günorta Afrika filialyna täze çap edýän maşynyň alnandygy we şol maşynda işlär ýaly meýletinçileriň gerekdigi aýdyldy. Şonda isleg bildirýänleriň sanawy düzüldi, menem adymy ýazdyrdym. Doganlar meni, Dennis Liçi, Bil Maklellany we Ken Nordini saýladylar. Olar bize bu golaýda yzymyza dolanmajakdygymyzy aýtdylar.
Men ejeme jaň edip: «Eje, bir täzelik aýdaýynmy?! Men Günorta Afrika gidip barýaryn» diýdim. Ejem giň göwünlidi, Ýehowany ýürekden söýýärdi we imany berkdi. Ejem köp zat aýtmady, ýöne meni goldady. Ejemem, kakamam, meniň ýat ýurda gidýändigime gynandylar, ýöne gelen kararyma garşy çykmadylar.
GÜNORTA AFRIKADA
Biz Bruklindäki Beýtele geldik. Bize üç aýlap çap edilýän maşynda nädip işlemelidigini öwretdiler. Soňra gämide Günorta Afrikanyň Keýptaun şäherine bardyk. Men 20 ýaşlarymdadym. Gün batanda otla münüp, Ýohannesburg şäherine ýola düşdük. Daň atanda Karu şäherine baryp ýetdik. Biz aýnadan seredenimizde daş-töwerek tozap ýatyrdy, howa yssydy. Şonda: «Adamlar çölüň içinde nädip ýaşarka? Biz nirelere düşdük?» diýip oýlandyk. Birnäçe ýyldan soň, şol ýere ýene gelmeli bolduk. Ol ýeriň gözelligine we asudalygyna haýran galdyk.
Men «Garawul diňi» we «Oýanyň!» žurnallaryny üýtgeşik hem çylşyrymly maşynda birnäçe ýyllap çap etdim. Biz edebiýatlary köp dillerde çap edýärdik we Afrikanyň dürli ýurtlaryna ugradýardyk. Biz çap edýän maşynda işlemek üçin Kanadadan Günorta Afrika gelenimize we köp işleri edip bilýändigimize örän begenýärdik.
Soňra men Beýteliň çaphana bölüminde işledim. Biz edebiýatlary terjime edýärdik, çap edýärdik we ýygnaklara ugradýardyk. Men şeýle bir başagaýdym welin, kellämi gaşamaga-da elim degmeýärdi. Emma iş gyzykly geçýärdi.
TÄZE DURMUŞ — TÄZE BORÇ
Men 1968-nji ýylda Lora Bowen uýa öýlendim. Ol Beýteliň golaýynda ýaşaýardy. Lora pionerdi we Beýteliň terjimeçiler bölümine kömek edýärdi. Şol döwürler är-aýallar Beýtelde gulluk edip bilmeýärdi. Şol sebäpli bizi ýörite pioner edip bellediler. Men on ýyl Beýtelde gulluk edipdim. Nirede ýaşamalydygy we näme iýmelidigi hakda asla alada etmeýärdim. Men: «Ýörite pionerlere berilýän azajyk sowalga pul bilen nädip günümizi görerkäk?» diýip biynjalyk boldum. Biziň herimize aýda 25 rend (şol wagtyň pulunda 35 dollar) sowalga puly berilýärdi. Biz kireýne jaýda ýaşaýardyk. Sowalga puluny iýjek-içjegimize, ýol çykdajylaryna, däri-dermana we beýleki gerek-ýarak zatlara ýetirmelidik. Ýöne her aýda 150 sagat wagyz etmesek we gaýtadan ideg edip, edebiýat paýlamasak, sowalga puly berilmeýärdi.
Bizi Hindi ummanyň kenarýakasynda ýerleşýän Durban şäherine ýörite pioner edip bellediler. Ol ýerde hindiler köpdi. Olaryň ata-babalary 1875-nji ýyllarda Günorta Afrika gelip, şeker öndürmek bilen meşgullanypdyrlar. Häzir hindileriň käri başga bolsa-da, öz medeniýetini we milli tagamlaryny ýatdan çykarmandyrlar. Olar iňlisçe gepleýärdi, bize-de wagyz etmek kyn düşmeýärdi.
Ýörite pionerler her aý 150 sagat tabşyrmalydy. Şonuň üçin Lora ikimiz her gün alty sagat wagyz etmeli diýişdik. Ilkinji wagyz eden günümiz howa yssydy we çyglydy. Biziň heniz gaýtadan ideglerimiz ýokdy we hiç kime Mukaddes Kitap okuwyny geçmeýärdik. Şol sebäpli alty sagatlap öýden-öýe wagyz etmelidik. Men köp wagt geçendir öýdüp sagadyma seretdim welin, bary-ýogy 40 minut geçipdir. Şonda men: «Biz nädip 150 sagat wagyz ederkäk?» diýip oýlandym.
Biz tizden ýörite pioner gullugyna öwrenişdik. Biz ýanymyza kofe we garbanara zat alýardyk. Biz kiçijik ulagymyzy uly agajyň kölegesinde goýýardyk we biraz dynç alýardyk. Eýjejik çagajyklar bize geň galyp seredýärdiler. Biz bir zada düşündik, iki-üç sagat wagyz edensoň, günüň nädip geçenini bilmän galýan ekeniň.
Biz ýerli halk bilen Mukaddes Kitap esasynda hezil edip gürrüňdeş bolýardyk. Olar myhmansöýer, dindar adamlardy we mähirli, sylaşykly gepleşýärdi. Induslaryň köpüsi hoş habara seslendi. Olar Ýehowa, Isa, Mukaddes Kitap, ýer ýüzünde boljak Jennet we direliş hakda höwes bilen diňleýärdiler. Bir ýyldan soň 20 adam bilen Mukaddes Kitapdan okuw geçip başladyk. Biz her gün bir okuw geçýäniň öýüne myhmançylyga barýardyk. Biz örän bagtlydyk.
Soňra bizi etrap gözegçisi edip bellediler. Biz Hindi ummanynyň kenarýakasyndaky obalarda we şäherlerde wagyz etmelidik. Biz her hepde dogan-uýalara myhmançylyga barýardyk, olary ruhlandyrýardyk. Biz olar bilen bir maşgala ýaly bolduk. Dogan-uýalaryň çagalary we it-pişikleri bilen oýnaýardyk. Şeýdip, iki ýylyň nädip geçenini bilmän galdyk. Bir gün filialdan jaň geldi. Dogan: «Siziň ýene Beýtelde gulluk edesiňiz gelýärmi?» diýdi. Men: «Bilmedim-dä, biz häzirki gullugymyza öwrenişipdiris» diýdim. Emma biz Ýehowa islendik ýerde gulluk etmäge taýyndyk. Şol sebäpli Beýtele dolandyk.
BEÝTELE DOLANÝARYS
Meni Beýteliň Gulluk bölümine bellediler. Men Hudaýa imany berk we tejribeli doganlar bilen işleşdim. Etrap gözegçileri ýygnagy idänsoň, Gulluk bölümine hasabat iberýärdi. Biz şol hasabata esaslanyp, ýygnaklara görkezme berýärdik we ruhlandyryjy hatlary ýazýardyk. Kätipleriň hem işi aňsat däldi. Olar şol hasabaty hosa, zulu we beýleki dillerden iňlis diline terjime edýärdiler. Soňra iňlis dilinden
afrikan dillerine terjime edýärdiler. Men zähmetsöýer terjimeçilere örän minnetar. Olaryň goldawy bilen Afrikada ýaşaýan garaýagyz dogan-uýalaryň duş gelýän kynçylyklaryna düşünip bildim.Şol döwürler Günorta Afrikada akýagyzlar bilen garaýagyzlar gatnaşmaýardy. Olaryň hersi döwletiň bellän ýerinde ýaşaýardy. Garaýagyz dogan-uýalar ene dilinde gepleşýärdiler, wagyz edýärdiler we ýygnaklara barýardylar.
Men garaýagyz doganlary tanamaýardym, sebäbi akýagyzlar üçin bellenen ýerde ýaşaýardym we iňlis dilindäki ýygnaga barýardym. Men garaýagyz adamlaryň medeniýeti, däp-dessurlary we dini ynançlary bilen gyzyklanyp başladym. Garaýagyz dogan-uýalaryň duş gelýän kynçylyklaryny bildim. Olar mert adamlardy we Mukaddes Kitaba esaslanmaýan däp-dessurlary, jadygöýlik bilen bagly adatlary berjaý etmeýärdiler. Dogan-garyndaşlary we obanyň ilaty olara azar ýamanyny berýärdiler. Obalaryň ilaty garyp ýaşaýardy, sowatsyzdy, ýöne Mukaddes Kitaby höwes bilen diňleýärdiler.
Maňa dini azatlyk we bitaraplyk meselesinde dogan-uýalaryň hukugyny goramagy tabşyrdylar. Gaýduwsyz ýaş dogan-uýalar mekdepde dini aýdymlary we dogalary aýtmaýardylar. Şeýle çärelere gatnaşmaýandyklary üçin, olary mekdepden kowýardylar. Olaryň Hudaýa wepalylygy meniň imanymy has-da berkitdi.
Afrikanyň Swazilend ýurdunda ýaşaýan dogan-uýalar başga kyn ýagdaýa duşdular. Ýurduň patyşasy Sobhuza II aradan çykanda ähli adamlardan ýas däbini berjaý etmegi talap etdiler. Erkek kişiler saçyny syrmalydylar, aýal-gyzlar bolsa saçyny gyrkmalydylar. Dogan-uýalar şeýle däpleri berjaý etmeýärdiler, sebäbi merhum ata-babalaryňa sežde etmek bilen baglydygyna düşünýärdiler. Şol sebäpli olary yzarlaýardylar. Afrikadaky dogan-uýalaryň çydamlylygyndan, wepalylygyndan we sabyrlylygyndan köp zatlary öwrendik. Biz olara örän buýsanýarys.
ÇAPHANA DOLANÝARYS
Men 1981-nji ýylda ýene-de çaphanada işläp başladym. Men edebiýatlary kompýuter arkaly çap etmegi ýola goýmalydym. Men işimi gowy görýärdim. Indi biz düýbünden täze usul bilen çap etmelidik. Bir söwdagär filiala edebiýatlary çapa taýýarlaýan maşyny barlag üçin ulanmaga berdi. Ol pul hem almady. Şeýdip, biz edebiýatlary çapa taýýarlaýan dokuz sany köne maşyny bäş sany täzesine çalyşdyk. Şeýle-de edebiýatlary çap edip çykarýan maşyny hem gurnadyk. Şeýlelikde, has köp edebiýat çap edip başladyk.
Kompýuteriň kömegi bilen biz dürli dillerde çap edýän elektron ulgamyny (MEPS) döretdik. Biz dört dogan bolup Günorta Afrika gelenimizde haýal çap edýän maşynda işleýärdik. Indi biz tehnologiýanyň kömegi bilen köp işleri edip bilýärdik (Işa. 60:17). Biziň dördümiz hem Ýehowany söýýän pioner uýalara öýlendik. Bil ikimiz Beýtelde gulluk edýärdik. Ken we Dennis maşgalasy bilen Beýteliň golaýynda ýaşaýardy. Olaryň çagalary bolupdy.
Filialyň işleri gün-günden köpelýärdi. Edebiýatlar köp dillere terjime edilýärdi, çap edilýärdi we beýleki filiallara ugradylýardy. Şonuň üçin bize uly Beýtel binasy gerekdi. 1987-nji ýylda Ýohannesburg şäheriniň günbatarynda owadan Beýtel binasy guruldy we Hudaýa bagyş edildi. Men Günorta Afrikanyň filial komitetiniň agzasy bolup ençeme ýyl gulluk edenime we köp işlere goşant goşanyma begenýärin.
TÄZE BORÇ
2001-nji ýylda garaşylmadyk waka boldy. Meni ABŞ-nyň filial komitetinde gulluk etmäge çagyrdylar. Günorta Afrikada köp dostlarymyz we gyzykly işimiz bardy. Şeýle zatlardan aýra düşmek aňsat däldi. Ýöne durmuşymyzda täze sahypa açylypdy. Biz ABŞ-daky Beýtel maşgalasynyň agzasy bolup, Ýehowa gulluk etjekdigimize begenýärdik.
Lora ejesinden aýra düşmek has-da kyn boldy. Ol Nýu-Ýorkdan ejesiniň aladasyny edip bilmejegine düşünýärdi. Loranyň üç gyz jigisi: «Ejemiziň aladasyny özümiz ederis, zada zar etmeris. Biz uzak wagtly gulluk edip bilmeýäris, emma ejemiziň aladasyny edip, sizi goldap bilýäris» diýdiler. Biz olara çäksiz minnetdar.
Meniň agam bilen gelnejem Torontoda ýaşaýardy. Olar hem dul galan ejemiň aladasyny etdiler. Ejem olar bilen 20 ýyldan gowurak ýaşady. Biz Nýu-Ýorka baranymyzdan köp wagt geçmänkä, ejem aradan çykdy. Men agam bilen gelnejeme ejeme seredendikleri üçin örän minnetdar. Bizi hemişe goldaýan maşgala agzalarymyza guwanýarys. Olar aňsat bolmasa-da, garry ejelerimize seretdiler.
Men birnäçe ýyllap ABŞ-da edebiýat çap edilýän bölümde işledim. Biz edebiýatlary döwrebap aňsat usullarda çap edýärdik. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda men Satyn alyş bölüminde işleýärin. 20 ýyl bäri ABŞ-daky Beýteliň agzasy bolandygyma buýsanýaryn. ABŞ-nyň filialynda takmynan 5 000 beýtelçi we 2 000-e golaý meýletinçi gulluk edýär.
60 ýyl mundan öň Ýehowa üçin şeýle işleri ederin diýip, ýatsam-tursam kelläme gelmeýärdi. Mähriban aýalym meni hemişe goldaýar. Biz durmuşymyzdan razy. Biz dünýäniň dürli künjegine aýlanyp, filiallary idedik, Ýehowany ýürekden söýýän dogan-uýalar bilen tanyşdyk. Biz olary ýürekden söýýäris. Şeýle hormatly işleri ynanandygy üçin Ýehowa örän minnetdar. Häzir ýaşym 80-den geçdi, öňkim ýaly köp iş edip bilmeýärin. Ukyply, başarjaň ýaş doganlar maňa iş goýanok.
Mezmurçy: «Hudaýy Ýehowa bolan halk bagtlydyr!» diýip, jaýdar aýdypdyr (Zeb. 33:12). Men Ýehowa Hudaýa bagtly halky bilen gulluk edip bilýändigime begenýärin.